Sünnet
Sünnet
 «- Ogluñyzy sünnet etdirdiñizmi? 
 — Hawa, sizi aldap bilmerin…» 
 TKP MK-da özüm bilen bolan gürrüñden. (1985-nji ýyl).
 Sen gahardan ýaña ýeriñden turduñ, 
 Ýumrugyñ stola bat bilen urduñ: 
 — Siz ýoldaş şahyr, 
 Kommunist ahyr! 
 Dini ýoly tutmaga 
 Nädip ýürek etdiñiz. 
 Pugta çäre görmesek, 
 Başyñyza gitdiñiz! —
 Aljyradyp barýañ, 
 Dara-diredi. 
 Şol barmaba biraz 
 Pursat arady, 
 Diýdim — Bagyşlaweriñ, 
 Men kommunist däl ahyr! 
 Uly wezipämem ýok, 
 Ýöne bir şahyr!
 Näme diýjegiñ bilmän, 
 Lampa aşak oturdyñ. 
 Ýanyñdaky işgäre 
 Käýediñ, 
 Hemle urduñ: 
 — Kommunistmi ýa-da däl, 
 Barlap görmeli eken. 
 «Işi» diñe şondan soñ, 
 Maña bermeli eken! 
 — Arzada «Kommunist 
 Sünnet etdirdi» 
 Diýip ýazanlary çyndyr öýtdüm men…
 …Kommunist däldigme 
 Biçak begenip, 
 Öýme gaýtdym men.
 Ynanar ýaly däl bu bolan waka, 
 Golsuz arza seredilýän döwürdi. 
 Diliñ «uzyn» bolsa, 
 Günäjik ýükläp, 
 Käýäp, 
 Bagryñ eredilýän döwürdi…
Hemra ŞIROW. Goşgular
