Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (5 bolek)
Žül WERN,
fransuz ýazyjysy
ON DÖRDÜNJI BAP
Käbir gezelençler
Täze jaýa derrew mebel goýuşdyryp, serenjam berdiler. Uly zaldaky bir bitewi edilip ýasalan tagta sekini ýatalga hökmünde arkaýyn ulanyp boljakdy. Agaç ussasy Mak-Nap tagaşyksyz ullakan stol hem ýasady. Mähnet aýakly bu stol juda gödeňsidi, ýöne onuň üstünde näçe nazy-nygmat goýaňda-da, götermejek aladasy ýokdy. Stoluň daşyna gozganman duran agyr oturgyçlar ýerleşdirildi. Mebel diýlende, eýläk-beýläk süýşürip bolýan zat göz öňüňe gelýär, ýöne bu mebeller oň ýaly däldi, birneme derlemeseň, olary ýerinden gozgajak gümanyň ýokdy. Zalyň içinde goýlan az-kem ýeňilräk ýene birnäçe oturgyç bilen iki sany giň yşgap onuň bezeginiň üstüni ýetirdi.
Öýüň içki bölegi hem doly taýyn bolupdy. Mäkäm germewler içki bölegi alty otaga bölýärdi. Olaryň diňe iň çetki ikisi ýagtydy. Binanyň aýagujundaky bu otaglaryň biri jaýyň öň tarapyna, beýlekisi arka tarapyna bakýardy. Olaryň hersinde bir penjire bardy. Otaglaryň hemmesinde hem ýatalga bilen stol goýlandy. Missis Barnet bilen Mej penjiresi köle bakyp duran otagda ýerleşdiler. Jasper Gobson penjiresi howla bakyp duran beýleki ýagty otagy Tomas Bleke teklip etdi. Astronom hem ol otaga ur-tut goşlaryny getirdi. Leýtenant ýoldaşlaryny aýratyn otaglarda ýerleşdirdi, özi bolsa naharhananyň gapdalyndaky çaklaňja otagda oňňut etmegi ýüregine düwdi. Otagyň içi alagaraňkydy, oňa diňe diwardan deşilen kiçijik yşdan ölügsi ýagty düşýärdi. Missis Jolif, missis Mak-Nap we missis Reý öz ýanýoldaşlary bilen beýleki otaglarda ýerleşdiler. Bu maşgalalaryň üçüsem örän agzybirdi, olary öz ýanýoldaşlaryndan aýra ýerleşdirmek gaty gabahat boljakdy. Ýeri gelende aýtsak, göçüp gelenleriň arasynda tiz wagtdan ýene bir gyşlagçy peýda bolmalydy. Bir gezek agaç ussasy Mak-Nap ýüregini bire baglap, missis Barnetden, ýylyň aýagynda dünýä inmeli perzendine göbegene bolmagy haýyş etdi. Elbetde, missis Barnet hem muňa keýpihon razylyk berdi.
Sanileriň ählisiniň ýüki düşürildi hem-de öý goşlarynyň hemmesi jaýyň içinde ýerleşdirildi. Dälizden merduwan arkaly çykylýan üçekde enjamlary, şeýle hem azyk-owkatlary we ok-därileri ýygşyryp goýdular. Olara häzirlikçe zerurlyk ýokdy. Gyşyna geýilmeli ýyly geýimleri, ädikleri, possunlary, deridir sütükleri yzgardan uzagrakda, yşgabyň içine ýygnadylar.
Leýtenant gyş üçin ýangyjyň aladasyny hem etdi. Tokaýly depelerden odun baryny çapdylar. Şeýdäýmeseň gyşyna sowuk bir şatylap uransoň daş çykmak hyllalla boljakdy. Leýtenant düwlenleriň henizem kenara çykýandyklaryndan peýdalanyp, olary awlamagy hem-de mümkingadar köp ýag gowurmagy ýüregine düwdi, polýar sebitleriniň aldajy sowugyny sag-aman geçirmek üçin mazaly şaýyňy tutmalydy. Onuň tabşyrygy boýunça otagyň içindäki suw buglaryny özüne ýygnap, suwa öwürýän üýtgeşik enjam taýýarlanypdy. Olaryň taýýarlanylyşyna leýtenantyň hut özi pugta gözegçilik edipdi. Gyşyna ýygnanjak buzlary ol enjamlardan aýyrmagyň hiç hili kynçylygy ýokdy, sähelçe silkeleseň olaryň öz-özi dökülýärdi.
Öýi ýyly saklamak meselesi, elbetde, iň möhüm meseledi. Ol leýtenant Gobsony uly alada goýýardy.
— Hanym, men demirgazygyň perzendi, şonuň üçinem bu barada az-owlak bilýän, onuň üstesine hem gyşlag hakynda hekaýatlary gaty kän okadym! — diýip, ol syýahatçy zenana hemişe ündeýärdi. — Ynanaýyň maňa, polýar ýurtlarynda gyşlamaly bolanda hemme zadyň gamyny iýmeli, näçe seresap bolsaňam artykmaçlyk edenok. Ýekeje zady hem nazaryňdan düşürmeli däl, gözden salynan iň ownujak zadam düzedip bolmajak heläkçiliklere getirip biler.
— Men size ynanýan, mister Gobson — diýip, missis Barnet onuň bilen ylalaşýardy. — Gyşyň aňzagyna biri hötde gelýän bolsa, siziň hötde gelip biljegiňizi aýnada gören ýaly görüp durun. Ýöne azyk meselesini hem gözden salmaweriň.
— Hawa, olam edil ýangyç ýaly möhüm, şonuň üçin hem azyk ätiýaçlyklarymyzy tygşytly tutmagyň hem gamyny iýmeli. Häzir bir mazaly ýerleşeliň, onsoň ýene birküç günden azyk üçin ýaramly jandarlary awlamaga çykarys. Sütükli jandarlary awlamaga bolsa az-kem soňrak başlasagam bolar, başymyz dik bolsa şereketiň sütük ammarlary boş durmaz. Samyr, gornostaý, tilki tutmagyň entek wagty gelenok. Olar heniz özleriniň gyşky possunlaryny geýenoklar. Häzir olary tutsak, olaryň derilerini hakyky bahasyndan ýigrimi bäş göterim arzan bermeli bolarys. Şonuň üçinem şu mahal, birinji nobatda, Umyt fortunyň azyk-owkat üpjünçiliginiň aladasyny etmeli. Awçylar sugun, los, wapiti ýaly jandarlary näçe awlasa awlabersinler. Ýöne olar bu jelegaýlarda gezýän bolsa diý. Ýigrimi adam bilen altmyş sany iti ekläýmek oýun-oýunjak iş däldir!
Görşümiz ýaly, leýtenant ederini bilýän adamdy, ol herki işe oýlanyşykly çemeleşýärdi, ýoldaşlary bolsa onuň bir diýenini iki gaýtaladanokdylar, şonuň üçin hem ol özüne ynanylan kyn wezipäniň üstünlikli amala aşyryljakdygyna birjik-de şübhelenmeýärdi.
Howa hem bu mahallar gaty gowudy. Bu ýerleriň tebigaty baradaky maglumatlardan çen tutsaň, gar düşmegine ýene bäş hepde gowrak wagt bardy. Esasy binanyň işleri tamamlanandan soň, agaç ussalary Jasper Gobsonyň ýolbaşçylygynda itler üçin giň ýatak gurmaga girişdiler. «Dog-house» ( «Dog-house» (iňlis d.) — it ýatagy (terj. bel.).) burnuň eteginde salyndy. Ol jaýyň sag diwaryndan kyrk ädim töweregi daşlykda ýerleşip, beýleki tarapy eňňide direýärdi. Esgerler üçin jaýy çep gapdaldan, it ýatagynyň garşysyndan salmak göz öňünde tutulýardy. Ammar bilen ok-däri ýerkümesini hem howlynyň içinde, ýöne esasy binanyň gabat garşysyndan salmakçy bolýardylar.
Jasper Gobson ätiýajy elden bermejek bolup, gyş düşýänçä howlyny hem gurup gutarmak isleýärdi. Dogry, ol çakdanaşa seresaplylyk edip, dowla düşýän ýaly bolubam görünýärdi. Ýere çuň urlan, ýokarky ujy ýiteldilen agaçlardan edilen haýat faktoriýany diňe bir ýyrtyjy haýwanlardan däl, eýsem-de, adamlardanam goramalydy. Kim bilýär, indeý awçylary ýa-da başga bir awçylar duşmançylyk etseler, olardan goranmak üçin bu agaç haýatyň zerur bolmagam ahmaldy. Leýtenant Umyt fortundan iki ýüz mile golaý daşlykda gabat gelnen, näbelli adamlaryň aýak yzlaryny hiç ýadyndan çykarmaýardy. Ol göçüp-gonup ýören awçylardan her zada garaşaýmalydygyny bilýärdi, şonuň üçinem leýtenant duýdansyz hüjümlerden goranmak üçin fortuň daşyna haýat aýlanyny kem görmedi. Bu daşky berkitme faktoriýanyň tutuş daş-töweregine aýlanmalydy. Mak-Nap howlynyň çöketlige bakyp duran iki öň çüňkünde, fortuň garawullarynyň durmagy üçin iki sany agaç diňlerini gurmaga girişdi.
Ýene sähel gaýrat edilse, bu gurluşyklaryň gyşa çenli tamamlanaýmagy hem ahmaldy. Mak-Napyň janypkeş ýoldaşlary bolsa armany-ýadamany bilmeýärdiler.
Gurluşyklar gidýän mahaly Jasper Gobson birnäçe gezek awa çykdy. Düwlen awlamak az-kem soňa goýuldy, şonuň üçin hem awçylar gäwüş gaýtarýan haýwanlaryň söbügine mündüler. Olaryň etini kakadyp ýa-da gaplap goýsaň, fortuň ýaşaýjylaryna arly gyş azyk boljakdy.
8-nji awgustdan başlap, Sebin bilen Marbr her gün aw yzynda selpäp, birnäçe mile aýlandylar. Kämahal awa olaryň diňe özleri gidýärdiler, kämahal bolsa ýanlaryna leýtenant Gobson bilen seržant Longy hem alýardylar. Ýadamany-ýaltanmany bilmeýän missis Polina Barnet hem tüpeňini alyp, köplenç, olara goşulardy. Ol tüpeň atmaga juda mergendi, beýleki awçylardan birjigem peslär ýaly däldi.
Tutuş awgust aýynda dowam eden bu awlar juda şowlady, awçylaryň atan oky boş geçmeýärdi, onsoň üçekdäki azyk-owkatlaram gözüň alnynda artyp başlady. Marbr bilen Sebin demirgazykdaky awçylaryň emelleriniň hemmesini bäş barmaklary ýaly bilýärdiler. Bu bolsa juda zerurdy. Çünki bu ýerdäki tez sugunlar juda sarçdy. Awçylar örän üşükli bu jandarlar yslaryny almaz ýaly, olaryň ygyndan barjak bolup, tokaýyň içinden pişik basyşyny edip, gör, näçe aýlanypdylar?! Kämahallar bolsa olar girdenek gaýyň agaçlaryndan emele gelen gyrymsy jeňňelligiň ýokarsyndan, ozalky awlan sugunlarynyň owadan şahlaryny görkezip, olary ýanlaryna çagyrýardylar. Indeýler tarapyndan «karibu» diýlip atlandyrylýan sugunlar bolsa, ol şahlara özleriniň kowumdaşlarydyr öýdüp aldanýardylar hem-de atuwa gelýärdiler. Onsoň näme, awçylaryň okunyň boş geçjek gümany barmy?! Kämahallar bolsa Marbr bilen Sebine oňat tanyş bolan, «şugulçy-guş» diýlip atlandyrylýan, kepderiniň ululygyndaky gündizçi hüwi awçylara sugunlaryň nirededigini äşgär edýärdi. Ol özüniň bäbegiň sesine meňzeş çirkin sesi bilen awçylara sugunlar hakda habar ýetirýärdi. Onuň bu häsiýeti üçin indeýler ol guşy «habarçy guş» diýip atlandyrýardylar. Şeýdip sugunlaryň elliden gowragy awlanyldy. Olaryň ýukajykdan uzyn-uzyn kesilen etleri azyk ätiýaçlyklarynyň esasy bölegini düzdi. Sugunlaryň derilerini bolsa eýläp, aýakgap tikmegi göz öňünde tutýardylar.
Fortuň eklenç çeşmesi diňe karibular däldi. Fortuň töwereginde örän çalt köpelýän polýar towşanlary kändi. Olar hem fortuň azyk üpjünçiliginiň saldamly bölegini düzýärdi. Olar özleriniň ýewropaly kowumdaşlary ýaly, ürkek däl ekeni, olaryň birentegi tüpeňiň öňünden gaçmalydyram öýdenokdylar. Guwuňky ýaly, çuw ak sütükli, garagözelek, salpygulak, bu iri gemrijileriň agramy on bäş funta ýetýärdi. Awçylar eti diýseň tagamly bolan bu jandarlary gaty köp awladylar. Olaryň ýüzlerçesi kakadylyp, gyşa goýuldy, galanlaryndan bolsa eli süýji missis Jolif diýseň tagamly hem işdä ýakyn paştetleri taýýarlady.
Geljek üçin azyk-owkatam taýýarlansa taýýarlandy welin, gündelik naharam ünsden düşürilmedi. Her gün saçak başyna polýar towşanlaryndan datly tagamlar goýuldy, ajygyp sütünleri süýnen Mak-Napyň ussalary hem, awçylaram towşan etiniň öwgüsini ýetirdiler. Aşhanada biş-düş edýän missis Jolifiň öz işine ökdeligine telpek goýaýmalydy, ol towşanlary her hili edip bişirýärdi. Kapralyň alçajyk gelniniň eliniň süýjüliginden hemmeler habarlydy, ýöne ol pikir edilişindenem bäş beter gowy tagamlary taýýarlaýardy, kapral bolsa ony öwüp arşa çykarýardy. Dogrusy, bu babatda beýlekilerem ondan kem oturanokdylar.
Suw guşlary gündelik nahary hasam baýlaşdyrýardy. Esasan, nahara kölüň kenarynda mesgen tutan ördekler äberilýärdi, ýöne başga guşlaram ýok däldi. Ol guşlar hakda aýratyn durup geçsek, has hem göwne makul bolar. Käkilikler maşgalasyna degişli bu guşlar ýapraklaryny düşüren söwütlere süri-süri bolup gonýardylar. Guşlary öwreniji alymlaryň dilinde olaryň her dürli atlary bar. Bir gezek missis Barnet Sebinden ol guşlaryň adyny sorady, şonda ol oňa şeýle jogap berdi:
— Hanym, indeýler olara «söwüt teterewleri» diýýärler, biz olary «gluhar» diýip atlandyrýarys, ýewropaly awçylaram olara «gluhar» diýýärler.
Hakykatda bolsa, bu guşlar ak käkiliklere meňzeýärdi, diňe olaryň guýruklary üýtgeşikdi, uzyndy, ujunda hem gara menekleri bardy. Olaryň aw kemi ýokdy, şatyrdap ýanýan otda dagy gowursaň, şeýlebir datly kakmaç bolýardy welin, iýip doýar ýaly däldi.
Kölüň we derýajygyň durnagöz suwy hem aw etleriniň dürli görnüşleriniň tagamyna tagam goşýardy. Dymma hem äwmezek seržant Long ýaly balykçy hem aňsat-aňsat tapdyrmasa gerek. Ol çeňňegine aldawaç daksyn-dakmasyn, parhy ýok, çeňňegi boş çykanokdy. Sabyrlylykda hem, çakganlykda hem onuň bilen missis Barnetiň wepaly jorasy Mej bolaýmasa, başga bäsleşip biljek ýokdy. Meşhur balykçy Isaak Uoltonyň ýoluny dowam etdirijiler bolan bu iki balykçy elleri çeňňekli, seslerini çykarman, ençeme sagatlap gapdallaşyp oturýardylar. Olaryň azaby ýerine hem düşýärdi, olaryň yhlasy bilen fortuň saçagyna kölden, derýadan her gün azatmahylaryň aňrybaş görnüşleri goýulýardy.
Awçylar tä awgustyň ahyryna çenli her gün diýen ýaly awa çykdylar. Olara juda howply ýyrtyjylaryň duşan mahaly hem seýrek däldi. Jasper Gobson töwerekde aýylaryň gaty kändigini bilende birneme howsala düşmänem durmady. Bu eýmenç jandarlaryň uzagrakdan görünmeýän güni ýok diýen ýalydy. Bu çagyrylmadyk myhmanlaryň ok atyp ürküzilen gezegi kän boldy. Bir görseň fortuň töwereginde Gargyşly Ýerde duşýan goňur aýylaryň birgideni aýlanyşyp ýörendir, bir seretseňem mähnet polýar aýylarynyň tutuş bir maşgalasy geçip barýandyr. Sowuk düşdügi Baterst burnunyň töwereginde ak aýylaryň hasam köpeljegine şek-şübhe ýokdy. Sebäbi bu jelegaýyň gyşlagçylarynyň gürrüňlerine görä, syýahatçylardyr kit awçylary günde-günaşa bu ýowuz ýyrtyjylaryň hüjümlerine duçar bolýardylar.
Marbr bilen Sebin birnäçe gezek möjek ordalaryny hem gördüler, ýöne awçylaryň bardygyny aňan dessine olar zut gaçýardylar. Olaryň uwlamasy bolsa, häli-şindi eşidilýärdi. Esasanam, olar sugunlary ýa-da wapitileri kowýan mahaly dagy sesleri ýer ýarýardy. Bu uzyn guýrukly çal möjekleriň boýy üç futa dagy ýetýärdi, gyş düşensoň olaryň tüýi agarmalydy. Bu ýerleriň haýwanat dünýäsi baý bolansoň, olara eklenmegiň kynçylygy ýokdy, şonuň üçin hem möjekler bu ýerde ösüp-örňäpdirler. Tokaýda olaryň birnäçe girelgeli sürenlerine häli-şindi duşmak bolýardy. Olar hem edil tilkiler ýaly sürenleriniň içinde gizlenýärdiler. Häzir ol möjekler aw etinden gerk-gäbe doýgundy, şol sebäpli hem awçylary gören dessine guýruklaryny ýamzyna gysyp gaçmak bilen bolýardylar. Ýöne gyş düşse, olary hem açlyk horlap başlasa nähili bolar?! Bu jandarlaryň aşa köplüginiň özem howuňy basýardy. Olaryň hiç ýaňa gitmejeklerini bolsa, olaryň köpsanly sürenlerindenem bilibermelidi.
Bir gezek awçylar Umyt fortuna betnyşan bir haýwany tutup getirdiler. Oň ýaly haýwany missis Polina Barnetem, astronom Tomas Blek hem hiç haçan görmändiler. Ol amerikan rosomahasyna meňzäp duran uzyn dabanly, dykyz göwreli, gysgajyk penjeleriniň ýalaw ýaly dyrnaklary egrelip duran, agzy hatap ýaly gazaply jandardy. Onuň gözleri wagşylyk bilen uçganaklaýardy, ýagyrnysy bolsa pişikleriňki ýaly ýaý berip, bükülip durdy.
— Bu eýmenç jandar, näjüre haýwan? — diýip, missis Polina Barnet sorady.
— Hanym — diýip, herki zady pugta düşündirmegi halaýan Sebin oňa jogap berdi. — Muňa şotlandlar «kwik-hetç» diýýärler, indeýler bu jandary «oleku-hau-jiu» diýip atlandyrýarlar, kanadalylar muňa «karkažu» diýip at beripdirler…
— Siziň özüňiz oňa näme diýýärsiňiz? — diýip, missis Barnet onuň sözüni kesdi.
— Biz-ä muňa ýöne rosomaha diýip oňaýýas — diýip, awçy özüniň ýeser jogap tapanyna monça boldy.
Hakykatdanam, bu dört aýakly jandar zoologiýada «rosomaha» ýa-da «labrador torsugy» diýlip atlandyrylýardy. Rosomaha gije gezýän gaty howply ýyrtyjy, ol agaçlaryň köweklerinde hem-de gaýalaryň jaýryklarynda ýaşaýar. Suwitilerini, müşk alakalaryny we beýleki gemrijileri rehimsizlik bilen awlaýar. Rosomaha tilkidir möjekleriňem ganym duşmany, olaryň awuny elinden almaga birjik-de çekinmeýär. Bu örän mekir, juda güýçli, haýran galaýmaly üşükli jandar iň ýokary giňişliklerde duşýar. Onuň gysgajyk tüýli, gyşyna hem gap-gara derisi şereketiň iberýän derileriniň arasynda gaty arzanam däl.
Aw-şikara çykylyp, ýarym adanyň ösümlik dünýäsi hem haýwanat dünýäsinden az öwrenilmedi. Ýöne ösümlikler haýwanlar ýaly gyşyna maýyl ýurtlara göçüp bilmeýändikleri üçin beýlebir köpdürli däldi. Bu ýerde, esasan, sosnadyr arçalar duşýardy. Olar hasam kölüň gündogar kenaryndaky baýyrlarda gür otyrdylar. Jasper Gobson «takamahakslaryň» hem birnäçe görnüşini gördi. Örän beýik, hoşboý ysly bu derekleriň ýapraklary bahar paslynda saralyp, güýzde ýiti ýaşyl reňke eýe bolýar. Ýöne näme diýseňem derekler bu ýerde juda seýrekdi. Solgun listwennisalaram ( Listwennisa — gyşyna dökülýän ýumşak hwoýa ýaprakly agaç.) bu ýerde kän duşmaýardy, gyýaklap düşýän Gün şöhlesi olary hiç görküne getirip bilmeýärdi. Gara arça agajy bu ýere has gowy uýgunlaşypdyr, ol gysby derelerde demirgazyk ýellerinden penalanyp, hasam gowy ösýärdi. Bärde bu agajyň bolmagy hemmeleri begendirdi, çünki onuň pyntygyndan Demirgazyk Amerikada örän gowy görülýän, «arça buzasy» taýýarlanýardy. Şonuň üçin hem Umyt fortunyň ýerzeminine bu agajyň pyntyklaryny ýygyp goýdular.
Örän sowuk howaly ýurtlara mahsus bolan beýleki agaçlardan bu ýerde ýene-de boýy iki fut bolan girdenek gaýyň agaçlar hem-de kedrleriň jeňňellikleri gabat gelýärdi. Bu kedr agaçlary gyş üçin gowy odun berdi.
Emma Demirgazygyň bitniksiz topragynda ösýän ýabany ösümlikleriň arasynda iýmit hökmünde ulanmaga ýarajagy ýokdy. Botanika «iýmit» nukdaýnazaryndan diýseň gyzyklanýan missis Jolif olaryň arasyndan diňe iki sanyjak iýilýän görnüşi tapdy.
Olaryň biri sogan düýpli ösümlikdi. Gülläp başlan dessine ýapragyny düşürýändigi üçin ony tanamak örän kyndy. Bu düýp soganlardan eslije ýygnadylar. Olaryň ululygy ýumurtgaçarak bardy. Ol arassalanyp, dogralyp, işdäaçar hökmünde saçaga äberildi.
Amerikanyň demirgazygynda «labrador çaýy» ady bilen mälim bolan beýleki bir ösümlik çöketligiň eňňitlerindäki söwüt tokaýlyklarynda we gyrymsy agaçlaryň jeňňelliklerinde bolelin ösýärdi. Ol polýar towşanlarynyň söýer aşydy. Gaýnag suwa demlenen bu çaýyň üstüne bäş-üç damja şerbet damdyrsaň, örän ajaýyp içgi bolýardy. Bu ösümligi hem kän mukdarda ýygyp guratdylar. Bu bolsa Relaýans fortundan getirilen hytaý çaýyny tygşytlamaga mümkinçilik berdi.
Gök-önüm ýetmezçiliginiň üstüni dolmak üçin Jasper Gobson birnäçe ösümlikleriň tohumyny hem alyp gelipdi, wagty gelende olary hem ekmek göz öňünde tutulýardy. Ol tohumlar, esasan, turşuja bilen kaşykçynyň tohumlarydy. Bu otlaryň garamükür keseliniň öňüni almakda dermanlyk häsiýetleri üçin ýokary giňişliklerde belli bahasy ýokdy. Eger Demirgazygyň içiňden geçip barýan, bu ýeriň hemme ösümligini çürüşdirip taşlaýan çapgyn şemalyndan ykyşak ýer tapyp bolsa, bu tohumlaryň geljek ýylyň tomsunda gögererine bil baglasa boljakdy.
Dogrusy, täze fortuň dermanhanajygynda hem garamükür keseline garşy derman serişdeleri gyt däldi. Şereket birnäçe gapyrjak limon, şeýle hem limon şireleri gaplanan çüýşeler bilen toparyň mazaly ýüküni tutupdy, asla olarsyz polýar ýurtlaryna syýahata gitjek topary göz öňüne getirmek mümkin hem däldi. Ýöne olary edil beýleki serişdeler ýaly tygşytly tutmalydy, sebäbi ýaramaz howa şertleriniň Umyt forty bilen günortadaky faktoriýalaryň aragatnaşygyny uzak wagtlap bökdemegi ahmaldy.
ON BÄŞINJI BAP
Baterst burnundan on bäş millikde
Sentýabr ýetip geldi. Maýyl howa aňry gitse üç hepde saklanjakdy, ondan soň bolsa isleseň islemeseň gurluşygy togtatmaly boljakdy. Şonuň üçinem gyssanmalydy. Bolsa-da, işem gaty gyzgalaňly gidýärdi. Mak-Nap bilen ýoldaşlarynyň işleýşi duran bir gudratdy. Ýene çekiçlerini sähelçe tark-turk etdirseler it ýatagam taýyn boljakdy. Haýat fortuň tutuş daşyna aýlanypdy, indi diňe howlyň içine girilýän derwezäni goýmalydy. On bäş fut beýiklikdäki ujy ýiti agaçlardan edilen bu haýatyň iç tarapyna gum sürlüp mazaly berkidilipdi. Burnuň iň beýik nokadyndaky gorgan berkitmäniň ähli ulgamlarynyň gurluşygyny jemlemelidi. Görşümiz ýaly, leýtenant Gobson diňe bir bitewi gorag ulgamyny emele getirmek ýörelgesinden ugur alman, eýsem-de bolsa, aýratyn oturan berkitmeleri gurmaga hem üns berýärdi. Bu bolsa fortuň desgalaryny Wobanyň ( Woban — Sebastýan Lö Pretr dö Woban (1633-1707) fransuz harby inženeri, Fransiýanyň marşaly (1703), markiz. 300-den gowrak berkitmeleri gurupdyr, berkitmelere ýuwaş-ýuwaşdan hüjüm etmek usulyny işläp düzüpdir, partlama işiniň düýbüni tutujylaryň biri.) we Kormonteniň öňdebaryjy sungaty bilen deňeşdireniňde hem öňe gidişlik hökmünde göze iljekdi. Dogrusyny aýtsaň, gorgan bolmanda-da, haýatyň bir özi hem betpäl adamlaryň duşmançylykly hereketinden we haýwanlaryň hüjüminden täze fortuň howpsuzlygyny doly üpjün edip biljekdi.
Jasper Gobson 4-nji sentýabrda düwlen awuna gitmegi meýilleşdirdi, çünki gyş düşmänkä, çyra üçin nepýagyň hem-de ýangyjyň gamyny iýmelidi.
Düwlenleriň ýatak ýeri fortdan on bäş mil uzaklykda ýerleşýärdi. Jasper Gobson özleri bilen awa gitmegi missis Barnete hem teklip etdi. Syýahatçy zenan onuň teklibini höwes bilen kabul etdi. Haýwanlara sütem edilmegini ol känbir halabam duranokdy, ýöne bilesigeliji zenan ülkäniň tebigatyna syn etmäge, Baterst burnunyň töwerekleri bilen tanyşmaga, esasanam, gözýetimde beýik gaýalar bilen tamamlanýan kenarýakasynyň uzakdaky bölegini öwrenmäge diýseň höwes edýärdi.
Leýtenant Gobson özüniň awa gidýän bu kiçijik toparçasyna seržant Longy hem-de esgerler Peterseni, Houpy we Kelleti aldy.
Sagat sekizde toparça ýola düşdi. Toparçanyň ýanynda düwlen läşlerini ýüklemek üçin alty sany ite goşulan iki sani bardy.
Sanileriň üsti boş bolansoň, gidişin ýoly sanä münüp geçmeli diýlen karara gelindi. Asman açykdy, ýöne gözýetimde bulutlaryň üýşýändigi görünýärdi. Olaryň arasyndan Gün şöhlesi zordan geçýärdi. Ýylyň bu döwri Günüň sarymtyl tegelegi gijesine bary-ýogy birnäçe sagat gözden ýitýärdi.
Baterst burnunyň günbatarynda ýerleşen, kenarýakanyň bu bölegi tep-tekiz düzlükdi. Ol Buzly ummanyň derejesinden bary-ýogy birnäçe metr ýokardady. Ýer keşbiniň munuň ýaly üýtgeşik bolmagy leýtenant Gobsonyň şobada ünsüni çekdi. Munuň sebäbi, ine, şundan ybaratdy.
Arktikanyň deňizlerinde daşgynlar juda güýçli bolýar diýlip hasaplanýar. Ony gözleri bilen gören syýahatçylar Parri, Franklin, Rosslaryň ikisi, Mak-Klýur, Mak-Klintok dagy sizigiý ( Sizigiý — Aýyň täze dogan we dolan döwürleri.) wagtynda Buzly umman öz adaty derejesinden ýigrimi-ýigrimi bäş fut ýokary göterilýär diýip tassyklaýarlar. Eger-de bu syýahatçylaryň barlaglary dogry bolsa, onuň dogrulygyna şübhelenmäge hiç hili esasam ýok, onda leýtenant Gobsony umman suwy Aýyň täsirine şeýle ýokary galsa-da, öz derejesinden kän bir beýgelmeýän kenary basmaýandygy gaty geň galdyrýardy. Geň galmazça-da däldi, çünki umman tolkunlarynyň öňünde hiç hili çäge aňňatlary, hiç hili depeler, umuman, hiç hili päsgelçilik ýokdy. Onda näme üçin daşgyn ýarym adany gözýetime çenli basanokka, kölüň suwy nädip deňziň suwy bilen garyşman saklanýarka?! Munuň ýaly ýagdaýyň bolsa häzirem, öňem bolmandygy göze görnüp durdy.
Jasper Gobson bu pikirini syýahatçy zenana hem aýtdy. Missis Barnet bolsa oňa Buzly ummanyň daşgynlary aýdyşlary ýaly güýçli bolýan däl bolsa gerek diýip jogap berdi.
— Ýok, hanym, bu düýbünden tersine — diýip, Jasper Gobson janykdy. — Polýar deňizleriniň daşgynlarynyňam, gaýtgynlarynyňam örän güýçli bolýandygyny hemme syýahatçylar aýdýarlar. Ol adamlaryň hemmesiniň birlikde ýalňyşmaga haky ýok ahyryn!
— Onda jenap Gobson, hany, siziň özüňiz düşündiriň — diýip, missis Barnet onuň beýlesinden tutdy. — Hany aýdyň, näme üçin umman suwy, hatda gaýtgyn mahalynda hem öz derejesinden bolaýsa on fut ýokardaky ýeriň üstüne çykanok?
— Wah, hanym! Janymy ýakmasaňyz-la, menem şony nädip düşündirjegimi bilemok — diýip, Jasper Gobson oňa janyýangynly jogap berdi. — Ynha, biz bu kenarda bir aý bäri ýaşap ýörüs, men bu ýerde deňiz derejesiniň bir futdan ýokary göterilenini göremok. Ýene iki hepdeden gije-gündiz deňleşýär. Şonda daşgyn özüniň ýetjek derejesine ýetmeli. Ýöne ynanaýyň maňa, şonda-da Baterst burnunyň kenarýakasyndaky suw bir ýarym futdan artykmaç ýokary göterilmez! Ony, ynha, özüňizem görersiňiz.
— Onda, mister Gobson, bu täsin ýagdaýy nähili düşündirip bolar? Biziň ýaşaýan dünýämizde düşündirip bolmajak hadysalar bolmaly däl ahbetin!
— Hanym, bu ýerde ikiden biri, ýa-ha syýahatçylaryň barlagynda derek ýok. Ýöne bu ýerde Franklin, Parri, Ross ýaly abraýly syýahatçylar barada gürrüň gidýärkä, onuň beýle boljagyna ynanmak kyn. Ýa-da Amerika yklymynyň kenarýakasynyň şu kiçijik bölejiginde daşgynlar juda gowşak bolmaly. Ýapyk deňizleriň köpüsinde şunuň ýaly bolýan halatlary bar. Mysal üçin, Ortaýer deňzini alsak, ol ýerde kenarlaryň golaýdygy hem-de bogazlaryň insizdigi Atlantik ummanyň tolkunlarynyň dolup-daşmagyna mümkinçilik bermeýär.
— Mister Gobson, onda biz häzirlikçe siziň soňky aýdan çaklamaňyzy tutaryk edinäýeliň — diýip, Polina Barnet jogap berdi.
— Şeýdäýmeseň, dagy alajyň ýok — diýip, leýtenant kellesini ýaýkady. — Onda-da bu düşündirişden meniň göwnüm suw içenok. Bu ýerde tebigatyň nähilidir bir syrynyň ýatanyny duýup durun, ýöne oňa halys düşünip bilemok.
Topar birsydyrgyn uzalyp gidýän tekiz hem çägeli kenaryň boýuny syryp, ep-esli ýol geçdi. Ahyrsoňy saniler düwlenleriň ýatak ýerleri bolan goltuga gelip ýetdiler. Düwlenleriň üstüni gapyllykda basmalydy. Şol sebäpli hem olary ürküzmezlik üçin sanileri we itleri yzda galdyrdylar.
Bu kenarýaka Baterst burnunyň ýanyndaky kenardan düýpgöter üýtgeşikdi.
Awçylaryň saklanan ýeri, tolkunlaryň ýylman kenary egrem-bugramdy, uzaboýuna küýkerilip otyrdy. Ol Baterst burnunyň töweregindäki ýerlerden tapawutlylykda, wulkan häsiýetli bolup, haýsydyr bir ýerden syrap gelen gatlaklardan durýardy.
Bu ýerleri suw däl-de, geologiki eýýamlaryň ot-ýalyny emele getiripdir. Baterst burnunda hiç hili daş ýokdy, edil daşgynlaryň ýoklugyna düşünip bolmaýşy ýaly, onuň sebäbine hem asla düşünmek mümkin däldi. Bu ýerde bolsa daşlar buzluklardan gaýdan harsaň görnüşinde hem, ýarysy ýere gömlen gaýa görnüşinde-de düňderilişip durdylar. Garalyp duran çägäniň üstündäki öýjük-öýjük lawalaryň ( Lawa — wulkan atylanda çogup çykýan ot ýaly gyzgyn madda, ergin.) arasynda, «meýdan şpatlary» ( Şpat — silikat jynslaryndan emele gelen minerallaryň bir görnüşi.) diýen umumy at bilen atlandyrylýan silikat ( Silikat — düzüminde kremniý kislotalarynyň duzlaryny saklaýan minerallaryň himiki birleşmesi.) daşlar dargaşyp ýatyrdy. Olar kenarýakasynyň kristal gurluşyndadygyna güwä geçýärdi. Ýeriň ýüzünde san-sajaksyz labradoritler, ( Labradorit — adatça, çal ýa-da gara reňkli labradordan durýan dag jynsy.) ýiti öwüşginli, gök, gyzyl, ýaşyl reňkli çagyl daşlary, pemzalar ( Pemza — ýeňil, porruk wulkan dag jynsy.) hem-de aýna görnüşli ergin jynslaryň döwükleri çaşyşyp ýatyrdy. Aňyrrakda deňiz derejesinden iki ýüz fut ýokary galýan kemerli gaýalar gatbar-gatbar bolup durdy.
Jasper Gobson sebitiň gündogar bölegini synlamak üçin gaýalaryň üstüne çykmagy ýüregine düwdi. Onuň ýeterlik wagty bardy, sebäbi düwlenleri awlamaga entek wagt bolmandy. Suwda bu jandarlaryň birnäçe jübüti bardy, olaryň üstüne Gün günorta golaýlanda hüjüm etmek gerekdi, çünki şol mahal olaryň aglabasy kenara çykjakdylar hem-de Gün şöhlesine meýmiräp uka gitjekdiler. Onsoňam Jasper Gobson bu süýdemdirijileriň garsagaýaklylara degişli bolsalaram, düwlenler däldigini bildi. Ýoldaşlary oňa bu jandarlaryň «deňiz atlary» ýa-da «deňiz sygyrlary» diýlip atlandyrylýandygyny aýtdylar. Zoologiýada bolsa, olara «moržlar» diýilýärdi, olar ýokarlygyna çykyp duran uzyn gyýaklary bilen düwlenlerden tapawutlanýardy.
Awçylar bu jandarlaryň gowy görüp ýatalga edinen goltugynyň daşyndan aýlandylar hem-de ol ýere «Moržly» diýip at berdiler. Soňra olar kenarýakasyndaky gaýanyň üstüne dyrmaşdylar. Petersen, Houp, Kellet dagy gaýanyň eteginde moržlary garawullamak üçin galdylar. Missis Barnet, Jasper Gobson hem-de seržant Long bolsa gaýanyň üstüne çykdylar. Ýüz elli-iki ýüz fut beýiklikdäki ol ýerden daş-töweregiň hemme ýerini gowy synlamak mümkindi. O taýdan aşakda galan üç awçy hem oňat görünýärdi. Olar moržlar ýeterlik derejede üýşende ýokardakylara yşarat etmelidiler.
On bäş minutdan leýtenant, syýahatçy zenan hem-de seržant gaýanyň çür depesine çykdylar. Ol ýerden giden sähra eliň aýasynda ýaly ýaýylyp ýatyrdy.
Olaryň aşaklarynda uç-gyraksyz deňiz demirgazykda, alys bir ýerlerde asman bilen tapyşýardy. Deňizde hiç hili ada-da, buzly meýdanam, buzdaglaram görünmeýärdi. Nazaryň ýeten ýerinde umman buzdan saplanypdy. Megerem, bu giňişlikde, tä Bering bogazyna çenli gämiler üçin deňiz ýoly açyk bolsa gerek. Şunlukda, tomus möwsüminde şereketiň Baterst burnundan ugran gämileri Demirgazyk-Günbatar geçelgesiniň üsti bilen aňsat ýüzüp biljekdiler.
Jasper Gobson günbatara öwrüldi. Onuň öňünde peýda bolan garaşylmadyk görnüşler oňa kenarýakasynda üýşüp ýatan wulkan bölekleriniň syryny açdy.
Kenardan on mil töweregi daşlykda, ot sowurýan çüri depeler biri-biriniň aňyrsynda seňňerläp durdy. Dogry, olar häzir parahatdy. Ol gaýalar, kenarýakasyndaky daglar öňüni tutansoň Baterst burnundan görünmeýärdi. Olaryň saňňyldawuk el bilen çekilen ýaly bolup görünýän sudury mawy asmanyň astynda salgym atýardy. Jasper Gobson mazaly synlansoň, elini salgap, olary seržanta we missis Barnete görkezdi hem-de sesini çykarman beýleki tarapa nazar aýlady.
Gündogarda, Baterst burnuna çenli tekiz, birmeňzeş zolak uzalyp gidýärdi. Turba dürbi bilen seretseň, Umyt fortuny, hatda missis Jolifiň ojagyndan göterilýän inçejik mawy tüssäni hem saýgarmak bolýardy.
Arka tarapda göz öňüňde biri-birinden düýpgöter tapawutly görnüşler açylýardy. Baterst burnundan günorta we gündogar taraplarda birnäçe inedördül mil meýdany tutýan giň düzlük ýaýylyp ýatyrdy. Töweregiň «Moržly» goltukdan beýlesi bolsa dik asmana galýan kenarýaka gaýalardan we wulkan daglaryndan ýaňa beýikli-pesli bolup durdy. Bu görnüşler bu ýerde haýsydyr bir geologik öwrülişikleriň bolanlygyndan habar berýärdi, şeýle täsin görnüşleriň emele gelmegine hem, elbetde, şol sebäp bolan bolmalydy.
Leýtenant biri-birine goňşy oturan, ýöne düýbünden meňzemeýän bu ýerleri dykgat bilen synlady, haýran galdy, ol hiç haçan beýle ýagdaýy görmändi.
— Mister Gobson, günbatarda görünýän daglar wulkan bolsa gerek, şeýle dälmi? — diýip, seržant Long sorady.
— Hawa, seržant, onuň başga zat bolmaga haky ýok — diýip, Jasper Gobson jogap berdi. — Kenarda ýatan pemza bölekleri hem, aýna görnüşli erginler hem, san-sajaksyz labradoritler hem olaryň agzyndan çogup çykypdyr. Biz bu daglara tarap gitsek, üç mil hem geçmänkäk, aýagymyzyň astynda lawadyr kül bardygyny göreris.
— Olar hereket edýän wulkanlarmyka? — diýip, seržant soragyny dowam etdi.
— Anyk bir zat diýäýmek kyn.
— Häzir-ä olaryň depesinde tüsse görünmeýän ýaly.
— Ondan misil tutmak bolmaz, Long. Ynha, seň agzyňdaky şybygam elmydama kükäp duranok ahyry!
— Hawa, ony mydama tüsseledip ýöremok.
— Ana gördüňmi, Long, wulkanlaram edil şoň ýaly, mydama tüsseläp duranoklar.
— Düşündim, mister Gobson, ýöne dogrymy aýtsam, polýar aýlawynyň aňrysynda wulkan bardyr öýdemokdym.
— Olar bu ýerde beýlebir känem däl bolsa gerek — diýip, missis Barnet hem gürrüňe goşuldy.
— Hawa, hanym, olar kän däl — diýip, leýtenant jogap berdi. — Ýöne her niçigem bolsa olar bar. Olar Ýan-Maýen adasynda, Aleut adalarynda, Kamçatkada, Rus Amerikasynda, Islandiýada gaty köp. Günorta ýarym şarda bolsa, Otly Ýerde we Antarktikada duşýar. Wulkanlar Ýeriň jümmüşindäki ägirt uly zawodlaryň turbasy. Ol zawodlarda Ýer togalagynyň himiki önümleri işlenilýär. Meniň pikirimçe, tebigat bu turbalary zerurlyk çykan ähli ýerlerde gurupdyr.
— O diýýäniňiz dogry, mister Gobson — diýip, seržant ony makullady. — Ýöne edil polýusyň gapdalynda, şeýle sowuk howaly ýerde, wulkanyň bolmagy!..
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy