|

ŞU GÜN

ŞU GÜN

ŞU GÜN

Düýnüme dolanýan, ýa ertä gidýän,
Şu günki gün bilen ýaşamaklyk kyn,
Ýaş gaýdyşsa şeýle bolaýýar öýdýän,
Bu boluş bir mende bolmagam mümkin.

Oýlanýan mahalym sebäbi hakda,
Sussypeslik aralaşýar kalbyma,
Basmarlap barşyna gelsem-de hötde,
Kowalaşyp ýören ýaly salgyma.

Arzuw juwan, eda edýän-utanýan,
Ýaşyma-da bap gelenok hyýallar,
Däljirese, deprenişsem utulýan,
Göwün badym haýsy-haçan haýallar.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle