Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (6 bolek)

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (6 bolek)

Žül WERN,
fransuz ýazyjysy

— Tapawudy näme, seržant? Polýusda boldy, ekwatorda boldy, onuň näme parhy bar? Men saňa bir zady aýdaýyn, gaýtam, polýuslaryň ýanynda demkeşler Ýer togalagynyň beýleki ýerlerindäkiden has köp bolmaly.

— O näme üçin, mister Gobson? — diýip, seržant geňirgenip sorady.

— Sebäbi bu gapaklar Ýeriň jümmüşindäki gazlaryň zoruna çydaman açylýan bolsa, onda olar ýer gabygynyň iň ýuka ýerinde açylmaly. Ýer togalagy bolsa ýapbaşyk şekilde, ýapbaşýan ýeri hem edil polýuslaryň üstünde bolansoň, elbetde… — Şu ýerde leýtenant sözüniň arasyny bölüp, aşak ümledi. — Serediň, Kellet bize yşarat edýän ýaly-la! Hanym, sizem biziň bilen gitmekçimi?

— Men gowusy bärde garaşaýaýyn — diýip, syýahatçy zenan jogap berdi. — Moržlaryň gyrgyna berilmegine meniň ýüregim dözmez!

— Ýagşy, hanym — diýip, Jasper Gobson oňa jogap berdi. — Biz ýene bir sagatdan bu işi birýanýüzli ederis, sizem bir sagada golaý wagtdan aşak düşüberiň, düşen dessiňize yzymyza ugrarys.

Missis Polina Barnet öz öňünde açylan ajaýyp görnüşleri synlamak üçin dagyň ýokarsynda galdy.

Jasper Gobson bilen seržant Long bolsa on bäş minut geçip-geçmänkä kenara geldiler.

Ol ýere morž bary üýşüpdi. Olary sanasaň ýüzden az boljak däldi. Käbirleri ýüzgüçaýaklary bilen çägäniň üstünde süýşenekleýärdiler, ýöne aglabasy maşgala bolup, ymyzganyp ýatyrdylar. Göwresi seýrek sarymtyl tüý bilen örtülen, uzynlygy üç metr töweregi birküç sany mähnet erkek morž garawulçylyk çekip, sürüni goraýardy.

Awçylar pişik basyşyny edip, gaýalara, tümmeklere bukulyşyp, moržlar deňze çekilse, ýoluny kesmek üçin, bildirmän olaryň daşyndan aýlanmaga çalyşdylar. Bu janawarlar gury ýerde juda tagaşyksyz, känbir hereket edibem, öwrülibem bilenoklar. Olar gaýkyjaklap gysgajyk towsup ýa-da süýşenekläp hereket edýärler. Ýöne olar özleriniň doga öwrenişen tebigatyna — suwa barsalar welin, misli, balyk ýaly ýüzýärler. Özlerini bir suwa atansoňlar, olar bilen çytraşmak gaty howply, olaryň öz yzyndan kowýan gaýyklary agdarýan gezekleri hem az däl.

Onýança hem garawulçylyk çekýän moržlar özlerine howp abanýanyny duýdular. Olar kellelerini galdyryp, töwereklerine garanjakladylar, howpuň haýsy tarapdan gelýändigini biljek boldular. Ýöne olar howsala bilen gygyryp başlamankalar, Jasper Gobson bilen Kellet bir tarapdan, Long, Petersen we Houp beýleki tarapdan olaryň üstüne okduryldylar, atyp, bäş sany moržy ýaraladylar, şobada hem naýzalap, olary öldürdiler. Galanlary bolsa ürküşip, deňze tarap eňdiler.

Moržlary tutmak üçin känbir emgenilmedi. Moržlaryň bäşisi hem abyrsyz uly bolup çykdy. Olaryň çuw ak gyýaklarynyň az-owlak digir-digiri bolsa-da, olar iň ýokary hilli gyýaklardy. Leýtenanty olaryň ullakan hem semiz läşlerinden bolelin ýag alyp boljakdygy hasam begendirdi. Moržlary sanä ýüklediler, olaryň agyr läşlerini çekmek üçin itler birneme derlemeli boldular.

Gün günortadan agypdy. Edil şol wagt missis Barnet hem öz ýoldaşlarynyň ýanyna geldi, onsoň olar kenaryň ýakasyny syryp, Umyt fortuna gaýtdylar.

Saniler mas ýüklenensoň, adamlar ýoly pyýada geçmeli boldular. Olar gönüläp, on mil töweregi ýol ýörediler. Iňlislerde «Göni gidýän ýoldan uzak ýol ýokdur» diýen nakyl bar. Beýle diýilmeginiň sebäbi, birsydyrgyn uzalyp gidýän ýoluň gaty ýadadýandygy bilen baglanyşykly. Awçylaram uzak hem birmeňzeş ýol ýüreklerine düşmez ýaly, özara gümür-ýamyr edişip barýardylar. Missis Barnet hem köpügören bu edermen adamlaryň bilýän zatlaryndan geregini almaga dörän mümkinçilikden peýdalanyp, häli-şindi olaryň gürrüňine goşulýardy. Ýöne, näme diýseňem, uzak ýol olary mazaly ýadatdy. Itlere hem agyr läşleri süýremek aňsat düşenokdy, şonuň üçin hem saniler haýal gopýardy. Bu mahal baslygan gar bolanlygynda Možly goltukdan Umyt fortuna çenli bu aralygy olar iki sagada ýetirmän geçerdiler.

Leýtenant Gobson topary birnäçe gezek saklap, itlere az-owlak dem-dynç hem berdi.

Ýol halys ýüregine düşen Long saklanyp bilmän:

— Bu nälet siňmiş moržlar forta golaýrak ýerden ýatalga tapmadyk ýaly, allowarra gidipdirler — diýip zeýrendi.

— Olara fortuň töwereginde ýatalga üçin oňaýly ýer ýok — diýip, leýtenant kellesini ýaýkady.

— O nähili ýer ýok, mister Gobson? — diýip, missis Barnet geňirgenip sorady.

— Bu janawarlara deňizden aňsat çykmak üçin ýapgyt kenar gerek.

— Burnuň ýanyndaky kenar näme ýapgyt dälmi?..

— Burnuň ýanyndaky kenar edil berkitme galasynyň diwary ýaly juda kert, göýä, paltalap çapylan ýaly bolup dur. Bu hem burnuň ýene bir düşündirip bolmaýan aýratynlygy. Biziň balykçylarymyz deňze çeňňek oklamakçy bolsalar, olara bolmanda üç ýüz gulaç uzynlykda kitmurt ( Kitmurt — çeňňek ýüplügi.) gerek bolar! O taýynyň topragynyň şunuň ýaly bolmagyny nähili düşündirip bolar?! Bilemok! Ýöne mundan ençeme asyr ozal güýçli ýer titremesi bolup, kenaryň ägirt uly bölegini Buzly umman ýuwdandyr diýen pikire gol ýapaýmasam, başga näme diýip, näme aýtjagymy bilemok!

ON ALTYNJY BAP

Birlikde atylan iki ok

Sentýabryň birinji ýarymy arka atyldy. Eger-de Umyt forty polýusda, ýagny häzirki ýerinden ýene ýigrimi gradus ýokarda bolanlygynda, aýyň ýigrimi birinde ony polýar gijeliginiň ümüş-tamyşlygy gurşap alardy. Emma ýetmişinji parallelde Gün ýene bir aýdanam gowrak wagtlap gözýetimiň ýokarsyndan aýlanmalydy. Ýöne howa welin, üzül-kesil sowapdy. Gijelerine termometr Farengeýt boýunça otuz bir gradusa çenli (Selsiýa boýunça 1˚ noldan pes) aşaklady. Käbir ýerlerde buz gyrpaklap başlady, olar gündizine Gün şuglasynyň şu ýyldaky iň soňky çoglarynyň astynda ereýärdi. Birnäçe gezek boran turup, doly ýagdy. Aldajy ýaly bolup gyş golaýlap gelýärdi.

