|

Söýgi näme?

Söýgi näme? SÖÝGI NÄME?

Söýgi näme?

(Çagalaryñ düşünjesine görä) 🙂

Söýgi – bu haçan-da gyzjagaz-a ejesiniň atyryny, oglanjygam kakasynyň atyryny sepinip, bilelikde gezmelemäge çykmaklary we ýöräp barýarkalar biri-birini ysgap görmekleri. (5 ýaşlyja Wepa);

Söýgi – bu meniň kakamyň ejem bäbekhanadan jigim bilen geleninden soň bolşy ýaly, seniň biçak ýadaw bolsaňam näme üçindir ýylgyryp ýörmegiňdir (4 ýaşlyja Sülgün);

Söýgi – bu haçan-da meniň ejemiň, irden kakam işe gitjek bolanda oňa bir bulgur kofe ýasap berende, ilki onuň tagamyny barlap görmek üçin ondan bir gezek owurtlap kakama bermegidir (6 ýaşlyja Bägül);

Söýgi – bu hemişe ogşaşyp ýörmekdir. Haçan-da ýadanyňdan soň bolsa, barybir biri-biriňden irmän ýene-de gepleşmegiňi dowam etmäge ýaramagyňdyr. Ejem bilen kakam ine şeýle. Olar men görmeýändir öýden ýerlerinde hemişe boluşlary şonuň ýaly (5 ýaşlyja Juma);

Söýgi – bu seniň kakaň saňa doglan günüňe sowgat beren güjüjegi sen ýanyna baranyňda eliňi ýalamagydyr (5 ýaşlyja Gülnar);

Söýgi – bu… Umuman, haçan-da sen kimdir birini çynyň bilen söýýän bolsaň, onda seniň kirpikleriň birden-ä ýokaryk göterilýärler, birdenem aşak gaýdýarlar, şonda-da seniň gözleriňden kiçijekge ýyldyzjyklar daş-töwerege syçrap gidýärler (4 ýaşlyja Oraz);

Söýgi – bu…Biýemok men-ä… (3 ýaşlyja Janmyrat);

Söýgi – bu…goňşumyz Anna keýtigiň gyzy Keýikjemal (7 ýaşlyja Hanmyrat);

Söýgi – bu…diňe kakaň ýeke özi däl-de, öýňüzde ejeňem bolsa… Ejemi göresim gelýä… (6 ýaşlyja Mergen);

Söýgi – bu…Şü partadaşym Jally bir akyllyja bolsa, saçymdan çekmese…Ine bir bahymrak ulalaýyn, onsoň oňa öýlenerin-de onuň işini görerin…Kakam ejeme mydama şeýle diýýär: “Eňek bermeýädiň welin, öýlendim-de seniň işiňi göräýdim” diýýä, ol… (7 ýaşlyja Jemal);

Söýgi – bu…hol klasdaşym Jümmiňki ýaly bet tigriň bolsa… Kakam: “indiki aýlykda äberjeg-ä” diýdi, ýohham ony ejem igeläp goýmaýamyş… (7 ýaşlyja Sary);

Söýgi – bu kelläňde ýekeje-de saç galman düşmegi bolaýmasa…Kakam ejeme hemişe: “şü seni söýüp-söýüp depämde gyl galman gaçdy” diýýä… Men-ä ýöne, söýüşjekgä…Sebäp diýseň saçsyz bolanyňdan saçly bolsaň gowy (6 ýaşlyja Geldi).

Çeşmesi: http://prikol.i.ua/view/500260/. Üýtgedilip alyndy. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle