|

Suw damdyrýañ agzyma

Suw damdyrýañ agzyma SUW DAMDYRÝAŇ AGZYMA


Eý, tula!
Edil ýylan ýaly jadyly tula
Mawy gözleň oýnakladyp geldiň-de
Ygtyýarym alyp,
öwürdiň gula.
Pagta bilen damagymy çaldyň sen,
Ne jan berdiň,
ne janymy aldyň sen,
Ne gulak salýarsyň meniň arzyma.
Sen ganymy sorup,
öldüm-öldümde
Pagta bilen suw damdyrýaň agzyma.

▶ IIKIMIZ

Seniň aslyň otdan,
toprakdan meňki,
Sen owsun atýarsyn,
a men çalajan.
Meniň geçmişim bar,
gelejek—seňki,
Sen-ä hanym,
men günüme talaban.
Sen meniň ýülügmi sorarsyň, keýgim,
A men bally dodagyňdan soraryn.
Meniň gursagymda galypdyr meýlim,
A sen girewine ömür soradyň.
Sen zeminiň Gün taýynda doglupsyň,
Men garasyn görmän hatda Aýyň-da
Doguldym zeminiň gije taýynda.
Reňksiz telewizor meniň gözlerim,
Seniňki reňkli.
Şindi seniň ýaly magşuk görmedim:
Sen hem düşek,
Sen hem kepen taýyn-la!.. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи