Suraý
Suraý
Bu gezekki myş-myş çyn bolup çykdy.
Ylla biwagt gelen ýakymsyz bulut,
Kiçijik obanyñ üstüne çökdi.
Bir hepde öýünden çykmady Suraý
Gapysyndan baran adam bolmady.
Onsoñ işe geldi öñküsi ýaly,
Salam berdi ,hiç kim salam almady.
Suraý aşak bakdy kaýyllyk bilen,
Ýöne welin oda-köze düşmedi
Içini gepletdi ,, öwrenişersiñiz »
Emma il-gün oña öwrenişmedi.
Soragyna hiç kim jogap bermedi
Ýüzün sowup geçdi ýanyndan geçen
Adamlaryñ näletini diñledi:
-Ýerçeken! Binamys!
-Dogulman geçen!
Bir adamam onuñ adyn tutmady
Diýersiñ ol mahrum edildi atdan.
Uludan dem aldy ,, ýatdan çykyşar»
Il-gün çykarmady hiç zady ýatdan.
Mal üstünden gelen gaýyn atasy
Obanyñ başga bir çetine göçdi.
Sopbaş galdy Suraý oraçasynda,
Ýene özün aklamaga çalyşdy.
Içinden däl hüñürdedi daşyndan.
Il -gün hiç kişini çykarmaz ýeke
Bigünä perişde dälsiñiz sizem,
Ýöne welin, perişdedi märeke.
Bu mahal myjabat atýardy Suraý,
Märeke halaldy, märekde akdy
Şu jemendäñ, şunça gelniñ içinde
Ärine dönüklik edeni ýokdy.
Atasy öýüne bardy ejizläp
Atasy öýünden tapmady goldaw.
Indi oña bu obada orun ýok
Suraý obasyny giderdi goldan .
Şonda-da il-günden nalap aglady :
,,Näme edipmişim ilden çykgynç?»
Eñredi:,, Bu ýerde ýekerilýän men
Tiz gelde dadyma özüñ ýet Gylyç»
Aý günler aýlandy, uruş gutardy.
Gylyç obasyna geldi sag-aman
Esgeriñ başyndan dag bolup indi
Şol ýakymsyz bulut, şol agyr duman.
Öýde oturanlar onuñ ýüzüne
Dos-dogry bakmaga ýaramadylar.
Dört ýyllap ýagan ok degmändi oña,
Ony öz öýünde ýaraladylar.
Ol gepläp bilenok geleli bäri,
Göýä bogazynda galan dek şänik.
Ol nädip geplesin, nädip geplesin?
Öz öýünden çyksa iñ uly dönük! Goşgular