|

Spartak

Spartak SPARTAK

Ol ýuwaş ädimläp meýdana çykýar,
Daşyna ser salýar, mähellä bakýar.
Märeke howlugyp, boljak söweşe —
Tomaşa garaşýar, heşelle kakýar.

Girelgäñ ýanynda ýarym ýalañaç,
Elleri fakelli gyrnaklar durýar.
Bir kemsiz suw berlip taplanan gylyç,
Gullaryñ elinde ot dek ýaldyrýar.

Gylyçlar galýarlar, ot dek ýalpyldap,
«Jan gerekmi, pyçak» oýny oýnalýar.
Märeke seredýär ýuwaş galpyldap,
(Kimleñ güýçlüdigi basym belli bor).

Ýöne nämüçindir, gullar bu gezek
Biri-birin öldürenok, ölenok?!
Nämüçindir bu günki gün Spartak —
Gylyç salyp gullardan öç alanok?!

Gaýtam ol galkandyr gylyjyn taşlap,
Ýiti nazar bilen mähellä bakýar.
Gaýduwsyz jeñ pälwan hyrçyny dişläp,
Märekä gygyryp, döşüne kakýar:

«Bilýäñizmi, eý senator, eý, baýlar,
Söweşlerde hem göreşde bişenmi?!
Bilýäñizmi, eý, senator, eý, baýlar,
Söweşlerde meniñ asgyn düşenmi?!

Men özümiñ doganlarmy öldürdim,
Olar siziñ üçin goýdy başlaryn.
Hawa, bu durmuşdan men halys irdim,
Indi men söweşi sizden başlaryn.

Hany, kethudalar, düşüñ ložadan,
Gaýratyñyz bolsa, geliñ söweşe!
Hany, kethudalar, düşüñ ložadan,
Gaýratyñyz bolsa, geliñ döwüşe!

Ýaragyn taşlady diýip oýlamañ,
Gynyndan çykarýan ine, hanjarym.
Çykalga seredip siz gaçjak bolmañ,
Sypdyrmaryn, bagryñyzdan sanjaryn!»

Spartak şeý diýip, gylyjyn aldy,
Ezilen gullar-da aýaga galdy.
Barlylaryñ kelleleri kesilip,
Tomaşa jaýlary gana çaýkaldy.

Sakçylaram böwet bolup bilmedi,
Gullaryñ turuzan gozgalañyna.
Kelleler kesildi, arman galmady,
Läşler depä döndi, boýaldy gana.

…Soñky damja ganyna çen baş egmän,
Spartak söweşdi, söweşde öldi.
Ýöne oñ şonda-da soñky deminde —
«Gullar öñe!» — diýen sesi eşdildi.

Hojageldi NURMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle