«Söýüň gül roý ajap enelerimizi»
"Söýüň gül roý ajap enelerimizi"

Güle yhlas etseň müşgini seçer,
Söýüň gül roý ajap enelerimizi.
Köňlüne yşk örtseň kalbyny açar,
Söýüň nur roý ajap enelerimizi.
Enäniň yhlasy nepesi zyýat,
Köňülde döreder süýji küý haýýat,
Synada dokuz aý, mähriňe şaýat,
Söýüň nur roý ajap enelerimizi.
Enäň daban asty jennete elter,
Ak süýdi balasyn mähire ýörter,
Otda özi ýanar, ýaşadar, örter,
Söýüň nur roý ajap enelerimizi.
Halmyrat parz bolan kelamdan kyssa,
Allaň emri hakda ylym etdi esse,
Adam ataň çep ýaý süňkünden assa,
Söýüň hüýr roý ajap enelerimizi.
26.01.2024 ýyl. Goşgular