|

Söýmek näme?

Söýmek näme? SÖÝMEK NÄME?

Söýmek näme —
Adam edip aýak üste galdyran
Ataňa-eneňe hormatyň goýmak.
Söýmek näme, eziz jiger perzendiň
Kalbyň bilen mähriňe çoýmak.

Hyjuw bilen yhlas edip, der döküp
Mele topraga zähmetiň çaýmak.
Bu durmuşda öwrenip hem öwredip
Ejize arka bolup kömegiň ýaýmak.

Wepalylyk, agzybirlik edebiň
Özüňi süýt bilip dostuňam gaýmak.
Mekdep bolup her bir ynsana
Ahlak mertebesin gursaga guýmak.

Söýmek näme, bu älemi döreden
Beýik Ýaradanyň gudratyn duýmak.
Kalbyňda arassa ynamyň bilen
Diniňe, imana, ahlaga uýmak.

Söýmek näme, bu owadan dünýäniň
Ýokdur, eşretinden hiç haçan doýmak.
Söýgi atly şu ajaýyp duýga
Meniň pikirimçe şeýleräk diýmek.

Awtory: Ependi.

Ýalňyşlyklar bar bolsa aşakda ýazyň agalar, haýyşym. Çünki entek kämil däl. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle