Süñk simfoniýasy
Süñk simfoniýasy
▶ SÜÑK SIMFONIÝASY
Ýurdumyzyñ territoriýasyndan ýigrimi müñ ýyl mundan ozal çalnan täsim
orkestriñ saz gurallary tapyldy. Ol «saz gurallary» mamontyñ süñkünden ýasalypdyr. Kiýewli alymlar bu orkestri «janlandyryp», mukam çalyp, magnitofon ýazgyny «Мелодия» firmasynda ýörite kart edip çykardy.
Öz süñkünden~ gapyrgadan ýasanmyş
Adam ata
ýanýoldaşy Howany,
Şonuñ üçin menem başda syhaýyn
Kemençä meñzeýän şu gapyrgany!
Gapyrga ýañ saldy jeññel içine,
Maýmyn bary hyzzyn atdy ikiýan,
Çeññege ilen deý «ilip» bu saza,
Maýmynlañ içinden çykdy bir zenan…
Pilçäni oýnadym. Asgyryp turdy
Ýagyrnysy ýere degmedik pälwan.
Dişleri ellämde bäbek iññäläp,
Eneleñ alkymy öwüsdi elwan!
Injige inderdim ol gara daşym, ~
Peýkam atyp, dere sökdi saýýatlar.
Uýluga galtaşdym ~ galdyrdy başyn
Şöwür çekip ýatan loly-haýýarlar.
Gezek geldi onsoñ kelleçanaga, ~
Nädip urjak bu esasy guraly:
Ulumy-kiçimi, beýni ýaşapdyr
Oñ içinde janly-jandar döräli!
Gowusy men muny goýaýsammykam,
Çatmamyñ agzyna söýäýsemmikäm?
Onda kime gerek, aýdyñ-a hany,
Kellesiz, beýnisiz, manysyz mukam?!
Ýok, ýençgile!
Şowhun turuz, goh eýle!
Çar tarapda sarsyp gitsin beýniler,
Ulurak daş alyp kellä çyk seýle,
Meger, şeýdip dörändir bar geniler!
…Alty sany saz guraly öñümde ~
Gadymy mamontyñ alty bölegi:
Injigi,
Uýlugy,
Pilçesi, dişi,
Gapyrgasy bilen kelleçanagy.
Hyýalymda ele alyp şol daşy,
Injigi, uýlugy, pilçäni urýan,
Gapyrgany syhap,
Ençeme dişi
Klawiş deý seteram hatara gurýan…
Ýöne ýene gezek kellä gelende,
Ýaýkanyp, ýaýdanyp, kürtdürip durýan,
Hem şol pursat özüm duýman her sapar
Elimdäki daşy ýere gaçyrýan…
1970 ý. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.