Şygyr talañçylaryna
Şygyr talañçylaryna
“Ýazdym” diýip ýazman, ile ýazdyran,
Bilýäs niçe “şahyrlary”.
Galjak bolup il ýadynda,
Ýitip giden pahyrlary.
Bular şygyr gassaplary,
Köl däl-de, çöl guwwaslary.
Pyragy däl, şaapbaslary,
Mülki şygyr talaňynda.
Bolupdy, hem bolar belki,
Ýöne ile bolar gülki.
Ýükleriniň ýüpi selki,
Pytrar depe, alaňymda.
Bagbansyz bag eňňeredir,
Eşek bary aňňyradyr.
Wagt geler möňňüredir,
Galar şeýtan ýalanynda.
04.06.2023. Goşgular