Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy — Didem Madak
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy — Didem Madak

Türk şahyry Didem Madak 1970-nji ýylyñ 8-nji aprelinde Izmirde dünýä inip, 2011-nji ýylyñ 23-nji iýulynda Stambulda aradan çykdy.
Ene-atasy mugallym bolansoñ, çagalygy Burdur we Amasýa şäherlerinde geçdi.
«12-nji sentýabr» agdarlyşygynda kakasy Ýusup Uşak şäherine sürgün edilensoñ, maşgalasy kyn günleri başdan geçirdi. 1983-nji ýylda ejesi Füsun beýin düwnügine ýolugyp bimahal aradan çykdy. Bu agyr ýitgiler Didem Madagyñ goşgularyna ýiti täsirini ýetiren iñ uly trawmanyñ öñüni açdy. Kän wagt geçmänkä kakasynyñ aýal almagy onuñ bilen arasynyñ daşlaşmagyna getirýär. Başlangyç mekdebi kakasynyñ ýanynda — Uşakda okanam bolsa, orta mekdebi we liseýi Izmirde okap gutarýar.
Egeý uniwersitetiniñ biological fakultetine okuwa giren ýyly, maddy kynçylyklar zerarly işlemäge mejbur bolup, okuwyny taşlamaly bolýar. Indiki gezekde şol uniwersitetiñ hukuk fakultetine taýýarlanyp, okuwa giren Didem hanym kakasy bilen oñuşman, okuwyny birsellem yza çekdirmeli bolýar. Birinji gezek on dokuz ýaşynda durmuşa çykyp, öýüni taşlap gaýdýar. Dört ýyla golaý wagt geçensoñ adamsy bilen aýrylyşyp, ara salym beren okuwyny 2000-nji ýylda tamamlady. Aklawjylyjda stažirowka geçip ýören döwürleri tasawwuf bilen içgin gyzyklanyp başlaýar we şygryýet bilen tanyşýar. Şol döwür edebiýatçy Müžde Bilir bilen dostana gatnaşykda bolýar.
2002-nji ýylda Stambula göçüp gelýär we ömrüniñ ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Stambulyñ Dermanhanaçylar ofisinde (İstanbul Eczacılar Odası) aklawjy bolup işläp başlan Didem Madak çeper döredijiligi hem bir gapdaldan goýmaýar. Ikinji gezek Timur Çelik diýen adama durmuşa çykýar. Täze dünýä inen çagajygyna ejesiniñ adyny goýýar. Ene bolansoñ belli bir wagta çenli edebiýatdan daşlaşýar. 2010-njy ýylda içege düwnügine ýolugýar. Bir ýyldan gowrak uçran keseline garşy göreşenem bolsa, ýañy kyrk bir ýaşanda 2011-nji ýylyñ 23-nji iýulynda aradan çykýar.
Şahyra zenan Didem Madak Stambulyñ «Edirnekapy» gonamçylygynda jaýlanýar.
Onuñ goşgulary «Öküz», «Ludingirra», «Sombahar» žurnallarynda çap edildi.
Birinji goşgular kitaby «Krapon kagyzlary» («Grapon Kağıtları») «İnkılap Kitabevi» neşirýatynyñ ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Kyrk bir ýaşynda düwnük keseline ýolugyp, aradan çykan şahyra zenan Didem Madak Stambulyñ «Edirnekapy» gonamçylygynda jaýlandy.
Kitaplary: «Krapon kagyzlary» («Grapon Kağıtları», 2000), «Ahlar agajy» («Ah’lar Ağacı», 2002), «Külke gyzylburç raýony» («Pulbiber Mahallesi», 2007)
Çeşme: wikipediýa
• IRIS’IN ÖLÜMÜ
bugün kalbimi eski bir plak gibi
öyle çok tersine çevirdim ki
bazı şarkılar vardır
cızırtılı bir yağmur gününü anlatır
uzaklarda süren sarı yağmurluklu bir hayatı
deniz bazen kendini kaldırımlara fırlatır
o zaman bir yavru yengece bakan
insanların şarkısı olurdu o şarkının adı
keşke ismim iris olsaydı
keşke ismim herkese
sarı yağmurluğuyla koşan hayatı anlatsaydı
bazı şarkılar vardır
ellerim kocamanlaşır, tuhaflaşır
işte o ellerimle herkese
çamurlu şiirler uzatsaydım
hepsi çok kirli olsaydı tanrım
bazı şarkılar vardır
kırmızı akşam sefalarını anlatır
karanlığın kalbinde yalnız, açmanın acısını
komşu kadınların basma elbiseli konuşmalarını
geceyi onlar bahçeye taşırdı
ben ne zaman öleceğim tanrım
sabah olunca mı
keşke birkaç dakikayı ipek mendillere sarıp saklasaydım
irileşen, gitgide irileşen ağaç gibi
ismi nedensizce iris oluveren bir ağaç gibi
şu odanın ortasında dursam
saat kuleleri dökülürdü dallarımdan tanrım
artık sarı yaprakların ölü olduğuna inanmıyorum
bazı şarkılar vardır
kanatlarında yağmuru taşıyan kelebeği anlatır
kırmızı bir çakmak gibi neşeli ölmek olurdu
o şarkının adı
ardında yalnızca nemli sigaralar bırakmanın acısı
keşke ismim iris olsaydı
keşke ismimin bir anlamı olmasaydı
herkes çıkarsın kalbini
o çirkin mücevher sandığından
ve herkes onu birbirine fırlatsın tanrım.
• IRISIÑ ÖLÜMI
köne bir plastinka ýaly bu gün
kalbymy agdar-düňder öwürdim
käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r şabyrdap ýagýan ýagyşy
hem uzaklarda dowam edýän sary plaşly durmuşy
deňiz käte özüni ýanýoda urar
şonda kiçijek leňňeje bakýan
ynsanlaryň aýdymy bolardy ol aýdymyň ady
käşgä adym iris bolsady
käşgä adym aňlatsady herkime
sary plaşly ylgap barýan durmuşy
käbir aýdymlar bardyr
ellerim ulalar, bir geňsi bolar
ine, şol ellerim bilen herkime
palçykly goşgular uzatsadym
her kim hapa bolsady, eý Taňrym
käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r a:l agşamyň zowky-sapasyny
täk tümlügin kalbynda, gozgamagy derdini
köýnekleri keşdeli goňşy aýallaryň gürrüňlerini
gijäni bag içine äkiderdi olar
men nä zaman ölerin, Taňrym
ir ertirmi?
käşgä bir az wagty ýüpek ýaglyga dolap saklasadym
ulalýan, gitdigiçe ulalýan daragt ýaly
ady sebäpsiz ýere iris bolan bir daragt ýaly
dursam bu otagyň ortarasynda
sagat minaralary dökülerdi şahalarymdan, eý Taňrym
indi ynanmaýaryn sary ýapraklaryň ölüdigine
käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r ganatlary ýagyş-ýagmyrly kebelegi
gyrmyzy bir çakmak ýaly keýpli ölmek bolardy
ol aýdymyň ady
yzynda diňe çyg çeken çilim galdyrmagyň gynanjy
käşgä adym iris bolsady
käşgä adymyň bir manysy bolmasady
herkim çykarsyn kalbyny
o pis şaý-sep sandygyndan
hem herkim ony bir-birine zyňsyn, Taňrym.
Terjime: Mango. Şygryýet melekleri