|

Sygmaryn

Sygmaryn SYGMARYN

Sygmaryn

Iki jahan maňa sygar,
Men bu jahana sygmaryn…
Seýit Nesimi

Gürleşipdim sedasyz,
Indi dilli gürleşmen.
Goşulypdym bir damja,
Asla derýa birleşmen.

Men bir oda çoýundym,
Gyşda alaw ýakmaryn.
Oñ siñipdim garaga,
Indi göze bakmaryn.

Ah, dadypdym bir miwe,
Indi bal hem iýmerin.
Ýerleşipdim bir kalba,
Özge göwne girmerin.

Ýok, ýok, hiç bir ykbala
Umyt bolup ýagmaryn.
Men sygypdym bir dünýä,
Indi dünýä sygmaryn.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle