«Şygryýetiñ täze tolkuny» tankydy makalasyna tankydy syn
"Şygryýetiñ täze tolkuny" tankydy makalasyna tankydy syn
Hazirki wagtda poeziýamyza tankydy syn berilende mysaly hatda tutuş turkmen edebiýaty, ýaşlaryñ ählisi babatda alanda-da ýüzleý bolsa gerek. Sebäbi, hazirki dorediji ýaşlaryñ milli edebiyatdan ötri daşardan has kop tasirlenyandigi belli. Kimde rus edebiyatynyñ yzlary bar, kimde türk edebiyatynyñ täsiri bar, kimde ýok… Bu örän çuññur barlaglary talap edýär. Munuñ üçin daşary yurt edebiyatyny hem yeterlik derejede, hatda has kop derejede bilmek gerek. Bu bolsa başgalary gaýtalamagyñ, hatda biri-birimizi gaýtalamagyñ öñüne böwet basmak üçin juda bähbitli işdir.
Hawa, Bayram aga az mysalam getirmändir, emma mysallar kone edebiyatçylarymyzyñ mysal getiryan hemmamize tanyş atlary (Gomer, Magtymguly, Lermontow, Mayakowskiý..) dunya edebiyaty bu läheñleriñ iñ soñkusyndan bärem ençeme prosesleri başdan geçirdi, ondan bäri bu meydandan kimler geçmedi.. Dünya edebiyaty nijeme Boris Pasternaklary, Nazym Hikmetleri, Luis Aragonlary, Çarlz Bukowskileri, Ezra Poundlary… gördi. Indi koplere bu klassyklardan has köp XX asyryñ ikinji yarymyndan bardäki edebiyat tanyş…
Ýaşlaryñ ählisine tankydy baha bermek gerek. Hiç kim edebi tankydyñ daşynda galmasyn. Sebäbi hiç kimem añrybaş derejede kämil eser döredenok. Hatda «Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy» diýen ady göterýänler hem. Käbir ýerde öte geçmeleriñ, «kesekleşmeleriñ» bardygyny hasaba almasak, geçen asyryñ segseninji ýyllarynda tankyt hiç kimden ýüz görüp duranokdy. Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaynazarow, Gylyç Kulyýew ýaly halkyñ ykrar eden ýazyjy-şahyrlary hem tankytdan «aman» galmandyr.
Makalanyñ üstünlikli tarapy:
Elbetde, häzir ýaşlaryñ döredijiligine syn berilmeýär diýen ýaly. Netijede «suw getirenem bir, küýze döwenem» bolýan yerleri gaty kän. Şonuñ üçin makala tankyt žanrynyñ ilerlemegine azajygam bolsa gatanç bolar diyen umyt b.n okyjylara yetirdik. Makalada edilen ylmy analizleri görmezden geçmek adalatsyzlyk bolardy. Edilen bellikler dogry. Azajygam bolsa mahabatlandyrma suwy çaýylandygy duýulýandygyna garamazdan, bu tankydy syn hemme babatdan tankydy makalanyñ kriteriýalaryna gabat gelýär. Bellikler intelletual añ-düşünjeli awtoryñ hiç hili degnasyna degenok, kemsidenok. Ýerlikli bellikleri edýär, degerli maslahatlary berýär.
Çeper döredijilik bilen meşgullanýan indiwidiñ añynda hemişe bir pikiriñ bolmagy gerek: Hala gowy eser ýaz, hala pes.. Näme ýazsañam, ahyrynda ýazan zadyña wagt baha berýär, okyjy baha berýär, edebiýat baha berýär.
Geçen XIX asyryñ ahyrlarny ýada salyñ. Iñ soñky klassyk Annagylyç Mätäjiden soñ klassyk şahyr derejesine göterlen şahyr galmady. Belli şahyrymyz Baýram Jütdi aýtmyşlaýyn, Tilkiçi ýaly şahyra «Heýhat gününde ýeke «Aýan göründini» ýazmagam ýeterlikdir» welin, umuman, aýtjak bolýan zadymyz: hernäçe pese gaçanam bolsa, XIX asyryñ ahyrynyñ — XX asyryñ başlarynyñ turkmen edebiyaty öz döwrüniñ edebiýaty hökmunde owrenilýär, seljerilýär, baha berilýär. («Güldesse», «Arzuw» antologiýalaryny ýada salyñ). Diýmek, haçanam bolsa bir wagt şu döwrüñ edebiýatyna-da baha berler. Çäç harpykdan saýlanar. Öñem bir şahyryñ aýdyşy ýaly: «Tankyt gözel gyz däl, ony hiç kim söýenok». Şeýle-de bolsa, hiç kime tankyt topuna tutularyn diýip ynjalykdan gaçmagyñ, ýazan zadyma mynasyp baha berlenok diýip ruhdan düşmegiñ hiç hili zerurlygy-da ýok.
@Kitapçy Edebi tankyt