Ýöne ol faktoriýanyň ýaşaýjylaryny howsala salmaýardy. Iýmit ammarlarynda münderlenip goýlan azyk-owkat tomsa çenli arkaýyn ýetmelidi. Kakadylan et ätiýaçlygy hem artykmajy bilen bardy. Ýene ýigrimi töweregi morž awlanypdy. Mak-Nap eldekileşdirilen sugunlar üçin ýyly döle gurmaga ýetişdi, öýüň arka ýüzünde bolsa ýangyçlyk odun üçin giň saraý taýýar edilipdi. Indi gara gyş ýanynyň sowugy, gary, buzy, gözedürtme tümlügi bilen gelibersin gelýän bolsa. Ony garşy almaga gyşlagçylaryň taýýarlygy ýetik!

Fortuň ýaşaýjylarynyň gerek-ýaraklaryny tükellänsoň, Jasper Gobson şereketiň işlerine hem nazar aýlady. Haýwanlaryň gymmatbaha gyş possunlaryny geýýän wagty gelipdi. Häzir tüpeň bilen aw etmegiň tüýs wagtydy, ýene az salymdan, ýeriň üsti tekizjek gara bürelensoň gapanlary gurmaga-da başlabermelidi. Şonuň üçin hem Jasper Gobson birnäçe gezek aw-şikara çykdy.

Faktoriýalary, adatça, sütük bilen üpjün edýän indeýlere bil baglap boljak däldi, çünki olar munuň ýaly ýokary guşaklyklara awa çykmaýardylar. Şereketiň bähbitleri üçin Leýtenant Gobson, Marbr, Sebin dagynyň hem-de olaryň ýoldaşlarynyň özleri awa çykmasalar, olara aw edip berjek adam ýokdy. Olaram, elbetde, öz borçlaryna biperwaý garamadylar.

Fortdan alty mil günortada, kiçijik çeşmejigiň goşandynda suwitileriň sürüsi görlüpdi. Ilkinji gezek awa diýlip çykylanda, Jasper Gobson öz ýoldaşlaryny alyp, hut şol ýere hem ugrady.

Hemişeler sütükli telpekler ýoň edilip geýilýärkä, suwiti sütüginiň bir kilosynyň bahasy dört ýüz franka dagy barýardy. Ondan bäri ol telpeklere isleg juda peseldi, ýöne onda-da sütük söwdasynda suwiti derisiniň bahasy juda ýokary bolmagynda galýardy, çünki gemrijileriň rehimsiz gyrylýan bu görnüşi ýitip ýok bolup barýardy.

Awçylar suwitileriň sürüsiniň mesgen tutan çeşmesine geldiler. Bu ýerde leýtenant missis Polina Barnete biçak oňaýly suwasty hinlerini agzybirlik bilen üýşüp gurýan bu jandarlaryň uçursyz ýeser desgalaryny görkezdi. Bärde suwitileriň ýüze golaýy bardy, olar çeşmäniň gapdalyndaky hinlerinde jübüt-jübütden ýaşaýardylar. Suwitiler eýýämden gyşky öýlerini gurmaga başlapdylar, süriniň hemmesi yhlas bilen zähmet çekýärdi.

Çeşme çalt akýardy, özi hem örän çuňdy. Çuň bolany üçin ol iň gazaply gyşlarda hem düýbüne çenli doňmaýardy. Suwitileri çeşmäni akyma garşy az-kem öňe çykyp duran gaçy bilen bentläpdirler. Bu bent arasy keseligine goýlan çygar çybyklar hem-de şahasyz agaçlar bilen baglanyşdyrylan dik oturan gazyklardan ybaratdy. Olaryň hemmesi biri-birine ýelmeşdirilip, mäkäm baglanyşdyrylypdyr, glinozem ( Glinozem — suwda eremeýän alýuminiý oksidi.) bilen jebisleşdirilipdir. Ony gemrijiler ilkibada aýaklary bilen mazaly garyşdyrýarlar, soňra bolsa bendiň agaçlarynyň sepleşýän ýerine ýelmeýärler, büdür-südür ýerlerini özleriniň ýaýbaň, tikenek-tikenek gowly guýruklary bilen patdatlap tekizleýärler.

— Hanym, suwitiler derýajykdaky suwuň derejesini bir durkuna saklamak üçin bent gurýarlar — diýip, Jasper Gobson düşündirdi. — Suwitiler hakyky inžener, olara derýajygyň ýokarky akymlaryndaky tegelejik külbelerini gurmak üçin suwuň derejesiniň bir durkunda bolmagy gerek. Hanha, görýäňizmi, olaryň külbejikleriniň depejiklerini? Ol külbejikler juda mäkäm. Olaryň diwarlary agaçdan hem-de laýdan, galyňlygy bolsa iki fut dagy bar, olaryň içine diňe suwuň aşagynda ýerleşýän inçejik girelgeden girip bolýar. Dogry, suwitiler her gezek öýlerine girjek bolsa suwa çümmeli bolýarlar, ýöne oňa derek girelgäniň suwuň aşagynda bolmagy olaryň maşgalasynyň howpsuzlygyny doly üpjün edýär. Eger bularyň öýjagazyny ýumursaň, onda onuň iki gatdan ybaratdygyny görüp bolýar. Olar aşaky gaty ammar hökmünde ulanýarlar, ol ýerde gyş üçin azyk-owkatlaryny — agaç baldaklaryny, gabyklaryny, köklerini saklaýarlar. Suwuň ýetmeýän ýokarky gatynda bolsa öý eýesi öz kiçijik maşgalasy bilen ýaşaýar.

— Bu usully jandarlaryň özi hiç ýerde görnenok-la — diýip, missis Barnet aýtdy. — Olar, näme, öz guran bu täsin desgalaryny taşlap ötägitdilermikä?

— Ýok, hanym, olar diňe gijesine işleýärler, häzir bolsa öýlerinde dynç alyp ýatyrlar, bizem gapyllykda olaryň üstüni basyp, ele salarys.

Dogrudanam, bu gemrijileri tutmak kyn düşmedi. Bary-ýogy bir sagadyň içinde suwitileriň ýüzlerçesini tutdular. Olaryň arasynda şar gara sütükli juda gymmat bahalylary hem bardy. Ýöne olaryň aglabasy ýüpek ýaly ýylmanak, çypar-goňras reňkli, uzyn, ýaldyrawuk tüýlüdi. Tüýleriniň astynda bolsa kümüşsöw reňkli, gür ösen mymyk gyryndy sütükler bardy. Awçylar awlarynyň oňanyna juda begenip, göwnühoş öýlerine dolandylar. Suwitileriň derileri ammara basyldy hem-de uly suwitileriňki bir aýra, ýaşlarynyňky bir aýra bahalary görkezilip, ýörite kitapça bellendi.

Şunuň ýaly aw-şikara çykmak tutuş sentýabr aýy hem-de oktýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam etdi. Awçylaryň hemişe awy oňýardy, olar ýüküni tutup, forta dolanýardylar.

Awçylara setanda-seýranda torsuklaram duşýardy. Olary diňe derisi hem-de tüýleri üçin awlaýardylar. Olaryň derisinden atlary goşulanda ulanylýan boýuntyryk ýasalýardy, tüýlerinden bolsa çotga taýýarlanýardy. Daşyndan seredip, bu jandarlara kiçijik aýylar diýseňem boljakdy. Olar diňe Demirgazyk Amerika yklymynda gabat gelýän labrador torsuklarynyň tohumyna degişlidi.

Şereketiň ammarlaryna gemrijileriň, edil suwitileri ýaly, üşükli ýene bir görnüşi hem köp mukdarda düşdi. Olar guýrugyny hasap etmäniňde uzynlygy bir futa ýetýän müşk alakalarydy. Olaryňam sütügi örän gymmat gidýärdi. Müşk alakalary haýran galaýmaly köpelgiç jandar bolansoň, hinleriniň içinden olary gaty kän tutdular.

Pişikler maşgalasynyň wekili bolan geçigaplaňlary tutmak üçin bolsa ýarag ulanmaly boldy. Bu gara tegmilli, açyk mor reňkli jandarlar örän çalasyn hem çeýe, olardan hatda sugunlar hem gorkýarlar. Geçigaplaňlar gaty gazaply goranýarlar, ýöne, näme diýseňem, olar bary-ýogy ullakan pişiklerdi. Marbr bilen Sebin geçigaplaňlary birinji gezek görmeli däldi, şonuň üçin hem olar bu haýwanlaryň altmyşa golaýyny awladylar.

Örän owadan sütükli rosomahalaryň hem birnäçesi atyldy.

Gornostaýlar kän görünmeýärdi. Olaram alajagözenler ýaly, samyrlaryň bir görnüşidi. Onuň üstesine hem, gornostaýlar heniz ak gar ýaly gyş geýimine girmändiler, olaryň diňe ujy gara guýruklary agarypdy. Arkalary bolsa entek mor reňklidi, garynlarynyň aşagy hem sarymtyl-çal öwsüp durdy. Jasper Gobson entek olara degmezligi tabşyrdy. Sebiniň aýdyşy ýaly, olar «ýetişýänçä», başgaça aýtsak, sowugyň täsirine agarýançalar garaşmalydy. Alajagözenler barada aýdanymyzda bolsa, aňkap duran porsy ysy olary awlamaga höwesiňi gaçyrýardy. Onda-da olaryňam ep-eslisi awlanyldy. Alajagözenleriň köpüsi agaç şahalarynyň üstünden atylyp alyndy, çünki olar agaçlara juda çalasyn dyrmaşýardylar. Ýene birnäçesini bolsa, agaçlaryň köwegindäki hinlerinden çykaryp tutdular.

Ýöne awçylar samyrlary awlamaga hasam höwesli ýapyşdylar. Bu ownuk ýyrtyjylaryň gyşyna çalaja garalýan owadan derileriniň bahasynyň sobol derisinden sähelçe arzandygy hemmelere mälimdir. Ýöne sobol diňe Ýewropanyň we Aziýanyň Kamçatka çenli demirgazyk böleginde bolýar. Ol ýerde olary, esasan, sibirliler awlaýarlar. Buzly ummanyň Amerika kenarlarynda bolsa samyrlaryň beýleki gymmat bahaly görnüşleri — norkalar we «Kanada samyrlary» diýlip atlandyrylýan pekanlar ýaşaýarlar.

Her niçigem bolsa, sentýabr aýynda şereketiň ammarlaryna getirilen samyrdyr norkalar juda ujypsyz boldy. Bu jandarlaryň göwresi uzyn we örän çeýe bolansoň, olara «gurçuk şekilliler» diýip at beripdiler. Bu haýwanlara şeýle at berilmegi tüýs jüpüne düşüpdi, çünki olar juda sypjyk hem çalasyndy. Olar, hakykatdanam, edil gurçuk ýaly süýnüp, iň bir darajyk deşiklere hem sümüp bilýärler. Şonuň üçin hem olaryň awçylardan aňsatlyk bilen gutulýandygy öz-özünden düşnüklidir. Olary gyşyna kowalap ýörmän, gapan gurup tutanyň has ýeňil düşýärdi. Marbr bilen Sebin hem gapandyr duzak gurmaga wagt bolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar hem-de bahara çenli samyrdyr norka derileriniňem şereketiň ammarlarynda köpeljekdigine ynanýardylar.

Gyzgalaňly aw etmek arkaly Umyt fortuny baýlaşdyran derileri bir-bir sanap çykmak üçin Russiýanyň we Angliýanyň bazarlarynda ähli jandarlaryň sütüginden gymmat hasaplanýan mawy pesesleri ( Peses — gymmat bahaly mawumtyl-gyr reňkli derisi bolan, itler maşgalasyna degişli ýyrtyjy süýdemdiriji jandar, ony başgaça «polýar tilkisi» diýip hem atlandyrýarlar.) hem-de kümüşsöw tilkileri hem agzamak gerek.

Birinji orunda mawy peses durýar, ol zoologiýa ylmynda «isatis» ady bilen belli. Bu gara tumşuklyja naşyja jandar pikir edilişi ýaly mawy bolup mawy hem däl, onuň külreňk çägesöw-sarymtyl öwsüp duran possuny bar. Mawy pesesiň juda uzyn, diýseň gür hem-de mymyk ýüňi sütügiň nepisligini şertlendirýän ähli häsiýetlere eýe, ýagny ol ýumşak, pugta, ösgün ýüňli hem-de owadan reňkli. Mawy peses sütükli jandarlaryň ählisiniň seresi. Onuň derisi hem islendik deriden alty esse gymmat. Rus imperatorynyň mawy pesesleriň diňe boýun derilerinden (olaryň derisiniň bu bölegi iň nepis bölegi hasaplanýar) tikilen possuny 1851-nji ýylda London sergisinde üç müň dört ýüz funt sterling bahalandy.

Baterst burnunyň eteklerinde mawy pesesleriň birnäçesi görünýärdi, ýöne awçylara olary tutmak başartmady, bu mekir hem çalasyn jandarlar aňsat-aňsat ele düşmeýär. Ýöne oňa derek sütüginiň hemme ýeri ak uçganakly owadan gara derisi bolan kümüşsöw tilkileriň on-on ikisi awlanyldy. Olaryň derileri edil mawy tilkileriňki ýaly bolmasa-da, olam giden bir baýlykdy, çünki Russiýanyň we Angliýanyň bazarlarynda bu sütükler hem örän gymmat geçýärdi.

Gabarasy adaty tilkilerden sähelçe ulurak bolan bu kümüşsöw tilkileriň biri haýran galaýmaly owadan ekeni. Onuň gulaklary, boýny we guýrugy çalymtyl-gara reňklidi, guýrugynyň ujy hem-de mymyk gaşlary akjady.

Bu tilki juda bir üýtgeşik ýagdaýda tutulansoň, ony jikme-jik beýan etmek gerek. Tilki tutulandaky ýüze çykan ýagdaý hem leýtenant Gobsonyň käbir howatyrlanmalarynyň esassyz däldigini, onuň forty goramak üçin munça işleri biderek ýere etmändigini tassyklady.

24-nji sentýabrda missis Barnet, leýtenant Gobson, seržant Long, Marbr hem-de Sebin ýanlaryna iki sany sani alyp, säher bilen Moržly goltuga geldiler. Düýn-öňňinlikde esgerleriň biri gaýalaryň arasyndaky gury agaçlaryň aşagynda tilkileriň aýak yzlaryny görüpdir. Yzlaryň täzedigi tilkileriň bu ýerde bolanyna kän wagt geçmändigini aýdyň görkezip durdy. Awuň yşkyna düşen awçylar sanilerden towsup, bada-bat bu gymmat bahaly jandary yzarlamaga başladylar. Olaryň yhlasy ýerine hem düşdi. Gelenlerinden iki sagat geçip-geçmänkä, örän owadan kümüşsöw tilkiniň läşi ýere serildi.

Uzagrakdan ýene iküç tilki göze kaklyşyp gitdi. Awçylar tilkileri awlamak üçin ikä bölünmeli diýen karara geldiler. Marbr bilen Sebin bir tilkiniň yzyny yzarlap gitdi, leýtenant Gobson, missis Barnet we seržant Long dagy bolsa gaýalaryň arasyndan assyrynlyk bilen gaçyp gitjek bolýan beýleki bir owadan tilkiniň ýoluny kesmäge häzirlendiler.

Bu tilki birneme iş berdi. Ol örän hüşgärdi, daşlaryň arkasynda bukulyp, awçylardan sypýardy, özüni nyşana almaga hem maý bermeýärdi.

Ýarym sagatlap çytraşsalaram tilki özüni tutdurmady, ýogsa onuň üç tarapy gabalgydy, dördünji tarapynda bolsa deňiz bardy. Tilki hem hä diýmän öz ýagdaýynyň gutulgysyzdygyna düşündi. Ol halas bolmak üçin diňe gaýadan özüni aşaklygyna oklamalydy, şonda awçy ony diňe howadaka atyp urmaly bolýardy.

Ine-de, ol gaýadan ýokarlygyna göterilip bökdi. Jasper Gobson ony bir pursadam gözünden sypdyrmaýardy, tilki salgym ýaly bolup howa galanda, ol şobada ony tüpeňiň didiwanyna mündürip atmaga ýetişdi.

Edil şol pursat ýene bir tüpeň sesi çykdy hem-de ölüm ýarasy düşen tilki dem-düýtsüz ýere gaçdy.

— Urdum, urdum, tilki meňki! — diýip, Jasper Gobson şatlykly gygyrdy.

— Menem urdum! — diýip, gözagyrysy ýaly bir ýerden çykan nätanyş adam leýtenant awuna elini uzadanda aýagyny tilki läşiniň üstüne goýdy.

Jasper Gobson tisginip, yza çekildi. Ol ikinji oky seržant atandyr öýdýärdi, emma duýdansyz ýerden ol haýsydyr bir nätanyş awçy bilen ýüzbe-ýüz boldy duruberdi. Nätanşyň tüpeňiniň nili henizem tüsseläp durdy.

Dawagärler biri-birine tiňkelerini dikdiler.

Şol wagtam missis Barnet bilen seržant, olaryň yzysüre bolsa Marbr bilen Sebin ýetip geldiler. Beýleki tarapdan on iki sany awçy çykyp, nätanşyň töweregini galladylar. Nätanyş awçy syýahatçy zenana hormat bilen baş egdi.

Uzyn boýly, syratly bu nätanyş adam tutuş durky bilen, Jasper Gobsony biçak iňkise batyrýan bäsdeşlerini, «kanadaly syýahatçylary» ýada salýardy. Onuň egninde amerikaly ýazyjy Waşington Irwingiň eserlerinde jikme-jik beýan edilen, gadymdan ýoň bolan penjek bardy, onuň üstünden esgerleriň ýapynjasy ýaly edip körpeçe atynypdyr. Penjegiň aşagyndan ýol-ýol bolup duran nah köýnekçe geýipdir. Aýagynda giň mawut jalbary, gaýyş getrasy, ( Getra — köwşüň üstünden geýilýän aşagy tasmaly ýyly gonç.) zamşadan ( Zamşa — ýüzi tüýjümek, ýumşak gaýyş.) tikilen çokaýy bardy, bili bolsa alabeder guşak bilen guşalandy. Guşagynda gama, şeýle hem temmäki haltajygy, şybygy hem-de ýolagçy üçin gerek-ýarak owunjak zatlar asylgydy, bir söz bilen aýdanymyzda, ol ýarym medeniýetli, ýarym ýabany adam ýaly geýnüwlidi. Onuň beýleki dört ýoldaşy şonuňky ýaly geýimde bolsalaram, edil oň ýaly gelşikli däldiler. Beýleki sekiz adam bolsa olara janpena bolup hyzmat edýän çippeweý indeýleridi.

Jasper Gobson ýalňyşmandyr. Onuň öňünde duran fransuzdy, bolmanda ol kanadaly fransuzlaryň nesillerindendi. Onuň täze gurlan faktoriýanyň işlerine esewan bolmak üçin haýsydyr bir amerikan şereketi tarapyndan iberilen jansyz bolmagy hem ahmaldy. Olar esli salymlap biri-birini gözleri bilen iýäýjek ýaly bolup durdular. Ahyrsoňy leýtenant:

— Jenap, bu tilki meniňki bolmaly — diýip dillendi.

— Eger ony siz öldüren bolsaňyz, ol siziňki bolar — diýip, nätanyş az-kem daşary ýurt şiwesi bildirse-de, iňlis dilinde düşnükli jogap berdi.

— Ýalňyşýarsyňyz, gadyrdan — diýip, Jasper Gobson gyzyp başlady. — Hatda siziň okuňyz degen bolsa-da, tilki meniňki!

Gudzon aýlagy şereketiniň Atlantik ummandan Ýuwaş ummana çenli ähli awlaglara eýelik etmäge bolan hukugyny aňladýan badyhowalyk bilen aýdylan bu sözlere nätanyş seňrigini ýygryp, gülümsiremek bilen jogap berdi.

Az salym dymyşlykdan soňra nätanyş birgeňsi bolup, tüpeňine söýenip durşuna:

— Gadyrdan, siz Gudzon aýlagy şereketi Amerikanyň demirgazygyndaky ähli ýerlere ýeke-täk hökmürowandyr öýdýän-ä dälsiňiz-dä? — diýip sorady.

— Elbetde, men hut şeýle hasap edýärin — diýip, leýtenant Gobson pert jogap berdi. — Siz bolsa jenap, çakym çak bolsa, haýsydyr bir amerikan şereketine degişli öýdýän…

— Sent-Luis deri şereketine — diýip, awçy çalaja baş atyp jogap berdi.

— Bilýäňizmi näme, bu ýerlerde aw etmäge siziň şereketiňize hukuk berýän resminamany görkezmek size kyn bolarmyka diýýän.

— Resminama! Hukuk! — diýip, kanadaly göwnüýetmezçilik bilen hetjikledi. — Ýewropalylaryň bu könekije sözlerine Amerikada gulak gabardýan ýok!

— Siz Amerikanyň däl-de, Angliýanyň ýerinde dursuňyz! — diýip, Jasper Gobson gedemlik bilen jogap berdi.

— Leýtenant, häzir bu barada jedelleşmegiň ýeri dälmikä diýýän — diýip, awçy jogap berdi. Onuňam gaharlanyp ugrandygy sesinden duýulýardy. — Angliýanyň, hususan-da, Gudzon aýlagy şereketiniň ähli awlaglary eýelemekçi bolýandyklary bize öňdenem mälim. Ýöne irde-giçde munuň ýaly ymmata sygmaýan ýagdaý üýtgediler hem-de Magellan bogazyndan başlap, tä Demirgazyk polýusa çenli Amerika amerikalylaryňky bolar.

— Men-ä beýle pikir edemok — diýip, Jasper Gobson sowuk jogap berdi.

— Her niçigem bolsa, men size halkara meselelerine goşulmazlygy maslahat berýärin — diýip, kanadaly sözüni dowam etdi. — Şereket niräň ýerlerine dalaş etse edibersin, ýöne yklymyň demirgazyk sebitlerinde, esasanam, kenarýakalarynda ýer kim öň gelse şoňkudyr. Siz Baterst burnunda faktoriýa gurduňyz, ýagşy, biz siziň ýeriňizde aw etmeris. Ýöne Sent-Luis deri şereketi hem Amerikanyň demirgazyk çetiniň birýerlerinde fort gursa, siziňem biziň hukugymyzy äsgermezlik etmäge hakyňyz ýokdur.

Jasper Gobson ýüzüni çytdy. Şeýle alys jelegaýlarda hem Gudzon aýlagy şereketi üçin howply bäsdeşleriň bir ýerden çykjagyna ol oňat düşünýärdi, şereketiň Amerikanyň ähli demirgazyk sebitlerinde hökmürowan bolmak islegine hiç kimiň pitiwa etmejegini, bu dawany eliňe ýarag alyp çözmeli boljakdygyna gözi ýetip durdy. Ýöne ol häzir hak-hukuk barada dawa tutmagyň ýerliksizdiginem bilýärdi. Şonuň üçin hem awçynyň — gepiň gerdişine görä aýtsak, örän sypaýy adamyň — bu jedeli başga tarapa sowup goýbermegi oňa ýaramanam durmady.

— Bu ýerde tilkiň üstünde ýakalaşyp durmagyň bolsa asla geregi ýok! — diýip, kanadaly sözüni dowam etdi. — Biz ony hakyky awçylara muwapyk, adalatly çözeris. Biziň tüpeňlerimiziň kalibri ( Kalibr — tüpeňiň niliniň içiniň diametri.) birmeňzeş däl, şonuň üçinem tilkä kimiň okunyň degendigini anyklamak kyn düşmez. Goý, bu tilki kim uran bolsa şoňky bolsun!

Onuň bu teklibi örän adyldy. Atylan jandaryň kimiňkidigi baradaky meseläni gutarnykly çözmegiň ýeke-täk usuly şudy.

Tilkiniň läşine dykgat bilen seretdiler. Oklaryň ikisi hem tilkä degen ekeni. Olaryň biri tilkiniň gapdalyndan degipdir, beýleki ok bolsa edil ýüreginden parran giripdir. Tilkiniň ýüreginden degen ok kanadalynyňkydy. Jasper Gobson gynanýandygyny zordan gizläp:

— Jenap, tilki siziňki — diýdi. Leýtenantyň jany ýanmaz ýaly hem däldi, juda gymmatly olja kesekä gidýärdi.

Kanadaly tilkini eline aldy. Adamlar ol ony egnine atyp ötägider öýtdüler, ýöne awçy tilkini alyp, missis Barnetiň ýanyna geldi:

— Zenanlar owadan sütükleri juda eý görýärler. Olar munuň nähili güzaplydygyny, nähili howpludygyny bir bilsediler, onda olar bu ajaýyp sütükleri bisarpa tutup, gadyryny gaçyrmasalar gerek! Etjek alajyň ýok, olar muny juda gowy görýärler, näçe tutulsa-da az ýaly, olaryň hiç göwnüne ýetjek gümanyň ýok. Hanym, size bu duşuşygymyzdan ýadygärlik hökmünde şu sütügi bermäge rugsat ediň!

Missis Barnet özüni ýitirdi, ikirjiňlendi, ýöne kanadaly awçy oňa bu ajaýyp sütügi şeýlebir mylaýymlyk we akýüreklilik bilen teklip etdi welin, sowgatdan ýüz dönderseň onuň juda göwni galjakdy.

Syýahatçy zenan sütügi kabul etdi hem-de nätanşa minnetdarlyk bildirdi.

Ol missis Barnete baş egdi, beýleki iňlislere hem baş atdy-da, öz ýoldaşlaryny alyp, dessine kenarýaka gaýalaryň aňyrsynda gözden ýitdi.

Leýtenant bilen ýoldaşlary bolsa yzlaryna, Umyt fortuna gaýtdylar. Jasper Gobson ýolboýy çuňňur oýa batyp gitdi. Şunlukda, onuň yhlas siňdirip döreden täze faktoriýasy bäsdeş şereketlere äşgär bolupdy, bu kanadaly awçy bilen bolan duşuşyk geljekde oňa uly kynçylyklaryň garaşýandygyndan habar berýärdi.

ON ÝEDINJI BAP

Gyşyň golaýlamagy

21-nji sentýabr ýetip geldi. Gün gije-gündiziň güýzki deňleşme nokadyna bardy, tutuş dünýä ýüzünde gije we gündiz deňleşdi. Garaňkylygyň we ýagtylygyň ornuny takyk çalyşmagy fortuň ýaşaýjylary tarapyndan uly şatlyk bilen garşylandy. Olar garaňkylykda ukularyny gowy alýardylar. Hakykatdanam, tümlükde göz gowy dynç alýar. Birnäçe aýlap üznüksiz Gün şöhlesi göreçleri ýadadansoň, bu hasam aýdyň duýulýardy.

Mälim bolşy ýaly, gije-gündiziň deňleşýän mahaly daşgynlar has güýçli bolýar, çünki Gün bilen Aý bir meridianyň üstünde tapyşýarlar, olaryň iki taraplaýyn täsiri daşgynyň güýjüni hasam artdyrýar. Şeýlelikde, Baterst burnunyň ýanyndaky kenarda daşgynlara gözegçilik etmek üçin iň amatly wagt ýetip gelipdi.

Jasper Gobson mundan birnäçe gün ozal her ýerlerde çelgi dikipdi. Olar özboluşly mareograf ( Mareograf — deňiz ýakasynda ýa-da açyk deňizde suwuň beýiklik çägini belleýän abzal.) bolup hyzmat etmelidi hem-de deňiz derejesiniň daşgyn we gaýtgyn wagtyndaky tapawudyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermelidi. Bu gözegçilik oňa, ähli alymlaryň pikiriniň tersine, Buzly ummanyň bu böleginde, juda täsin ýagdaýyň sebäbi näme bolanda-da, Günüň we Aýyň bilelikdäki täsiriniň deňze hiç hili kär etmeýändigine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Deňizde ýüzüjileriň maglumatlarynda düýbünden başga ýagdaýlaryň görkezilýändigine garamazdan, daşgyn çalaja bildirýärdi.

«Bu ýerde tebigy kanunlara ters gelýän nämedir bir zat-ha bar!» diýip, leýtenant Gobson pikir etdi.

Dogrudanam, ol muňa nähili düşündiriş tapyp biler?! Ýöne häzir onuň başga aladalary hem ýeterlikdi, şonuň üçin hem ol bu syrly meseläni çözmek üçin kelle döwüp oturmady.

29-njy sentýabrda howa düýpgöter üýtgedi. Termometr Farengeýt boýunça 41 gradus (Selsiýa boýunça 5˚ noldan ýokary) pese düşdi. Asmany bulut tutdy, tiz wagtdanam çabga guýdy. Howa bulaşyp başlady.

Missis Jolif tä gar ýagýança ekiş bilen meşgullandy. Turşuja bilen kaşykçynyň sowuga durnukly tohumlarynyň galyň garyň astynda aňzak sowuga döz gelip, baharda bol hasyl bermegine bil baglasa boljakdy. Burnuň ýokary galyp duran ýeriniň arka tarapynda bakja ekinleri üçin ýer agdaryldy hem-de sentýabryň soňky günlerinde birnäçe akr ( 4046, 86 inedördül metr meýdana deň bolan iňlis uzynlyk ölçegi.) ýere ekin ekildi.

Jasper Gobson sowuk düşerine garaşyp durman, häzirden öz ýoldaşlaryna gyş geýimlerini paýlady. Hemmeler ýüň matadan tikilen egin-eşikleri, sugun derisinden kürtekçeleri, sütükli telpekleri hem-de yzgar geçirmeýän ädikleri höwes bilen geýdiler. Otaglar hem gyş lybasyna beslendi. Howanyň duýdansyz sowamagy sebäpli diwarlaryň doňmazlygy üçin olaryň ýüzüne başdan-aýak deri tutdular. Ussa Reý bu mahala çenli howanyň çygyny çekýän kondensatory gurnamaga ýetişipdi. Ony hepde-de iki gezek boşatmalydy. Ot ýakmak babatynda aýdanymyzda bolsa, otagyň temperaturasy hiç mahal Farengeýt boýunça 50 gradusdan (Selsiýa boýunça 10˚ noldan ýokary) pes bolmaz ýaly edip, ojagyň alawyny howanyň ýagdaýyna görä sazladylar. Onsoňam tiz wagtdan gardan galyň ýapynja öýüň üstüni örtüp, içerdäki ýylylygyň saklanmagyna kömek etmelidi. Bularyň hemmesi gyşlagçylarda özleriniň ganym duşmanlary bolan sowukdyr yzgaryň şatysyna üstünlik bilen döz gelip biljekdiklerine umyt döretdi.

2-nji oktýabrda howa hasam sowady, Baterst burnunyň töwereklerine ilkinji gar sepeledi. Ýöne şemal gowşakdy, şonuň üçin hem iňlisler tarapyndan «drifts» ( Drift (iňl.d.) — syrgyn, boragan (terj.bel.)) diýlip atlandyrylýan, demirgazyk sebitlerinde köp bolýan boragany turuzmaga onuň güýji ýetmedi. Burnam, fortam, fortuň daşyna aýlanan haýadam, uzyn gidýän kenarýaka zolagam tiz wagtdan ak dona bürendi. Köldür deňziň doňmadyk suwlary özüniň öçügsi çal reňki bilen çuw ak garyň ýanynda bulançak görünýärdi. Az wagtdan demirgazykda, bulutly asmanyň astynda ilkinji buzdaglar mesaňa bolup göründi. Olar heniz bir bitewi buzly meýdany emele getirmeýärdi, ýöne tebigat eýýämden onuň gönezligini taýýarlapdy, aňzak ýakyn wagtlarda ondan geçip bolmajak buzly germewi emele getirmelidi.

Ýöne ilkinji çigregem deňizdir kölüň üstüni derrew gyrpaklatdy. Ilki bilen köl doňdy. Onda-munda ägirt uly çalymtyl ak tegmiller peýda boldy. Bu bolsa tiz wagtdan buzuň berkejegini aňladýardy. Muňa şemalsyz howa hem ýardam edýärdi. Dogrudanam, bir gezek gije temperatura Farengeýt boýunça 15 gradus aşaklanda (Selsiýa boýunça 9˚ noldan pes), köl ertesi irden şeýlebir ýylmanak buza öwrüldi welin, ol hatda konkide typyjylaryňam iň bir ýokary talaplaryny kanagatlandyrjakdy. Soňra asman üýtgeşik bir öwüşgine eýe boldy. Ony kit awlaýjylar «ýylpyldy» diýip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý şöhleleriň buzly meýdanlardan serpikmegi sebäpli bolup geçýär. Tiz wagtdan deňziň ägirt uly giňişligi doňdy. Aýry-aýry buz bölekleriniň birleşmegi netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan kenara mäkäm sepleşen biçak uly buzluk emele geldi. Ýöne ummanyň bu buzly meýdany kölüň aýna ýaly ýylmanak buzuna birjik-de meňzemeýärdi. Aňzak tarapyndan bökdençlik görse-de, möwç urýan tolkunlar bu meýdanlaryň tep-tekiz üstüni endiredýärdi. Onda-munda «drift-ises» ady bilen mälim bolan, käbir gyralary degşip duran buz harsaňlary ýokarlygyna göterilýärdi. Ägirt uly güýjüň täsiri bilen ýokary göterilen buz harsaňlaryndan ýaňa buzly meýdan pakga-pakga bolup durdy. Kit awlaýjylar bu harsaňlary «läheň buz» diýip atlandyrýarlar.

Birnäçe günüň içinde Baterst burny we onuň töwerekleri tanar ýaly bolmady. Missis Polina Barnet jadylanan ýaly bolup, haýran galaýmaly bu öwrülişigi gözüni aýyrman synlaýardy. Beýle görnüşleri ol hiç haçan görmändi, syýahatçy zenan şeýle täsinlikleri görmek üçin her hili horluklara, jebir-jepalara döz gelmäge taýýardy. Gyşyň, sowuk aňzagyň öz demirgazykdaky ýerlerine bu şanly ýörişinden ajaýyp görnüşleri göz öňüne getirmegem mümkin däldi! Missis Barnet ozalky gözleriniň öwrenişen şekillerini, tanyş ýerlerini indi asla tanabam bilenokdy. Daş-töwerek düýbünden özgeripdi. Syýahatçy zenanyň göz öňünde howuňy basýan agras hem kaşaň täze bir ülke emele geldi. Tebigatyň ownuk-uşak görnüşleri gözden gaýyp boldy, olary gar öz astynda gizledi, ol diňe daşyna gyrawdan ajaýyp nagyş çekip, iri görnüşleri görer gözden gizlemän galdyrdy. Tebigat öz perzentlerine, göýä, jadyly tomaşa görkezýän ýaly, bir lybasyny başga bir lybasa çalyşýardy. Mundan az salym öň buldurap ýatan ägirt uly umman tep-tekiz giňişlige öwrüldi. Dürli reňkler bilen gök öwsüp oturan ýere indi gözüňi gamaşdyryp barýan çuw ak haly ýazylypdy. Al-ýaşyl bolup oturan garyşyk tokaýdan bulam-bujar bolup oturan gyraw basan ýalaňaç agaçlar galypdy. Şuglasyny bolluk bilen saçýan Gün gözden gaýyp bolupdy, onuň ornuna ümür-dumanyň içinde zordan görünýän, asmanda äwmezlik bilen hereket edip, birnäçe sagadyň dowamynda gysgajyk ýaý boýunça aýlanýan öçügsi tegelek halka peýda bolupdy. Galyberse-de, ozal asman bilen ummanyň aýdyň görünýän çägine derek, indi üsti täsin dilkawlanan tirkeş-tirkeş buzdaglar görünýärdi. Tebigat gaýduwsyz syýahatçylar bilen polýusyň arasynda şol buz harsaňlaryndan geçip bolmajak diwar gurupdy.

Bu özgermeler hakynda, gör, nähili gyzykly gürrüňler, gyzgalaňly pikir alyşmalar boldy! Gyşlagçylaryň arasyndan diňe Tomas Blek Arktika tebigatynyň haýran galaýmaly gözelliklerine göwnübir ýaly biperwaý garady. Öz pikirlerine gümra bolup ýören astronomdan başga nämä garaşjak?! Dogrusyny aýtsaň, kiçijik obajygyň adamlarynyň hiç biri hem onuň bilen äbe-de-jüýje bolup öwrenişip bilenokdy! Öz saýlap alan ylmyndan başga zat bilmeýän bu alym diňe asman hadysalaryny synlamak bilen ýaşaýardy. Asman gümmeziniň mawy ýodalarynda seýil edýärdi, diňe başga bir ýyldyza barmak üçin haýsydyr bir ýyldyzy terk edýärdi! Indi bolsa asman garalyp başlady, ýyldyz toparlary gözden ýitdi, hiç zat syzdyrmaýan ümür-duman örtügi asman bilen alymyň arasyny üzdi. Tomas Blek muňa jany ýanyp, bolmajysyny boldy! Ýöne Jasper Gobson öňde astronomiýa gözegçilikleri üçin diýseň ajaýyp sowuk gijeleriň, demirgazyk şapagynyň boljakdygyny, saýýarlaryň töweregindäki parlak halkalaryň, ýalan Aýlaryň we polýar sebitiniň ony haýran galdyrjak beýleki täsinlikleriniň görünjekdigini aýdyp, ony köşeşdirdi.

Her zadam bolsa, howa oňuşmazça däldi. Gowy ýeri, şemal ýokdy, çünki çytawun şemal howanyň sowugyny hasam çigrekledýärdi. Aw henizem dowam etdirilýärdi. Faktoriýanyň deri ammarlaryna täze-täze sütükler getirilýärdi, azyk ammarlarynyň üsti ýetirilýärdi. Faktoriýany ýokumly, täze et bilen üpjün edýän teterewler we käkilikler ýyly ýurtlara göçýärdiler. Eýýäm gyşky possunlaryny geýen polýar towşanlary örän köpelipdi. Aýak yzlaryndan aňsatlyk bilen tanap bolýan bu gemrijileriň ýüzlerçesi tiz wagtdan fortuň azyk ätiýaçlyklarynyň üstüni doldurdy.

Ýokardan süri-süri bolup, Demirgazyk Amerikanyň iň bir owadan guşlary bolan gyzylymtyl guwlar uçup geçýärdiler. Awçylar olaryň birnäçe jübütini atyp aldylar. Gar ýaly çuw ak ýelekli, kellesi we boýunlary mis ýaly gyzyl reňkli bu ajaýyp guşlaryň uzynlygy bäş futa ýetýärdi. Olar özlerine iýmit boljak suw otlarynyň we mör-möjekleriň bol ülkelerine göçýärdiler. Gyzylymtyl guwlar haýran galaýmaly çaltlyk bilen uçýardylar. Howa we suw olaryň hakyky hemrasydy. Guwlaryň beýleki görnüşleri hem görünýärdi. Olaryň arasynda sesi surnaýyň sesini ýada salýan, «Surnaýçy-guw» diýlip atlandyrylýan guwlar hem bardy. Ol guşlaryň ululygy hem gyzylymtyl guwlaryňky ýalyrakdy. Olaryň arkalary we döşleri akdy, aýaklary we çüňkleri garady. Bu guşlaryň sürüleriniň hem ümzügi ileri tarapady. Marbra-da, Sebine-de surnaýçy-guwlaryň hiç birini urmak başartmady. Şonuň üçin hem awçylara olaryň yzyndan gygyryp, «duşuşýançak» diýip hoşlaşmakdan başga alaç galmady. Awçylaryň beý diýip gygyrmagynyň özüne ýetik sebäbi bardy, çünki bu guşlar ýere baharyň demi düşen ilkinji günleri yzyna dolanyp gelýärdiler, şol wagt hem olary awlamak aňsatdy. Faktoriýanyň awçylary, esasanam, indeýler bu guşlaryň gadyryny bilýärdiler, çünki olaryň derisi, ýelekdir peri gymmat geçýärdi. Olaryň köp tutulan ýyllary on müňlerçe guwlar Gadymy Dünýäniň ( Gadymy Dünýä — Ýewropanyň başgaça atlandyrylyşy.) bazarlarynda satylýar. Olaryň biri ýarym gineýadan ( Gineýa — iňlisleriň gadymy altyn puly.) geçýär.

Indi aw-şikaram birnäçe sagatdan uzaga çekmeýärdi, howanyň bulaşmagy sebäpli aw etmegiň arasynyň kesilýän halatlary hem az bolmaýardy. Awçylara möjek sürüleri kän duşýardy. Olary görmek üçin ýol söküp gitmegiň geregi ýokdy. Açlyk möjeklere gorky-ürküni unutdyrypdy, aşhanadan gelýän yslar olary magnit ýaly özüne çekip, edil faktoriýanyň alkymyna getirýärdi. Gijelerine häli-şindi möjekleriň eýmenç uwwuldylary eşidilýärdi. Möjegiň ýeke özi beýlebir gorkunç bolmasa-da, bu ýyrtyjylaryň süri bolup gelmegi juda howpludy, şonuň üçinem awçylar mazaly ýarag şaýyny tutup, faktoriýanyň haýatyndan çykýardylar.

Aýylaram indi has batyrlandylar. Olaryň fortuň ýanyna gelmeýän güni ýokdy, gijelerine bolsa aýylar haýadyň edil düýbüne gelýärdiler. Awçylara olary atyp, birnäçesini ýaralamak başartdy. Olar ganlaryny sarkdyryp, gary gyzardyp gaçyp gitdiler. Ýöne oktýabr ortadan agan bolsa-da, aýylaryň hiç biri özüniň owadan derisini awçylara bagyş etmändi. Dogrusy, Jasper Gobson hem topardakylara bu eýmenç jandarlaryň özi topulmasa, degmezligi sargaýardy. Olardan gaça duranyň kem däldi, onsoňam bu haýwanlar açlyk zerarly irde-giçde forta hüjüm etjekdiler, şonda hem-ä goranyp, hemem olary awlaberseň ýerine düşjekdi.

Birnäçe gün guruganlyk boldy, ýöne howa has sowady. Ýerde galyň gar ýatyrdy, bu bolsa awçylaryň hereket etmegini ep-esli ýeňilleşdirýärdi. Mundan peýdalanyp, olar kenarýakasyna we fortuň ilerisine birnäçe gezek awa çykdylar. Leýtenant Sent-Luis deri şereketiniň bu ýerlerden gidenligine göz ýetirip, ynjalmak isleýärdi. Eger olar giden bolsalar, töwerekde bir ýerlerde olaryň yzy galan bolmalydy, ýöne bu gözleglerden hiç hili netije çykmady. Şonuň üçin hem olar entek gar ýagmanka has maýylrak guşaklyklardaky haýsydyr bir günorta fortlarynyň birinde gyşy geçirmäge gidendirler diýip çaklamakdan başga alaç galmady.

Ýöne howa hem uzak oňşuk etmedi, noýabryň ilkinji hepdesi ilerden ýel turdy. Howa ýumşak bolsa-da, güýçli gar ýagyp, tiz wagtdan ýeri birnäçe fut galyňlykda basyrdy. Her gün derwezä, saraýa, sugun dölelerine we it ýataklaryna barýan ýodajyklary gardan arassalamaly bolýardy. Indi kän awa hem çykylanokdy, çykylaýsa-da aýaklara lyža dakyp çykmalydy.

Howa juda sowuk bolanda gar gatap, adamyň agramyna aşak çökmeýär, aýagyň giderinden çekinmän onuň üstüne basmak bolýar, ýöne gar ýumşak bolsa welin, aýaklaryň dessine aşak çümýär, şonuň ýaly ýagdaýda indeýler elmydama lyža ulanýarlar.

Leýtenant Gobson bilen onuň ýoldaşlary bu «snow-shoes-lere» ( Snow-shoes (iňl.d.) — Galyň gar üçin lyžalar, sözme-söz terjimesi «gar paşmaklary».) bireýýäm endik edipdiler hem-de olary aýaklaryna dakyp, garyň üstünden edil konkide typyjylaryňky ýaly ýeňillik bilen typýardylar. Polina Barnet hem lyžaly ýöremegi dessine öwrendi, tiz wagtdan ol öz ýoldaşlary bilen ýaryşybam biljekdi. Kenarýakasyna hem, doň kölüň üstüne hem lyžaly gezelenç edilýärdi. Hatda ummanyň doňan suwunyň üstünden hem lyžaly ýörelen gezekleri boldy, çünki onuň üstünde emele gelen buzuň galyňlygy birnäçe futa ýetýärdi. Dogry, bu gezelençler gaty ýadadýardy, sebäbi buz tekiz däldi, nirä baksaň buz harsaňlary münderlenişip durdy, zol-zol buz läheňleriniň daşyndan aýlanyp geçmeli bolýardy, aňyrrakda bolsa hatar-hatar bolup duran buzdaglar asla üstünden geçirmeýärdi, olaryň gerişleri bäş ýüz fut ýokary göterilip durdy! Buz harsaňlarynyň münderlenişip durmagy akylyňy haýran edýän täsin görnüşi emele getirýärdi. Ägirt uly buz harsaňlary mawy asmanyň astynda ýokary sömelip duran depeli, gaýaly we jülgeli ap ak dag ulgamlaryny emele getirýärdi, bir söz bilen aýdanyňda, bu buz harsaňlary Şweýsariýanyň gara bürenen ajaýyp daglaryny küýsetmeýärdi!

Entek maýyl ýurtlara göçmedik guşlar — çistikler, glupyşlar, toporkalar — ýiti sesleri bilen dym-dyrslygy janlandyrýardylar. Läheň-läheň buzlaryň arasynda aýlanyşyp ýören mähnet polýar aýylarynyň ap ak göwresi töweregiň reňki bilen goşulyşyp, zordan saýgardýardy. Hakykatdanam, syýahatçy zenana seredere-de, haýran galara-da zat kändi. Onuň kölegesi ýaly bolup yzyndan galmaýan wepaly jorasy Mej hem töweregiň gözelligine ondan az haýran galanokdy. Olar Hindistanyň ýa-da Awstraliýanyň tropiki sebitlerinden, gör, näçe daşlaşypdylar?!

Doňup ýatan ummanyň üsti bilenem birnäçe gezek syýahat guraldy. Onuň üstündäki buz gatlagy toply-tophanaly giden goşuny hem göterip biljekdi, hatda onuň üstünde öý gursaňam, ol sähelçe-de jaýryk atjak däldi. Ýöne bu gezelençleriň juda ýadadýandygy üçin, olary tiz wagtdan bes etmeli boldy. Howa gaty sowady, iň bir ýeňiljek iş edeniňde-de sowuk demligiňi daraldyp heläk edýärdi. Ak garyň ýiti reňki gözüňi agyrdýardy, oňa uzak çydap bolmaýardy, hatda bu ýeriň tebigatyna öwrenişen eskimoslaryňam gar öwüşginine döz gelmän gözleriniň gapylýan wagtlary az bolanokdy. Galyberse-de, ýagtylygyň serpikmeginiň, aradaşlygyň we çuňlugyň täsiri netijesinde emele gelýän täsin ýagdaý sebäpli zatlaryň gabarasy bolmalysyndan ýoýulyp görünmäge başlady. Meselem, iki buz harsaňynyň arasy bäş-alty fut bolsa, adama ol iki futdan uly däl ýaly bolup görünýärdi. Şunuň ýaly göreç aldawy netijesinde adamlar ýykylyp-sürşüp başladylar, olaryň el-aýaklaryny agyrdan mahallary hem az bolmady.

14-nji noýabrda termometr Farengeýt boýunça noldan üç gradus peseldi (Selsiýa boýunça 19˚ aýaz). Çytawun şemal hem sowugyň üstüne urna boldy. Howanyň ýüzünde iňňe bar ýaly, içiňden geçip barýardy. Howla çykdygyň, derrew gar bilen sürtüp, sowuk degen ýeriniň gan aýlanyşygyny herekete getiräýmeseň, ýüzüňi sowuk aljakdy. Garri, Belçer, Houp dagynyň ýüzlerini,

hakykatdanam, sowuk aldy, ýöne dessine gar sürtmek arkaly olar betbagtlykdan halas edildi.

Şunuň ýaly aldajy sowukda daşarda işläp bolmajagy görnüp durdy. Onuň üstesine, gündiz hem juda gysgalypdy. Gün asmanda bary-ýogy birnäçe sagat görünýärdi. Onsoň onuň ornuny üznüksiz ümüş-tamyşlyk alýardy. Gara gyş ýetip gelýärdi. Demirgazygyň iň soňky guşlary hem alagaraňkylyga bürenen kenary terk etdiler. Diňe indeýleriň «gyşlagçy» diýip atlandyrýan menekli laçynlarynyň birnäçe jübüti galdy, çünki bu guşlar polýar gijeleri düşýänçä «doňaklyk patyşalygynda» ýaşamaga endik edipdirler, ýöne olaram tiz wagtdan başga ýerlere uçup, gözden gaýyp bolmalydylar.

Gobson gapandyr duzak meselesini birýanýüzli etmäge howlugýardy. Leýtenant olary Baterst burnunyň töwereginde gyşa çenli guruşdyryp goýmakçy bolýardy.

Bu gapanlar ýasy hem agyr tagtadan edilendi. Ol tagta «4-lük» belginiň görnüşinde birikdirilen üç sany yrga agaja berkidilendi. Ol agaçlara sähelçe degildigi üstündäki tagta aşaklygyna gaçyp, haýwany gapjaýardy. Bu agaçlar gurluşy boýunça guş tutýan awçylaryň duzaklary ýalydy, ýöne bir aýratynlygy olardan has uludy. Kese ýatan agajyň aýagujunda aldawaç et bölegi goýulýardy, onsoň samyrdyr tilki ýaly kiçeňräk haýwanlar aldawaja penjesini uzadan dessine gapana düşýärdiler. Ezber awçylar gyşyna şeýle gapanlary birnäçe mile çenli uzaklyklarda gurup goýýardylar. Şeýle awçylaryň başdangeçirmelere baý bolan durmuşyny Kuper ( Kuper Jeýms Fenimor (1789-1851) — taryhy, başdangeçirmeler romanlary bilen meşhurlyk gazanan amerikan ýazyjysy.) diýseň şahyrana beýan edipdir. Şeýle gapanlaryň otuza golaýy Umyt fortunyň töwereginde gurlup goýuldy. Olara tiz-tizden aýlanyp durmalydy.

12-nji noýabrda gyşlagçylaryň kiçijik obajygynyň ýene bir ýaşaýjysy artdy. Missis Mak-Napyň sagdynja, tokarja ogly boldy. Agaç ussasynyň başy gök diredi. Missis Barnet körpejäniň çokundyran enesi boldy. Çagajyga Maýkl diýip at goýdular. Çokundyrma dessury uly dabara bilen geçirildi. Demirgazyk giňişliginiň ýetmişinji gradusyndan ýokarda dünýä inen bäbejigiň hormatyna bu güni faktoriýada baýramçylyk diýip yglan etdiler.

Ýene birnäçe günden, has dogrusy, 20-nji noýabrda Gün iki aýlap görünmezlik üçin iň soňky sapar gözýetimiň aňyrsynda gizlendi! Polýar gijesi hökümini ýöretmäge başlady!

(Dowamy bar).

Rusçadan terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle