|

Süwümsiz siñek / basnýa

Süwümsiz siñek / basnýa SÜWÜMSIZ SIÑEK

Uçdy, gondy bir siñek,
Erni ýok, gury eñek.

Mugtjak bal gözleýär,
Eýlä-beýlä wazlaýar.

— Ýa-ha adamlar ýaman,
Ýa-da üýtgäpdir zaman.

Bar zadyñ agzy ýapyk,
Ne bal bar, ne-de gatyk —

Diýip, siñek irkildi,
Gözün açdy, tyrkyldy.

Balary dur gaşynda,
Bu hakykat huşunda.

— Ýeri, men saña diýýän,
Aýt, hamyñ soýýan,

Senmi balymy iýýän —
Diýip ary siñegiñ

Boýnuna atdy arkan,
Siñek gaýtdy arkan.

Degdi öýdýän gatyrak,
Ýatyrdy ol titiräp.

Nurgeldi ÇAKANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle