Suwuň kalba ýakymly ady (Hekaýa)

Suwuň kalba ýakymly ady (Hekaýa)

Ales Karlýukewiç,
belarus ýazyjysy

Gidronimikanyň nämedigini bilýäňizmi? Bu hakyky ylym. Mekdepde okadylmaýan-da bolsa, bu ylym. Özem obada ýaşaň ýa-da şäherde — parhy ýok, bu nämälim ylym bilen siz çagalygyňyzdan bäri tanyşsyňyz. Siziň öýüňiz Belarusyň paýtagtynyň orruk ortasynda ýerleşýär diýeliň. Diýmek, öýüňiziň gapdalyndan Swisloç derýasy akyp geçýär. Swetlyý Bor obasy Wolma derýasynyň, Motal obajygy bolsa Ýaseldanyň sag kenarynda otyr. Ine, suw bilen bagly şeýle ýerleriň — ummanlaryň, deňizleriň, suw howdanlarynyň, şaglawuklaryň, kölleriň, derýalaryň, kiçijik çeşmeleriň, batgalyklaryň… atlaryna gidronim diýilýär. Şol atlaryň gelip çykyşyny öwrenýän ylym bolsa, gidronimika diýlip atlandyrylýar. Bu söz grekçeden terjime edilende «suwuň ady» diýmegi aňladýar.

Geliň, birnäçe suw atlaryny ýatlalyň-da, gidronimikadan birki sany sapak geçeliň. Ilki bilen aşakda ady agzaljak derýalary nämäniň birleşdirýändigini bileliň: Studenka (Som-sowuk), Talisa (Erän suw), Týoplaýa (Ýyly), Holodnaýa (Sowuk), Lýadinka (Buzly)… Bularyň hemmesiniň ady ýylylyk ýa sowuklyk ölçegi bilen bagly — ine, olary birleşdirýän zat…

Ýöne suw diňe sowuk ýa ýyly bolany bilen oňmaýar, onuň tagam-ys, çuň-ýalpak kysmy aýratynlyklary hem bolup biler, mysal üçin, Bezwodnaýa (Suwsuz), Melkoe ozero (Ýalpak köl)…Şu ýerde Ýalpak köli Çuň köl atly bir köl bilen çeşmäniň birikdirýändigini ýatlamak gyzyklydyr. Belarusda Çuň köl atly kölleriň her etrapda diýen ýaly (Polos etrabynda, hatda ikisi bar) gabat gelýändigini aýdyp geçmek ýerlikli bolardy.

Kölleriň iň çuňunyň ady — Bezdonnoe (Düýpsüz), ol Witebsk etrabynda Täze obanyň gapdalyndaky tokaýda ýerleşýär. Günortasyndaky depeler onuň Ak köl bilen arasyna çäk salýar. «Düýpsüz» sözüne düşündiriş berip oturmak gerek dälmikä diýýän. Geliň, Slonim etrabyndaky Düýpsüz kölüň taryhy bilen gyzyklanyp göreliň: bu ýerde ýerli ilatyň kölüň çuňlugyny ölçemäge kän synanyşyk edendigi barada aýdýarlar. Ýöne synanyşyklaryň hemmesi gerekli netijäni bermändir, kölüň 20-30 sm. çuň ýeriniň bir garyş gapdalynda 5 metrlik gorpa kän gabat gelnipdir.

Ýene bir sapagymyz derýadyr kölleriň reňkleri bilen bagly bolar. Kirow etrabynda Druti derýasyna Ak derýa gelip guýýar; Gomelde Uza derýasyna Gyzyl Ýap derýasy gelip goşulýar; Osipowiç etrabynda Gök derýa gelip, Swisloça birigýär… Gara köl adynyň bolsa tutuş Belarusda sanasaň sogaby bar diýleni…

Siz batgalyga baryp görüpdiňizmi? Olar Belarusda, esasanam, derýalaryň hanasynda sanardan kän. Olaryň atlaram bir üýtgeşik. Çäge ýaly eliňden akyp duran batgalyklaryň ady has-da gulaga ýakymly. Diňläň: Krokot, Zybel, Merwa, Drygwa, Mereža, Gruzalo, Neprohod…

Drygwanyň nämäni aňladýandygy düşnükli…Ýakub Kolas özüniň Talaş baba baradaky «Drygwa» atly eserinde onuň manysynyň «mereža» bilen gabat gelýändigini, onuň bolsa balyk tutmak üçin ýasalan halka geýdirilen tory aňladýandygyny aýtmak bilen bize kömege gelýär.

Batgalygyň ady şol ýerde köp ösýän ösümlik bilen baglanyşykly bolubam bilýär. Daş-töwereginde osoka biten bolsa, köplenç, batgalyga Osokar diýip at dakýarlar. Moh kän bolsa batgalyga hem Moh, Omşarino ýaly atlar dakylýar.

Belarusa gelseňiz Lozowka, Hwoşşewka, Krapiwnaýa, Sosnowaýa ýaly atly derýalaryň üstünden ötersiňiz. Şonda ýaltanman üns berseňiz, derýalaryň atlarynyň öz kenarlarynda köp biten ösümlikleriň atlaryndan alnandygyna magat göz ýetirersiňiz. Haýwanlar babatda-da şeýle: Karasiha — balygyň şu görnüşiniň köp gabat gelýändigi gürrüňsiz; Wolçee — awçylaryň esasy awunyň möjekdigini göz öňüne getirýäňizmi; Komarinka — adyny eşideniňden çybynlaryň jyňňyldysy; Žabinka — gurbagalaryň sesleri gulagyňa gelip başlan ýaly bolýar.

Ýaş okyjylarym, eger siziň alys ýerlere syýahata gitmäge mümkinçiligiňiz ýok bolsa, öz obaňyzyň töwereginiň gidronimiki terjimehaly bilen ýakyndan tanyşmaklygy maslahat berýärin. Çeşmeleriň, kölleriň, derýalaryň… her biriniň özboluşly kalba ýakymly ady bar.

ÝELEK ÜTEMOK, ET IÝEMOK

Gowakda ýaşan gadymy adam öz ýaşaýan ýeriniň töwereginde biten zatlar bilen iýmitlenmeli bolupdyr. Belarusda ilat banan ýa ýeralma iýendir diýip birnäçe ýüz ýyl mundan ozal, ol ekinler entek ýurdumyza getirilmänkä pikir hem edip bolmazdy. Ýöne balyk welin, ýüz ýyl, hatda müň ýyl mundan ozalam bol bolupdyr. Balykçylyk bizde gadymdan gelýän kär, balyk daýhanlaryň esasy iýmiti hasap edilipdir. Käbir köllere atylan torlaryň içi balykdan agzy-burny bilen dolansoň, adamlaryň güýji ýetmän at bilen çekip çykarypdyrlar. Şol günlerdenem «Ýelek ütemok, et iýemok» diýen aýtgy galypdyr. «Baga girmesin-ä girdi welin, yzyna çykmady» diýen matalyň hem jogabynyň tora düşen balykdygyny soraman biläýmeli.

Gyşyna ýa alabaharda ýukajyk buz gatlagynyň aşagyndaky balygy agaç serdesse bilen urup seňseledip alypdyrlar. Balykçylaryň söwütden örülen duzaklary hem bolupdyr, ýöne, köplenç, balygy tor bilen tutupdyrlar. Käte kölüň düýbüne gazyk baryny kakyp çykypdyrlar. Şol gazyk «agyla» giren balyk balykçynyň lukmasyna öwrülipdir. Derýa doňanda buzy deşip, derýanyň düýbüne syryklara daňlan tor haltalary sallap hem balyk tutupdyrlar.

Asyrlaryň dowamynda beloruslar balykdan ençeme tagamly naharlary bişirmegi öwrenipdirler. Hasyl bitmedik ýyly saçakda çörek bolmazlygy mümkin, ýöne balyksyz bolmandyr. Esasan-da, Polosýe öz balyk naharlary bilen şöhrat gazanypdyr. Dagy näme, söwda ýollaryndan uzakda ýerleşensoň, ol ýerde tutulan balygy satmaga mümkinçilik az bolupdyr. Şonuň üçinem olar her dürli owkada öwrülip, saçagy bezäpdir. Balygy gowrup, kakadyp saçaga äberipdirler. Käte şol bir balygy ilki gowrup, soňra kakadypdyrlar. Şeýle nahary iýip otyrkaň gulagyňy kesselerem duýmarsyň diýlipdir. Belarus ummandan, deňizden daşda, şonda-da oňa balyk berekedi welin berlipdir.

AK GÜLLERIŇ AK ÝOLY

Bu waka gadym döwürlerde bolupdyr. Ol zamanlar uly-kiçi obalaryň hemmesiniň daşyna sümme tokaýlar egele bolup oturar ekeni. Adamlar aw edipdirler, balyk tutupdyrlar. Käýerde obanyň töweregindäki bölek-büçek ýerlere arpadyr süläniň tohumyny sepipdirler. Şeýdibem güzeran görüpdirler. Eldeki eden haýwanlarynyň hem göwnüne degmelidir öýtmändirler. Mekejin jojuklansoň, jojuklary ese-boýa galandan, olary erkinlige goýberipdirler. Olaryň özleri gününi görüp, sowuk düşenden ýataga dolanypdyrlar. Agaçlarynyň ujy asmana direýän tokaýlar awa ýaramly guşlardan ýaňa jygyl-da-mygyl ekeni. Awçy obanyň etegine çykyp, tokaý ýodasy bilen birki ädim ädip, tüpeňiniň mäşesini gysyp-gysmanka, agajyň şahasynda oturan turajyň özi aýagynyň aşagyna gaçýarmyşyn. Onuň çagalara possun tikip berer ýaly belka bolaýsa diýip, içini gepledenini bilen ýaly, şahalaryň üsti şol haýwanjyklardan dolumyş.

Şol döwürde leglegem köp bolupdyr. Ak-gyzyl öwüşginli owadan guşlar adamlaryň öýleriniň golaýynda höwürtge ýasanyp ýaşaberipdirler. Adamlar uzyn aýakly owadan guşlara höwürtge ýasamaga ýardam edipdirler. Käte olaryň umumy üýşmeleňlerem bolupdyr. Obanyň ortasynda baýyrlyk bilen aralykdan akýan derýajyga tarap çykýan köçede saçak ýazypdyrlar. Legleklere höregi agaç tabaklarda çykarypdyrlar. Aýakly ahyrlaryň içine buglanan şugundyr salyp, üstündenem leglekleriň iň gowy görýän höregini — gowrulan gurbagalary goýupdyrlar.

Obalylaryň leglekler bilen bile geçirýän ýörite baýramlary hem bolupdyr. Ir säher bilen öýleriň gapylaryndan berýoza şahalaryny asyp goýupdyrlar. Penjireleriň gabsalaryny klýon ýapraklary bilen bezäpdirler. Ýakymly ysly otlary ýygyp, aýak astyna taşlapdyrlar. Ýaş gyz-gelinler tokaýa gidip, öz aralaryndan iň owadanyny saýlapdyrlar. Onuň gözünden başga ýerine klýon ýapraklaryny ýelmäp çykypdyrlar.

Leglekler olaryň tokaýdan çykyp, oba ýönelerine garaşyp pelesaň kakypdyrlar. Olar görnen badyna şadyýan seslenip, üstlerinden uçup aýlanypdyrlar. Özlerine agşam beriljek tagamyň ysyny alýan dek, hezil edipdirler.

Obanyň köçelerinde bolsa aýdym ýaňlanypdyr.

Agşam hemmeler dargaşansoňam, saçagyň başynda gülküdir aýdyma ýer tapylypdyr. Onda-munda gama batyp oturan hem gabat gelipdir. Lodimer baba çagalara hemmeleriň hemmeler bilen äbe-de-jüýje bolup ýaşan döwri barada gürrüň beripdir. Özem ilki leglekler bilen. Ýanka atly leglegiň öz gürrüňine gulak gabardýanyny gören mahaly, goja guşa tarap öwrülip, gürrüňiň hörpüni üýtgedip goýberipdir:

— Adamlar legleklerden ýylyň hasylynyň nähili boljagynyň çakyny alypdyrlar. Ýyly ýurtlardan uçup gelen ilkinji leglekler görnenden, adamlar olar üçin hörek taýynlapdyrlar. Howlusynda leglek düşlän kişi iň bagtly adam hasaplanypdyr. Leglek — mukaddes guş, ony öldürmek külli günä hasaplanypdyr…

Lodimer obalylaryň leglekleri synlap kän zadyň çakyny alandyklary barada gürrüň beripdir. Olaryň özlerini alyp baryşlaryna seredip, ertirki günüň nähili boljagyny çaklamak bolýar ekeni. Çagalardyr leglek Ýanka gojany üns bilen diňläpdirler.

— Eger leglek höwürtgesinden ýumurtgasyny taşlaýan bolsa, ýyl hasylly gelipdir, eger jüýjesini ýere oklaýan bolsa, gahatçylyga garaşybermeli ekeni… Eý, Ýanka, şu ýyl nähili geler…

Leglek çüňküni has ýokaryk göterip, gaýgyly gözlerini goja dikdi.

— Ýanka, näme üçin gama batyp otyrsyň?

— Bu ýyl hemme zat gowy bolmaly — diýip, guş söze başlapdyr. — Men gama batamok, tersine, sizi görüp begenýän, işlemegem oňarýaňyz, tapmaçadyr matalam düzýäňiz… şu ýyl siziň obaňyzda şeýle bir matal eşitdim: «Gyzyl ädikli bir guş gyzyl derwezä gondy…»…

— Ol leglek, ahyry… — diýip, çagalar biragyzdan jogap berdiler…

Lodimer murtuny sypap goýberdi-de, gara gözlerini ilki Ýanka, soň çagalara dikip söze başlady:

— Menem bir matal aýdaýyn… Ädigi gyzyl, batgada gezip gurbaga tutýar…

— Leglek! Biziň Ýankamyz! — diýip, çagalar has-da batly gygyryşdylar.

Lodimer leglegi ünsünden sypdyrmady:

— Ýanka, diýseň-diýmeseň, seniň bir aladajygyň bar ýaly…

Leglek töweregine garanjaklap, «aýtsammykam–aýtmasammykam» diýýän dek pikire batdy. Barybir, içini dökmegi ýüregine düwdi:

— Siziň maňa düşünjegiňizi ýa düşünmejegiňizi bilemok… belki, baýram güni aýtmalam däldir… siz işeňňir, öz ýeriňiziň hakyky eýesi… mellekleriňiz gül-pürçük… biziň ýaşaýan kölümiz welin, göçülen ýurt ýaly boşap ýatyr… kenaryň käbir ýerinde birki düýp gamyşdyr ýeze gabat gelseň zor boldugyň… galan ýeri suw… edil ýüz görülýän aýnaň bar-da…

Çagalar dymdy, goja Lodimer hem pikire batdy. Gojanyň ýigrimi ýaşly körpe ogly Kostus hem gürrüňe gulak asyp otyrdy. Ol ene-atasy bilen bile ýaşaýardy. Nastasýa atly görmegeý gyza öýlenipdi. Olaryň hem kiçijik ogullary bardy. Saçagyň başynda aýal ugrundan hiç kim ýokdy.

— Kaka, eger men… — söze başlandan oglunyň näme diýjek bolýanyny aňan Lodimer onuň sözüni böldi:

— Şeýtseň gowy bolar, oglum, ýagşy zady baýram güni gözlemän, haçan gözlejek…

— Ýöne bu gün Kupala baýramy däl ahyryn — diýip, ýaşulularyň biri garşy çykdy.

— Alňasamaň, Iwan Kupalanyň baýramynda paporotnigiň gülüni gözleýärler, şu günki Troisa baýramynda bolsa, gözlerimiz ýyldyzlara dikilgi bolmaly… Körpäm Kostus awa diňe tüpeňli däl, ýaýdyr peýkamly hem gidiberýär… Geliň, gijäň ýarynda ot ýakalyň-da, «Oý, Troisa, merhemetlimiz, zygyr tohumyn sepdim, goý, her biri müň bolsun…» diýip, aýdyma zowladybereliň… Gyz-gelinler, goý, suw perisini ugratmaga gitsinler…Kostus ok-ýaýyny alyp, tokaýyň jümmüşine ugrasyn… Näme üçindigini bolsa, ertir bileris…

Baýramçylyk tamam bolup barýar. Oýun-gülki bilen hemmeler öýli-öýüne dargady. Leglek Ýanka hem höwürtgesine gelip gondy. Kostus atasyndan galan ýaragyny alyp, tokaýyň jümmüşine siňdi. Giň meýdana çykyp, asmana seretdi. Akmaýanyň ýolundaky iň uly ýyldyzy saýlap, peýkamyny şoňa çenedi-de, kirşi sypdyrdy.

Kümüş owuntyklary ýere paýrap döküldi. Ol soňra leglekleriň kölüne tarap süýşüp, ýene asmana peýkamyny sypdyrdy…

Daň saz berenden leglek Ýanka höwürtgesinden örüp, köle tarap uçdy. Jüýje leglekleriň ertirlik naharyna gurbaga gözlemelidi. Asmanda halka ýasap aýlanyp ýörşüne gözlerine ynanmady. Kölüň ýüzi ak tegmil ýaly güllerden doludy.

Bu wagt kenarda goja Lodimer köle çeňňek taşlapdy. Ol hem bu ýere agtyjaklarynyň ertirlik naharyna balyk hantama bolup gelipdi. Kölüň ýüzündäki ak gülleri görüp, ol hem bir pursat çeňňegini unutdy. Ol legleklere şeýle owadan gülleri peşgeş beren Taňra minnetdar bolup, Ýankanyň möhüminiň bitmeginde öz paýynyň hem bardygyna ýürekden begendi.

 

Rusçadan terjime eden J. MÜLKIÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle