| |

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Birhan Keskin

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Birhan Keskin ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY — BIRHAN KESKIN

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Birhan Keskin

Birhan Keskin 1963-nji ýylda, Türkiýede, Kyrklarelide doglan şahyra-hanymdyr. Ol 1986-njy ýylda Stambul uniwersitetini, sosiologiýa çygrynda ylmy dereje bilen tamamlapdyr. Hanym Keskin ilkinji goşgusyny 1984-nji ýylda ýazypdyr. 1995-1998-nji ýyllar aralykda “Göçebe” (Çarwa) žurnalynda we beýleki birnäçe neşirlerde, Stambulda redaktor bolup işleýär. 2005-nji ýylda “Altyn Pyrtykal” we 2011-nji ýylda Metin Altyok adyndaky şygyr baýraklaryna mynasyp bolupdyr.

Şu günki güne çenly şahyra-hanymyň şu aşakdaky kitaplary neşir edilipdir:

1. Däli lirikler – 1991;
2. Betbagtlyga – 1994;
3. Jenaýatçy + Iki hat – 1996;
4. Ýigrimi lowurdadylan gerdejik + Jahankeşdäň gara çemodany – 1999;
5. Ýer ýüzüniň hallary – 2002;
6. Ýol – 2006;
7. Sowuk Kazy – 2010.

Birhan Keskiniň döredijiligi barada şu salgyda: https://listelist.com/birhan-keskin-siirleri/ şeýle bellenýär: “Birhan Keskin, ýakyjy setirleriň ýazarydyr. Ol öz nesliniň iň gowy şahyralaryndan biridir. Köpümiz onuň adyny ýaňy eşitsek-de, Gülten Akyndan soň “Altyn Pyrtykal” şygyr baýragyny alan ikinji zenan şahyrdyr. Biri-birinden gözel goşgulardan doly 6 kitabyndan başga-da, onuň döredijiligi “türk şygryýetinde mukam” diýen ýaly bir zatdyr.

Birhan Keskiniň bir goşgusynyň asyl nusgasy:

Aşk

Sevgilim sabahın erkenini seviyor,
ben geceyi ve esmerliğini onun,
o dorukları seviyor, korkuyor bundan
ben rüzgarla buluşan tepeyi, tuhaflığı,
ona bir yeşil gülümsüyor,
ben, hayatı delice sevdiysem nasıl,
diyorum, seni de öyle.
O kendi boşluğunda oyalanan günlerde
canı sıkılan bir çocuk gibi uyuyor,
ben göğe bakıyorum geceden,
kendi çukurunu bulmuş deniz gibiyim
diyorum, yanında,
o sabahları eğilip öpüyor denizi.
Çıplağın çıplağımda, rüzgarın dağımda olsun,
esmerliğin gecemde, öyle kal.
“Bulutlara bak, gidiyorlar, hızla” diyorsun,
yağmur bir yalıyor yüzümü,
bir duruyor. Sabahları eğilip yüzüme
öpüşün geçiyor bir, bir duruyor aklım.
Su ve rüzgar, dağ ve doruk, sonsuz hepsi,
oysa camdaki sardunya gibi üşür
bana biçtiğin ömür, ölüm geliyor aklıma bir
bir, çıplağın çıplağımda.
Rüzgarın dağımda olsun esmerliğin gecemde
öyle kal, sana sonsuz sarıldığımda.

Makalaň alnan çeşmesi: https://wikichi.ru/wiki/Birhan_Keskin. 16.10.2021ý. Şygryýet melekleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle