|

Söýgimiziñ şaýady

Söýgimiziñ şaýady SÖÝGIMIZIŇ ŞAÝADY

Synlasana, daş-töwerek şagalaň,
Biz bileje seýle çykan wagtymyz.
Adamlaram bizi alnyna sylýar
Şu bolarly ikimiziň bagtymyz.

Gör, bu gün tebigat neneň ajaýyp,
Güller bilen bezelipdir ýodalar.
Şanymyza surat çekse suratkeş,
Ýazyjy ýazýandyr şygyr, odalar.

Güneş söýgümizi görmekçi bolup,
Bulutlaryň arasyndan jyklaýar.
Söýgümize gözi gidip,indi ol,
Aý ýaryny tapjak bolup ykmaýar.

Özboluşly dillerinde guşlaram,
«Jürk-jürk» edip aýdym aýdýar hamala.
Gol çekenin duýdurýar Gök gübürdäp,
Nikamyzy gyýmak hakda karara.

«Juwanlar, kalbyňyz bir bolsun» diýip,
Hemmeler dileýär ikimize bagt.
Parahat zeminiň ýüregi bolan,
Söýgümiziň şaýadydyr Aşgabat.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle