Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy — Aýjahan Annabaýewa
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy — Aýjahan Annabaýewa
Ýaş zehinli şahyra gyz Aýjahan Annabaýewa 2000-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä indi.
2007-2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 62-nji orta mekdebini okap gutardy.
2018-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika fakultetine okuwa giren Aýjahan Annabaýewa çeper döredijilik bilen hem meşgullanýar.
• ÇAKYLYK
“Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady!
Salamatmysyň?!
Gudratlynyň beýikdigni bildirýän
Alamatmy sen?
Daňyň buşlukçysy haýsy reňkdesiň?
Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar?
Seslen!
(Men bilmek isleýän bilmesiz zady).
Kämahal asmanda bulutlar ta:ýýar.
Basylýan.
Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm.
Ýitirýän özüm.
Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak.
Basymrajyk gel-de eliňi uzat.
Eý, nurçyrag!
Şöhleleriň çeşmesi”.
Uzak gije öz ukymdan ogurlap,
Şeýdip tylla Güne çakylyk ýazdym.
Ertir ýene dogar ýaly lowurdap.
• EJEME
Seniň barlygyňy duýsam ýeterlik.
Barlygyň golp berýär säherlerime.
Bilýän, käýinmersiň başyňy ýaýkap,
meniň kemçiligme, sähel ýerime.
Gaýta ýylgyrarsyň,
öwezin dolar:
Şatlyk— gussaň, ynam— ýetmezlerimiň.
Sen beýik lukmany gaflat dünýämiň,
Emini tapýarsyň bitmezlerimiň.
Mydama başymy sypan elleriň,
Başymdan süpürer gussaň nemlerin.
Bir islegim ýerde gowuşman galar:
Söýgiňden zyýada söýüp bilmerin.
Saňa tükeniksiz şatlyk getirjek
Günleri depäňden seçerin,
emma
Bir gün ojagyňy goýup giderin
Ýogsa senden eziz,
eý görjek kim bar?
• HOŞLAŞYK
«Göterdiler ak saçly bir dünýäni…»
K.Gurbannepesow
Märekäň çetinden seredip galdym.
Gözlerimden döküp bildim dökenmi…
Ýatlamalaň baryn demligme saldym,
Bildim olaň gussa bolup çökenni
Bu kalba…
Şol gün ýüregimi bölüp taşlady
Öňümden çykanda süýjüsiz halwa.
Seniň iýýäniň…
Ýakasy bejerlen gymmat köýnekler
Seniň geýýäniň…
Soň öňümden çykdy okan kitaplaň.
Seniň telefonuň, dakan äýnegiň,
Hemişe çaý içýän gülli çäýnegiň…
Garaz, zatlaryň dur abat, aýawly…
Goňşulaň ýatlaýar, diýýär:» daýawdy…»
Senden daýawlaram giripdir Ýere
Girerler ýene…
Ýatlamalaň baryn özünde saklap
Ýakynlaň ýüregni gyýary ýaly,
Zatlaryň galdy.
• MEN BARADA
Gardaky aýak yzymy,
Ýaltanmasaň gözle-de ýör.
Öňüňden çykandan sorap,
Ýaýdanmasaň sözle-de ýör.
Güýzde ýapraklaň üstünden,
Geçenimi ýaprak aýdar.
Ýazda gurra taşlap güli,
Seçenimi toprak aýdar.
Keşbiň hakydama gelip,
Güläýsem, şemal ýetirer.
Sessiz söýgiňe döz gelmän,
Öläýsem, duman ýetirer.
Men barada gürrüň berer,
Meni görenleň barysy.
Saňa eşdiler bu zatlaň
Hatda, ýarynyň ýarysy.
• ÝALANDAN SOÑ
Ýalan sözden halys berçigen kalbym
Adamlara ynanmagy bes etdi.
Aglamadym, ýöne ruhum bozulyp,
Bir aýlyganç ses etdi.
Kömek gelmejegni bilip illerden
Menem haýyr bermegimi kesdim-de,
El göterjek boldum, iň lezzet alýan
Öňki kesbimden.
Başarmadym, çünki oňat gylygy
Eýýäm birçak öwrüpdirin endige.
«Birsalym haýyrsyz bolaýyn» diýip
Boş gürledim men diňe.
Ýöne biraz üýtgäpdirin bolşumdan.
Okuwçy mahalym hasam sadadym.
Meniň bir erbetlik edesim gelýär
Men özüm bolmakdan halys ýadadym.
Aýjahan ANNABAÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby. Şygryýet melekleri