Surnaý
Surnaý
▶ SURNAÝ
 Surnaý, meni ýörişlere çagyrma! 
 Kän başymda ownuk işdir alada. 
 Göwnüm bölek bolup, çyksam o ýollar, 
 Ahmyr bilen dodagymy ýaladar.
 Ýaşlaryñ paýydyr ýolagçy bolmak, 
 Ýollarda gezeniñ giñär göwrümi. 
 Men oñnut ederin ýatlap kämahal 
 Ýörişlere höwes eden döwrümi.
 Men özgäñ derdini paýlaşyp bilmen, 
 Bolup bilmen şatlygyñam şärigi. 
 Ýadymdan çykardym ýeñmegiñ hemem 
 Kynçylyga döz gelmegiñ tärini.
 Çünki ýel öwüsýär kalbymda meniñ, 
 Tupan turýar hemem ýagýar boraganm 
 Emma «Bähbit bolsun!» diýýän, sebäbi 
 Türkmen ähli zady ýagşa ýoragan.
 Agşamara daş işige çykaryn, 
 Ýörişden galybam tapmaryn karar. 
 Şonda Aý bolşumy birhili görüp, 
 Ýaşyp barýan çagy egnimden garar.
 Emma hiç kim meniñ halym soramaz, 
 Meniñem hiç zada nebsim agyrmaz. 
 Hiç kime dost däl men, 
 duşman däl indi, 
 Surnaý, meni ýörişlere çagyrma!
* * *
 Aý, hawa-da, özge nireden bilsin, 
 Kesekiñ ahwaly kesekä syrdyr. 
 Haýyş bilen kiçelmäge utanyp, 
 Nebir arzuwlarmyñ ganatyn gyrdym.
 Dünýä bir bolşuna galdy, barybir, 
 Emma bir ýetmezi bar eken oñam. 
 Hiç kimem özgäniñ tabyn bilenok, 
 Soramasañ pul berenok, onsoñam.
 Asman giñişligi zerurdy maña 
 Hem onuñ erkana ýüzýän buludy. 
 Uçup gitmekçidim çemini tapyp, 
 Ýaş oglandym, arzuwlarym uludy.
 Aýlygymyñ ýaryn öýe ugradyp, 
 Ýele sowurýardym artanjasyny. 
 Goñşymyñ üç gyzy bardy, 
 niýetim, 
 Öýlenmekdi şolañ ortanjasyna.
 Üýtgeşik bir sowgat alyp şo gyza, 
 Gutlajakdym 8-nji martyny. 
 Ýöne pulsuzlygym sebäp boldy-da, 
 Bulaşdyrdy meniñ ähli kartymy.
 Pul sorasam, beriljegun bilsemem, 
 Islemändim işiñ beýle biterni. 		 	  Goşgular
