| |

Söýgi -6/ romanyñ dowamy

Söýgi -6/ romanyñ dowamy XI

«И лучших лет надежды и любовь,
В груди моей всё оживает вновь.
И мысли далеко несутся,
И полон ум желаний и страстей,
И кров кнпит – и слёзы из очей,
Как звуки, друг за другом льются…
И так, прошай! Впервые этот звук
Тревожит так жестоко грудь мою.»

М.Ю.Лермонтов.

Göýä uzyn kerwen, ýollary söküp,
Hersi başardykça öz ýükün çekip,
Geçdi ençe günler yzly-yzyndan,
Bir gün sorag etdi ene gyzyndan:
« – Keýgim bu tarapa haçan gitmekçi?
Tapylarmy onda elin kömekçi?
Nirede bolmaly indi Öwez jan?
Janym tesel tapsyn, et şuny aýan».
« – Gitmäge entejik wagt bar, eje.
Öwez siziň bilen bolar bileje».

Bu gün gopgunlydy gyzyň ýüregi,
Işdäsi almaýar hiç bir höregi.
Iki ýan zowzaklap, ýöne duranok,
Emma hiç bir zada eli baranok.
Kitaba, depdere birjik seretmän,
Bir girýär, bir çykýar karary ýetmän,
Çaşyrýar, üýşürýär öýde her zady,
Munda-da ýüregi tapman takady,
Üýşürse-çaşyrýar, çaşyrsa-üýşýär,
Näme üçindir, gökde Gün haýal süýşýär!

Geçirýär wagtyny zordan syr saklap,
Içinden amatly bir pursat çaklap,
Garaşýar süýr depä gelerne Günüň,
Ahyr diýen wagty ýetişdi onuň:
Naharlap, ýatyryp häzir Öwezi,
Garrynyň bir ýana gidipdir özi.
Işigi dessine içinden ýapyp,
Açdy sandyklaryn, açaryn tapyp.
Dörjeläp başlady onuň içini,
Zyňýardy gaçanda ýeňsä saçyny.

Tapdy özi üçin gerek zatlary:
Ýigdiň bir wagtky ýazan hatlary –
Üçburç kagyzlar ýatyr saralyp,
Okady käsini eline alyp.
Endamyn gagşadýar ondaky sözler,
Berýär ygtyýarny elinden gözler
Ynha, bir wagtky elin edilen
Frontuň kän ýerin aýlanyp gelen
Gaýmaly ak ýaglyk – ilki ýadygär –
Onuň bir burçunda ýigdiň ady bir.

Ynha ordenleri, ynha medaly,
Gözüniň öňünde şu günki ýaly
Geleni frontdan bezäp döşüni,
Ilatyň alany degre-daşyny.
Ynha, çal kostýumy, ynha kiteli,
Tutanda her haýsyn titreýär eli,
Gelenden-gidenden ätiýaç edip,
Perdeli penjirä, gapa seredip,
Diňşirgäp kämahal birden durýardy,
Ýüregi tarsyldap batly urýardy.

Barlady bar zadyn, goýmady birin,
Soňra ýaňadandan tapyp öz ýerin,
Öňki bolşy ýaly yzyna saldy,
Diňe ak ýaglygy eline aldy.
Sandygy tiz ýapyp, gapyny açdy,
Ýene aljyraňňy, pikir garyşdy:
Elindäki zady gözläp mugallym
Ol tamdan, ol tama aýlandy telim.
Soňra nämänidir düýrläp gazete.
Il gözünden öwra goýdy bir çete
Ýene-de ýaranyp bilmedi jana,

Bir güýmenje gözläp çykdy eýwana.
Garady bir sellem o taý, bu taýa,
Ahyry dolanyp girdi-de jaýa,
Dikanlap seretdi uly diwara,
Gürrüň edýän ýaly misli özara
Garady kän wagt durup Begenje.
Soňra ol özüne tapdy güýmenje:
Öweziň kirlije eşigi bardy,
Eýwana çykaryp ýuwmaga durdy.

Eller näzik geýme agram salýardy,
Tasda köpürjikler çogup galýardy,
Diňe hereketi edýän işinde,
Häzir başga bir zat onuň huşunda:
– Ömrüň uzak bolsun seniň, ýaşuly,
Saňa alkyş bilen ýüregim doly,
Tapyp garrylaryň näzik damaryn,
Ýetirdiň sen maňa şatlyk habaryn.
Arzuwlar ugruna aýdyň ýol açan,
Unutman munyňy, atam, hiç haçan…

Gaty hoşal boldum, eje jan, senden,
Ogul wepasyny taparsyň menden,
Ýürekden aýdanda sözümden çykman,
Sakladyň kän wagt raýymy ýykman,
Şatlyga ýa gaýga uçran çagym,
Mydam meniň bilen bolduň, çyragym.
Çykar her gezekde eden umydym,
Ýene-de enelik mährini duýdum.
Hem atam, hem enem, sen mähribanym,
Seni hor etmerin,
sag bolsa janym…

Söýsem-de enem dek jan bilen tenden,
Ýene gaýyn enem kineli menden,
Gaş çytyp öňünde Oraz aganyň,
Ýaşajyk enäniň, eziz çaganyň,
Geljegi hakynda etmezden gamy,
Tutupdyr ýene-de köne heňňamy.
Ýatmandyr heniz hem içiniň ýeli:
« – Aý, Oraz, sen diýseň sözüm ýok weli…»
Munda kejeňeklik etmek näderkar?
Kysmat şeýle boldy menmi günäkär?»

Kirli zat goýmandy akdan-garadan,
Indi esli wagt geçdi aradan,
Dolanyp bir ýerden geldi enesi:
« – Ýeri, munyň näme? Bolşuň neneňsi?
Dynç günüň dynjyň al, keýgim mazaly»
« – Edýän bir işim ýok, dynç almaz ýaly.
Eje, munuň üçin etme gahary.
Çaý goýdum gaýnandyr, asdym nahary…»
Eşdildi bu wagt Öweziň sesi,
Içerik howlukmaç girdi enesi.
Uzalyp başlady tamyň kölgesi,
Geldi gyzymyzyň gider pillesi.

Çykypdy ejesi Öwezi alyp,
Gördi taýýarlygyn bir özi galyp.
Elinde şol gazet,
köne eşikde
Ynha, peýda boldy daşky işikde.
Her ýana assyryn gezdirdi gözün,
Hiç kim ýok, aşaga saldy-da ýüzün,
Tamyň ýeňsesine öwrüldi birden,
Çalasyn ýöredi çolarak ýerden.
Ol dogry gitmedi, gyýalap gitdi,
Uzakda bolmadyk nobura ýetdi.
Güzeriň ýanyndan çepine geçdi,
Şonda elindäki gazeti açdy.

Onda enesiniň başa atgyjy,
Gabatlap bir beýik köne agajy,
Ilki göz aýlady degre-daşyna,
Soňra ýaňkysyny atdy başyna.
Bu ýerde öz için gepletdi hatda:
«Belki, bolmadyk zat köne adatda».
Ogryn garanjaklap töwerek-daşyn,
Göze gara ilse çümürip başyn
Şol köne noburyň ugruny alyp,
Ýöräp barýar ýüzün aşaga salyp.

Ahyry obadan ýoňsuz saýlandy,
Kiçijik ýodadan saga aýlandy.
Indi dogry barýar, hiç ýan garaman
Şujagaz ýodadan, dostlar, bir zaman
(Ýüregim gyýylýar gelende dile),
Agaç at üstünde, ak halat bile
Geçipdi gözeliň söýgüli ýary,
Baky aýralyga salyp didary.
Gelmändi bu ýoldan yzyna diri
Beýle enjam bilen geçeniň biri.

Kä ýüregin tutup, kä için çekip,
Käte çydam etmän, gözýaşyn döküp,
Kä dähedem-dessem, kä uly ätläp,
Ýolun dowam edýär geçeni ýatlap.
Sähra howasynda zordan alýar dem,
Ýüregiň ýumagy çözlenýär kem-kem:
«Tiz bol, Ogulnabat, garaşýan köpden,
Iller eýýäm gitdi, galdyk mekdepden.
Gün guşluk galypdyr, hany gelsene,
Jandan ön baraly, basym bolsana!»

Ýadynda berk galan mylaýym sözler
Gantalanýar, eşdiň, giň giden düzler!
Soň ýadyna düşdi şeýle bir waka:
Bir gün okuwdan soň öýe barýarka,
Ýolunda duş gelip iki ýokumsyz,
Özünden has uly, belli ýakymsyz,
Biri tozan turzup geçdi daşyndan,
Biri ýaglygyny alyp başyndan,
Soňra sumkasyny ýaba atdylar,
Ýaglygyny bermän gaçyp gitdiler.

Begenç ýaňkylaryň yzyndan ýetdi,
Ýaglygy alanyň golundan tutdy.
Gorkuzjak boldular ilki güpüläp.
Horlajak boldular soňra ikiläp,
Ynanmaz bir kişi, görmese özi,
Eýmenip olardan çekmedi sözi.
Girdiler bir salym şatda-da-şutda,
Gyz gaçmak hyýalyn edipdi hatda.
Bolandyr teniniň awynan ýeri,
Taşlap ýoldaşyny syp berdi biri.

Dyrjaşdy kän wagt galan beýleki,
Soňra ejizligin duýandyr belki,
Dargan kitaplaryna düşende gözi,
Gyzyň ýaglygyny uzatdy özi…
Ylla ýaňy ýaly şu iş bolany,
Ýadynda ýylgyryp ýanna geleni.
Geçýär göz öňünden hatarma-hatar,
Baryn yzarlasaň uzaga ýeter.
Şatlykly, gaýgyly günleriň bary.
Ynha pikirinde olaryn biri:

«Gaýgy girdabyna taşlaýar meni,
Ýatlasam ol geçen hasratly güni.
Gatnadym kän wagt, beri bakmady,
Işdäsiz ýürege hiç zat ýokmady.
Bilýärdim göremde, agyrdy haly,
Özüm-de ýykyldym şeýle mahaly
Alyp başujuny dursam ýanynda.
Duýardy rahatlyk belki janynda.
Tükenmez bir ahmyr galdyrdy mende,
Hiç görüp bilmedim soňky deminde.

Şonda çarhy pelek terse aýlandy,
Mensiz äkidildi, mensiz jaýlandy.
Bir ýatan ýerimden gozganyp bilmen,
Gijesi, gündizi özüme gelmän,
Çekdim ýekelikde derdi-azary.
Çykyp gaýdanymda yzyma sary.
Boş öý garşylady meni, bäbegi,
Çydarmy bu zada ynsan ýüregi!
Ýürek sowuk öýde karar tapmady,
Ertiri, agşamy gözýaş kepmedi…»

Görse öň ýanynda, ol sakga durdy,
«Tüýnüksiz öýlerde ýaşýanlar ýurdy».
Aýagy sandyrap, göwresi gagşap,
Ýere ýazyljak dek durşuna çagşap,
Zordan ädim ädýär çala yranyp,
Gorky gujagynda durýar garanyp.
Ine mazarçylyk çaklan çeninde
Bardy, garynjalar gezýär teninde.
Her ädim ädende edýär howatyr,
Ençeler gara ýer astynda ýatyr.

Giňelýär aýtymy onuň her günde,
Gör näçe nesiliň wekili munda.
Giň giden bir meýdan tümmekden doly.
Käbiri kiçijik, käbiri uly.
Aýmança görünýär birniň daşynda,
Kerpiç goýulypdyr kimsäň başynda
Käsiniň üstünde köne agaç bar,
Ujunda esgisi ýele ykjaýar.
Käsi ýarylypdyr içine hopup,
Ätiýaç edýärsiň ýüregiň gopup.
Käsiniň üstünde ot-çöp bitipdir,
Käsi ýer bilen deň, sory ýitipdir

Gyzymyz aýlanyp bir çete bardy,
Eden belliklerin derrew saýgardy:
Ynha, ýatyr onuň ýaşlyk ýoldaşy,
Gitdi boýur-boýur gözünden ýaşy.
Egildi üstünde bilini büküp,
Durdy esli wagt gözlerin dikip,
Göýä doňan ýaly bütin göwresi,
Zordan demin aldy, çykmady sesi,
Soň birden dikelip, galdyrdy ýüzün,
Mazaryň üstüne oklady özün.

Gol gerip, gujaklap zaryn ses etdi,
Sesiň owazasy uzaga ýetdi:
«Näme taşlap gitdiň, meni, Begenç jan!
Örtenip yzyňda ýanýar şirin jan!»
Gutardy birbada ýüregiň ýeli.
Mazaryň üstünde yz goýdy eli.
Ýüz-gözün süpürip, ýerinden galyp,
Indi gapdalynda otyr çommalyp.
Häzir sorag berýär özüne özi:
Hany gülüp bakýan onuň gül ýüzi?

Hany geljegine çeken plany?
Hany gök damarda ýöreýän gany?
Hany bu gözeliň baky geregi
Onuň batly urýan tämiz ýüregi?
Gyzyň al ýaňagyn, galam-gaşlaryn,
Näzik bedenlerin, örüm saçlaryn
Näz bilen sypalap, bikarar eden,
Göwün galasynda gowga döreden,
Hany ol ýigidiň mylaýym eli?
Hany gunça gülüň ilki bilbili?
Hany nagma saçan şirin dilleri?
Bile guşak bolan gurply gollary?
Bu sorag perwaýsyz goýmasa ýady,
Ol çekmesin dady-perýady!
Ynha, öň ýanynda olaryn bary,
Gyzy naçar goýup kän wagt bäri.
Ýatyrlar bir bajak gumuň astynda,
Şemal öwsüp, tozan turýar üstünde.
Ýatyr gahrymanym öňküsi ýaly,
Bar onda bir zatlar aýtmak hyýaly,
Synansa her gezek bogazy dolýar,
Aýdyljak pikirler ýürekde galýar.

Ahyr ýuwaş-ýuwaş ýerinden galdy,
Baryp başujundan bir kerpiç aldy.
Gaýmaly ýaglygy başyna orap,
Daňdy iki ujun eli sandyrap.
Öňküje ýerinde goýdy kerpiji,
Ýene sözlemäge ýetmeýär güýji.
Gün degip barýardy dagyň gerşine,
Üýşendi öz-özi bolup durşuna.
Gitmege howlugýar indi bu ýerden,
Gahar-gazap bilen seslendi birden:

«Uruş! Uruş! Uruş! Uruş, sen gura!
Salansyň synama bir bitmez ýara!
Baky nälet bolsun seni başlana,
Ömür tanapyny gyryp taşlana».
Çaňjyrap görünýär howanyň ýüzi,
Basar garaňkylyk depäni-düzi.
Daglar ýeňsesinde Gün-de gizlendi.
Gyzymyz mazara ýene ýüzlendi:
«Hoş gal, mähribanym, hoş gal, Begen
Sendiň ýürekdäki hazyna-genjim.
Bir galdym, bolmady eden hyýalym,
Görerin ne bolsa indi ykbalym.

Ýadygär galdyrdyň eziz çagany,
Gözüm göreji dek läleläp ony,
Her hili ýagdaýda hor-homsy etmän,
Adam etmeklige seni küýsetmän.
Gubunyň üstünde kasam edýärin.
Hoş gal, jana-janym, indi gidýärin»
Çekildi yzyna ýuwaş-ýuwaşdan,
Käte öwran-öwran seretdi daşdan.
Ahyrda şol gelen ýoluna düşdi,
Kem-kemden bu ýerden arany açdy.

Gyzymyz gaýdaşyn gysgaltdy ýoly,
Gijara öýüne gelen mahaly
Asmanda ýek-ýarym ýyldyz göründi,
Okyjym, gündelik gutardy indi.
Bir zat ýatladaýyn saňa bu ýerde:
Görüp okanyňda häzir eserde
Diňe durmuşyny Ogulnabadyň
Belki tapan dälsiň garaşan zadyň.
Ol dogry, okyjym, az-kem sabyr et.
Diýerler: «Sakawyň soňuna seret».

ÜÇÜNJI KITAP

I

«Смелый труд кончается победой1
Мучайся, ищи, твори, исследуй.»1

Е.Долматовский.

Girende içine işigin açyp,
Uly aýnalardan gün nurun saçyp,
Giň jaýyň içine ýagtysyn dökýär,
Garaňda ünsüňi özüne çekýär,
Äpet gara stol tamyň töründe
Üstünde endigan ýerli-erinde
Durýar gerek zadyň bary munda bar:
Sada garnyn açyp ýatyr kalendar,
Aragatnaşygyň apparatlary,
Papkalar, kagyzlar, dürli zatlary…

Degiş goýupdyrlar öňünde ine
Ýetýär uzynlygy gapyň deňine
Üsti gök mawutly uzyn stoly
Gapdaly çeholly stuldan doly.
Inçe uzyn boýly, şar gara saçly
Gözleri otlukly, gür gara gaşly
Stoluň syrtynda otyr bir kişi,
Ýaňyja gelipdir, alyp bir işi
Sahypa-sahypa ýiti seretdi,
Soňra telefona golun uzatdy.

Birden şu halatda ýuwaş-ýuwaşdan
Gapy açyldy-da bir ýigit daşdan
Garady görkezip ýarty göwresin,
Saklandy az salym, çykarman sesin.
__________
1 «Batyrgaý zähmet ýeňiş bilen gutarýar –
Janyňy emge, agtar, derňe hem döret».
Soňra rugsat sorap içeri girdi,
Gürrüň gutarýança garaşyp durdy.
« – Ýeri, gurgunmysyň, otur, Akmyrat,
Ne beýle irläpsiň, barmy bir geň zat?»
« – Ýok, ýoldaş ministr, üýtgeşik zat ýok.
Işe bir girişseň sypyp bolanok.

Şonuň üçin irden göreýin diýdim,
Ekekä ýanyna baraýyn diýdim.
Belki aňýansyňyz, meň sizlik işim
Öňki gürrüňmizde eden haýyşym.
Ýadyňyzda bolsa, «birnäçe günden
Garaş jogabyna – diýdiňiz – menden.»
Ministr arkasyn berip stula,
Urup barmaklaryn birnäçe ýola
Stol üstündäki aýnaň ýüzüne
Ýoňsuz garaşdyrdy diýjek sözüne.

«Ýadymdalygyn-a ýadymda weli,
Sämände kämahal ýaşlygyň ýeli
Aýryp adamlary sabry-karardan,
Salýandyr howsala duýdansyz ýerden.
Gürrüňe täzeden başlaly eýsem,
Ilkinji aýdanda, dogrusyn diýsem,
Meseläň aslyna düýpli ýetmändim,
Beýle bir özgeriş güman etmändim.
Ur-tut talap etmän menden jogabyn.
Eger çynyň bolsa görkez sebäbin».

Bu sözi göwnüne alandyr belki
Akmyrat bir hili ýylgyrdy ilki,
Soň söze başlady tapyp çemini:
« – Goýmandym ozal hem aýtmak kemni
Ene diňleseniz şol öňki diýşim
Maňa hiç bolanok häzirki işim…»
« – Nämesi bolanok, kynmy ýa kiçi?
Ýa-da ýaramazmy edaraň içi?
Daşyndan birisi gyýa bakýarmy?
Göwnüňe degen ýa ynjydan barmy?»
« – Kynam däl, kiçem däl,
ýok öýke-kinäm,
Geçsinler bar bolsa özgeler günäm.
Emma tapawutly kişiden-kişi,
Bolýar her kimsäniň ukyply işi.
Saýlasaň birini kärler içinden
Oňa höwes bilen ýapyşsaň çyndan
Ol saňa güýç-kuwwat hem lezzet berýär,
Umyt ganatlanyp ruhuň göterýär,
Täze meýillere öňe äkidýär,
Ine, häzir gürrüň şu hakda gidýär».

« – Ol dogry, her işe söýgi gerekdir,
Söýgüsiz başlan iş biderekdir.
Emma sen, Akmyrat, şuny pugta bil:
Işe başlanyňa geçdi ençe ýyl,
Ynan, şu çaka çen hiç bir babatda
Meniň hut özümde hem apparatda
Saňa gyýa garan bolmandy bir-de,
Barymyz sen hakda oňat pikirde.
Bu şeýle bolmazdy ýok bolsa höwes,
Bu işi seniň dek başarmaz hiç kes».

« – Berýän bahaňyza gaty minnetdar.
Emma sözlerimde başga many bar.
Men uzak okadym, bir käri tutdum,
Şol kere degişli ençe iş etdim,
Uruş başlanmasy taşlatdy ony,
Fronta howlukmaç ugratdy meni.
Dolanyp yzyma gelen mahalym
Saglygym ýamandy, agyrdy halym,
Täzeden girişmek oňa birbada
Maňa mümkin däldi, salsaňyz ýada.

Eger bolanda-da işlere tabym,
Ýygnan materialym, okan kitabym
Dargapdy her ýana, galmandy derek,
Hat ýazdym köp ýere, boldy biderek.
Bulardan başga-da uruş döwrüniň
Frontmy ýa tylmy her bir ýeriniň
Özüniň hajaty, talaby bardy,
Olary nazarda tutmak derkardy.
Şonuň üçin sizde işe başlapdym,
Başga pikirleriň baryn taşlapdym.

Häzir başga ýagdaý, ýatdy top sesi,
Ençeme hünäriň geler eýesi.
Öwrülsem täzeden başlan kärime,
Goýsam bar güýjümi öz hünärime,
Iru-giç, elbetde, çykar-da bir zat,
Umytda ýaşaýar mydam adamzat».
Ara dym-dyryslyk düşdi birdenkä.
Ministr bir oýa gidendir belkä,
Bilmedim näm üçin çykmady sesi,
Galýardy towlanyp çilim tüssesi.

Ahyr mynçagalandy soňlan papiros.
« – Beýle pikirleriň gutlaýaryn dost.
Aýdan sözleriňe goşulýan doly.
Arzuw güneşiniň tapylar ýoly,
Çykylsa ugruna jan bilen tenden.
Eger-de sorasaň maslahat menden.
Hiç haýal etme-de ýapyş şu işe,
Näme kömek diýseň bolar hemişe.
Gitmeli ýer bolsa, islän mahalyň
Wagtynyň gepi ýok, açyk bor ýoluň».

Ýa-ha asgyn geldi, ýa-da çekindi,
Sesin çykarmaýar Akmyrat indi,
Ýüzün aşak salyp dymyp oturýar.
Ministr sözüniň yzyn ýetirýär:
« – Bolupdy bir wagt meniň-de temam,
Işledim kem-kemden ýitirmän tamam,
Köp aýlar oturdym uzak gijesi,
Ahyr oňat boldy oň netijesi.
Bagyşla, mysaly aldym özümden,
Del many çykarma aýdan sözümden.

Iş bir ýanyň bolsa, ylym bir ýanyň
Heý kemi bolarmy şeýle planyň?
Ministrlik başga, ýoldaş hökmünde
Diýýärin baryny, pirim ýok mende.
Ýene ýatladaýyn saňa bir zady,
Baglydyr her kimiň abraý-ady
Uly yhlas bilen edilen işe.
Şol bir wezipede durman hemişe,
Basgançak-basgançak gidersiň öňe,
Men muny duýdurýan diňe özüňe.

Gözüň suw içmese, bolmasa tama
Beýle wezipäni her bir adama
Ynanyp bolmaýar, düşün sen muňa.
Eger sorag bilen ýüzlense maňa
Doganmy, dost-ýarmy, parhy ýok onuň,
Berjek maslahatym şu bordy meniň.
Aldyň abyn-tabyn, açma arany,
Ýagşydyr her käriň ile ýarany.
Asyl iş gutulmaz ýüregi sapdan,
Ösersiň günsaýyn iki tarapdan».

Ýene geplemedi biziň gahryman.
Ministr belkä-de edendir güman
Täsirli bolanyn aýdan sözüniň,
Şatlyk alamaty artyp ýüzüniň,
Oňa gaş astyndan ogryn garady,
Barmaklar darak dek saçyn darady.
Göýä razy ýaly garasaň daşdan,
Ýöne gabaklary ýuwaş-ýuwaşdan
Galyp gaşyň aralygy düzlendi,
Akmyrat ýene-de oňa ýüzlendi:

« – Göwnüme örän jaý siziň diýşiňiz,
Saýlan temaňyz hem edýän işiňiz
Ikisi bir ugur, gidýär ugtaşyp,
Kyn däl alyp barmak olary goşup.
Meniňki beýle däl, hersi bir ýana,
Baş bermez her näçe dözsem-de jana.
Bütin gününi munda oturyp,
Kagyzlar içinde özüm ýitirip,
Gözlerim gamaşýar hata garamda,
Kelläm huma dönýär öýe ugramda.

Bir elde iki garpyz tutdurmaz maňa,
Ýürekden diýýärin, ynanyň muňa.
Bu hakda köp gezek oýlanyp gördüm,
Özüme her dürli soraglar berdim,
Ahyr gutarnykly gelen kararym
Başlamak täzeden taşlan hünärim.
Edilýän ynama goýup hormaty,
Ony ödemäge çalyşdym gaty.
Etsem-de gaýgyrman elimde barym,
Düşündim beýle iş däl meniň kärim.

Bolýar her kimsäniň gylyk-häsiýeti,
Häsýete görädir endik-adaty.
Ynha, alyp görsek meniň özümi,
Işim tassyk eder aýdýan sözümi,
Ýa-da şaýat bolar tanýan her kişi
Özgä buýranymdan haýsy bir işi
Oňa ýeňil gopup süňňüm-bedenim
Has oňat görýärin özüm edenim…»
Ministr bu söze myssa ýylgyrdy,
Otlan «Kazbegini» çekmäge durdy.

« – Onuň ýaly bolsa, ýagdaýňa seret.
Ýa-da howlukma-da ýene pikir et».
« – Kän biçip, kän kesdim, ýoldaş minstr.»
« – Onda sowaşma-da ýerine ýetir
Öňki bolşy ýaly şu wezipäni,
Ýene-de oýlanyp göreli hany.
Şu gün ýa ertir diýip gyssama meni,
Eger bardy-geldi boşatsak seni
Bellimi gitjegiň haýsy bir ýana»
«Elbetde, