Söýgi diwary
Söýgi diwary

Senmidiñ şol ýekeligim, ýogsa-da
Poslan gözlerimi açamda tünde
Agşamdan bir küpür galypdyr dilde,
Zallar, tribunalar, sungat söýjüler…
Aladam — il-güne çykarmak seni.
Ýandyranda bir ammiak çeçegi
Ýekeligim, eý siýdikli madamym,
Näçe ryswa bolsak, şonça-da gowy.
Gumgapynyñ meýhanasyn küýsedik
Öñde altyn başly, altyn halkaly
Ýañy bişen datly noýba çorbasy.
Aramyzda işgär, Hyzyr paşalar
Ir säherde taparlardy läşimi.
Şeýle bir ýyljakdy zibilçiñ eli
Şol eller bilenem sypardyñ meni.
Ýekeligim meniñ, sübse saçlyjam
Näçe porsabilsek, şonça-da gowy.
Asmana seretdim, gyzyl samolýot
Polat kän, ýyldyz kän, adamdan hümer.
Şol gije söýginiñ diwaryn aşdyk
Düşen ýerim şeýle açykmyş meger.
Başujumda sen bar, birem älem bar
Saýamogam ölüp direldenlermi
Ýekeligim meniñ sansyz nagmalam
Näçe çyn ýaşasak şonça-da gowy!
Jan ÝÜJEL.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular