|

Suwdan ot çykaran goşgy

Suwdan ot çykaran goşgy SUWDAN OT ÇYKARAN GOŞGY

Suwdan ot çykaran goşgy

Bölek mähnet bulutlar,
Öçli garap bir-bire,
Dişlerin çarhladylar,
Garpyşyp başladylar,
Elhenç güpürdi bile.

Başlandy başagaýlyk,
Kowha-kowlyk,
gaç-gaçlyk.
Bulutlaň batly bady,
Syçratdy ýalyn-ody.
Asman ýürek daglady
hem möňňürip aglady.
Ezdi ýeri göz ýaşy,
Sil-suw edip dag-daşy.

Ýakyndamy, uzakda,
Ýyldyrym çakan wagtda.
Pena edinip dagy,
Synlap otyr, Pyragy.
Haýranlar bolup bakdy,
Ýaradanyň güýjüne.
Soňam galamyn aldy,
Çykyp gerşiň künjüne.

“Bulutlar garpyşar,
ýyldyrym çakar”
— şuny oýa getirdi.
“Bu ne gudrat işdir,
suwdan ot çykar?!”
— giýip, ýazga geçirdi.

Bu hem bolaýjak kyssa,
Beýan edäýdik, gysga.

Geldimyrat SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle