Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)
Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim.
— Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.
Waka mundan 10 ýyl ozal bolupdy. Men ýokary okuw mekdebini tamamlap, abraýly bir edara işe durdum. Işimiň daşyndan medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, olary wagyz etmek hem-de onuň kanunçylyk hukuk binýadyny açyp görkezmek üçin bu ugurdan ylmy işi saýlap aldym. Şol saýlap alan ylmy işim boýunça dynç günleri maglumat toplamak üçin kitaphana barýardym. Ylmy işimiň daşyndan kitaphanadaky dürli kitaplary hem höwes bilen okaýardym. Şeýle hem dünýä edebiýaty, şeýle-de birnäçe döwürdeş alymlaryň ýazan ylmy işleri bilen tanyşmak üçin kitaphanadaky internet ulgamyna girip, maglumatlary toplaýardym. Garaz, işlerim ugruna bolansoň, ondan lezzet alýardym.
Her dynç günlerinde, öňkülerim ýaly, ylmy işim boýunça maglumat toplamak üçin, kitaphananyň internet ulgamyna girýärdim. Ol ýerden birnäçe maglumatlary toplap, ýene-de öz adyma açylan poçta bukjama maglumatlary ýükleýärdim. Dynç alyş günleri şol bir wakalar gaýtalanyp durdy. Ynha, bir gün hem internet ulgamynda kompýuterimi açyp, toplan maglumatlarymy okap başlanymda, poçtamda kimdir biriniň maňa ýazan hatlaryna gözüm düşdi. Men oňa kän bir üns bermän, öz işlerim bilen meşgullandym. Ýöne yzly-yzyna gelýän hatlar meni halys ýadatdy. Ahyry hatlary açyp, okamaga başladym. Hatlaryň birinde Ahmet atly oglanyň hem öz okaýan ýokary okuw mekdebinde ylmy işi boýunça birnäçe maglumatlary toplaýandygy, özüniň hem geljekde bir arzyly käriň eýesi boljakdygy baradaky ýazgylar peýda boldy. Menem dost hökmünde Ahmedi kabul edip, internet üsti bilen ýazyşmagymy dowam etdim. Bu waka yzly-yzyna gaýtalanyp duransoň, Ahmediň dostlugy ýuwaş-ýuwaşdan gyz kalbymy eýeläp, meni söýgi ummanyna tarap alyp gitdi. Biz indi telefon üsti bilen gürleşip, biri-birimiziň hal-ahwalymyzy soraşyp başladyk.
Bir gün Ahmet maňa paýtagtymyzdaky dynç alyş seýilgähine gelmegimi teklip etdi. Menem garşylyk görkezmän, diýen ýerine bardym. Şol gün tebigat ak dona bürenipdi. Gyş paslynda owadan ak gar, göýä diýersiň, «Ine, Aýgözel, saňa şeýle ak bagty eçilýän» diýýän ýaly, torgaýlap ýagyp durdy. Men muny tebigatyň maňa yşaraty diýip düşündim. Ak garyň üstünde emaý bilen ýöräp barşyma, birden el telefonyma jaň geldi. Telefon düwmelerini basanymam şoldy welin, «Yzyňa öwrül!» diýen sesden onuň Ahmetdigini tanadym. Gapdalymda peýda bolan hortap oglan maňa sadalyk bilen salam berip, özüni tanyşdyrmaga başlady. Ahmet ýokary okuw mekdebiniň 5-nji ýyl talybydygyny, okuwlarynda alnyp barylýan çäreler barada gyzykly edip gürrüň berdi. Men bolsa janygyp gürleýän Ahmedi assyrynlyk bilen diňleýärdim.
Men hem oňa okuwy tamamlap, öz kärim boýunça zähmet çekip ýörendigimi, şeýle hem işimiň daşyndan saýlan ugrum boýunça ylmy iş bilen meşgullanýandygymy gürrüň berdim. Ahmet hem bu sözlerime gaty begendi we işimde üstünlik arzuw etdi. Şondan soňra men onuň bilen günde diýen ýaly telefonda gürleşmäge başladym. Ahmet meniň bilen derrew öwrenişip gitdi. Günleriň yzyna gün, aýlaryň yzyna aý tirkelip, geçip durdy. Indi men Ahmedi günde görmesem bir zadym kem ýalydy. Bu söýgüdi. Sebäbi ol meniň kalbymyň töründe orun eýeläpdi ahyryn.
Biz Ahmet bilen ýygy-ýygydan duşuşyp başladyk. Günde-günaşa duşuşmak, iki juwany söýgi ummanyna atarýar eken. Bir-birege ynanyşmak, ýüregini okamak, düşünişmek, wadalaşmak, mähriňi bermek, söýgi dünýäsiniň lezzetini duýmak arkaly söýgimiz gulaçlap, al-asmana pel-pelläp uçdy. Bir gezek Ahmede meniň ýaşymyň onuňkydan uludygy barada aýdanymda, ol söýginiň ýaş bilen ölçelmeýändigini düşündirdi. Şu mesele boýunça, gaýdyp hiç hili söz açmajagyma söz berdirdi. Men onuň aýdanlaryny begenç gözýaşlarym bilen kabul edipdim. Ahmet okuwy tamamlanyndan soň, durmuşa çykmagymy teklip etdi. Men onuň bu sözlerine begençden ýaňa, guş bolup uçupdym we teklibini kabul edipdim.
Ykbal öwrümlerinde, gör, nämeler bolmaýar?! Ýöne bu söýginiň süýji arzuwlary uzaga çekmedi. Men soňky wagtda Ahmediň günde-günaşa ýüzüniň salyklygyndan näme-de bolsa, bir ünjüsiniň bardygyny aňýardym. Ahmediň ata-enesiniň meniň ýaşymyň ogullarynyň ýaşyndan uludygyny bahanalap, özlerine gelin edip almakdan boýun gaçyrýandygyny ondan eşitdim.
Hawa, eger ol özünden uly ýaşly gyza öýlenäýse, onda bütin oba gürrüň boljakdygy Ahmediň ejesini otdan alyp, suwa atýarmyş. Ahmet bolsa diňe öz söýgüsi üçin göreşýärdi. Bir tarapda ak süýt beren mähriban ejesi, beýleki tarapda bolsa, köňül beren wepaly gyzy. Ahmet näme etmeli?! Meseläniň çözgüdini nähili tapmaly?! Meniň üçin durmuşda gabatlaşan iň kyn sowalymy ol maňa berdi. Duran ýerimde doňňaradaşa dönüp, heýkele öwrülen göwräm, hamala diýersiň, gymyldaman, şu ýerde dur diýýäne meňzeýärdi. Gyzlyk edebim, maşgalada alan görüm-göreldäm, näme-de bolsa, meniň söýgimden üstün çykdy. Men Ahmediň ýüzüne dikanlap: «Eger menden soragyň çözgüdini soraýan bolsaň, «Menden geç, ýöne mähriban ejeňden geçme» diýip, mertlerçe jogap berdim. Şu ýerde ýekeje zady aýtmak isleýän. «Çyn söýginiň gözi kör bolýar» diýseler, indi asla ynanamok.
Ahmet meni terk etdi. Ol meniň bilen hoşlaşyp, okuwyny gutaryp, öz dogduk mekanyna dolandy. Onuň durmuşymdan başyny alyp gitmesi, söýgi atly beýik duýgynyň dessanlardaky gahrymanlaryň hereketine meňzedi. Ondan galan ýatlamalaryň käbirleri meni begendirýär, käbirlerini ýatlanymda bolsa, kalbyma gussa çökýär. Ýöne nähili ýagdaýlar bolup geçen bolsa-da, häzir meniň üçin aýgytlaýjy çözgüde gelmegiň wagtydy. Hawa, men şeýtmelidim, sebäbi şu güne çenli ol hupbat baryny çekipdi. Meniň üçin dürli ýerden gelýän sawçylaryň bolsa, yzy üzülenokdy. Emma Ahmet üçin, maňa gelýän sawçylary yzyna ugradan günlerimi ýatlanymda welin, göýä diýersiň, arkadan urlan hanjar ýadyma düşýär.
Aradan esli wagt geçipdi. Bir gün men öňki işlän ýerime gyssagly bir iş bilen baranymda, onuň meniň bilen bile işlän gyzyma öýlenendigini eşidip, depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Ine, şu ýerde men özümiň birwagtky okan dessanlarymdaky gahrymanlarymy ýadyma saldym. «Çyn söýgi bagta ýetirmeýärmiş» diýlen sözüň manysyna, ynha, edil şu wagt düşünip galdym. Ýöne bir sowal meni halys otdan alyp, suwa oklady. «Oglan çyn ýürekden söýse, söýgüsine gowşardy» diýen soragly jümle meniň aňymda häli-häzire çenli aýlanyp ýör. Ýyllar, ak durnalaryň toýnuk gurap geçişi ýaly, geçip durşuna, on ýyly arka atdy. Men, hamala diýersiň, küşt oýnundan ýeňlen oýunçy ýaly, puç bolan söýgimi ýüregime salyp, asla durmuşa çykmazlygy äht edipdim.
Adama kyn gününde ýeke-täk ynsan, mährem käbesi hossar çykýar eken. Mähriban ejemiň beren öwütleri, onuň başymy sypan elleri, durmuşda bolup geçýän her hili şowsuzlyklara, öýke-kinelere, ökünçlere, puşmanlara garamazdan, ýaşaýşyň dowam edýändigini mähribanlyk bilen düşündirmegini, beren öwütlerini häzire çenli pena edinip, olar şu günki güne çenli ýaşamagyma umyt döretdi. Kerwen gurap geçip duran günleri, ajy ýatlamalaryň hupbatly ýollaryny mertlik bilen ýeňip geçýärdim. Bar ünsümi söýýän kärime berip, öz saýlan kärimde üstünlik gazanyp, barha kämilleşýärdim. Ylmy işimi tamamlap, ony goramak üçin taýýarlyk görýärdim.
Her paslyň owadan bolşy ýaly, bu ýylyň gyş pasly hem özüniň ak gary bilen tebigaty görklendirdi. Ol günki dünýäni aklyga öwrüp ýagan gar hem, öňki ýyllardakydan has üýtgeşikdi.
Agraslyk bilen dem alýan tebigat, özüniň ak donuny ýere ýapynja edip ýatyrdy. Hepdäniň dynç günüdi. Men hem Täze ýyly garşylamak üçin, baýramçylyk saçagyny bezemegiň aladasy bilen gurşalypdym. Birden nätanyş belgiden gelen jaň sesi meni geňirgendirdi. Kimdir biri ýalňyşyp aýlandyr diýip, kän bir ünsem bermedim. Yzly-yzyna gelýän jaňlardan soň, telefonyň düwmesini basdym. «Alo!» diýenimden, aňyrdan: «Täze ýylyňyz gutly bolsun, düşümli ýyl bolsun!» diýen ses tanyş ýaly eşidildi. Men birbada aňşyryp bilmedim. Sesi birhili tanyş görsem-de, kimdigini tanap bilmedim. Men: «Sizi tanamadym» diýenimden: «Men Ahmet, ýöne meni utandyrmaň, gaýrat ediň» diýen sesi eşidenimde welin, gözümiň owasyndan gaýdan ýaşymy saklap bilmedim. Ahmet meniň bilen az wagt hem bolsa, görüşmegimi özelenip haýyş etdi. Telefonyň düwmesini batly basyp, hol, bir ýana oklap goýberdim. Jaň sesi yzly-yzyna ençeme gezek gaýtalandy durdy. Halys bolmajagyny bilemsoň, men ýene-de telefonymy açdym.
Gyz ýüregine emir edip bolýarmy, näme? Ýene men oňa dözmedim. Ahmet meniň bilen biraz hal-ahwal soraşdy we ikiçäk gürrüň etmegimi haýyş etdi. Meniň maşgalamyň ýagdaýyny soraşdyrdy. Ýöne kalbymyň töründe birwagtky ýer eden söýgüden indi nam-nyşan ýokdy. Ahmet özelenip duransoň, duşuşmaly diýen karara geldim.
Men Ahmediň aýdan ýerine bardym. Ak gary emaý bilen basyp gelşime, birden sakga durup, özümiň on ýyl mundan ozal edil şu wagtda, gar üstünden ýöräp, ilkinji gezek Ahmet bilen duşuşan günlerimi ýatladym. Görsene, bu ykbaly, laýyk on ýyl we şol bir wagtda. Beýle sanlaryň gabat gelşini diýsene! Pikirler ummanyna gark bolup ýöräp barşyma, birden: «Salam, Aýgözel!» diýen sese özüme geldim. Ses çykan tarapa öwrülenimde, gözümden gaýdýan gözýaşymy gören Ahmet hem gözýaşyny saklap bilmedi. Ahmediň: «Aglamasana, Aýgözel, gaýrat et, aglama!» diýen sözleri gyz kalbymyň ýarasyny ýene-de bir gezek gozgady. Dymyşlyk ara düşdi. Sessizje garaýyşlar. Ahmet durmuşda gaty ýalňyşandygyny, ejesiniň we kakasynyň hem ökünýändiklerini gürrüň berdi. Ýöne indi giçdi. Onuň maşgalasy, iki gyz perzendi bardy. Ahmet maňa bakyp: «Eger bagyşlap bilseň, bagyşla meni?!» diýdi. Ýöne näme üçin, ene-atasy diýip, söýgüsini terk edeni üçinmi? Kyn günde söýýän gyzyny ýalňyz goýany üçinmi ýa-da bolmasa, gyz kalbymy ýakany üçinmi, näme üçin? Balarysynyň awusy nähili ajy hem bolsa, onuň gülden-güle gonup, bal ýygnaýşy ýaly, meni taşlap, başga gyza öýleneni üçinmi? Az wagtyň içinde hyýalymdan ýüzlerçe sowallaryň gelip-geçendigine garamazdan, men indi köşeşipdim. Başymy mertlerçe ýokary tutup, diňe bir zady — Ahmediň bagtly bolmagyny diledim.
Hawa, Ahmet sen meniň arzuwlarymy puç etdiň. 45 ýaşy arka atan gyz kalby, henize çenli hesret azabyny çekip, şol söýgüsi bilen ýaşaýar. Perzentlige alan gyzym Aýmelejik bolsa meniň päk kalbymyň ýagty çyragyna öwrülipdi.
Hawa, mähriban okyjylar, Aýgözeliň söýgüsiniň gussaly taryhyny eşidenimden soň, ilkibaşda ýolagçy bolup görnen sadaja nätanyş gyz, indi gujur-gaýratly, dogumly gyza öwrüldi. Onuň ykbalyndaky owadan söýgüsine hem begendim, hem gynandym. Men öz söz baýlygymdan Aýgözeliň ýürek derdini egsip biljek hiç bir söz hem tapmadym. Kämahal, sözler ykbalyň emrinden ejiz gelýän bolmaly. Emma onuň durmuş kynçylyklaryna ýan bermeýän, belent ruhuna, ýaşamaga, döretmäge bolan höwesine öz ýanymdan buýsandym. Men oňa ruhy taýdan goldaw bolar ýaly köp sözleri hem aýdyp bilerdim. Emma kalbym bu zatlaryň gereginiň ýokdugyny duýdurdy, sebäbi ol ejiz gyz däldi. Ol öz başynyň çäresine bakyp biljekdi. Biz paýtagta gelip, hoşlaşdyk.
Ol maňa elini salgady-da, nazaryny uzaklara dikip ýöräp ugrady. Onuň dogumly ädýän ädimlerini, batyrgaý gadam urşuny synlap, ozal hem bir dananyň: «Durmuş gözel, ol hatda ýaňaklaryňdan ajy gözýaşlaryň syrygyp duran wagty hem gözeldir» diýen sözleri serime geldi.