|

Şugulçylyk pelsepesi

Şugulçylyk pelsepesi ŞUGULÇYLYK PELSEPESI

Hökmürowan, hökümdar,
Ýok ýerinde «akyldar“.
Sür döwrany şugulçy,
Muňa seniň «hakyň“ bar.

Diýmersiňiz: — Tentek ol,
— Bolmaz- diýme- erte ol.
Gurçuk bolup kökleri,
Gelýär kerte-kerte ol.

Şa, soltan, molla, işan,
Parhy ýok, ýa ýüz ýaşan.
Dünýäň janly-jandary,
Nilinde onuň nyşan.

Şugulçy seň ýanyňda,
Şugulçy meň ýanymda.
Döwürleriň darkaşy,
Ýüregiňde, aňyňda.

Gardas gardaşyn satdy,
Ogul atasyn çapdy.
Ýalňyz oglun Allanyň
Elini çüýe çatdy.

Haýsy döwrüň mahlugy,
Haýsy döwrüň şany ol.
Göçenini ýel bilmez,
Gonan ýeriň «hany“ ol

Köşkde bolsun, işikde,
Gyratdamy, eşekde,
Goşundamy, daşynda,
Bilmeň haýsy keşpde.

Diýme oňa: — Tentek ol.
— Bolmaz – diýme — erte ol.
Gurçuk bolup kökleri,
Gelýär kerte-kerte ol…

22-23.03 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle