Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Swetlana Lawrentýewa
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Swetlana Lawrentýewa
(PIŞIK BASÝO)

Swetlana Anatolýewna Lawrentýewa “Pişik Basýo” tahallusy bilen ýazýan rus şahyrasy, žurnalisti, ssenaristi hem telekeçisidir. Ol 1986-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Gündogar Gazagystanyň Ust-Kamenogorsk şäherinde doglup, 1999-njy ýylda Krasnodar göçüp gaýdandyr. Ol 2001-nji ýylda Bütin Russiýa edebiýat olimpiýadasynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Iki gezek Potanin gaznasynyň stipendiýasyna mynasyp bolýar. 2008-nji ýylda Kuban döwlet uniwersitetiniň Filologiýa fakultetini tapawutlandyrylan diplom bilen tamamlapdyr. 2009-njy ýyldan başlap “Pişik Basýo” edebi lakamy bilen dürli internet edebiýat saýtlarynda öz goşgularyny işjeň neşir etmäge başlaýar.
2010-njy ýylda ol, “Art-e-Lit” Halkara çeper-edebiýat salonynyň herýyllyk baýragyna “Edebiýat debýuty” ugry boýunça mynasyp bolýar. 2011-nji ýyldan bäri reklama (mahabat), PR tehnologiýalar, mediataslamalar çygrynda öz hususy telekeçilik işi bilen meşgullanýar. 2015-nji ýyla çenli “Bulut” mahabat-önümçilik kompaniýasyna ýolbaşçylyk edipdir.
2015-nji ýylda şahsy serişdeleriniň hasabyna Krasnodardaky ýaşaýyş hem iş barada gürrüň berýän “drugie-goroda.ru” atly media-taslamany satyn alýar. 2016-njy ýylyň maýynda öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde “Expotory” kompaniýasyny açýar.
Swetlana hanym, çagalykdan bäri goşgy ýazýar. Mekdep ýyllarynda ol ülkäň gazet-žurnallarynda goşgularyny neşir etdiripdir. Häzirki wagta çenli “Pişik Basýoň” internetdäki şahsy blogynda 300 000 agza bellige alnan.
Swetlana hanymyň Internetde goýlan elektron kitaplary:
1. “Şenbeden başlap gün. Docking the mad dog” – 2011;
2. “Tötänden däl degişlilik” – 2012;
3. “Dört agşam” – 2016;
2014-nji ýylda Swetlana hanymyň “Şenbeden başlap gün” atly goşgular ýygyndysy “Skifiýa” neşirýatynda çap edilipdir.
S.Lawrentýewaň bir goşgusy:
Был день, и купола, и крик вороньих стай
Был день, и купола, и крик вороньих стай,
и небо октября, и солнце у креста
(а где ж ему ещё являть Господню милость?).
И девочка во сне, и ты, ее отец,
вода, песок и след, начало и конец,
и тот, кто вышел к нам, и кто промчался мимо.
Был день из сотни дней — единственный живой:
и деревянный дом, и пёс сторожевой,
и улочка, к реке бегущая притоком.
А тем, кто не прожил, попробуй расскажи,
как плачут образа и ладанка лежит
в ключичном островке, как в гнездышке глубоком.
Попробуй объясни,
что не было и нет иного божества,
чем этот тихий свет:
осенний, неземной, из сердца исходящий.
Что музыка всегда живет в колоколах,
что слово есть любовь,
и я ее брала и делала себя живой и настоящей.
Makalaň alnan çeşmesi: http://cyclowiki.org/wiki/Светлана_Анатольевна _Лаврентьева. 23.10.2021ý.
Şygryýet melekleri