|

Şugün-erte ýowar bolar dünýämde

Şugün-erte ýowar bolar dünýämde ŞUGÜN-ERTE ÝOWAR BOLAR DÜNÝÄMDE

Delmirip durmadym, hörpüňe garşy
Uçgun diýdiň, uçdum menem pelpelläp.
Atamyň lejigen paltosy ýaly,
Duýgularym ga:lyp barýar göwşülläp.

Melamat ýapamok söýgüňe, emma,
Yşgyň gözüm baglap, içirdi meýin.
Indem serhoş bolup köňül köşgümde,
Lapykeç otyryn keseki deýin.

Bildim ýagty günleň uçursyz gadryn,
Gül-gülzar göwünden röwşen gidende.
Nakys bolup durka serde pikirler,
Nam-nyşan galarmy böwşen bedende?!

Düme ekilmändi ekilen yşgym,
Jurga-jurga gözýaş damdyrma petden.
Şugün-erte ýowar bolar dünýämde,
Gyrçaryn ýatlamalary bir çetden.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle