Söýgi derwezesi
Söýgi derwezesi
Ýene şol derweze ýadyma düşdi,
Derweze ähliniň baryndan eziz.
Her gün agşam şol derwezäň ýanynda
Duşuşardy bir ýigit hem zyba gyz.
Soň bolsa jübütler dähedem-dessem
Gujagyna girerdiler söýginiň.
Süýji pursatlara gark bolardylar
Mejnunyň ogly hem gyzy Leýliniň.
Gizläp nämedeýin, şo ýigit, şo gyz
Häzir girip-çykýar biziň öýmüzden.
Şol derweze bizi birikdiripdi,
Ak ýola salypdy özem duýmazdan.
Ýok, ol kaşaň däldi,
Sadady, sada,
Ýöne ähli derwezeden ezizdi.
Pata berip, ýola saldy ertire
Gör, näçe ýigidi,
Näçe-de gyzy…
Soňlanyp bilerdi belki şu ýerde
Söýgi derwezesi hakynda goşgy.
Ýöne soňlanmady…
Sebäp arada
Ýolum şol derwezäň üstünden düşdi.
Derwezäň üstünden ýolum düşse-de,
Derwezäň özüne düşmedi gözüm.
Ony ýykypdyrlar…
Ynanmarsyňyz,
didäme ýaş indi,
gyzardy ýüzüm.
Derweze ýykylsa, täzesi gurlar,
Gurlar öňküsinden has ajap biri.
Ýöne nähilisi gurulanda-da
Gurlup bilmez derwezeleň ezizi.
Öz ömründen diýseň uzak ýaşaýar
Ýagşynyň abraýy, ýagşynyň ady.
Kalbymdan öçmersiň, eziz derweze,
Iň eziz çagymyň gözli şaýady. Goşgular