Suw ýaly (Esse)
LIN Tsiň Süän,
hytaý ýazyjysy
Gadym zamanlarda Ýaponiýanyň dagynyk şalyklaryny Hideýoşi ( Toýotomi Hideýoşi (1536-1598) Ýaponiýanyň adybelli goşunbaşysy we döwlet emeldary.) hökümdaryna boýun egdiren goşun generaly Kuroda Ýositaka söweşlerde suwuň kömeginden peýdalanmagy başarypdyr. Ol uzak wagtlap hiç kime boýun egmedik Takamatsu şäherini hut suwuň kömegi bilen basyp alypdyr. Şonuň üçinem general Kuroda Ýositaka Ýaponiýanyň taryhynda «Suw ýaly» lakamy bilen tanalýar. «Suwuň bäş aýratynlygy» atly ajaýyp eser şonuň galamy astynda ýazylandyr:
«Suw — özözünden hereketlenip, adamlara itergi bermegi başarýar.
Suw — köplenç, diňe öz ýoluny gözleýär.
Suw — haýsydyr bir böwede duş gelende, badyny ýüz esse artdyrýar.
Suw — öz päkligi bilen adamyň tenini tämizleýär, özünde hapa zatlary saklamak ukybyna eýe bolup, ýeterlik sabyrtakady bar.
Suw — uçgyraksyz ummanda bugarýarda, buluda, ýagşa, dumana öwrülip, soň bolsa ýene goýalyp, aýna ýaly buza öwrülýär. Ol nämä öwrülsede, ahyrsoňy asyl durkuna dolanyp, suwlugyna galýar».
Suwuň hut şu aýratynlygy öwrenilmäge doly mynasypdyr. Biz günde näçe suw ulanýan bolsagam, onuň nämedigi barada oýlanýanymyz azazdyr. Suwuň syrlaryna nädip düşünmeli?
Biz suwdan nusga aljak bolsak, ilki bilen, beýleki adamlara itergi bermegi başarmaly. Durmuşda haýsydyr bir kynçylyga gabat gelenimizde, ýüz esse badymyzy köpeldip, böwsüp geçmegiň hötdesinden gelmeli. Durmuşda gabat gelýän ýaman işlere sabyrkanagat edip, hiç haçan adamçylygymyzy ýitirmejek bolmaly.
Eger suwdan bir zatlar öwrenjegimiz çynymyz bolsa, onda ilki bilen, suw ýaly päk, arassa, zyýansyz bolmagy başarmaly.