|

Şu gije

Şu gije ŞU GIJE

Mejnunam azaşan däldir çöllerde,
Gidendir ol Leýliň gözlerne sary.
Ýitir menem tümlüginde saçlaryň,
Soňam gözläp, özüň salaýma derde,
Men bolmanda dünýäň näme azary,
Dünýäň özi maňa gerekmi häzir.
Tolkunlar urunýar derýaň başynda,
Meniň gujagymda saçyň bulaşýar,
Gaşlaryň ýazylýar,
Goşgym ýazylýar,
Humar  bolup Akmaýanyň süýdünden,
Düýbünden tagamy süýjeýär dünýäň,
Şemal gözün jyklap, gidýär aýlanyp,
Janym güýz ýapragy deý tüýdüm-tüýdüm hem
Bu gijä aşyk men,ýöne,dilberim,
Başa uraýynmy galan gijäni,
Gaýdaýsaň öýňüze düýşden aýňalyp.

Serdar AÇYLOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle