|

Şygry nädip ýasamaly

Şygry nädip ýasamaly ŞYGRY NÄDIP ÝASAMALY

Şygry nädip ýasamaly

Şa­hy­ra­na eser­de tä­ze­lik­çi­lik hök­ma­ny­dyr. Şa­hyr özü­ne ga­bat ge­len söz se­riş­de­le­ri­ni, ut­gaş­ma­la­ry tä­ze­den iş­le­me­li. Goş­gy ýa­za­nyň­da kö­ne — ga­lyn­dy söz­ler tä­ze se­riş­dä­niň sa­ny bi­len berk ga­bat ge­ti­ril­me­li. Şol tä­ze­lik­le­riň sa­ny hem-de hil muk­da­ry ese­riň ula­nyl­ma­ga ýa­ram­ly­dy­gyny ýa-da däl­di­gi­ni kes­git­lär.
Tä­ze­lik­çi­lik, el­bet­de, äh­li za­dy tarp­dan dö­retme­gi aň­lat­ma­ýar. Goş­gy dü­zü­li­şiň köp wagt bä­ri do­wam edip gel­ýän for­ma­la­ry gün­de-gü­na­şa döräp du­ran zat­lar däl. Ola­ry do­wam et­dir­me­gem, or­naş­dyr­ma­gam, ýaý­rat­ma­gam bo­lar.
Dog­ry­my aýd­ýan, men ýam­bam bi­le­mok, ho­reýem. Hiç wagt ola­ry bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyrman­dy­mam, beýt­mek ni­ýe­ti­mem ýok. Mu­nuň se­bäbi — onuň kyn­ly­gyn­dan däl-de, özü­miň şa­hy­ra­na işim­de olar bi­len hiç wagt iş sa­lyş­ma­ýan­ly­gym­da.
Men ola­ry öw­ren­mä­ge kän ge­zek sy­na­nyş­dym. Äni­gi­ne-şä­ni­gi­ne ýe­tip, soň ýe­ne unut­dum. Şyg­ra de­giş­li okuw ki­tap­la­ry­nyň 90 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýän ol zat­la­ryň me­niň işim­de tut­ýan or­ny 3 gö­te­ri­me-de ýe­te­nok.
Şy­gyr ýaz­mak­da şa­hy­ra­na işiň baş­lan­gy­jy üçin di­ňe bir­nä­çe umu­my düz­gün­na­ma bar. Ola­ram — şert­li düz­gün­ler. Edil küşt­dä­ki ýa­ly. Il­kin­ji gö­çüm­ler bi­ri-bi­ri­ne ça­lym­daş­dyr. Ýö­ne on­dan soň­ky gö­çüm­de siz tä­ze hü­jü­mi oý­lap tap­ma­ga sy­na­nyş­ýar­sy­ňyz. Şeý­le ýag­daý­da iň aň­ry­baş göçü­mi-de gaý­ta­la­ma­jak bo­lar­sy­ňyz. Gar­şy­da­şy­ňy di­ňe ga­ra­şyl­ma­dyk gö­çüm al­jy­ra­dyp bi­ler. Goşgu­da­ky ga­ra­şyl­ma­dyk rif­ma-da edil şo­nuň ýa­ly…
Men ýaz­ma­gy ni­ýet ed­ýän goş­gy­my il­ki kelläm­de ma­za­ly bi­şir­ýä­rin, aý­ra­tyn kyn­la­ry­ny bol­sa ka­gy­za bel­le­ýä­rin.
Me­niň äh­li wag­tym di­ýen ýa­ly ýaz­ma­ga taýyn­ly­ga gid­ýär. Ola­ra gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 10-18 sa­gat wag­ty­my sarp ed­ýä­rin. He­mi­şe di­ýen ýa­ly öz ýa­nym­dan nä­me­dir bir zat­la­ry gaý­ta­lap gez­ýä­rin.
Ýaz­gy dep­der­çe­si — ha­ky­ky go­wy zat dö­retmek üçin esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir.
Adat­ça, ol dep­der­çe ha­kyn­da di­ňe ýa­zy­jy dünýä­den öte­nin­den soň gür­rüň edip baş­la­ýar­lar. Ol ýyl­lar­bo­ýy ge­rek­me­jek zir-zi­bil ýa­ly bo­lup ýatýar-da, «gu­tar­nyk­ly eser­ler­den» soň ile ýe­ti­rilýär. Ýö­ne ýa­zy­jy üçin şon­dan gym­mat­ly zat ýok. Baş­lan­gyç şa­hyr­da edil ama­ly iş­dir tej­ri­bä­niň bolmaý­şy ýa­ly, beý­le dep­der­çe-de bol­ma­ýar…
Di­ňe ýaz­maz­dan öňür­ti yk­jam ta­ýyn­lyk gör­megim ma­ňa ni­ýe­ti­me dü­wen mak­sa­dy­ma amal et­mäge şert dö­red­ýär. Çy­ny­my edip iş­lä­nim­de, me­niň gün­de­lik iş möç­be­ri­m 8-10 se­tir­den aň­ry ge­çe­nok.
Şa­hyr her bir du­şu­şy­gy­ny, ge­zip ýör­kä gö­zü­ne kak­ly­şan, ün­sü­ni çe­ken za­dy, her bir wa­ka­ny goş­gy üçin ge­rek­li se­riş­de hök­mün­de aňyn­da sak­la­ma­ly.
Öň bu işe aşa gy­zy­ga­nym se­bäp­li, gel­ejek­de ýaz­mak is­le­ýän goş­gu­la­rym­da ula­na­ryn öý­den söz­le­rim­dir aň­lat­ma­la­ry­my kim­dir bi­ri­niň ýa­nynda aýt­ma­ga-da çe­kin­ýär­dim.
Bir ge­zek Sa­ra­tow­dan Mosk­wa do­la­nyp gel­ýärkäm, men wa­gon­da bi­le gel­ýän bir ýo­lag­çy gy­za ýum­şak hä­si­ýet­li ada­my­ny su­rat­lan­dyr­mak üçin «Ol ki­şi er­kek däl, ba­lak­ly bu­lut» di­ýen meň­zetmä­ni ulan­dym. Aý­dan ba­dy­ma-da, mu­ny goş­gu­da peý­da­la­nyp bol­ja­gy­ny ýa­dy­ma sa­lyp, «Bir­den bu agyz­dan-ag­za ge­çip, ile do­laý­sa nä­dip bor?» di­ýip, how­pur­ga­dym. Ýü­re­gi­me do­wul dü­şüp, men aý­dan meň­zet­mä­miň ol gy­za nä­hi­li tä­sir ede­ni­ni anyk­lamak üçin ug­ruk­dyr­jy so­rag­lar be­rip gör­düm. Ahyram aý­dan söz­le­ri­miň onuň bir gu­la­gyn­dan gi­rip, beý­le­ki­sin­den çy­kan­dy­gy­ny aňyp, yn­jal­dym. Iki ýyl ge­çen soň «ba­lak­ly bu­lut» di­ýen meň­zet­mäm bir poe­ma­myň ady hök­mün­de öz ýe­ri­ni tap­dy…
Aňyň­da bil­ner-bi­lin­mez gaý­ma­la­ýan, ýö­ne en­tek guý­ru­gyn­dan tu­tul­ma­dyk rif­ma ba­şy­ňa oýun salýar: ed­ýän gür­rü­ňi­ňe-de o di­ýen dü­şü­nip ba­ra­ňok, iýip-içi­bem ma­zaň ýok, gö­züň öňün­de gaý­ma­la­ýan rif­ma­nyň der­din­den göz­le­ri­ňe-de çiş ka­ky­lan ýa­ly.
Me­niň ge­ti­ren ki­çi­räk my­sal­la­ry­mam poe­zi­ýa­ny um­ma­syz kyn kär­le­riň ha­ta­ryn­da go­ýan­dyr di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Ha­ky­kat­da­nam, onuň gü­za­by ýe­tik. «Ser­geý Ýe­se­ni­ne» at­ly goş­gy­my men soň­ky ýa­zan­la­ry­myň için­de has tä­sir­li­si ha­sap ed­ýä­rin.
Biz onuň ölü­mi­ne gy­nan­dyk. Ýö­ne bu ýag­daý biz üçin gu­tul­gy­syz bo­laý­ma­ly zat bo­lup gö­rün­di. Men bu ha­ba­ry gi­je eşit­dim. Gy­nan­jy­myň er­ti­re çen­li bir­ne­me pe­sel­me­gi-de äh­ti­mal­dy. Er­te­si irden ga­zet­ler onuň ölü­mi­niň öň ýa­nyn­da ýa­zan şu se­tir­le­ri­ni çap edip­dir:

— Öl­mek tä­ze­lik däl ýeriň ýü­zün­de,
Ýa­şa­ma­gam tä­ze­lik däl, el­bet­de.

Bu güýç­li se­tir­le­riň dur­muş­da gi­der ug­ru­ny ýiti­ren adam­la­ra güýç­li tä­sir et­je­gi äş­gär­di. Hiç hi­li ga­zet ma­ka­la­sy bu se­tir­le­riň tä­si­ri­ni pesel­dip bil­jek däl­di. Onuň gar­şy­sy­na di­ňe goş­gy bi­len gö­reş­me­li­di.
Şeý­le­lik­de, şa­hyr­la­ra Ýe­se­nin ha­kyn­da goş­gy ýaz­ma­ga tab­şy­ryk be­ril­di. Bu ju­da mö­hüm­di hem gys­sag­ly­dy. Se­bä­bi Ýe­se­ni­niň se­tir­le­ri na­zar­lan ny­şa­na­sy­ny tiz hem ha­ta­syz urup ug­rap­dy. Tab­şyryk alan şa­hyr­lar­dyr ýa­zy­jy­lar kän­di. Ýö­ne nä­me ýaz­ma­ly? Nä­hi­li ýaz­ma­ly? Eý­sem, Ýe­se­nin ha­kyn­da nä­me we nä­hi­li ýazma­ly?
Onuň ölü­mi­ni hem şo­ňa da­hyl­ly beý­le­ki maglu­mat­la­ry aňym­da aý­lap, men öz öňüm­de şeý­le mak­sat goý­dum: Ýe­se­ni­niň soň­ky se­tir­le­ri­niň güý­jü­ni pü­çe­ge çy­kar­ma­ly, onuň gar­şy­sy­na tä­si­ri şo­lar­dan ýo­ka­ry bol­ma­sa, pes bol­ma­dyk se­tir­le­ri goý­ma­ly. Ýö­ne beý­däý­mek dil­de aň­sat. Hä­zir — goş­gy taý­ýar wag­ty nä­me diý­seň, di­ýip otur­ma­ly, em­ma ony baş­la­ma­gyň nä­hi­li hup­bat ýu­wut­dyran­dy­gy bir özü­me mä­lim.
Bu iş — me­niň ýur­duň dür­li kün­jek­le­ri­ne aýla­nyp, lek­si­ýa oka­ma­ly döw­rü­me ga­bat gel­di. Üç aý çe­me­si wag­tyň için­de bu mow­zu­ga gün­de-güna­şa do­lan­sa­mam, ke­le­biň uju­ny ta­pyp bil­me­dim. Şon­ça wagt­da de­rek­li ýe­ke se­ti­rem ýa­zyl­ma­dy…
Da­şy­my gur­şap alan ýag­daý öz hol­tu­my­na do­lap alyp, hiç ýa­na sy­pa­ra maý ber­me­di…
Mun­dan şeý­le ne­ti­je ge­lip çyk­ýar: çyn­la­kaý bir zat ýaz­ja­gyň çy­nyň­my — ýe­ri­ňi ýa-da wag­ty­ňy üýt­get. Köp­lenç ha­lat­da, il­ki bi­len, goş­gy­nyň ma­ny­syny hä­si­ýet­len­dir­ýän ýa-da rif­ma­lyk söz­ler saý­lanýar. Beý­le­ki söz­ler şo­la­ra ga­raş­ly­lyk­da öz ýer­le­rini tap­ýar­lar. Ha­çan­da «In­di-hä esa­sy zat­lar ta­ýyn bo­lu­ber­di» di­ýen wag­tyň bir­den haý­sy­dyr bir sözüň ýa-da se­siň ýet­me­ýän­di­gi­ni duý­ýar­syň. Ähli söz­le­ri ýa­ňa­dan sö­küp-dü­züp ug­ra­ýar­syň. Bu ýag­daý se­ni ga­zap aty­na atar­ýar. Edil gyr­lan di­şiň üs­tün­den ko­ron­ka­ny geý­dir­jek bo­la­nyň­da, wagty bi­len ýe­ri­ne bar­man, he­läk edi­şi ýa­ly ýag­daý eme­le gel­ýär. Ahy­ry di­şe geý­di­ri­lä­ýen­de-de, agyry­sy ja­ny­ňy alyp gel­ýän­dir. Şeý­le-de bol­sa, bi­raz wagt­dan ýe­ňil­lik du­ýup ug­ra­ýar­syň.
Ritm — goş­gy­nyň esa­sy güý­ji, esa­sy ener­gi­ýasy­dyr. Şa­hyr özün­de şol, ritm duý­mak uky­by­ny ös­dür­me­li­dir…
Goş­gy­nyň kyn düş­ýän, hup­bat ýu­wut­dyr­ýan ýe­ri — onuň jem­le­me­si­dir. Adat­ça, iň şow­ly setir­le­ri şyg­ryň ahy­ry­na ge­çir­me­li bol­ýar. Kä­te bolsa jem­le­mä ky­bap­daş et­jek bo­lup, tu­tuş goş­gy­nyň en­ter-pe­le­gi­ni öw­rüp, tä­ze­den iş­le­ýär­siň.
Men goş­gy­my Ýe­se­ni­niň se­tir­le­ri­niň güý­jü­ni ga­çyr­mak üçin şeý­le jem­le­dim:

— Mun­da aň­sat zat ýok ölüp git­me­den,
ýa­şa­ma­gy ba­şar­mak­dyr iň ky­ny.

Eli­ne il­kin­ji ge­zek ga­lam alyp, bir hep­de­den soň şa­hyr bo­la­sy gel­ýän­ler üçin me­niň bu ýaz­gyla­ry­myň ge­rek za­dy ýok.
Bu­lar her hi­li päs­gel­çi­lik­le­re ga­ra­maz­dan, şol kyn­çy­lyk­lar­dan he­der et­män, şa­hyr bo­la­sy gelýän­le­re ni­ýet­le­nen­dir.
Bi­ziň tas­syk­la­ma­my­za gö­rä, ede­bi­ýat ta­ry­hy gö­re­şi şe­kil­len­dir­ýän aý­na däl-de, eý­sem, şol göre­şiň ýa­ra­gy­dyr.
Ha­ky­ky şyg­ry­ýet he­mi­şe, hat­da bir sa­ga­dam bol­sa, dur­muş­dan öň­de bol­ma­ly­dyr. Aýt­jak sözü­ňi goş­gu­dan baş­ga tär bi­len aý­dyp bil­me­jek ýag­da­ýyň­da ga­la­ma ýa­pyş­ma­ly. Ýa­zy­jy­nyň hä­zir alyp bar­ma­ly esa­sy ze­rur işi, gö­re­şi hil ug­run­da­ky umu­my gö­reş­dir.
Öz ýal­ňyş­lyk­la­ry­ňy sa­pak edin­mek ge­rek. Me­niň özü­mem hä­zir ýa­zan zat­la­ry­myň kä­bi­rin­dä­ki ýa­laňaç pub­li­sis­tik äheň­den ara aç­ma­ga ça­lyş­ýa­ryn. Rif­ma­syz (oňa giň ma­ny­da dü­şün­me­li) goş­gy py­t­ra­ýar. Rif­ma si­zi öň­dä­ki se­ti­re do­lap ge­tir­ýär, ony ýat­da sak­la­ma­ga, bir pi­ki­ri eme­le ge­tir­ýän äh­li se­tir­le­ri çug­dam­la­ma­ga mej­bur ed­ýär.

Wladimir MAÝAKOWSKIÝ.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Ka­ka­baý GUR­BAN­MY­RA­DOW. Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle