|

Söýgi simfoniýasy

Söýgi simfoniýasy SÖÝGI SIMFONIÝASY

Al-asmanda tomus otyr öwhüldäp,
Gün sary möhrüni basýar çar ýana.
Agzymyzda Günüñ gurak tagamy,
Şepbeşýär…
Ýa dilleşdikmi dymmaga?
Kölegeler egnin gysyp ýygrylýar,
Pursat eräp barýar, şabrap akýar der.
Biz bolsa seredip birek-birege,
Ýylgyrýarys…
Tomus otyr öwhüldäp,
it üýrenok lowhuldap,
Baglar otyr göwşüldäp,
batyp tozan-gertlere.
Ädim urýas endigmize,
gidip barýas howlukman,
Gidip barýas peýwagtyna,
gidip barýas hiç ýere.
Diñe bakýarys-da birek-birege,
Ýylgyrýas…
Ýa peýdasy ýokmy gepiñdir sözüñ,
Ýa bizdemi güýji sessiz uýmanyñ.
Ýa-da gelenokmy oýarasymyz
Gaýnap-joşjak duýgularyñ ummanyn?!
Ýa islämizokmy awundyrmagy,
Ýarym söze ýaralanjak kalbymyz.
Dymyp barýas,
Dymmaklygy kesp edinen ýaly biz.
Diñe seredýäs-de birek-birege,
Ýylgyrýas…

…Daş gapyda tomus ýatyr myşşyldap,
Gije ýatyr ýüregini ýahladyp.
Aý bir ýerde uka batyp galypdyr,
Görnenok,
Goýazy tümlügi ýassanyp.
Tomus ýatyr bugjaryp,
gije ýatyr çygjaryp.
Tapamyzok ynjalyk,
ýatamyzok dynç alyp.
Ýok, ümsümlik uçup gidip bilenok
Gepläp-sözlemegi ýada-da salman,
Otyrys biz bir-birege seredip,
Otyrys irkilip bilmän.
Munda gözün süzýär dymma arzuwlar,
Wagtyñ labzy gitdigiçe süýjeýär.
…Ýogsam aramyzda kültem-kültem ýol,
Aramyzda menzil-menzil gije bar.
Biz şonda-da bakyp birek-birege,
Ýylgyrýas.

Hudaýberdi SÖHBETOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle