|

Söýgiñ keşbi

Söýgiñ keşbi SÖÝGIŇ KEŞBI

Barha köp aýdylýar söýgi aýdymy,
Has-da köpelipdir yşk hakda ýazýan.
Men bolsa olaryň ählisin diňläp,
Seniň ýollaryňdan hiňlenip barýan.

Gije hem öz asyl keşbin ýitirip,
Öňküsinden aýdyň görünýär indi.
Dogryňdan gel, aşygyňa jogap ber,
Ony öz keşbine bendi eden senmi

Asman,zemin arasynda ýeke-täk.
Meniň gözlerime eziz görünýäň
sen, sebäbi-«Gözellikleriň şasy»,
Atly baýrak aldyň elinden dünýäň

Söýgi hakda gürrüň bermeli bolsa,
Seni gürrüň bererin men bada-bat.
Arkadagymyzyň öçmez sungaty,
Aşyklaryň şäheri sen, Aşgabat.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle