|

Şu gün dünýäden ötdi…

Şu gün dünýäden ötdi… ŞU GÜN DÜNÝÄDEN ÖTDI…

Şu gün dünýäden ötdi on dört ýaşly,
Bir ogul.
Indi täzeden bolar özge ýerde,
Bir dogum.

Kemeldi,
Emma ýeňlemedi agramy dünýäň.
Ýaş ölümdi,
günäli deý köp ynsanlar,
Ökünýär.

Gonan ýeri gonamçylyk, çäk berilen
Toprakdy.
Gijelerem ýeke galar, ýeke galsa,
Gorkardy.

Pelek aýlar, ykbal haýran
Kysmata,
Rahat ýatar, gykylyksyz — içi käte
Gysmasa.

«Gabroş» ýaly oýun etmese-de
Ajala.
Niçik çäre ýok? Gowy düşünýäs
Aljaga.

Giden gider,
Bu kanundyr, diri galar diriler,
…Ölülerem öli ýatmaz,
Wagty gelse direler.

Ahally Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи