| |

Sözler

Sözler SÖZLER

Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.

* * *

Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.

* * *

Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.

* * *

Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gur-
duň saglygyny soramaga howlukdy..

* * *

Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçy-
nyň üstünden bardy.

* * *

Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göri-
biň biri bolsa:
«Saçy gür däl, kellesi kiçi»
diýip güldi.

* * *

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.

* * *

Öz artykmaçlygyňy äşgär etmek üçin
köp zat geregem däldir welin, ony gizlemek üçin är gaýraty gerek.

* * *
Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne
ot dökeni däl-de, süýdüne suw goşany süserdi.

* * *
Ol gören ýerine burnuny sokdy. In-
dem, gül bilen narpyzyň ysyny tapawutlandyryp bilmän ýör.

* * *

Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýna-
dy. Oduň astyna suw guýdular — söndi.

* * *

Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.

* * *
Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.

* * *
Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.

* *.*
Leýlisaç dik össe beýle owadan bol-
masa-da bolmazdy.

Çary KULYÝEW,
Filalogiýa ylymlarynyñ kandidaty. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle