| |

Söýün aga

Söýün aga SÖÝÜN AGA

Saç-sakaly agarypdyr gar ýaly,
Ýyllar däl, gam-hasrat büküpdir bilin.
Şonda-da uzyn gün gydyrdanyp ýör,
Şonda-da goýanok еlinden pilin.

Haçan görseň, şol üzümli mellegi
Bejär ýörer, bejär ýadaman- arman.
Ýöne çogun döküp tomus geldigi,
Artar ýürek derdi…
tapylmaz derman.

Adatky endigin çykarar ýatdan,
Poslar oň piliniň gumhanasy-da.
Özüni uzakda saklar bar zatdan,
Bilmez toý-baýramy,
bilmez ýasy-da.

Çykyp çiliň iň bir belent ýerine,
Otyr pikre gümra edip başyny.
Üzümiň gyzaran hoşalaryna
Gözi düşse, çytar goja gaşyny.

Çytar gaşyn,
Yza dörär gursakda,
Ýatlamalar gurşap alarlar ony.
Şonuň ýaly ajy, agyr pursatda
Hyýalynda synlar otyr ogluny.

Eli awtomatly barýanyn öňe
Görende, oň biraz ýazylar gaşy.
Gygyryp: «Gelermiň?»
– Garaş sen maňa,
Bararyn bahara öwürip gyşy…»

Günler haýdar, gider barar duýdansyz,
Kem-kem gurar hoşalaňam sapagy.
Oba çagalary bişen üzümi
Ýygnapjyk, bir ýere üýşüren çagy,

Nämüçindir zyňyp çilmin erninden,
Bir ýere göz diker Söýün aga-da.
Soňra birin turuzar-da ýerinden,..
«Germi?» diýer… «Geler» diýer çaga-da…

Ýogsam, «Kim gelmeli?» «Nirden gelmeli?»
O zatlary bilýän däldir neresse.
Gojaň şeý diýdirjek bolýanyn weli
Ululardan tiz duýýandyr ýüz esse.

«Geler gerek?..»
Soňra elin galgadyp,
Hoşalaň sagdynyn birýana saýlar.
Galanlarnam çagalary ylgadyp,
Goja, goňşy oturan öýlere paýlar.

Goňşular beletdir syryna gojaň,
Ýaýdana-ýaýdana alarlar ony.
Söýün aga bolsa üzümli jaýyň
Gapysyna sakçy goýar özüni.

Günler haýdar, geçer gider duýdansyz,
Geçer gider, üzümlerem bor zaýa.
«Aldady, gelmedi»…
Açylar gapy,
Çagajyklar kürsäp girerler jaýa.

Her haýsy bir hoşa ýapyşar olaň,
Ikinjä topular tapaýsa çemin.
Nätsin, Söýün aga hyrçyn dişlär-de,
Çykarar jübsünden ýene çilimin.

Synlap çilmiň ujundaky közüni,
Ýok zatlar,
Ýok zatlar getirer sere.
Şo mahallar, mert saýsa-da özüni,
Ejizläp, damja ýaş dökýändir ýere.

…Günler haýdap geçip barýar duýdansyz,
Ýene oň böwründe köpelýär sanjy.
Hä diýmän üzümler döner kişmişe,
Damar oň gözünden «Ýigrim bäşinji».

Sargagyn çagaňa, sargagyn goňşy,
Zyýany ýok, kürsäp girsin o jaýa.
Ýöne Söýün aga çilmin otlanda,
Bakaýmasyn, bakaýmasyn şo taýa.

Görmesin ol ýere daman gözýaşy,
«Germi?» diýse, «Geler»…
äbersin pilin.
…Saç-sakgaly agarypdyr gar ýaly,
Ýyllar däl, gam-hasrat büküpdir bilin.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle