Şu gapynyň aňyrsynda…
Şu gapynyň aňyrsynda…
Şu gapynyň aňyrsynda dünýä bar,
Bärsinde men durun süýji-kökeli.
Men atam öýüme gezmäge geldim.
Oba howasyndan dolduryp kemsiz
Oba howasyna teşne öýkeni.
Ol ýerde
daş ýere durmuşa çykan
uly gyzlaryna bolup aşa zar,
Maňa juda eziz, juda mähriban,
Maňa juda tanyş ýüzler ýaşaýar.
Häzir men gapyny açaryn weli,
Owaldan tanyş ys urar burnuma.
Ol ys çagalygmyň, ejemiň ysy,
Ol dahylly durmuşdaky ornuma.
Soň ýerinden galar bir topar adam
Ylgaşarlar, bary birden begener.
Kakam öňküsinden ýylgyr üýtgeşik
Buýsanjyny gizläp bilmän beýgeler.
Ejem geler, çala gujaklaşarys.
Onuň ýumşak ýaňagyndan öperin.
Çyn türkmen-dä, ol şoňa-da utanar.
Soň çygjaran gözlerini süpürer.
Üç aý görmän, küýsäp-küýsäp ýetemsoň
Bokurdagym dolar, ýuwdaryn özüm.
Ol zeýrenen bolar hassa halyndan
Men oň diriligne begenip ýörün.
Habarly bolansoň geljegimden meň
Agşamlygy öz boýnuna alandyr.
Uýajygmyň ýürekdendir söýgüsi
Gazanyna et baryny salandyr.
Heniz çagalykdan goragçymdylar
Ejizlämde atlaryny ulandym.
Arkamda dagym bar hasap ederdim,
Iki agama arka diräp ulaldym.
Islegiňe görä tagam bişirler
Ol ýerde kän duz-tagamyň görnüşi.
Biri derrew çaýyň ugruna çykar
Ýürekdendir ýeňňelermiň ýüwrüşi.
Gapy açyldygy ylgap geljekler
Ol ýerde bigünä kalplar ýaýnaýar.
Eşdilip dur olaň sesjagazlary
Bugdaýreňk jigijiklem oýnaýar.
Soň ýene gelmäge myhmançylyga
Meni çagyryp dur päkligi bilen,
Meni çagyryp dur täkligi bilen,
Şu gapynyň aňyrsynda dünýä bar,
Şu gapynyň aňyrsynda ejem bar.
Güljan DURDYÝEWA.
22.09.2017 ý. Goşgular