Söýgi hakda interwýu
Söýgi hakda interwýu
Gyzan bazar deýin şowhunly perron,
Güwleýär aýdymyñ sazyñ sesine,
Ugradýanlar kändi ugraýanlardan,
Az-kem aýralygyñ hatyrasyna.
(Meger radiodan) bir jahyl ýigit,
Eli mikrofonly, Orta akymda,
Haýyş etdi interwýu bermegin
Oglanlañ birinden, Söýgi hakynda.
Ýañy saçy alnan kellesin sypap,
Jogap berdi.
— Söýgi bu çal dumandyr.
Söýüp, söýlüp saýgarmasañ ugruñy,
Wysala ýetjegiñ hergiz gümandyr.
Ýanaşyk duranlar öwrüldi bäri,
Hersi bir zat diýdi Söýgi barada.
— Ýok, ýok Söýgi duman däldir, säherdir,
— Walla, menem aşyk boldum arada…
— Söýgi bu — Donbasyñ gara kömrüdir.
Gara zähmet bilen gazanmak gerek.
— Ýok, Söýgi Uralyñ gaty demridir,
Öwrüler ergine emr etse ýürek.
— Söýgi! Ak pagtadyr atyzda biten,
Ýygylmadyk hana ýaly doludyr.
— Ýok, ol tupan turup pursaty ýeten
Çyrpynýan deñiziñ däli gomudyr.
— Söýgi! Garagumda eken bagymdyr,
— Söýgi! Üsti garly Köýtendagymdyr.
Ol ýazda bark urýan reñkli güllerdir
Hem durmuşda ýörelmedik ýollardyr.
— Söýgi — Ata — diýdi, ataly duran,
— Söýgi — Ene — diýdi, eneli duran,
— Söýgi — ýigit üçin aşyk gyzydyr —
diýip, tassyklady sowaly duran.
Şo mahal biraýak pişekli goja,
Elýaglyga dolap bir gysym gumy.
Ak ýol arzuw etdi körpe ogluna
«Sag bar-da, aman gel, berk sakla şuny!»
Berk saklagyn, şu bir gysym topraga
Siñendir señ atañ göbegniñ gany.
Geñ görmegi tagmasyn elýaglygyñ
Ol Berlinde galan aýagmyñ gany.
Tabşyrýan özümi, topragmy saña,
Şudur seniñ Söýgiñ! Ynangyn şuña!»
Soñra Söýgi girip gana rýukzaga,
Gitdi Watan goragyna — uzaga.
Perronda entegem jedel gidýärdi,
Interwýu almak dowam edýärdi.
Abdyreşit TAŞOW. Goşgular