|

Sumbaryñ kenarynda

Sumbaryñ kenarynda SUMBARYÑ KENARYNDA

Sumbaryñ kenarynda

Ser salyp men tot-tozanly geçmişe,
Syryp barýan kert gaýaly ýakany.
Hol-ha dik pesimde göwher gaşy deý,
Ýaýlyp ýatyr Magtymgulyñ mekany.

Sözle eý mähriban Sumbar jülgesi
Senden bilýän zadym ýok welin meñ kän.
Gamlananda Meñlisine duşuryp,
Şahyry joşduran haýsy ýerleñkän?

Görkezsene maña geçen gollaryn,
Geçen ýollaryndan geçeýin menem.
Togap edýän ýaly çeşmeleriñe —
Içen suwlaryndan içeýin menem.

Gaýta has-da dymyp, gözli gaýalar,
Goñras çal perdesin çekdi gerşine.
Ne-hä ýoldan,
Ne-de goldan ses çykdy,
Barýaryn men şol bir bolup barşyma.

…Soñra welin göz ýetirdim baryna
Diñläp bir çopanyñ aýdymlaryny.
Megerem, dymandyr bu mahal bar ýer,
Diñläp Pyragynyñ aýdanlaryny.

Dañatar AŞYRDURDYÝEW.

«Sowet Türkmenistany» gazeti, 30.11.1967 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle