Syçan bilen Alaka
Syçan bilen Alaka
Syçan ylgap gelip, diýdi Alaka:
«Eşitdiňmi, hoş söz ýaýrapdyr halka —
Şiriň penjesine düşüpmiş pişik,
Açyldy indi bagtymyz.
Tapmaýarmyş indi çykmaga deşik.
Geldi ýaýnajak wagtymyz.»
«Begenme, dostum Syçan»
Diýip Alaka aýtdy:
«Boş söze gitme hiç haçan.
Onda Şiriň hem gör işi gaýtdy.
Pişik ony lak-luk atar.
Çünki pişik güýçli hemmeden beter.»
* * *
Men köp gördüm, syn edene bildirer.
Eger gorkak haýsy zatdan gorksa,
Diýýär: «Bütin dünýä edýändir heder,
Eger şoňa ýoluksa.»
Iwan KRYLOW.
Terjime eden Hajy YSMAÝYLOW Goşgular