Söz manysyn tirer bolsañ..
Söz manysyn tirer bolsañ..
«SÖZ MANYSYN TIRER BOLSAŇ»
                            
 ■ Aýtgylar
● Kädide çigit goýmadyk — bu aýtgynyñ manysy uzak gije gürrüñdeş bolup oturylyşyk edilende suw kädisi ýaly kiçeñräk kädini gowurlan çigitden dolduryp tä çigitläp gutarylynça oturylyp aýdylan aýtgy.
● Kellede zat galmady. Bar bilenimizi orta atdyk — manysy-da bar.
● Çöpi köze degip duran — paýhassyz. Sähel zada yrsarap duran girrik gylykly adam.
  
 ● Käriz. Käriz pars dilinden geçen söz hasap edilýär. Käriz — kär hem-de riz işliklerinden ýasalan söz.
 Kär-iş, riz-akdyrmak. Suwy uzak aralyga akdyrmak.
● Guba — kümüşsow gyzyl reñk.
 Guba düýe — gyzyl owüşgün ýünli düýe.
 Guba gaz — gyzylja gaz. (Flamingo)
● Iýjan — gawunyñ kaky bilen sokuda döwülen künjini garyp taýýarlanýan iýmit.
 Doñdurma hem diýilýär. 
  Juwazda künji ýag alynanda içine gawun kakyny goşulup juwazyñ diwaryna ýelmeşip taýýarlanýan usuly hem bar.
● Boz-mele reñk.
 Boz toprak. Boz at.
● Ýoşgurt — argyşa ýa-da kerwen bilen uzak ýola gitjek atlar üçin şekerpalaçdan taýýarlanýan iým.
 Ony maýdajyk logala ýaly edip çapyp, atyñ torbasyna salyp berýarler.
 Aýtgy: "Boýnuny ýoşgurt çapylan ýaly kesdi".
● Gozgant — dagyñ kynçylyk bilen geçilýän ýeri. Dag geçidi
  — قعغقع  Kagkag — bu söz Gara Hysary — arapça
  türki sözlükde dagyñ geçidine aýdylýar.
 Ka'ka'-arap harpynyñ Kaf we Aýn harpy bilen okalsa Ka'ka' -dar  çekimde assimilleşip, Kaka — diýip aýdylypdyr.
 Bu häzirki Kaka etrabynyñ toponomiki adyny emele getirendir. Kaka etrabynda dagyñ eteginde Gozgan obasy bar. Şol ýerde hem dagyñ kyn geçidi bolan  "Kaka" ýa-da Gozgant başlaýar.
 Gozgant hem Kaka şol bir dag geçidini añladýar.
● Änew — bu Aşgabadyñ golaýyndaky etrap merkezi, posýolok. Bu adyñ gelip çykyş belli bolmasa-da, onuñ töweregindäki arhitektura, ýadygärliklerdir galalaryñ ady baglanşykly bolaýmagyny göz önünde tutup, Arhiolog, alym Kaka etrap arhiologik ýadygärlikler bolümiñ ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyñ eden derñewleriniñ  netijesinde, Anu Şirwan galasy bilen baglanşykda, Anu-Änew -Anu bolanlygy çaklanylýar. 
 Nowşirwan Adyl şanyñ doly ady Anu Şirwan. Bu şäher hem şonuñ hormatyna dakylan  Anu -Änew bolup galandyr diýen nusgasyny hödürläpdir.
● Gagşal- Ene möjek, gurt, böri.
   
 ● Könek — düýäniñ boýun hamyndan eýlenip ýasalan setil(bedre). Ony düýe saganlarynda boýnuñdan asyp, şoña sagýarlar.
  Bu sözüñ köki ,,gön" sözünden alnyp, Gönek-Könek sözlerden alnandyr.
                           Nakyl:
  Gyşyk ýük ýola bolmaz.
   Könek köze bolmaz.
   Sarmak-aýal maşgalañ sypatyna göra at beripdirler.
 Meselem:
  Sarmaklyñ ojagy otsuz bolmaz.
  Sarmaklyñ ojagy özūne darlyk eder.
 Bular delillik nakyl.
● Mugt buharda ýok.
  Buhar-bu ot ýakylýan ojak. Otparazlaryñ çokunan ojagyna buhar diýilýär.
  Buhara-da köp ybadat edilýän ýer. Awestada. Indi netijäni alsak:
  Ojagam odunsyz yssy bermez. Her bir zadyñ zähmeti talap edýänini añladýar.
● Sarmak
 Bu öýli-işikli adama aýdylýar. Bu aýtgy birine aýyp ýūklenende aýdylýar.
 Mysal:
  — Utan! Özüñem sakally-sarmakly adam.
● Ýaşmak-ýaşynmak.
  Yslamdan öñki otparazlar "Oda demi dūşmesin" diýip agyzlaryny örtüpdirler.
  Ýaşmak ýaşynmak. Bu türki kowumlarda meşhur.
● Kebiz — pagta.
● Biz, biz mata. Gysgalyp biz ady meşhur bolýar.
 Biz , beýaz ak manyda sypatdan ýasalan at.
● Hepbe — maýda köpük.
  Pul birligi. 1-köpūk. Gara köpük.
  Bihepbe — gara köpügi ýok adam.
● Aýal — Awaýyl, awaýyk sözūnden.
 Maşgalada el we enelik hyzmaty bolan agza.
Taýýarlan: Aşyr SALYH OGLY.
                        
Türkmen dili
