Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (7 bolek)

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (7 bolek)

Žül WERN,
fransuz ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

ON SEKIZINJI BAP

Polýar gijesi

Bu gije eýmenç harasat bilen başlady. Edil şatlama dälse däldirem, ýöne howa welin juda çyglydy. Öňünden ähli zerur çäreleriň görlendigine garamazdan, çygly howa öýüň içine mazaly ornady, şol sebäpli hem her gün ir säher bilen kondensatorlardan ep-esli buz çykýardy.

Howluda syrgyn tüweleý turuzýardy. Gar aşaklygyna däl-de, gapdallygyna syrap ýagýardy. Jasper Gobson gapyny açmagy düýbünden gadagan etdi, çünki gapy açylaýdygy daşky jaý şol pursatda gardan dolup, gyşlagçylaryň jaýy zyndana dönjekdi.

Äpişgeleriň gabsasy jebis ýapylgydy. Gyşlagçylar bu soňsuz gijäni ýatyp geçirmediler, polýar gijesiniň ýüregedüşgünç sagatlarynda çyralar söndürilmän, üznüksiz ýanyp durdy.

Daşarda polýar alagaraňkylygy höküm sürýärdi, hemişeki ümsümlik gaý-tupanyň güwwüldisine öz ornuny berdi. Öý bilen burnuň çykydynyň arasyna düşen ýel zaryn şuwwuldaýardy. Harasat öýe gyýaklap urýardy, onuň zarbyna jaý başyndan aýagyna çenli saňňyldaýardy. Eger bina şeýle berk gurulmadyk bolsa, megerem, ol tupanyň zoruna döz gelip bilmezdi. Bolsa-da, syrap diwary basan gar üýşmekleri tupanyň zarbyny birneme gowşadýardy. Mak-Nap diňe turbalaryň hek daşyndan örülen daşky böleginiň ýumrularyndan heder edýärdi, dogrudanam, olar ýeliň zarbyna ýykylsa ýykylaýmalydy. Her niçigem bolsa turbalar tupanyň şatysyna hötde geldiler, ýöne olaryň içine syran garlary tiz-tizden arassalamaly boldy.

Güwwüldileriň hem-de şuwwuldylaryň arasynda erbet gümmürdiler hem eşidilýärdi, olaryň sebäbini missis Barnet bilmeýärdi. Ol gümmürdiler uzaklarda ýumrulýan buzdaglaryň sesidi. Ol sesler gök gümmürdisi ýaly ençeme gezek gaýtalanyp ýaňlanýardy. Süýşüp çaknyşýan hem-de buzdaglarynyň ýykylmagy sebäpli döwülýän buzluk meýdanlarynyň şatyrdysynyň yzy üzülmeýärdi. Kalbyňy gorky gaplap almazlygy üçin gazaply demirgazyk tebigatynda taplanan batyrgaý ýürek gerekdi. Jasper Gobson bilen ýoldaşlary bu galagoply ýagdaýlara öňden öwrenişendi, Polina Barnet bilen Mej hem ýuwaş-ýuwaşdan üns bermezlige endik etdiler. Galyberse-de, olaryň ikisem ozalky syýahatlarynda sagatda kyrk lýo tizlik bilen ösüp, agyr toplary düňderip goýberýän harasadyň elhenç güýjüne nijeme sapar döz gelipdiler. Ýöne bu ýerde, Baterst burnunda harasada tümlük bilen gar goşulyp, ony hasam eýmenç görkezýärdi. Ýel az-kem gowşaşmasa, ertire çenli öýem, it ýatagy hem, saraýam, howlam gömlüp, galyň uly gar üýşmekleriniň astynda ýitip gider gorkusy bardy.

Harasat gyşlagçylaryň jaýyny zyndana dönderdi. Bu biygtyýar bendilik dowam edýärkä, faktoriýanyň durmuşy hem öz akymyna gidip durdy. Faktoriýanyň edermen ýaşaýjylary örän agzybirdiler, şeýle dar tünekde bile ýaşamaly bolsalaram, olar biri-biri bilen hiç hili dawa etmeýärdiler, olaryň arasynda hiç hili düşünişmezliklerem ýüze çykmaýardy. Galyberse-de, olar munuň ýaly ýagdaýlary Enterpraýz fortunda-da, Relaýans fortunda-da göre-göre gelýärdiler. Öz ýoldaşlarynyň şeýle ýumşak häsiýetlidigi missis Polina Barneti hem hiç hili geňirgendirmedi.

Gyşlagçylar bir tarapdan iş, beýleki tarapdan kitap okamakdyr, oýna güýmenmek bilen wagt geçirýärdiler. Geýimdir aýakgaplary tikmek, ýamamak, ýaraglary arassalamak, garaz, etmäge iş tapdyrýardy. Leýtenant Gobsona bolsa gündelik žurnala ýazgylary girizmegem iş bolýardy. Ol žurnala howany, ýeliň ugruny, polýar giňişliklerinde köp bolýan ýyldyz süýnmelerini, garaz, gyşlagyň iň bir ownujak wakalaryny hem sypdyrman belleýärdi. Öýüň içini tertibe salmagam, otaglary syr-süpür etmegem işdi. Sütükleri hem her gün gözden geçirmelidi, olaryň yzgar çekip zaýalanmagy ahmaldy. Galyberse-de, pejiň oduny ölçerip durmak, turbalaryň tüsse çekişine göz-gulak bolmak, burçlaryň heň tutmagyna garşy dynuwsyz göreşmek, bularyňam iş kemi ýokdy. Bu umumy işlere her kim uly zalda asylyp goýlan tertibe laýyklykda goşant edýärdi. Onda her kimiň etmeli işi anyk görkezilýärdi, hiç kime artykmaç iş ýüklenenokdy, ýöne adamlar işsizem oturanokdylar. Tomas Blek öz abzallarynyň nurbatyny towlaşdyryp berkidýärdi, gowşadýardy, özüniň astronomiýa hasaplamalaryny täzeden barlaşdyrýardy. Ol özüne garaňky gijäniň asmanyny synlamaga päsgel berýän tupana gahar edýärdi, känbir öz otagyndan çykanokdy. Üç gelin barada aýdanymyzda bolsa, missis Mak-Napa körpejesini oýnatmak iş bolýardy. Hemme ýere sokjarylyp ýören äri ýanyndan aýrylmaýan missis Jolif aşhanany ýöredýärdi, missis Reý bolsa oňa kömekleşýärdi.

Her gün birnäçe sagat umumy dynç alyşa bagyşlanýardy. Ýekşenbe güni bolsa tutuşlygyna dynç almaga berilýärdi. Dynç alyş, esasan, kimdir biriniň daşyndan kitap okamagyndan ybaratdy. Fortuň kitaphanasynda Töwrat, onsoňam syýahatçylyk barada birnäçe kitap bardy. Ýöne hiç kim kitaphananyň gorunyň azlygyndan nägile däldi, bu adamlar az bolsun, uz bolsun diýip, kanagat etmäge endik bolan zor adamlardy. Kitaplary köplenç missis Polina Barnet okap bererdi. Ony diňlemek duran bir lezzetdi. Syýahatçylyk barada hekaýatlary, keramatly kitabyň bölümlerini ol möwç urýan hyruç bilen şeýlebir täsirli okaýardy welin, eserler üýtgeşik bir özüne çekiji bolýardy. Toslanyp tapylan keşpler, meşhur gahrymanlar onuň ýakymly sesiniň täsiri bilen öňüňde ör-boýuna galýardy, olaryň haýran galaýmaly durmuşy diýseň ynandyryjy häsiýete eýe bolýardy. Bellenilen wagtda bu mylaýym zenan kitaby eline alanda hemmeleriň göwni göterilýärdi. Polina Barnet bu kiçijik dünýäniň bezegidi. Kitap okap, onuň özem öwrenýärdi, beýlekilere-de öwredýärdi, adamlara maslahat berýärdi, olara maslahat salýardy. Ol elmydama hemmelere goldaw bermäge häzirdi, özünde zenan gözelligini, mähirini, gerçekleriň ruhy güýjüni, batyrgaýlygyny jemleýärdi. Onuň şeýle artykmaç adamlygy bu hyrsyz esgerleriň öňünde ony hasam beýgeldýärdi, olar onuň üçin birjik-de ikirjiňlenmezden özlerini oda urmaga taýýardylar. Missis Polina Barnetiň özüni asla ulumsy tutman edil beýlekiler ýaly ýaşaýandygyny hem bellemek gerek, ol hiç mahal öz bolýan otagyny içinden petikläp oturanokdy, işlände hem hiç kimden pes işlänokdy, özüniň bilesigelijiligi, soranjaňlygy bilen adamlary derrew özüne çekýärdi. Görşümiz ýaly, Umyt fortunda hiç kimiň elem-dilem boş duranokdy, işsiz oturan ýokdy. Adamlar hemsöhbet bolup işleýärdiler, özlerini birkemsiz duýýardylar. Keýpiçaglyk jan saglygyňa-da oňaýly täsir edýärdi, uzak wagtlyk biygtyýar bendilikde bolunmagy sebäpli kalba aralaşýan tukatlygy ýeňýärdi.

Şeýle-de bolsa, tupan gowşamaýardy. Indi üç gündir gyşlagçylar daş çykyp bilenokdylar, syrgyn bolsa edil öňküsi ýaly syrap durdy, eger-eger gazabyny gowşadanokdy. Jasper Gobsonyň sabyr käsesi pürepür bolupdy. Petiş otaglara şemal çaldyrmalydy, çünki otaglaryň içi kömürturşy gazyndan dolupdy, howa şeýlebir hapalanypdy welin, dem almak hem kynlaşyp ugrapdy, hatda çyralaryňam howasy ýetmänsoň indi öňkülerinden ölügsi ýanýardy. Başda howa sorujylary işletmekçi boldular, ýöne olaryň turbalary doňupdyr. Jaýyň üstünde munuň ýaly galyňlykda gar ýatyrka howa sorujylardan peýda ýokdy. Başga bir alaç gözlemelidi. Leýtenant seržant Long bilen maslahatlaşyp, jaýyň arka tarapynda ýerleşen, däliziň aýagujundaky penjireleriň birini açmak kararyna geldi. Ol tarapdan şemal gowşagrak öwüsýärdi.

Penjiräni açaýmagam aňsat düşmedi. Äpişgäniň çarçuwasy aňsat açyldy, ýöne onuň doň gara demrigen gabsasy hiç açdyrmady. Ony petlesinden aýyrmaly boldy. Soňra pildir külüň bilen gary arçap başladylar. Penjiräniň daşy on fut töweregi gara gömlen ekeni. Gary köwüp, ötelge pisint köwek deşdiler, şobada arassa howa dazlap öýüň içine girdi.

Jasper Gobson bilen esgerleriň birnäçesi, onsoňam missis Barnet töwekgellik edip daşaryk hem çykdylar. Juda özüňe göwnüň ýetmese daşarygam çykar ýaly däldi, çünki göni garşyňdan urýan ýel edil ýykyp barýardy.

Baterst burny bilen töweregiň düzlügi juda tukat ýagdaýdady. Gün günortan bolupdy, ýöne diňe ilerde ýagtynyň, insizje ümüş-tamyş zolagy görünýärdi. Her niçigem bolsa, pikir edilişi ýaly aldajy sowuk ýok ekeni, howa Farengeýt boýunça bary-ýogy on bäş gradus noldan ýokardady (Selsiýa boýunça 9˚ aýaz), emma syrgyn gara güýji bilen zabunlygyna tutýardy. Eger-de billerine ýetip duran gar bolmadyk bolsa, leýtenantam, ýoldaşlaram, syýahatçy zenanam ýeliň ugruna ýykylyp giderdiler. Syrgynyň şuwwuldysyndan ýaňa ses-üýn alşar ýaly däldi, peşmekläp ýagýan gar gözüňi açdyranokdy, hiç zady saýgarar ýaly däldi. Gar olary ýarym sagada ýetirmän gömjekdi. Daş-töwerek ap-akdy, gar haýady depesine çenli gömüpdir, jaýyň diwarlarydyr üsti kem-kemden beýgelip gidýän alaňa öwrülipdir, ýeliň ugruna sogdurylyp gidýän iki sany mawy tüssejik bolmasa, ol ýerde adamlaryň ýaşaýan jaýynyň bardygyny aňlajak gümanyň ýokdy.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda daşarda «gezelenç etmegiň» uzaga çekmejegi öz-özünden düşnüklidir. Ýöne her niçigem bolsa syýahatçy zenan tebigatyň bu gamgyn görnüşlerine göz aýlamaga ýetişdi. Syrgynyň şatysyna ebgarlan gözýetim, polýar harasadynyň çensiz-çaksyz eýmenç görnüşleri onuň gözüne kaklyşdy. Ol hiç haçan ýatdan çykmajak duýgular bilen öýe dolandy.

Öýüň howasy bir pursatda arassalandy, jana şypa beriji sergin howa zyýanly suw buglaryny dep etdi. Leýtenant Gobson bilen onuň ýoldaşlary hem tizden-tiz jaýa dolanyp geldiler. Penjiräni ýapdylar, emma ötelgäni her gün arassalap durmak ýola goýuldy, çünki daşaryk çykylmanda hem, bolmanda jaýy ýelejiretmek üçin ötelge zerurdy.

Şeýle ýagdaýda bir hepde geçdi. Gowy ýeri sugunlaryň hem-de itleriň ot-iými näçe diýseň bardy, olara ideg etmegiň zerurlygy ýokdy. Gyşlagçylar sekiz günläp, hakyky bendilikde ýaşadylar. Erkinlige öwrenişen adamlar — esgerler hem awçylar üçin bu juda uzak möhletdi. Dogrusyny aýtsaň, indi kitap okamak hem olary öňküsi ýaly gyzyklandyrmaýardy, oýna güýmenmegem ýürege düşüpdi. Adamlar her gün ýerlerine geçip uka gidenlerinde, irden tupanyň gowşaşmagyny dileýärdiler, ýöne her gezek olaryň umydy puç bolýardy. Gar henizem syrap, penjireleriň öňüni basýardy, ýel şuwwuldap tüweleý turuzýardy, buz daglary alagüpürdi bolup ýumrulýardy, köwsarlaýan ýel sebäpli turbalar çekmän, tüsse öýüň içine dolýardy, ajy tüsse bogazyna dolan adamlar bolsa üznüksiz üsgürinjireýärdiler. Tupan birjikde gowşamaýardy, asyl ol hiç mahal köşeşmejek ýaly bolup görünýärdi.

Ahyrsoňy, 28-nji noýabrda uly zalda asylgy duran aneroid-barometr ( Aneroid-barometri — atmosfera basyşyny ölçeýän enjam bolan barometriň bir görnüşi. Suwuklykda işleýän barometrlerden tapawutlylykda, onda basyş içinden howasy çykarylan maýyşgak metal gapyrjagyň kömegi bilen ölçelýär. Ýagny atmosfera basyşy üýtgände gapyrjak giňelýär ýa-da gysylýar, onuň bilen baglanyşykly dili bolsa san görkezijisiniň üstünden süýşüp, basyşy görkezýär. ) ýakyn wagtdan howanyň üýtgejekdigini görkezdi. Onuň dili ep-esli ýokary galdy. Şol bir wagtyň özünde hem daşardaky termometriň simaby Farengeýt boýunça noldan dört gradusa çenli aşaklady (Selsiýa boýunça 20˚). Bu görkezijiler howanyň üýtgejegini mälim edýärdi. Onuň nädogry bolmaga haky ýokdy. Dogrudanam, 29-njy noýabrda daşary dym-dyrslyk boldy. Umyt fortunyň ýaşaýjylary tupanyň sabaşandygyny aňdylar.

Hemmeler açyk howa çykmaga howlukdylar, çünki bendilik juda uzaga çekipdi. Gapy açdyrmady, şonuň üçin hem penjireden çykyp, syran garlary arçamaly boldy. Ýöne bu ozalkylar ýaly syryp-süpürişdiräýmeli ýumşak gar däldi, ol doňup saň gaty bolupdy, şonuň üçin hem olary külüňläp döwmeli boldy.

Bu ýarym sagady aldy. Soňra bolsa gyşlagçylaryň, entek ýorgan-düşekli ýatan missis Mak-Napdan beýlekileriniň hemmesi howla çykdylar.

Howa şatlama aýazdy, ýöne şemal ýatyşansoň sowuk beýlebir güýçli duýulmaýardy. Her niçigem bolsa ýylyjak jaýyň hem daşarynyň howasynyň tapawudy elli dört gradus (Selsiýa boýunça 30˚) dagy bardy, şonuň üçin hem ýylydan sowuga çykyp, birden dümewlemezlik üçin her kim galyňja geýindi.

Ir sagat sekizdi. Asmanda, süýr depede duran demirgazyk ýyldyzdan başlap, gözýetimiň Zemin bilen tapyşýan ýerine deňiç ýyldyzlar patrak ýaly bolşup durdy. Olar millionlarça dagy bardyr diýdirýärdi, emma hakykat ýüzünde görer göze asman gümmezinde görünýän ýyldyzlaryň sany bäş müňden geçmeýär. Tomas Blek göwnühoş halda joşup, zol-zol gygyrýardy. Ol sähelçe ýerinde-de jinnek ýaly bulutdyr duman görünmeýän, bu ýyldyzly asmana çaga ýaly begenip, çapak çalaýjak bolýardy. Heniz astronomlaryň hiç biriniň öňünde munuň ýaly ajaýyp asmanyň gujak açan ýeri ýokdur.

Zemindäki wakalara biperwaý garaýan Tomas Blek öz köňül joşguny bilen gümraka, onuň ýoldaşlary haýadyň ýanyna bardylar. Ol ýeriň gary saň gaty bolup doňupdyr, özi hem şeýlebir ýylmanakdy welin, oňa ýetinçäler adamlar kän ýykyldylar, bolsa-da olar hiç ýerini agyrtmadylar.

Howlyň içiniň gara gömlendigini aýdyp oturasy işem ýokdy. Ýel atly deňsiz-taýsyz tekizleýji ýeri şeýlebir düzläpdir welin, töwerek tep-tekiz bolup durdy, diňe jaýyň üçegi baýyr ýaly bolup çalaja beýgelýärdi. Haýadyň diňe ýere gazyklanan sütünleriniň depesi görünýärdi, bu mahal ondan iň bir kiçijik gemriji hem emgenmän aşyp biljekdi. Ýöne etjek alajyň näme? Bu giden ýeriň on fut galyňlykda doňup ýatan garyny arassalamak hakynda pikir edibem oturmaly däldi. Haýadyň daş tarapyndaky gary gazyp, garym pisint kert joýa çekip bilseň zor boldugyňdy. Şeýdilse ol ullakan bir gorag bolmanda hem, garaz, ýokdan gowy boljakdy. Ýöne beýleki tarapdanam gyş ýaňy başlapdy, şonuň üçinem indiki syrgyn ojagaz joýaňy hem gömjekdi.

Leýtenant Gün gyzyp, gar gatlagyny eredäýmese, faktoriýany hiç hili gorap bilmejek bu berkitmäni synlap durka, missis Jolif allaniçigsi bolup gygyrdy:

— Itlerimiz, sugunlarymyz nähilikä?

Dogrudanam, wagt ýitirmezden olaryň halyndan habar almak gerekdi. It ýatak bilen sugun döle jaýdan pes bolansoň gara doly gömlüpdi, haýwanlara howa ýetmän demigen bolmaklary gaty ahmaldy. Gyşlagçylaryň kimsi it ýataga, kimsi sugun dölä okduryldylar, ýöne tiz wagtdan olaryň arkasyndan agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Jaýyň demirgazyk burçuny burnuň çykyt gaýasy bilen birikdirýän buzly diwar, it ketek bilen sugun dölesini biraz penalapdyr, şonuň üçin hem olaryň ýanyndaky gar üýşmekleriniň galyňlygy dört futdan beýik däldi. Hatda diwarda goýlan yşlar hem gömülmändir, haýwanlar tut ýaly sagat, ýyldyza toýnak salýan ekeni. Gapy açylan dessine itler şadyýan üýrüp dazyrdap howla çykdylar.

Indi sowuk adamlaryň süňňüne ornap başlady, bir sagatlap daşarda bolunansoň, her kim zalda şatyrdap ýanýan pejiň oduny küýsäp ugrady. Howluda başga edere işem ýokdy. On fut galyňlykdaky garyň astynda ýatan gapanlary häzir barlap boljak däldi. Hemmeler öýe dolandylar. Penjireleri ýapyp, her kim öz ornuna geçip oturdy, çünki günorta naharyna wagt bolupdy.

Elbetde, gürrüň galyň gary dessine saň gaty edip doňduran aldajy sowugyň duýdansyz düşmegi babatynda boldy. Bu gynançly ýagdaý belli bir derejede fortuň howpsuzlygyna hem zelel ýetirýärdi.

— Mister Gobson, gyşyna birnäçe günläp, howa maýlap bilmezmi? — diýip, missis Barnet sorady. — Howa maýlasa, buzlar dessine-de erärdi.

— Ýok, hanym — diýip, leýtenant jogap berdi. — Ýylyň bu mahaly howanyň maýlamagy mümkin däl. Gaýtam aýaz hasam güýçlense gerek. Haýp, gar ýumşak mahaly, ony syryp aýyrmaga bizde mümkinçilik bolmady.

— O nähili! Siz howa mundanam beter sowar öýdýärsiňizmi?

— Muňa şek-şübhe ýok, hanym. Howanyň noldan dört gradus peselmegi (Selsiýa boýunça 20˚ aýaz) ( Farengeýtiň termometrinde 32 gradusda buz doňýandygyny ýatdan çykarmaly däl (awtoryň belligi).) munuň ýaly ýokary giňişlik üçin ullakan sowuk boldugy däl!

— Eger biz polýusda bolan bolaýsak nähili borduka? — diýip, missis Polina Barnet sowal bermegini dowam etdi.

— Hanym, polýusyň Ýer togalagynda iň sowuk nokat däl bolmagy hem juda ähtimal, çünki deňizde ýüzüjileriň aglabasy ol ýerde deňiz buzlardan azat diýip tassyklaýarlar. Megerem, dürli geografiýa we gidrografiýa sebäplerine görä, iň pes ortaça ýyllyk temperatura, demirgazyk giňişliginiň ýetmiş sekizinji gradusynda — togsan bäşinji meridianda ýerleşýän nokatda, başgaça aýtsak, Jorjiýanyň demirgazyk kenarýakasynda bolsa gerek. Ol ýerde ortaça ýyllyk temperatura noldan iki gradus aşakda (Selsiýa boýunça 19˚) diýlip hasap edilýär. Şol nokat hem «sowuklygyň polýusy» diýlip atlandyrylýar.

— Ony diýseňiz, biziň fortumyz ol ýowuz ýerden tutuş sekiz gradus uzaklykda ýerleşýär ahyryn! — diýip, syýahatçy zenan onuň bilen ylalaşmady.

— Şol sebäpli hem men Baterst burnunda, demirgazyk Jorjiýadaky ýaly sowuga döz gelmeli bolarys öýtmändim — diýip, Jasper Gobson jogap berdi. — Sowuk howa geografiýa polýusy bilen baglanyşyklydyr diýip hasaplamazlygyňyz üçin men «sowuklyk polýusy» hakda ýörite agzadym. Aslyýetinde, güýçli aňzaklar Ýer togalagynyň beýleki ýerlerinde hem bolýar. Ýöne olar munuň ýaly uzaga çekenok.

— Ol ýeri nire, jenap Gobson? Dogrymy aýtsam, sowuk howa meni häzir kän pikirlendirýär.

— Eger-de ýalňyşmaýan bolsam, Melwill adasynda polýar syýahatçylary noldan altmyş bir gradus pes howany, Feliks portunda bolsa altmyş bäş gradusy hasaba alypdyrlar.

— Bolmanam Melwill we Feliks porty Baterst burnundan has ýokary giňişlikde ýerleşýär ahyry.

— O diýýäniňiz dogry, hanym, ýöne köplenç halatda giňişligiň howa üçin ullakan bir ähmiýeti ýok. Howanyň güýçli sowamagy üçin käbir atmosfera hadysalarynyň utgaşmagy ýeterlik. Seržant Long, ýadyňyza düşýärmi, bir müň sekiz ýüz kyrk bäşinji ýyldady öýdýän… Siz şo mahal Relaýans fortundadyňyz, şeýle dälmi?

— Elbetde, leýtenant — diýip, Long jogap berdi.

— Hawa, ana şol ýylda, ýanwar aýyndamyka diýýän, biz temperaturanyň juda güýçli peselmegini hasaba alypdyk.

— Hawa, şol gün termometriň ýetmiş gradusa çenli peselendigi (Selsiýa boýunça 56,7˚ aýaz) şu günki ýaly ýadymda.

— Näme? — diýip, Polina Barnet allaniçigsi boldy. — Bendiçilik kölüniň kenaryndaky Relaýans fortunda howa ýetmiş gradus sowuk boldumy?

— Hut şeýle, hanym — diýip, leýtenant tekrarlady. — Ol ýer bolsa bary-ýogy demirgazyk giňişliginiň altmyş bäşinji gradusynda, ýagny Hristianiýa ýa-da Sankt-Peterburg bilen bir parallelde ýerleşýär.

— Onda mister Gobson biz herki zada taýýar bolmaly-da!

— Dogry aýdýarsyňyz, hanym, Arktikada gyşlasaň mundan beterine-de taýýar bolmak gerek!

29-njy noýabrda-da, 30-njy noýabrda-da howa ýumşamady. Peji gümmürdedip ýakmaly bolýardy, ýogsa öýüň burçlaryndaky çyglar gyrawlajakdy. Odun näçe diýseň bardy, ony gysganyp oturasy iş ýokdy. Daşarynyň şatlama aýazdygyna garamazdan, otaglaryň içinde Farengeýt boýunça ortaça elli iki gradus (Selsiýa boýunça 11˚ noldan ýokary) temperatura saklanýardy.

Howanyň eýmenç sowuklygyna garamazdan, Tomas Blek şunuň ýaly açyk asmanda ýyldyzlary synlamak ýaly hezillikden özüni saklap bilmedi. Onuň ýüregi al-asmanda duran bir parlak ýyldyzyň gapdalyndan, bolmanda ýene ikisini açmaga telwas edýärdi! Ýöne etjek alajyň ýok, ýyldyzlara tomaşa etmegi goýbolsun etmeli boldy. Enjamlary onuň elini «ýakýardy». Şatlama aýazda metaldan ybarat bolan zatlar ellenilende, başdan geçirilýän duýgulary aňlatmak üçin «ýakmak» sözi tüýs laýyk gelýän ýeke-täk sözdi. Dogrusyny aýtsaň, bu ýagdaý adamyň endamyna edýän täsiri boýunça hem «ýanmak» bilen birmeňzeşdir. Eliň gyzgyn zada degende güýçli gyzgynlyk duýulmagynyň, çakdanaşa sowuk zady elläniňde duýulýan duýgudan birjikde tapawudy ýok. Biziň hormatly alymymyz hem barmaklarynyň hamy turba dürbä ýelmeşip sypyrylanda muny doly duýdy. Ol öz gözegçiligini goýbolsun etmäge mejbur boldy.

Ýöne astronomyň şeýle awunmasynyň öwezine, asman oňa ýazyp beýan edip bolmajak iki sany ajaýyp gözelligi bagyş etdi. Ilki asmanda Aý agyllamasy boldy, soňra bolsa demirgazyk şapagy göründi.

«Aý agyllamasy» diýlip Aýyň daş-töwereginiň gyralary öçügsi gyzyl reňkli ak halka bilen gurşalmagyna aýdylýar. Bu ýalpyldap duran halka Aý şöhleleriniň howadaky buzlaryň prizma görnüşli owunjak kristaljyklaryndan serpikmeleri netijesinde emele gelýär. Aý agyly diametri boýunça sekstan bilen ölçelende kyrk bäş gradus töweregi burçy emele getirýär. Gije ýagtyltgyjy, göýä, älemgoşaryň dury, süýtreňk zolaklaryndan emele gelen ýaly bolup, bu halkanyň ortarasynda lowurdap ýalkym saçýar.

On bäş minut soňra bolsa gözýetimiň demirgazyk tarapynda, asmanda demirgazyk şapagynyň ajaýyp kowusy ýüz geografik gradusdanam köp aralyga ýaýyldy. Onuň depesi magnit meridianyna gabat gelýärdi, onuň ýalkymy bolsa älemgoşaryň ähli öwüşginlerini özünde jemleýärdi, olaryň arasyndan gyzyl reňk hasam aýyl-saýyl bolup görünýärdi. Onuň düşýän käýerlerinde ýyldyzlaram ganguýma reňkli ýaly bolup görünýärdi. Şapagyň merkezini emele getirýän, gözýetimde toplanan dumanlykdan şöhleleriň ýiti kuýaşlary ýalkym saçýardy, ol kuýaşlaryň käbiri asmanyň dik ýokarsyna uzap gidýärdi hem-de bu elektrik tolkunlaryna çümüp oturan Aýyň ýalkymyny öçügsilendirýärdi. Şöhleleriň kuýaşlary howa akymlaryna yraň atýan ýaly sandyraýardylar. Ýer togalagynyň polýusynyň üstünde özüniň ähli ajaýyplygy bilen ýalkym saçýan bu täjiň nepisliginiň waspyny ýetirmäge hiç hili şahyrana sözleriň güýji ýetmez. Şapak ýarym sagatlap, gözüňi gamaşdyrýan şöhlesi bilen ýalkym saçdy, soňra bolsa hiç hili kiçelmän, gysylman, hatda öz ýalkymyny hem peseltmän, kimdir biriniň göze görünmeýän eli onuň kuwwat alýan toguny sogran ýaly birden öçdi.

Tomas Blek üçin şapak tüýs wagtynda ýitdi, ol ýene bäş minutlap duran bolsa, abraýly astronom duran ýerinde doňup galjakdy.

ON DOKUZYNJY BAP

Goňşularyň gelmegi

2-nji dekabrda howa birneme ýumşaşdy. Dünýäniň ähli meteorologlary asmandaky Aýyň agyllamagyny tiz wagtdan howanyň üýtgejeginiň anyk alamaty diýip hasaplaýarlar. Aýyň agyllamagy atmosferada belli bir mukdarda ygalyň bardygyny aňladýar. Hakykatdanam, barometriň görkezijisi birneme peselip, şol bir wagtda hem howanyň temperaturasy on bäş gradusa çenli ýokarlanypdy (Selsiýa boýunça 9˚ aýaz).

Aram guşaklyklaryň ýaşaýjylary üçin munuň ýaly aýazyň juda sowuk howa ýaly bolup görünmegi hem ahmal, emma köpi gören gyşlagçylar üçin bu howa oňuşmaz ýaly däldi. Onuň üstesine-de şemalam öwüsmeýär diýen ýalydy. Leýtenant Gobson gar üýşmekleriniň ýumşaşandygyny aňyp, haýadyň daş tarapynyň garyny arçamaga tabşyryk berdi. Mak-Napdyr ýoldaşlary dessine agzybirlik bilen işe girişdiler hem-de birnäçe günüň dowamynda bu işi birýanýüzli etdiler. Şeýle hem olar garyň astynda gömlen gapanlary gazyp aldylar hem-de täzeden gurdular. Köpsanly yzlar burnuň töwereginde sütükli jandarlaryň köpelendiginden habar berýärdi. Garynlaryny otarara zat tapmasalar, açlyk olary aldawaja alyp gelmelidi.

Halypa awçy Marbryň maslahaty boýunça eskimoslaryňky ýaly edip, sugun tutmak üçin gürpbasdy gazdylar. Ol boýy-ini on fut, çuňlugy on iki fut bolan çukurdy. Çukuryň üsti öz agramyna yraň atyp duran agaç-ugaç bilen basyrylýardy, onuň aňry çetine bede basylyp goýulýardy. Sugun janawar bedä ýetjek bolup çukura gaçýardy, soňam ondan çykyp bilenokdy. Yrga agaç şahalary sugun çukura gaçan dessine ýene-de gönelip, öňki durkuna gelýärdi, şonuň üçin hem gürpbasda yzly-yzyna birnäçe sugunyň ýykylýan gezekleri hem bolýardy. Marbryň ýanynda munuň ýaly duzagy taýýarlamagyň müşgilligi ýokdy, dogry doň ýeri gazmak beýlebir aňsadam däldi. Marbr bäş fut töweregi gazdy welin, duýdansyz ýerden onuň pili ýene topragyň aşagynda saň gaty bolup ýatan buza degdi. Görnüşine görä, buz gatlagy juda galyň ýalydy. Muňa Marbram, Jasper Gobsonam haýran galdylar.

Leýtenant Ýer gatlagynyň şeýle täsin ýerleşişini synlap durşuna içki pikirini daşyna çykardy:

— Megerem, birmahallar kenaryň bu bölegi gaty kän ýyllar güýçli doňan bolsa gerek, soň bolsa çägedir toprak doňup ýatan buzuň üstüni gömendir. Buzuň aşagynda bolsa granit daşy bar bolsa gerek.

— Leýtenant, siziň bu aýdýanlaryňyzyň ugrunda bar bolmagam ahmal — diýip, awçy oňa jogap berdi. — Ýöne munuň gürpbasdymyza-ha hiç hili zeleli ýok, gaýtam onuň diwarlary typançak bolar, sugunlara aýaklaryny ildirere köwek tapylmaz.

Marbr mamlady, onuň bu pikiriniň dogrudygyny soňky wakalaram görkezdi.

5-nji dekabrda ol Sebin bilen gürpbasdyny barlamaga gidende, onuň düýbünden boguk hyňranýan sesini eşitdiler. Olaryň ikisem durup diň saldylar.

— Bu sugunyň sesi-hä däl — diýip, Marbr aýtdy. — Men gürpbasdymyza nähili haýwanyň gaçanyny aňýan!

— Aýy gaçandyr öýdýäňmi? — diýip, Sebin sorady.

— Hawa — diýip, Marbr jogap berdi, onuň gözleri şatlykly uçganaklaýardy.

— Hiç neneň däl! — diýip, Sebinem begendi. — Sugunyň ýerine aýy bolanlygynda ýitirýän zadymyz barmy? Aýy etinden kakmaç hem kemje-kerdem bolmazmyka diýýän, üstesine onuň possunyny hem alarys! Hany, işe girişeli!

Awçylaryň ýaragy ýanyndady. Olar seçme gaplanan tüpeňlerine has iri ok sürüp, gürpbasdynyň ýanyna geldiler. Çukuryň örtügi öňküsi deý durdy, ýöne aldawaç ýokdy, megerem, ol çukura gaçan bolmaly. Marbr bilen Sebin eglip, çukuryň içine garadylar. Arryldy sesi has güýçlendi. Olaryň pikir edişi ýaly, çukuryň içinde aýy otyrdy. Alagaraňkylykda, çukuryň bir gyrasyndaky aýynyň mähnet, çuw ak possuny çalaja saýgardýardy, ýöne gazaply uçganaklaýan gözleri welin, ýanyp durdy. Çukuryň gyrasy dyrnaçak-dyrnaçak bolup durdy. Eger çukuryň diwary buzdan däl-de, toprakdan bolanlygynda aýy onuň daşyna aňsatlyk bilen çykyp biljek ekeni. Ýöne typançak buzda onuň mähnet dyrnakly penjesine ýapyşar ýaly ýer ýokdy. Aýy dyrnaçaklap, oturan çukuryny birneme giňeldipdir, ýöne çykyp bilmändir.

Indi ony awlamagyň hiç hili kynçylygy ýokdy. Iki ok berip, ony çukuryň düýbünde tükgertdiler, ýöne ony çukurdan çykarmak birneme südür görkezdi. Awçylar faktoriýa gelip kömekçi almaly boldular. Olar öz ýanlaryna on sany ýoldaş aldylar, gürpbasda gelip aýyny tanaba daňyp, üýşüp zordan çekip çykardylar. Aýy juda äpet ekeni. Onuň boýy alty futa, agramy bolsa alty ýüz funta ýetýärdi. Kellesi ýasy, boýy uzyn, gysgajyk dyrnaklary känbir egrelmeýän, tumşugy süýnmek, ap-ak tüýli, abyrsyz güýçli bu aýy polýar aýylarynyň tohumyna degişlidi. Bu mähnet jandaryň iýilýän böleklerini missis Jolif bişirip, buýsanç bilen adamlaryň öňüne äberdi. Ol bu gün gyşlagçylaryň saçagynyň bezegine öwrüldi.

Tutuş bir hepdeläp gapanlar boş çykmady. Bezemen gyş donuny geýen samyrlaryň ýigrimä golaýy gapana düşdi. Ýöne gapanlara bary-ýogy iküç sany tilki düşüpdir. Bu ýeser jandarlar etiň ol ýerde ýönelige ýatmandygyny duýupdyrlar hem-de gapanyň töweregini köwüp aldawaja ýetipdirler. Olaryň hatda gapana düşenlerinden soňam eýdip-beýdip sypanlary bardy. Olaryň gapandan sypmaklaryna Sebiniň jany dagy ýandy. Ol «özüne göwni ýetýän tilki, ilki bilen-ä, gapana düşmez, düşäýse-de, mert bolup, takdyryna kaýyl bolar» diýip, öz ýanyndan hüňür-hüňür etdi.

10-njy dekabrda şemal demirgazyk-günbatardan öwüsdi hem-de ýene gar sepeläp başlady, ýöne ol indi öňki ýaly peşmekläp ýaganokdy. Gar maýdady, ýöne howanyň sowugy welin, oýun-oýunjak däldi, gar ýere düşen dessine şatlap doňýardy. Az salymdan ýelem güýçlendi, indi daşarda kän eglenerligi ýokdy. Ýene-de içerde dört diwara gabalyp, hojalyk işlerine güýmenmeli boldy. Jasper Gobson ätiýaçlyk üçin hemmelere gyzzyrma bilen limon şiresini paýlady — jaýyň içiniň yzgary ýetikdi, şonuň üçin hem garamükür keseline garşy serişdeleri ulanmagyň wagty ýetipdi. Dogry, Umyt fortunyň ýaşaýjylarynda heniz bu keseliň alamatlary görünmeýärdi. Arassaçylyk çäreleriniň wagtly-wagtynda geçirilmeginiň ýola goýlandygy üçin adamlar häzir tut ýaly sagatdy.

Polýar gijesiniň men diýen wagtydy. Gije-gündiziň gyşky deňleşýän möhleti golaýlaýardy. Ol wagt Demirgazyk ýarym şarda Gün hasam aşaklaýardy. Ýary gijäniň ümüş-tamyşlygynda, ümmülmez ak düzlügiň günorta çetiniň çalaja agarýandygy bildirýärdi. Alagaraňkylyga bürenen bu ýer kalbyňda düşnüksiz bir gussa döredýärdi.

Adamlar agzybirlikde işläp, oňa-muňa güýmenip, ýene birnäçe güni geçirdiler. Haýadyň öňüniň gary arassalanansoň Jasper Gobson indi ýabany haýwanlaryň hüjüminden känbir çekinip duranokdy. Bu iş tüýs wagtynda edilipdi, çünki häli-şindi eşidilýän eýmenç arryldylar iniňi tikenekledýärdi. Haýsy jandaryň arlaýandygy bolsa düşnüklidi. Indeý ýa-da kanadaly awçylar barada aýdanymyzda bolsa, bu gara gyşyň içinde olaryň bu ýere gelerinden çekinip durmagyň geregi hem ýokdy.

Ýöne her näme diýseňem, ýene birnäçe günden bolan waka, gyşyň şeýle gazabyna tutýan mahaly hem bu beýewanlygyň adamsyz däldigini görkezdi. Gyşyň aldajy sowugynda hem özlerine gardan külbe gurup, moržlary awlamak üçin kenarýakasynda aýlanyşyp ýören adamlar bardy. Ol adamlar «çig balyk iýýänler» ( «Çig balyk iýýänler» — «Eskimos» sözüniň tejimesi (awtoryň belligi).) taýpasyna degişli bolup, olar Demirgazyk Amerika yklymynyň Baffin deňzinden Bering bogazyna çenli ähli ýerlerinde göçüp-gonup ýaşaýardylar, ýöne hiç haçan Bendiçilik kölünden günortalygyna geçmeýärdiler.

14-nji dekabrda ir sagat dokuzda, kenarýakasyna aýlanyp gelen seržant Long, gözleri özüni aldamadyk bolsa, fortdan dört mil uzaklykdaky kiçijik burnuň ýanynda haýsydyr bir çarwa taýpanyň düşländigini habar berdi.

— Ol çarwalar kimkä? — diýip, Jasper Gobson sorady.

— Olar ýa-ha adam bolmaly, ýa-da morž. ikisinden biri bolaýmaly, aralyk zat ýok bu taýda — diýip, seržant jogap berdi.

Käbir alymlaryň onuň ýok diýýän «aralyk zadynyň» bolup biljekdigini ykrar edýändiklerini bilenliginde bu gerçek ýigit juda geň galardy. Dogrudanam, çyna berimsiz oýunlyga salyp, eskimoslary «adamlaryň we düwlenleriň aralygyndaky» taýpa diýip hasaplaýan tebigaty öwrenijiler hem ýok däldi.

Leýtenant, missis Polina Barnet, Mej hem-de ýene birnäçe adam garaşylmadyk myhmanlary gözleri bilen görmäge höwesek boldular. Olar birden el-ýüzlerini sowuk aldyrmazlyk üçin geýnibilenlerini geýindiler. Olaryň aýaklaryna geýen deri ädiklerinde, hatda ýaldyrap ýatan buzda hem aýaklaryň taýmaýardy. Tüpeňdir palta bilen ýaraglanan bu adamlar derwezeden çykdylar-da, buzlary münderlenişip duran kenary syryp, ýola rowana boldular.

Orak ýaly bolup duran Aý dumanyň içinden buzly meýdana ölügsi şöhle saçýardy. Bir sagat töweregi ýörelensoň, leýtenant Longuň ýalňyşan bolmagynyň ahmaldygy hakynda pikir edip başlady. Dogrudanam, onuň kenara çykyp, soňundanam buzuň üstündäki hiç mahal doňmaýan deşiklerine girip, suwa çümen moržlary görüp, adamdyr öýden bolmagam ahmaldy.

Onýança hem seržant birnäçe ýüz ädimlikde, az-kem beýgelip duran depäniň ýokarsyndan burum-burum bolup çykýan çal tüssäni görkezip ynamly gürledi:

— Hanha, moržlaryň tüssesi hem görünýär!

Şol mahal hem gar külbesinden haýsydyr bir adamlar emedekläp, buzuň üstüne çykdylar. Olar eskimoslardy, ýöne olar aýalmy-erkekmi, özleri biläýmese biljek ýokdy, çünki geýimlerinden olary tapawutlandyrmak asla mümkin däldi.

Dogrudanam, hälki ýatlan tebigaty öwrenijilerimiziň pikiri juda gözdençykgynçlyk bolsa-da, bu eginleri derili eskimoslary daşdan gören her bir adamyň olary düwlendir öýtmegi bolup biläýjek zatdy. Olar alty sanydy, dördüsi uly adamdy, iki sanysy bolsa çagady. Olaryň boýlary gysga bolsa-da gerdenlekdiler. Taýpy eňekli, myşşyk burunly, ullakan agyzlary galyň dodakly, uzyn gara saçly bu adamlaryň gaşlary gözleriniň üstünde birleşip durdy. Olaryň egninde morž derisinden tikilen tegelek başgaply possunlary bardy. Başgaplarynyň üstündenem morž derisinden edilen serpme başlyk atynypdyrlar. Olaryň aýaklary ädikli, elleri elliklidi. Bu ýarym ýabany adamlar ýewropalylaryň ýanyna gelip, seslerini çykarman olary synlamaga durdylar.

— Eskimos dilinde gepläp bilýäniňiz barmy? — diýip, Jasper Gobson ýoldaşlaryndan sorady.

Hiç kim eskimos dilini bilmeýärdi, ýöne edil şol wagt kimdir biri iňlisçe:

— Welcome! Welcome! ( Welcome (iňlisçe) — hoş geldiňiz!) — diýip seslendi.

Eskimoslaryň biri, has dogrusy, soň görlüp oturylsa, ýaş eskimos gyz olary mübärekleýärdi. Ol missis Polina Barnetiň golaýyna gelip, oňa hoşniýetlilik bilen elini bulaýlady.

Syýahatçy zenan geňirgendi, ýöne oňa mylaýym jogap berdi, eskimos gyzyň onuň aýdanlaryna aňsatlyk bilen düşünendigi görünýärdi. Soň ýewropalylar bu eskimos maşgalasyny öz ýanlaryna, forta çagyrdylar.

Eskimoslar biri-birine maslahat salýan ýaly seredişdiler, biraz ikirjiňlenip duranlaryndan soň topar tutup, leýtenant Gobsonyň yzyna düşdüler.

Eskimoslar haýadyň ýanyna gelip, öýi gördüler. Olar şu mahala çenli bu ýerde jaý gurlanyndan bihabardylar. Eskimos gyz iňlisçeläp:

— Öý! Öý! Bu öý gardanmy? — diýip sorady.

Onuň şeýle sowal bermeginiň sebäbi düşnüklidi, çünki bina daş-töwereginiň gary bilen goşulyşyp gidýärdi. Oňa jaýyň agaçdan salnandygyny düşündirdiler. Eskimos gyz özüniňkilere nämedir bir zatlar aýtdy, onuň aýdanlaryny baş atyp makulladylar. Soň hemmeler derwezeden howlynyň içine girdiler. Sähel salymdan bolsa myhmanlar uly zala getirildi.

Bu ýerde eskimoslar başgaplaryny aýyrdylar, şondan soň olaryň aýal-erkegini tapawutlandyrmaga mümkinçilik döredi. Olaryň ikisi kyrk-elli ýaşlaryndaky erkek adamlardy. ýiti dişleri, öňe çykyp duran äňleri olary birhili ýyrtyjylara meňzedýärdi. Eskimoslaryň ýene ikisi ýaş zenanlardy. Olaryň dartdyrlyp örülen saçlary polýar aýylarynyň dişleridir dyrnaklary bilen bezelgidi. Eskimoslaryň beýleki ikisi bolsa bäş-alty ýaşlaryndaky çagajykdy. Ol neressejikler gözlerini mölerdip, töweregine seredýärdiler.

— Megerem, eskimoslar hiç mahal doýa garna doýýan däl bolsalar gerek — diýip, Jasper Gobson seslendi. — Bir lukma ýagly omaça äberilse, myhmanlarymyz ýüz öwrüp durmazmyka diýýän.

Leýtenantyň buýurmagy bilen kapral sugun etinden gowrulan kakmaç getirdi. Görgüliler oňa açgözlük bilen topuldylar. Olaryň arasynda diňe iňlisçe gepleýän eskimos gyz biraz ýygralyk etdi. Ol missis Barnete we faktoriýanyň beýleki zenanlaryna içgin-içgin seredip, olary synlaýardy. Missis Mak-Napyň elindäki bäbejigi gören dessine eskimos gyz ylgap, onuň ýanyna bardy, mähir bilen nämedir bir zatlar diýişdirip, oýnatmaga başlady.

Bu ýaş eskimos gyzyň öz ýoldaşlaryndan üýtgeşik bir düşünjeli däl bolmagy hem ahmal. ýöne ol olara görä has medeniýetlidi. Onuň özüňi alyp barmagyň ýönekeý düzgünlerine laýyklykda, elini agzyna tutup üsgürmegi muny hasam aýdyň görkezdi.

Bu hiç kimiň gözünden sypmady. Missis Barnet mümkin boldugyndan ýönekeý iňlis sözlerini ulanyp, onuň bilen gürleşdi. Bu gyzyň bir ýyllap Uperniwikde ýaşandygyny hem-de iňlis zenanyna öýlenen daniýaly häkime hyzmat edendigini anyklady. Soň ol awa ugran maşgalasynyň yzyna düşüp, Grenlandiýadan gaýdypdyr. Iki erkek adam onuň doganlarydy. Ikinji zenan olaryň biriniň aýalydy. Çagalaram şonuňky ekeni. Olar Britan Amerikasynyň gündogar kenarýakasynda ýerleşen Melburn adasyndan öz taýpalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Rus Amerikasyna, Jorjiýanyň Barrou burnuna tarap barýardylar. Baterst burnunda faktoriýanyň bolmagy olary örän geňirgendiripdir. Eskimos erkekleriň ikisi hem bu ýerde ýewropalylaryň bardygyny görenlerinde başlaryny ýaýkadylar. Belki-de, olar kenarýakasynyň bu ýerinde fort gurulmagyny halaman başlaryny ýaýkandyrlar? Belkem-de, olara fort gurmak üçin bu ýeriň saýlanyp alynmagy nädogry ýaly bolup görnendir? Bu sowallara jogap almak üçin leýtenant Gobson näçe jan etse-de, olardan belli-külli jogap alyp bilmedi. Dogry, onuň eskimoslaryň jogabyna düşünmedik bolmagam ähtimal.

Ýaş eskimos gyzyna Kalýumah diýýän ekenler. Ol missis Barneti juda halady. Özüniň jemgyýetçiligi küýseýändigine garamazdan, ol Uperniwikiň häkiminiň öýüni terk edendigine birjikde gynanmaýardy.

Eskimoslar ýarym pinta şerbeti öz aralarynda paýlaşdylar. Olar hatda körpejelere-de şerbetden ýetdik paýyny berdiler. Birneme ýürekse edinensoňlar, öý eýeleri bilen hoşlaşdylar, ýöne gaýtmankalar, ýaş eskimos gyz syýahatçyny özleriniň gar külbelerine myhmançylyga çagyrdy. Missis Polina Barnet howa oňuşarlyk bolsa, ertir olara myhmançylyga barmaga söz berdi.

Ertesi irden ol Meji, leýtenant Gobsony hem-de ýaragly esgerleriň birnäçesini ýanyna alyp, «Eskimoslar burnuna» tarap ýola düşdi. Eskimoslaryň öz gar külbelerini guran burnuna gyşlagçylar şeýle at goýupdylar. Esgerleriň ýanlaryna ýarag almaklary olaryň bu görgülilerden çekinýändikleri üçin bolman, kenarda aýlanyşyp ýören aýylaryň köpdügi sebäplidi.

Kalýumah özüniň dek düýn tanşan jorasynyň öňünden ylgap çykyp garşylady hem-de özünden göwnühoş halda oňa öz külbelerini görkezdi. Külbe depesi çürelip gidýän üýşmek gar görnüşindedi, onuň çür depesinde ojagyň tüsseçykary köwjerilip görünýärdi. Bu gar üýşmeginde eskimoslar özleri üçin wagtlaýyn düşelge gurupdyrlar. Şunuň ýaly gar öýleri örän çalt gurulýar. Olary eskimos dilinde «iglu» diýip atlandyrýarlar. Olar gazaply howa şertlerinde diýseň oňaýly bolýar, onuň içinde ýaşaýan adamlar kyrk gradus aňzaga, hatda ot ýakmasalaram aňsatlyk bilen döz gelýärler. Tomsuna bolsa eskimoslar «tapik» diýlip atlandyrylýan sugun ýa düwlen derilerinden çadyrlar dikinýärler.

Bu külbeleriň içine girmegem gara görgi. Onuň ýeke-täk girelgesi külbäniň binýady bilen des-deň edilip köwülýär. Külbäniň gar diwarlarynyň ep-esli galyňdygy sebäpli, öýüň içine girýänler darajyk ötügiň içinden üç-dört fut emedekläp gitmeli bolýarlar. Emma munuň ýaly ownuk-uşak kynçylyklaryň öňünde Patyşalyk jemgyýetiniň ýörite baýragyna mynasyp bolan köpügören syýahatçy zenan sähelçe-de ýöwsellemedi. Missis Barnet bilen Mej känbir oýlanyp durmazdan, ýaş eskimos gyzynyň yzyndan darajyk ötelgäniň içine batyrgaýlyk bilen sümdüler. Leýtenant Gobson bilen esgerler bolsa külbäniň içine girmäge höwesek bolmadylar.

Missis Barnet tiz wagtdan esasy kynçylygyň ötüge sümülmekde bolman, onuň içinde birsalym durmakdadygyna göz ýetirdi. Ojakda ýanyp duran morž süňkleriniň gyzgynyna jaýyň howasy hasam petişlenipdir, çyranyň nepýagynyň, ýagly geýimleriň, morž etiniň aňkap duran ysyndan ýaňa dem alar ýaly däldi. Mej muňa bir sekundam çydap bilmedi, derrew yzyna çykdy. Missis Barnet bolsa özüniň ýaşajyk eskimos jorasynyň göwnüne degmejek bolup, güýjünde baryny edip, külbede tutuş bäş minutlap oturdy. ýöne ol bäş minut onuň üçin bäş asyra döndi.Iki çagasy bilen ejesi öýdedi. Erkekler bolsa düşelgeden dört-bäş mil daşlyga, morž awlamaga gidipdirler.

Missis Barnet külbeden çykyp, sowuk howadan kükregini dolduryp, nebsewürlik bilen dem aldy. Çigrekli howa onuň reňk-peti galmadyk solgun meňzini öňki kaddyna getirdi.

— Hawa hanym, eskimoslaryň öýi nähili, göwnüňize ýaradymy? — diýip, leýtenant sorady.

— Öýüň şemallanyşy öwerlik däl ekeni — diýip, missis Barnet oňa gysgajyk jogap berdi.

Eskimoslaryň maşgalasy bu düşelgelerinde bir hepde bäri ýaşaýardylar. Iki erkek adam her günüň gylla ýarysyny morž awlap, daşarda geçirýärdi. Buzuň deşiginden dem almak üçin daşyna çykjak moržlara garaşyp oturmak üçin ummasyz sabyr-kanagat, diňe gar külbelerinde ýaşaýan şu adamlara berlipdir. Morž deşikde görnen badyna awçylar onuň üstüne ýüzgüçleriniň daşyny gabsap alýan syrtmagy oklaýardylar hem-de ony kynlyk bilenem bolsa, buzuň üstüne çykarýardylar, şobada hem paltalap öldürýärdiler. Dogrusyny aýtsaň, bu aw edilmegine däl-de, balyk tutulyşyna meňzeýär. Awlary oňansoň eskimoslaryň öýünde toý-meýlis bolýar, olar üçin gyzgyn morž ganyndan gana-gana içmek aňrybaş lezzetdi.

Sowuga garamazdan, Kalýumah her gün Umyt fortuna gelýärdi. Ol otaglara aýlanyp, tikin-çatyn edilişine, missis Jolifiň her dürli naharlary taýýarlaýşyna seretmegi halaýardy. Her bir zada iňlisçe näme diýilýändigini soraýardy, missis Polina Barnet bilen ençe sagatlap gürrüňleşip oturýardy. Dogry, olaryň aýtjak zatlaryny birek-birege düşündirjek bolup kösenişlerine gürrüňdeşlik diýmegem birhiliräk bolýar. Syýahatçy zenan daşyndan kitap okanda, Kalýumah känbir düşünmese-de tutuş gulaga öwrülip, dykgat bilen diňleýärdi.

Kalýumahyň ýakymly sesi bardy. Ol täsin owazly, kalbyňa galagopluk aralaşdyrýan gamgyndan sowuk äheňde, ýewropalyň gulagyna juda üýtgeşik bolup eşidilýän aýdymlara hiňlenýärdi. Missis Polina Barnet barja yhlasyny siňdirip, giperboreý ( Giperboreýler — grek mifologiýasy boýunça dünýäniň demirgazyk çetinde ebedi eşretli durmuşda ýaşaýan halk.) şygryýetiniň bu nusgalyklarynyň birini, täsin grenland «sagasyny ( Saga — gadymy island şahyrana kyssasy.) » terjime etdi. Gamgyn owaz bilen arasy bölünip, labzynyň duýdansyz üýtgäp durmagy bilen haýran galdyrýan bu aýdymda düşündirip bolmajak özboluşly ýakym bardy. Ynha bu aýdymyň syýahatçy zenanyň ýandepderçesinden göçürilip alnan sözleri:

GRENLAND AÝDYMY

Asmanda ümür,
Asmanda duman.
Çalaja süýşüp,
Äwmeýär Günem.

Ýaş kalbym agyr
Ünjüli meniň.
Altynsaç ezizim
Duýanok ony.

Eretmeýär meniň ýürek owazym,
Daşýürek ýarymyň köňlünde buzun.

Eý, meniň melegim!
Sensiň geregim.
Sen diýip telwas
Urýar ýüregim.

Saklamaz meni
Syrgyndyr boran.
Çünki sen üýtgeşik
Owadan dogan!

Gyzgyn posalarma söýgi köränok,
Rehimsiz ýüregiň buzy eränok!

Bir gün ak Güneş
Alnymdan dogar!
Bu tümlük Güneşe
Başyny eger!

Garaşýan şol güne
Kirpigim çalman.
Yhlasyň myradyn
Tapjagyn bilýän.

Ak Güneş asmana saçar nuruny,
Päk söýgüm ereder kalbyň garyny.

20-nji dekabrda eskimoslar fortuň ýaşaýjylary bilen hoşlaşmaga maşgala bolup geldiler. Kalýumah syýahatçy zenan bilen juda ysnyşypdy. Missis Polina Barnet ony ýanynda alyp galmaga höwesekdi, ýöne ýaş gyzyň öz hossarlaryndan aýrylyşasy gelmeýärdi. Her niçik bolsa-da, Kalýumah indiki tomus Umyt fortuna hökman geljekdigini missis Polina Barnete wada berdi.

Hoşlaşyk kalplary gozgalaňa saldy. Kalýumah missis Polina Barnete kiçijik mis ýüzügini sowgat berdi, olam öz gezeginde oňa agaçdan monjugyny berdi. Kalýumah monjugy şobada boýnuna dakyndy. Jasper Gobson bu bendeleriň ýol üçin azyk-suwluklaryny üpjün etmegi tabşyrdy. Azyk-owkatlary taýýarlap sanilere ýüklediler, Kalýumah bilýänje sözlerini ulanyp, minnetdarlyk bildirdi, soň bolsa bu ajaýyp maşgala günbatara ugrady hem-de tiz wagtdan kenarýakasyny büräp duran ümürligiň içinde gözden ýitdi.

ÝIGRIMINJI BAP

Simap doňýar

Ýagynsyz we asuda howa ýene birnäçe günläp, awçylara garaşyk etdi. Her niçigem bolsa, olar fortdan känbir daşlaşmaýardylar. Dogrusy, munuň geregem ýokdy, fortuň töwereginde hem näçe diýseň aw bardy. Leýtenant Gobson yklymyň edil şu nokadynda faktoriýa gurandyklaryna müňde bir razy bolmalydy. Gapanlara sütükli haýwanlaryň her-hilisi düşýärdi. Sebin bilen Marbr polýar towşanlarynyňam birgidenini tutdular. Olar ýigrimi töweregi aç möjegi hem tüpeňläp urdular. Bu haýwanlar fortuň töwereginde süri-süri bolşup, gyryljykdan eýmenç sesleri bilen uwlaşýardylar. Olar adamlaryň üstüne topulmakdanam gaýtjak däldiler. Buzuň üstünde, harsaňlaryň arasynda ullakan aýylaram häli-şindi görünýärdi. Olaryň forta golaýlamazlygyna awçylar hüşgärlik bilen esewan bolýardylar.

25-nji dekabrda göz öňünde tutulan ýörişleriň ählisini goýbolsun etmeli boldy. Demirgazyk tarapdan güýçli ýel turup, ýene aldajy sowuk başlady. Daşarda durdugyň howa edil doňduryp barýardy. Termometr Farengeýt boýunça 18 gradusa çenli peseldi (Selsiýa boýunça 28˚ aýaz). Şemal edil ok ýaly şuwwuldap ses edýärdi. Jaýy içinden petiklemezden ötri, Jasper Gobson hojalykdaky haýwanlaryň aladasyny etdi, sugundyr itlere birnäçe hepdelik ot-iýmdir ýal goýuldy.

25-nji dekabr Roždestwo baýramydy. Bu baýram iňlisleriň uýýan esasy baýramydy, oňa juda uly sarpa goýýarlar. Baýramçylygy uly dabara edip bellediler. Gyşlagçylar özlerini ähli bela-beterden aman saklaýan gudraty güýçlä mynajat etdiler. Baýramçylyga öňünden taýýarlyk gören adamlar üsti her dürli tagamlar bilen bezelen stoluň başyna geçdiler. Ägirt uly iki sany puding ( Puding — ak çörekden, tüwiden, etden, ýagdan hem-de miwelerden durýan iňlisleriň milli tagamy.) ony gelşigine getirýärdi.

Daşyna bulgur bary düzülen baýramçylyk punşy ( Punş — şerbet, suw, gant, limon şiresi we ş.m. garyşdyrylyp taýýarlanýan içgi.) alawlady. Çyralar öçürildi, diňe şerbediň mawy ýalkymyna ýagtylýan zal haýran galaýmaly görnüşe eýe boldy. Ýaldyrap duran şuglalar gyzgyn şerbediň lezzetine maýyl bolup garaşýan esgerleriň mylaýym ýüzlerinde oýnaklaýardy.

Alaw öçüp ugrady, ol mawy dili bilen milli içgi guýlan okaranyň erňegini ýalady-da öçdi.

Ýöne, bu nähili gudrat! Çyra ýakylmadygam bolsa zalyň içi ýap-ýagty bolup durdy. Öň çyranyň yşygy sebäpli bildirmeýän gyzgylt yşyk penjireden içerik ýagty saçýardy.

Meýlis gurup oturan adamlar ör turdular. Kimdir biri:

— Ýangyn! — diýip gygyrdy.

Ýöne faktoriýanyň özi ýanaýmasa, Baterst burnunyň töwereginde başga näme ýansyn?

Leýtenant penjirä okduryldy, dessine bu gyzyl şapagyň sebäbini bildi. Wulkan çogup başlapdy.

Hakykatdanam, günbatar tarapy, Moržly goltugyň arka ýüzi gyzyl-ot bolup durdy. Baterst burnundan otuz kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän, ot sowurýan depeleriň üsti bu ýerden görünmeýärdi, ýöne oduň lowlap duran sütüni al-asmana göterilip, töwerek-daşy gyzgylt ýalkymy bilen gündizlik ýaly edýärdi.

— Görseňizläň, bu demirgazyk şapagyndanam owadan! — diýip, missis Polina Barnet ellerini çarpdy.

Tomas Blek bolsa ör-gökden geldi, heý-de Zemin hadysasy Asmanyňkydan owadan bolup bilermi?! Astronoma däl diýen bolmady. Howanyň çigregine, içiňden geçip barýan şemala seretmän her kim gap-gara asmanda lowlaýan, gözüňi gamaşdyryp barýan alawy synlamak üçin daşaryk eňdi.

Jasper Gobsonyň hem-de onuň ýoldaşlarynyň gulaklaram, agyzlaram galyň ýüň sütüge dolanandy, ýogsa olar wulkanyň uzakdan gelýän güňleç güwwüldisini eşiderdiler, ol hakda biri-birine gürrüňem bererdiler. Ýöne başlaryna possun bürenen gyşlagçylar biri-birine habar gatybam, gulak salybam bilenokdylar, bu bolýan apaty olaryň diňe gözi görýärdi. Olaryň alnynda peýda bolan ajaýyp görnüş göreniňe-de degýärdi. Bu täsin görnüşler olaryň hiç haçan hakydasyndan gitmez. Asmanyň ümmülmez tümlüginiň hem-de Zeminiň çuw ak gara bürenen ymgyr giňişliginiň aralygyndan uzalyp gidýän otly zolakdan emele gelýän kuýaşyň täsirini hiç bir şahyr beýan edip bilmez, hiç bir suratkeş suratyny çekmegi başarmaz. Ägirt uly şapak asmanyň ýarsyny tutup durdy, onuň ýalkymyna ýyldyzlaryň şuglasy öňküsinden has öçügsi bolup görünýärdi. Gar örtügi altynsow şugla saçýardy. Buz harsaňlary, olaryň aňyrsyndaky ägirt uly buz daglar, göýä, sansyz aýnalar ýaly, alawyň lowurdysyny ýaldyradyp yzyna serpikdirýärdiler. Şöhle çogdumlary döwlüp, ugruny üýtgedýärdi, çar ýana uzap, täze öwüşgine eýe bolup, öňküsindenem güýçli lowlaýardy. Şöhleleriň täsin çatlyşmasy duran bir gudratdy. Ägirt uly buz harsaňlary bolsa şöhleleriň bu baýramçylygyny hasam kaşaň bezemek üçin ýörite getirilip goýlan ýalydy.

Ýöne doňduryp barýan aňzak tiz wagtdan adamlary ýyljak öýe girmäge mejbur etdi. Bolsa-da aldajy sowukda görlen tomaşanyň öwezine burnuny sowuk aldyran bolmady.

Soňky günler howa hasam sowady. Adamlar howanyň derejesini ölçemäge simaply termometriň sütünjigindäki sanlar az bolar öýdübem alada etdiler. Ýöne bardy-geldi şeýle bolaýanda gyşlagçylar spirtli howa ölçeýjini işe girizip biljekdiler. Hakykatdanam, dekabr aýynyň ýigrimi sekizinden ýigrimi dokuzyna geçilýän gije simaply termometr otuz iki gradus aşaklady (Selsiýa boýunça 36˚ aýaz).

Peçleriň içine odun köki salynýardy, ýöne onda-da öýüň içiniň howasyny ýigrimi gradusdan (Selsiýa boýunça 7˚ aýaz) ýokary götermek başartmaýardy. Hatda ýaşalýan otaglarda hem adamlar sowukdan ýaňa digdenekleşip uçaýjak bolýardylar, peçden on fut daşlaşdygyň onuň gyzgyny hem duýlanokdy. Bäbejigiň üşemezligine eserdeňlik bilen seredýärdiler, ýylynmak üçin oduň başyna baran ony eline alyp apalaýardy. Gapylary, äpişgeleri açmak düýbünden gadagan edildi, olary açaýdygyň öýüň içindäki suw buglary doňup, dessine gara öwrüljekdi. Daş işikdäki otaglarda adamyň demi bilen çykýan howa hem şobada doňýardy. Çar ýandan güýçli şatyrdy eşidilýärdi. Bu sesler munuň ýaly howany öň görmedik adamlaryň ýüregine howsala salýardy. Ol şatyrdylar jaýyň diwarlaryna örülen agaçlaryň şatyrdysydy. Olar aňzaga döz gelmän şatyrdap ses edýärdiler. Spirtiň, şerbetleriň ätiýaçlyk gorlary haýal etmän üçekden düşürildi. Eýýäm çüýşelerdäki spirt goýalyp, togarlanypdyr-da çüýşäniň düýbüne çöküpdir. Ýel agajynyň pyntyklaryndan taýýarlanan buza bolsa doňup, çelegi ýarypdyr. Agaç-ugaç diýen ýaly gaty zatlar indi doňup daşa öwrülen ýalydy, olara gyzgynlygyňam täsiri ýokdy, asla ýylanokdylar. Odunlaram oňly ýananokdy. Jasper Gobson olaryň gowy ýanmagy üçin morž ýagynyň ep-esli böleginiň haýryndan geçdi. Bolsa-da turbalar gowy çekýärdi, şonuň üçinem otagyň içinde ýakymsyz ys-kok ýokdy. Ýöne daşarynyň arassa howasynda Umyt fortunyň tüssesiniň ýakymsyz ysy gaty uzaklardan bildirýän bolsa gerek.

Nähili geňem bolsa, şeýle aňzakly günlerde adamlaryň teşnelikden kösenendiklerini hem aýtmak gerek. Çünki olar teşneliklerini gandyrmak üçin oduň başyna baryp, içgileriň doňuny çözmeli bolýardylar, sebäbi olaryň hemmesi doňup galypdy. Olaram wagty bilen eränokdy. Ýene bir ýüze çykan üýtgeşik ýagdaý hem adamlary ukynyň basmarlamagydy. Leýtenant Gobson ýoldaşlaryna munuň bilen göreşmegiň her hili usulyny salgy berdi, ýöne olaryň köpüsi muňa hötde gelip bilmän, dik duran ýerlerinde irkiljireşip ýördüler. Missis Barnet hem gaty gaýratly zenan bolup çykdy. Ol öz maslahatlary, mylaýym gürrüňleri hem-de işjeňligi bilen ýoldaşlarynyň göwnüni göterýärdi. Şeýtmek bilen onuň özi hem gözlerini bürüp, ýykyp barýan ukyny özünden daşlaşdyrýardy. Ol bir görseň haýsydyr bir syýahat hakynda gürrüň berýärdi, bir görseňem gadymy iňlis aýdymyny aýdýardy, beýlekiler hem seslerini goşup ony alyp göterýärdiler. Aýdymyň sesine uklap ýatanlar, ymyzgananlar oýanýardylar hem-de beýlekilere goşup aýdym aýdýardylar. Şeýdip bu bendiligiň uzyn günleri kerwen gurap geçýärdi. Jasper Gobson bolsa gyraw basan penjireden yşyklap, daşardaky termometriň görkezijilerini hasaba alýardy hem-de howanyň hasam sowaýandygyny belleýärdi. Ahyrsoňy, 31-nji dekabrda termometriň okarajygyndaky simap doňdy. Bu bolsa temperaturanyň kyrk dört gradus peselendigini (Selsiýa boýunça 42˚ aýaz) aňladýardy.

Ertesi gün, 1860-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda leýtenant Gobson missis Polina Barneti Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa geljekde-de gyşlagyň ähli bela-beterlerine şunuň ýaly mert we ruhubelent döz gelmegi arzuw etdi. Ol astronoma hem edil şunuň ýaly tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny mälim etdi, ýöne bu bir töwra adam 1859 sanyň 1860 sana çalşyrylmagynda diňe bu ýylyň özi üçin diýseň wajyp bolan Gün tutulmasynyň boljak ýylydygyndan başga hiç zat görmedi. Kiçijik obajygyň beýleki agzybir adamlary hem biri-birini mähirli gutlady. Olar sag-salamat gezip ýörendikleri üçin Biribara müň keren şükür edýärdiler. Hawa, adamlar tut ýaly sagatdylar, olaryň haýsydyr birinde garamükür keseliniň alamatlary bildirip ugradygy dessine limon şiresidir gyzzyrma bilen ony dep edýärdiler.

Ýöne heşelle kakybererden entek irdi. Öňde gyşyň ýene ellenmedik üç aýy durdy. Dogry, tiz wagtdan asmanda Gün görünmelidi, ýöne aňzak ýetjek derejesine ýetdimi ýa ýene güýjemelimi, onçasyny bilýän ýokdy, onsoňam demirgazyk guşaklyklarynda fewral aýynyň hasam sowuk bolýandygyndan köpügören gyşlagçylar habarlydy. Diýseň-diýmeseňem täze ýylyň ilkinji günlerinde aňzak bekemese gowşamady, 6-njy ýanwarda bolsa daşky jaýyň penjiresiniň daş tarapyndan asylyp goýlan spirtli termometr altmyş alty gradus aňzagy (Selsiýa boýunça 54˚ aýaz) görkezdi. Howa ýene birnäçe gradus peseläýse, onda Baterst burnunyň temperaturasy 1845-nji ýylda Relaýans fortunda hasaba alnan iň sowuk howa bilen deňleşjekdi. Kim bilýär, belkem howa ondanam sowar?

Aňzagyň gowşamazlygy Jasper Gobsony hasam iňkise gidirýärdi. Ol sütükli jandarlaryň sowukdan gaçyp, günortalyga tutdurybererinden howatyr edýärdi. Olar maýyl sebitlere gaçyp gidiberseler, ol özüniň alabaharda meýilleşdiren aw-şikaryndan edýän tamasyny tala daňaýmaly boljakdy. Onsoňam onuň gulagyna ýeriň jümmüşinden gelýän güwwüldiler eşidilýärdi. Bu sedanyň wulkan atylmagy bilen baglanyşyklydygyna şek-şübhe ýokdy. Gözýetimiň günbatar tarapy henizem ýerasty alawyň şuglasyna ýalkym saçyp durdy. Zeminiň jümmüşinde nähilidir bir apatyň bolup geçýändigi köre hasady. Faktoriýanyň bu hereket edýän wulkan bilen goňşy oturmagy oňa howp salmazmy? Ýerastyndan gelýän güwwüldileri eşidende, leýtenanty, ine, şu sowal diýseň biynjalyk edýärdi. Ýöne Jasper Gobson öz howsalasyny daşyna çykarmaýardy, suw görmän tamman çykarmagyň geregi ýok diýip hasaplaýardy.

Munuň ýaly şatlama aýazda öýden çykmak hakynda pikir edip oturasy iş ýokdy. Itlerdir sugunlaryň azyk-suwlugy aňryýany bilen goýlupdy, onsoňam ol janawarlar gyşda uzak mahallap aç oňmaga öwrenişensoňlar ideg küýsemeýärdiler. Şonuň üçinem agzyňy-burnuňy sowuk aldyrjak bolup daşary çykmagyň asla zerurlygy ýokdy. Öýüň içiniň çigrekli howasyna mydar edip, digdenekläp oturanyň özem ýetikdi. Öýüň bujagaz howasyny hem morž ýagydyr oduny aldygyna ýakyp zordan saklap bolýardy. Her näçe eserdeň bolunýandygyna garamazdan, şemalladylmaýan otaglar heň tutup ugrapdy. Agaç diwarlardaky gyrawlap duran yzgarly zeň gün geldikçe galňaýardy. Kondensatorlar bolsa erňegine çenli dolýardy, olaryň biri-hä içindäki buzuň zoruna döz gelmän ýaryldam.

Ýagdaýlar şeýle bolansoň leýtenant Gobson oduny tygşytlamak hakynda pikirem edenokdy. Tersine ol otaglary ýylatmak üçin ýakyp bilen odunyny ýakýardy, pejiň we ojagyň ody sähelçe gowşadygy temperatura dessine on bäş gradus (Selsiýa boýunça 9˚ aýaz) peselýärdi. Oda gözegçilik edýän nobatçylara ody sähelçe hem gowşatman, gümmürdedip ýakmak tabşyrylypdy.

Bir gezek seržant Long:

— Bahym odunymyz gutarar — diýip, leýtenanta ýüzlendi.

— O nähili gutarar! — diýip, Jasper Gobson allaniçigsi boldy.

— Men öýüň içindäki odun gutarar diýmekçi bolýan — diýip, seržant düşündirdi. — Tiz wagtdan saraýa gidip, odun getirmeli bolar. Munuň ýaly howada bolsa daşaryk çykmak juda howply.

— Wah, bilmändiris, saraýy jaýa ýanaşyk salmaly ekenik, aralaryny hem bassyrma bilen birikdiren bolsak tüýs ýerine düşjek ekeni — diýip, leýtenant Gobson hyrçyny dişledi. — Ýetmişinji parallelden ýokarda gyşlamalydygymyzy bilip durunam welin, kellä giç gelýär-dä. Nätjek, boljak iş boldy, indi oňa kelle agyrdyp oturmagyň geregi ýok. Jaýda näçeräk odun galdy?

— Ýene iki-üç güne ýetäýse zor boldugy — diýip, seržant äşgär etdi.

— Umydy elden bermäliň, belket oňa çenli howa ýumşap, saraýa baryp-gelmäge maý beräýedi-dä.

— Leýtenant, diýseňem-ä howa ýumşajaga meňzänok — diýip, seržant Long başyny ýaýkady. — Asman arassa, ýelem demirgazyga geçdi. Aýaz ýene iki hepdeläp, tä täze Aý dogýança saklananda hem özüm-ä geň galmazdym.

— Ýeri bolýar, Long gardaş, howa näçe sowanda-da sowuk alyp öläýesimiz ýok-la, şeýle dälmi? Töwekgellik edere maý hem bolar-a, ahyry bir gün…

— Şol günem töwekgellik edäýeris — diýip, seržant Long leýtenantyň sözüniň üstüni ýetirdi.

Jasper Gobson seržantyň pugta elini gysdy, onuň gaýduwsyzlygyny kim bilmese-de, leýtenant bilýärdi.

Adamyň bedeni şatlama sowuga duýdansyz galtaşsa heläk bolar diýip, Jasper Gobson bilen seržant peşeden pil ýasaýan ýaly bolubam görünse görünýändir. Ýöne olaryň ömürboýy polýar sebitinde ýaşap, bu babatda ýeterlik tejribesiniň bardygyny unutmalyň. Tut ýaly sagdyn, daýaw adamlaryň ýyly otagdan aldajy sowuga çykanlarynda, şobada özünden gidip, gara ýykylyşlaryny olar göre-göre gelýärdiler, aýazly howa çykan adamyň dessine demi tutulýardy. Olaryň şonuň ýaly adamlary çalajan halda öýe salan gezekleri kän bolupdy. Daşyndan seretseň ynanar ýaly hem däldir, ýöne gyşlagçylar şeýle ýagdaýlara häli-şindi şaýat bolýarlar. Wilýam Mur bilen Smit özleriniň 1746-njy ýylda Gudzon aýlagynyň kenarlaryna eden syýahatlary barada ýazanlarynda, özleriniň birnäçe ýoldaşlaryny şatlama sowugyň edil ýyldyrym uran ýaly edip heläkländigi hakynda gamgyn wakalary jikme-jik gürrüň berýärler. Daşarynyň aýazyny ölçemäge simaply termometriň hem hötde gelmeýän wagty daşaryk çykmak, özüňi tarpa-taýyn heläkçilige sezewar etmekdi.

Görşümiz ýaly, Umyt fortunyň ýaşaýjylarynyň güni meňki bolsun diýer ýaly däldi, ýöne olaryň görýän bu görgüleri hem az ýaly başga bir garaşylmadyk ýagdaý öňküniň üstüne urna boldy.

ÝIGRIMI BIRINJI BAP

Polýar aýylary

Fortuň dört penjiresinden diňe dälizdäki penjire gabsalanyp ýapylmandy, diňe şol äpişgeden howlynyň içini görmek bolýardy. Ýöne ol ýerde-de daşaryny görmek üçin her gezek penjiräniň galyň buzuny gaýnag suw guýup eretmeli bolýardy. Leýtenantyň tabşyrmagy boýunça onuň buzy her günde birnäçe gezek eredilýärdi. Ol penjireden Baterst burnunyň daş-töweregine gözegçilik etmek bilen birlikde, asmanyň ýagdaýyna hem-de penjiräniň daş tarapynda asylgy duran spirtli termometriň görkezmelerine hem üns bilen seredýärdi.

6-njy ýanwarda gözegçilik etmek Kellet diýen esgere tabşyrylypdy. Ol ir sagat on birlerde howsalaly ýagdaýda seržanty ýanyna çagyrdy hem-de garaňkyň içinde gymyldaýan ägirt uly haýwanlary görkezdi.

Seržant Long penjiräniň ýanyna geldi-de:

— O görünýänler aýylar! — diýip, arkaýyn aýtdy.

Dogrudanam, bäş-alty sany aýy tüssäniň ysyna gelipdirler, eýdip-beýdip haýatdan aşypdyrlar, indi hem öýe girmäge hyýal edýärdiler.

Bu eýmenç jandarlaryň gelendigini eşiden badyna Jasper Gobson dälizdäki penjiräni içinden jebis petiklemegi buýurdy. Bu penjire gyşlagçylara doňaklykda ýeke-täk çykalga bolup hyzmat edýärdi, ony içinden çüýläp mazaly bekläňsoň, aýylaryň öýe girmek howpundan arkaýyn bolsa boljakdy. Agaç ussasy Mak-Nap penjirä galyň agaçlary çüýläp mazaly petikledi, diňe agaçlaryň arasyndan bu gelmişekleriň hereketlerini synlamak üçin kiçijik yş goýdy.

— Indi bu myhmanlar, özümizden idinsiz öýe girip bilmezler — diýip, ussa işinden göwnühoş halda seslendi. — Ýöne bize-de gyssagly harby geňeş geçirmek gerek! Bularyň rejesi geň däl ýaly.

— Jenap Gobson, diýseň diýmeseň biziň gyşlagymyz düzgünelaýyk geçýär, ilki şatlama sowuk, soňundanam aýylar — diýip, missis Barnet dillendi.

— Gynansagam «soňundan» däl-de, tüýs aldajy sowugyň üstüne geldi, bu aýylar — diýip, leýtenant Gobson jogap berdi. — Onda-da nähili sowukda! Ýaman ýeri şu! Indi howla çykjak gümanymyz ýok! Dogrymy aýtsam, bu nejis mahluklardan nädip dynjagymyzam bilemok.

— Meniň pikirimçe, olar bärde biraz aýlanarlar, aýlanmak ýüregine düşensoň öz-özlerem gider — diýip, syýahatçy zenan pikirini mälim etdi.

Jasper Gobson onuň bilen ylalaşman kellesini ýaýkady-da:

— Hanym, siz aýylary bileňzok. Olar gyşyň sowugynda mazaly ajygandyrlar, zor göräýmeseler gitjek gümany barmy? — diýdi.

— Mister Gobson, olardan howatyr edýäňiz öýdýän? — diýip, missis Barnet sorady.

— Howatyr edýänem, edemogam — diýip, leýtenant Gobson ikuçly jogap berdi. — Aýylar öýe girip bilmezler, bu düşnükli, ýöne zerurlyk ýüze çykan halatynda biziň özümiz öýden nähili çykarys, ine, şuny welin bilemok.

Soňra Jasper Gobson penjiräniň öňüne geçdi, missis Barnet bilen beýleki aýallar bolsa «aýy meselesi boýunça» ähli zady bilýän, köpügören seržantyň daşyna üýşüp, onuň gürrüňini diňlemäge oturdylar. Seržant Long bu ýyrtyjylar bilen kän iş salşypdy, çünki olar mundan has günorta sebitlerde hem gabat gelýärdi, ýöne ol ýerlerde adamlaryň özi aýylaryň üstüne hüjüm edýärdi, bu ýerde bolsa fortuň ýaşaýjylary olara daşyny gabadypdy, doňaklyk aýaz bolsa olara daş çykyp çagyrylmadyk myhmanlary kowmaga mümkinçilik bermeýärdi.

Howluda aýlanyp ýören aýylary hüşgärlik bilen synlap, bu güni hem geçirdiler. Kämahal aýylar penjiräň ýanyna gelip, oňa ýasy tumşugyny diräp zor salýardy. Şonda olaryň boguk ses bilen gazaply hyňranmasy içerik eşidilýärdi. Leýtenant Gobson bilen seržant ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de aýylar gitmese, olary tüpeňläp gaçyrmak üçin diwarlardan gözara deşik deşmeli diýen karara geldiler. Ýöne bu emele ýüzlenmekden ötri bir-iki gün garaşmalydy, çünki Jasper Gobson artykmaç yş açsa daşaryň aldajy sowugy hem içerik kürsäp girjekdi, şonuň üçinem ol gyssanmaýardy, onsuzam jaýyň içi juda sowukdy, hatda peje salynýan morž ýagy hem daş ýaly doňýardy, ony palta bilen böleklemeli bolýardy.

Bu gün başga alga alarlyk üýtgeşik waka bolmady. Aýylar jaýyň daşynda aýlanyşyp ýördüler, ýöne hüjüm edibermäge hem ýürek edenokdylar. Adamlar uzak gije olara gözegçilik etdiler, ir sagat dörtlerde olar gidendir öýdüp, ýeňillik bilen dem aldylar. Dogrudanam, indi olar görünmeýärdi.

Ýöne ir sagat ýedide azyk-owkatlary düşürmek üçin üçege çykan Marbr dessine, etek alty ýeň ýedi bolup yzyna düşdi hem-de aýylaryň jaýyň üstünde aýlanyşyp ýörendiklerini habar berdi.

Jasper Gobson, seržant, Mak-Nap hem-de ýene iki-üç esger tüpeňlerini alyp, basgançaga tarap okduryldylar. Basgançagyň ýokarsyndaky deşigiň gapagyny galdyryp, üçege çykylýardy. Üçek juda sowuk ekeni, birnäçe minutdan leýtenant bilen ýoldaşlarynyň tüpeňlerini saklamaga hem elleri ysmady. Olaryň demi agyzlaryndan çykan dessine gyrawa öwrülýärdi.

Marbr ýalňyşmandyr. Aýylar jaýyň üstüne çykypdyrlar. Olaryň ikibaka ylgaşýandyklary, hyňranyşlary eşidilip durdy. Aýylar mähnet penjeleri bilen galyň buzy dyrnaçaklaýardylar, kämahal üçegiň üstündäki agaçlardan dyrnaklaryny geçirýändikleri hem bildirýärdi, olaryň agajy sogurar gorkusy hem ýok däldi.

Sowuk çydar dagy eder ýaly bolmansoň, doňup galmazlyk üçin leýtenant ýoldaşlary bilen ylgaşlap aşak düşdüler. Jasper Gobson emele gelen ýagdaýy adamlara habar berdi:

— Aýylar üçegiň üstüne çykypdyrlar, bu bolsa biziň günümizi hasam kynlaşdyrýar. Dogry, häzir özümize howp salýan zat ýok, aýylar öýüň içine girip bilmezler. Ýöne olar üçegiň içine girseler, ol ýerde saklaýan derilerimizi lak-luk atarlar. Men ana şony alada edýän. Ol deriler şereketiňki, olary abat saklamak, goramak biziň borjumyz. Şonuň üçinem biz olary howpsuz ýere geçirmeli, oňa bolsa siziň kömegiňiz gerek.

Leýtenant adamlary zalda, aşhanada, dälizde hem-de basgançakda uzyn hatar edip goýuşdyrdy. Sowuk howada uzak işläp bolanokdy, şonuň üçinem iki-üç adam gezekli-gezegine üçege çykyp, derileri aşak äberýärdi. Şeýlelikde, bir sagatdan hemme deri başbitin zala getirilip basyldy.

Deriler göçürilýärkä, aýylar üçegiň üstünde juda bijaý gorsaşýardylar, olar eşek gerşiň germew agaçlaryny goparjak bolup jan edýärdiler. Olaryň agramyna agaçlaryň kä ýeri ýaý berýärdi. Bu agaç ussasy Mak-Napy gaty iňkise gidirdi. Ol jaýyň üçegini salanda onuň beýle-beýle şaty görjegini asla pikirem etmändi, ynha indi bolsa üçegiň aşaklygyna ýumrularyndan howatyr edýärdi.

Her niçigem bolsa bu günem parahat sowuldy, aýylar üçege girip bilmediler. Ýöne aýylardanam howply başga bir nägehan — sowuk bolsa kemin-kemin içerä ornaşdy. Pejiň ody gitdigiçe gowşaýardy. Oňa salara odun gutaryp gelýärdi. Ýene birnäçe sagatdan iň soňky töňňe ýanyp gutarar hem-de peç öçer.

Ajallaryň iň aýylganjy, sowuk alyp ölmek howpy barha golaýlaýardy. Betbagt adamlar biri-birine gysmyljyraşyp, öçeňkirlän pejiň içine giräýjek bolýardylar, olar kem-kemden endamlarynyň ýylysynyň gidýändigini on iki süňňi bilen syzýardylar. Ýöne nägile bolup, zeýrenýän ýokdy. Hatda aýallaram sowugyň ejirini mertlerçe çekýärdiler. Missis Mak-Nap bäbejigini özüniň sowap barýan kükregine gysýardy. Esgerleriň käbiri uklapdy, has dogrusy olar sowuga doňup ymyzganypdylar. Olaryň bu bolup ýatyşlary uklamak bolup, uklamagam däldi.

Daňdanlar sagat üç bolanda Jasper Gobson pejiň on ädimliginde diwardan asylgy duran termometre seretdi.

Howa Farengeýt boýunça dört gradus (Selsiýa boýunça 20 gradus aýaz) sowukdy.

Leýtenant kellesini tutdy, gysylyşyp, bir çugdam bolup oturan ýoldaşlaryna seredip pikire çümdi. Onuň agzyndan çykýan bug dessine gyrawa öwrülensoň, ýüz-gözi burjy baglapdy.

Şol mahalam kimdir biri elini onuň egnine goýdy. Ol tisginip yzyna öwrüldi. Onuň öňünde missis Polina Barnet durdy.

— Bir zatlar etmeli, leýtenant Gobson, ýogsa bolanok — diýip, bu gaýratly zenan dillendi. — Elimizi gowşuryp otursag-a öler gideris!

Onuň bu sözleri leýtenantyň synan göwnüne seýik boldy, ol:

— Hawa, bir zatlar etmek gerek — diýip seslendi-de, dessine toparyň iň gaýduwsyz adamlary bolan seržant Longy, Mak-Napy hem-de demirçi ussa Reýi çagyrdy. Olar ýanlaryna missis Barneti hem alyp, penjiräniň öňüne bardylar, ony gaýnag suw bilen eredip, daşky termometri gördüler.

— Ýetmiş iki gradus (Selsiýa boýunça 58 gradus aýaz) — diýip, Jasper Gobson allaniçigsi bolup gygyranyny özi hem duýmady. — Dostlar! Bizde diňe iki çykalga bar: biz ýa-ha töwekgellik edip, başymyzy etegimize salyp, saraýdan odun alyp gelmeli, ýa-da oturgyçlary, ýatalgalary, germewleri, garaz jaýyň içinde ýakyp bolaýjak ähli zatlary ýakmaly, ýöne bu iň soňky çykalga, çünki howanyň üýtgejegini görkezýän zat ýok, kim bilýä bu doňaklygyň haçana deňiç saklanjagyny.

— Töwekgellik etmeli! Töwekgeliň işi haýyr diýýä — diýip, seržant Long seslendi.

Seržantyň ýanyndaky ýoldaşlaram ony goldady.

Hiç kim başga ýeke agyz söz aýtmady, olaryň dördüsem bu kyn işe çyn esgerlere mahsus bolan söweşjeň taýýarlyk görüp başladylar.

Ýoldaşlaryny halas etmek üçin özlerini göni gelen ajalyň gujagyna oklamaga taýýar bu adamlaryň gelen netijesi, ine şeýledi.

Odunly saraý jaýyň elli ädim arkasynda, az kem çepräkdedi. Kimdir biri ylgap saraýa barmaly diýen karara gelindi. Ol uzyn tanapyň bir ujuny biline daňyp, külterlägeden öz daşyna aýlamalydy, ýene bir tanapy bolsa ýany bilen alyp gitmelidi, onuň beýleki ujy ýoldaşlarynda galýardy. Ol saraýa giren dessine ol ýerdäki sanileriň üstüne odun ýükläp başlamalydy, boş ýüpi bolsa saniniň öňüne daňmalydy, ýoldaşlary ol ýüpi çekip, odunly sanini jaýa getirmelidiler, ol özüniň daşyna külterlenen ýüpüniň bir ujuny saniniň yzyna daňmalydy, odun düşürilen dessine ol sanini yzyna çekip, täzeden saraýa getirmelidi. Şunluk bilen saraýdyr jaýyň arasynda yzygiderli gatnaw ýola goýuljakdy, bu bolsa öýe odun getirmäge mümkinçilik berjekdi. Ýüpleriň haýsy hem bolsa birini silkeläp, odunyň ýüklenendigini ýa-da düşürilendigini habar bermelidi.

Bu meýilnama göräýmäge erbedem däldi, ýöne onuň iki sany kynçylygy bardy. Birinjiden-ä, saraýyň gapysy doňan bolsa ony açmak aňsat düşmez, asla açdyrmazlygam ahmaldy, ikinjidenem aýylaryň jaýyň üstünden düşüp topulmaklary mümkindi. Ine, şu iki ýagdaý sebäpli işiň pyrryk bolar gorkusy bardy.

Seržant Long, Mak-Nap, Reý dagynyň üçüsi hem saraýa gitmäge döwtalap boldular. Ýöne seržant öz ýoldaşlarynyň öý-işiklidigini, olaryň ýanýoldaşlaryny hem nägile etmeli däldigini aýdyp, bu işiň özüne ynanylmagyny sorady. Leýtenantyň özi hem saraýa gidermen boldy, ýöne missis Barnet muňa kes-kelläm garşy çykdy. Ol:

— Jenap Gobson, siz toparyň ýolbaşçysy, biziň hemmämize siziň aman-sag bolmagyňyz gerek, başyňyzy orta goýmaga siziň hakyňyz ýok. Mister Gobson, goý, seržant Long gitsin — diýdi.

Özüniň birgiden adamyň garamatyny göterýändigine düşünip duranlygy üçin Jasper Gobson bu sözlere gulak asmaly boldy. Ýöne ol özi gitmäýeninde-de bu işi kimiň ýerine ýetirmelidigini çözmelidi. Onsoň ol hem bu kyn wezipäni ýerine ýetirmäge seržanty ugratmagyň kararyna geldi. Missis Barnet bu gerçek ýigidiň — Longuň elini pugta gysdy.

Fortuň uklap ýatan ýa-da alasarmyk bolup ýören beýleki ýaşaýjylarynyň bu etsem-petsemden asla habarlary hem ýokdy.

Iki sany uzyn ýüpi alyp geldiler. Olaryň birini seržant özüniň bahasy müň funt sterlinge ýetýän, gat-gat geýen içmekleriniň daşyndan aýlap biline orady. Ýüpleriň beýlekisini bilguşagyna daňdy, guşagyna çakmagyny hem-de okdan doldurylgy sapançasyny gysdyrdy. Ugramazdan öň, ol gyzyşmak üçin ýarym bulgur ýyly şerbeti gulkuldadyp goýberdi.

Jasper Gobson, Long, Reý hem-de Mak-Nap zaldan çykdylar, ojagynyň ody öçen aşhanadan geçip, dälize geldiler. Reý üçege çykylýan basgançaga galyp, çykalganyň gapagyny galdyrdy hem-de diňşirgendi, aýylar henizem jaýyň üstünde güpürdeşip ýördüler.

Aýgytly pursat gelip ýetdi.

Däliziň birinji gapysyny açdylar. Içi tüýli galyň possun geýendiklerine garamazdan, Jasper Gobson hem-de onuň ýoldaşlary bu ýerde sowugyň içiňden geçip barýandygyny duýdular. Soňra olar howla çykýan daşky gapyny açdylar. Gapyny açan batlaryna olar biygtyýar arkan serpikdiler, şatlama sowuk olaryň demligini tutdy. Däliziň içindäki çyg dessine kristallaşdy-da gyrawa öwrüldi, şobada poldur diwar ýukajyk ak örtüge bürendi.

Daşaryň howasy haýran galaýmaly gurakdy. Ýyldyzlar petreşip, ýere gaçaýjak bolýardylar.

Seržant Long pursady elden bermän, ýüpi hem ýany bilen alyp, garaňkylyga urduryp gitdi. Ýüpüň beýleki ujuny onuň ýoldaşlary ellerinde pugta saklaýardylar. Daşky gapyny açdylar, içki gapy bolsa ýapylgylygyna durdy. Jasper Gobson, Mak-Nap hem-de Reý dälize girip garaşmaga başladylar. Longyň dessine yzyna dolanmandygy işleriň ugrunadygyny aňladýardy, megerem, ol saraýa baryp, odunlary sanä ýükleýändir. Esasy zat onuň saraýyň gapysyny açmagyň hötdesinden gelmegidi.

Jasper Gobson bilen Mak-Nap dälizde garaşyp durka, Reý üçege seredip, aýylaryň näme işleýändigini biljek bolýardy. Gije garaňkydy, şonuň üçin hem seržantyň bildirmän saraýa geçendigine bil baglasa boljakdy.

Onuň gidenine on minut töweregi wagt geçensoň Jasper Gobson, Mak-Nap, Reý dagy iki gapynyň arasyndaky darajyk däliziň içinde duruşlaryna haçan sanini çekmäge yşarat bolarka diýip häzirlendiler.

Ýene bäş minut geçdi. Olaryň saklap duran tanapy hiç hili gymyldamaýardy. Olaryň howsala bilen nähili alada galýandyklaryny özüňiz göz öňüne getirip göräýiň! Seržantyň gidenine çärýek sagatdanam köp wagt geçdi, munça wagtda ol oduny sanä ýüklemäge arkaýyn ýetişmelidi, ýöne Longdan hiç hili yşarat gelenokdy.

Jasper Gobson ýene az salym garaşdy, soňra ýoldaşlary bilen ýüpi yzyna çekip başlady. Eger odun ýüklenmedik bolsa Long dessine sanini saklamalydy.

Ýüp dartyldy hem-de süýşüp ugrady, onuň ujuna daňlan haýsydyr bir zat garyň üsti bilen süýrenip gaýtdy hem-de sähelçe wagtdan daşky gapynyň ýanyna geldi…

Ol zat ýüpüň ujy biline daňlan seržantyň göwresidi. Long neresse saraýa barmaga-da ýetişmändir, sowuga demi tutulyp, ýolda ýykylypdyr. Şeýle şatlama doňaklykda ýigrimi minutlap garyň üstünde ýatan göwrede dem-düýt bara meňzänokdy.

Mak-Nap bilen Reý ah urup biygtyýar gygyranlaryny bilmän galdylar. Longy dälize saldylar, leýtenant bolsa daşky gapyny ýapmak üçin yzyna dolandy. Ol gapyny ýapjak bolanda onuň daşyndan zor salnyp, itelenýändigini duýdy.

(Dowamy bar).

Rusçadan terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle