Söýgi şerbeti / rubagylar
Söýgi şerbeti / rubagylar

(Rubagylar çemeni)
Lebleri bal kibi ak ýüzi Aý gyz,
Barça gözellere bir özi taý gyz,
Men aşyga nazar salgyn, dem salym,
Ýogsam ýagty gündiz tümlükdir, aý gyz.
* * *
Şahandaz ýigidiñ gaýgysyz seri,
Daýhana bagt getir mañlaýyñ deri,
Jahyllyk çagyma dolady, gör-ä,
Bir pursat ýylgyrşyñ ak saçly peri.
* * *
Wah, şol peri-peýker erkimi aldy,
Deregne kalbyma ataşyn saldy,
Bu sähranyñ goltugynda-goýnunda,
Meniñ başky söýgim ~ armanym galdy.
* * *
Haýran eder, oýun-bazlaryñ seniñ,
Bilbili küýsetmez, sazlaryñ seniñ,
Jellat gözleñ onki süññüm gagşatsa,
Meýdanly gujagyñ ~ ýazlaryñ seniñ.
* * *
Asal dek lebleriñ ~ ýukajyk gaýmak,
Mähirli ýüzüñden ýok maña doýmak,
Barmak dişläp uýalmagyn, melegim,
Hakyñ eradasy söýülmek-söýmek.
* * *
Gazansyz gaýnaýyp, otsuz bişmişem,
Bikararam, menzil-menzil aşmyşam,
Bilginiñ, eý dostum, munuñ sebäbin,
Yşkyñ apat söwdasyna düşmüşem.
* * *
Men şamar saçlaryñ ýesiri-bendi,
Ataşsyz näziñe jigerim ýandy.
Ýüzüñ şuglasyna, eý perim, gije,
Asmanyñ täk Aýy, ýyldyzlar söndi.
* * *
Ýöräp däl, yrakdan uçup geleýin,
Mal-mülkden, barymdan geçip geleýin,
Serwim, öñde-soñda ölmeli bolsa,
Men yşkyñ oduna ýanyp öleýin.
* * *
Ylham sen, kalbyma gazallyk berýäñ,
Hut Aýyñ özüne gözellik berýäñ.
Indi aýra düşüp, ak saçly perim,
Ýatlamalar bolup düýşüme girýäñ.
* * *
Şady-horram gezip, ýürekden gül sen,
Kim dostuñ-duşmanyñ parhyny bil, sen.
Bu panydan gitmejek ýok bakyýa,
Razy otsuz ýakýan näziñden ölsem.
* * *
Asal şirinligi sözleñde galdy,
Ataşsyz ýandyrmak näzleñde galdy.
Aýralykdan soñam gülgün sähramda,
Ýar basan yzlary gözlemde galdy.
* * *
Sadap haýran galar ap-ak dişiñe,
Arzuwlañ siñipdir eden işiñe,
Täleý aýra salyp, biarman indem,
Bir ýatlama bolup girsem düýşüñe.
* * *
Okalmadyk kitap ~ ýüregim açsam,
Yrakdan ýanyña guş kimin uçsam,
Ýapraklary tänen baglañ içinde,
Güýz damjasy bolup lebiñe gaçsam.
* * *
Ökde tebip biler gözüñden halyñ,
Ölseñem, iliñe bolmasyn alyñ.
Eý perim, baýlygy-zeri näderin,
Bir ýylgyryp baksañ şol dünýe malym.
* * *
Ýagşylyk edilse ýada salgynyñ,
Zeriñ deregine alkyş algynyñ.
Başky söýgim, meniñ teşne kalbyma,
Dagdan akýan sowuk çeşme bolgunyñ.
* * *
Derdi-hal aýtmagyl mesiñ ýanynda,
Bikärler görülmez adam sanynda.
Başky söýgim, maña kän zat gerek däl,
Bir owurt şerbet bol ýürek ýananda.
* * *
Bikararam, mejnun bolup giderin,
Zülpüñ tarlaryna sežde ederin.
Kalbymyñ bahary, dinim-imanym,
Sensiz, bir dem bu jahany näderin?!
* * *
Men güýzde doguldym, sataşdym saña,
Onsoñ apalaýan şu pasly diñe.
Eý saky, meý guýma, munsuzam bilseñ,
Jahana sygamok söýgüden ýaña.
* * *
Bahylçylyk eder adamyñ pesi,
Müñ serçä misli ok bir gyrgyñ sesi,
Kalbymy heýjana salyp dur, dostum,
Başky söýgiñ beren şirin gussasy.
* * *
Derin döken ýüpek geýip, iýer ýag,
Bürgütsiz ýalñyzdyr başy belent dag,
Gizlejek däl, gözüm gidýär bagtyña,
Gyzyñ leblerinde irkilen ak çyg.
* * *
Bakyşyñ ýaşylbaş ördege meñzär,
Ýakyşyñ magşaryñ oduna meñzär.
Uýalyp, söýgiñi gizlejek bolma,
Gözlemden öñünçä ýüregim syzar.
* * *
Miwe iýmez yhlasyny bermedik,
Namartdyr ol jeñde döşün germedik,
Bu ýagty jahana geldi-gelmedi,
Yşkyñ şerbetini dadyp görmedik.
* * *
Pynhan syryñ ilki saklagyn özüñ,
Soñky döwüm nany çyn dosta dözüñ,
Şady-horramlykdan geçerin, belki,
Şirin gussasyna näzenin gyzyñ.
* * *
Gylyçlar köp ýatsa gynynda synýa,
Der dökene ýagşy döwranlar dönýä,
Magat göz ýetirdim, sataşyp saña,
Yşkyñ şerbetinden ýasalmyş dünýä.
* * *
Näziñ magşar ody, gözleriñ umman,
Bal karar eýlemez lebiñden damman,
Towlam-towlam zülpüñ inçe tarlary,
Owsun atýar keýgim, ah, aman-aman…
* * *
Ruhubelentlik türkmen bilendir,
Hak söz üçin jigerini dilendir,
Kalbyñ gemre baglap, busup oturma,
Bahar gapyñ kakýar, söýgi gelendir.
* * *
Bir şirin çalynan mukam-sazmy sen?
Jahana sygmaýan ýaşyl ýazmy sen?
Gözellikde Aýyñ husnuny baglap,
Hemem meñ bagtyma çykan gyzmy sen?
* * *
Ýagşy söze ynsan göwni galkynar,
Alkyş alan iki dünýe ýalkanar.
Meni ýuwutjak dek, behişti perim,
Gara saçlañ umman bolup tolkunar.
* * *
Läle-reýhanlyk görküdir ýeriñ,
Noş bolmaz janyña haramy zeriñ.
Eger teşnelikden ejir çekäýsem,
Dostlar, diñe söýgi şerbetin beriñ.
* * *
Ýyl kerweni geçip, ömür gädiler,
Zähmet çeken il içinde at alar.
Gara gözleñ bir uçgunjyk düşürdi,
Indi, keýgim, rahat kalbym ot alar.
* * *
Dana bir söz diýse, siz gulak asyñ,
Il içinde egni gysyk bor asyñ.
Bagdan tänip düşýän guran ýapraklar,
Belki, saña bolan synan yhlasym.
* * *
Watan gereklese geçiler serden,
Zer dänesi üýşer dökülen derden.
Çytylsañ-da, sowuk gyş howasy dek,
Ýaşyl bahar bolup kalbyma girdiñ.
* * *
Sonky deme deñiç çyn dost garaşar,
Sähra gurdy barça ite daryşar.
Görüñ ahyr, ýüregiñi gozgalap,
Kamar gyza, gyz kamara ýaraşar.
* * *
Iliñ bähbidinde bar bolsun paýyñ,
Enäni ynjytma, jennetdir jaýyñ.
Gaýmak lebleriñden şirin bal damsa,
Ýüzüñ nury siñmiş husnuna Aýyñ.
* * *
Bir gez beýgelersiñ alkyş aldygyñ,
Peselersiñ kinäñ ýada saldygyñ.
Dañ säherde girip bilsem düýşüñe,
Jahanda iñ bagtly adam boldugym.
* * *
Ýürege dert ýaman sözüñ azary,
Allygy bilmez hiç dana nazary.
Ak gara dönse-de gara saçlarym,
Püre-pürdür şirin söýgiñ güzeri.
* * *
Zer ýylpyldap, garagyñy gapmasyn,
Öý döwletdir, onda jenjel gopmasyn.
Aýna kimin ýüz görünýän ýüzüñden,
Serwi gyz, bir ýigit aldap öpmesin.
* * *
Adam ogly mydam dogry sözlesin,
Elýaglygyn gözýaşlara ezmesin,
Ýuka dodaklary aby-haýýatym,
Sen bagtly däl, bagt seni gözlesin.
* * *
Aýyñ kamatyny ýüzüñde gördüm,
Asal şirinligin sözünde gördüm,
Magşaryñ ataşy näziñde perim,
Yşk hözirin gujak-ýazyñda gördüm.
Annatagan NURGELDIÝEW. Goşgular