|

Söýgi hakda soñky goşgy

Söýgi hakda soñky goşgy SÖÝGI HAKDA SOÑKY GOŞGY

Söýgi hakda soñky goşgy

Diýdiler: — Sen ýigit, elenip, nalap,
Urnup ýörsüň, söýgi sözüň gaýtalap.
Ol gopbam gyz söýýän diýip agzanok,
Haýran men, söýdüň şoň nämesin halap?!

Diýdi: — Söýýänligin agzamaýar, ýar,
Ony mähir, eda bilen duýdurýar.
Öz gymmatyn bilip, agras gözleýşi,
Aklym alýar, elendirýär, söýdürýär.

…Tebygy kanun bi, haýran galmaly,
Bilbil maýyl, gül hem kaýyl bolmaly.

Geldimyrat SEÝIDOW.

2023 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle