Şygryýet — Abdylla ARIPOW, özbek şahyry

Abdylla ARIPOW,
özbek şahyry
Meniň birinji söýgim
Agşam gögüň ýüzünde
Aý öçügsäp batanda,
Zöhre ýyldyz ýyldyrap,
Parlak öwşün atanda,
Ruhuma bir gussaly
Ümsümligi gatanda,
Men seni ýada saldym,
Meniň birinji söýgim.
Ýatlap ser oýa doldy,
Meniň birinji söýgim.
Geçdi ýaşlyk keýpiçag
Käte galmagal bilen.
Käýarym ýagşy bilen,
Kämahal ýaman bilen.
Aýra hem düşdüm gähi
Kalp bilen iman bilen
Ýöne seni ýitirdim
Meniň birinji söýgim.
Baky gaflata girdim,
Meniň birinji söýgim.
Dünýäň özi şeýleräk,
Bilip bolmaz syr eken
Kä tüýnüksiz gala deý,
Käte bolsa giň eken.
Emma adam hemişe
Bir duýga ýesir eken.
Neçün bilmedim owal,
Meniň birinji söýgim.
Nazar salmadym owal,
Meniň birinji söýgim.
Ne bolsa-da arzuwdan
Jyda-ha düşmedim men.
Ýyldyz kimin gülmedim,
Aý deýin dolmadym men.
Hazan uran gül ýaly,
Saralyp solmadym men.
Seni ýatlap aglaýan,
Meniň birinji söýgim.
Ýatlap bagrym daglaýan,
Meniň birinji söýgim.
Ýolun ýitirse ynsan,
Yşka, söýgä söýener.
Çäresiz galsa ynsan,
Yşka, söýgä söýener.
Söýeneýin men kime?
Meniň birinji söýgim.
Ýatlap ýanýaryn diňe
Meniň birinji söýgim.
Owaz etgil nirde sen?
Pyşyrda gulak goýdum.
Syrly düýşler görüp men,
Dünýäni unudaýdym.
Daňdan turup adyňa
Düzdüm şu şygrym, beýdim.
Kalpdaky ahym sensiň,
Meniň birinji söýgim.
Ýalňyz penahym sensiň,
Meniň birinji söýgim.
Ýagşylyk
Ökünmegin garrap, gartaşyp,
Galdym diýme yzda, arkada.
Bir gün saňa berer gaýtaryp,
Hakyň galan bolsa alagargada.
Ýagşylygym köýdi diýip ýersiz,
Ahmyr etmez hakyky ärler.
Birisinden gaýtmasa hergiz,
Başgasyndan gaýdarmyş diýrler.
Küýseg
Seni küýsesinler, sen köp küýsediň,
Çäre ýok, barybir, iki halda hem.
Derýa dek daşardyň köl kibi diňdiň,
Diňe ruhuň galdy seň bilen hemdem.
Ahmyr, küýsegiňem bardyr ahyry
Soňra unudylmak bary armandyr.
Küýsetdirene-de däldir ap-aňsat,
Küýsegen adamda kalp dagy bardyr.
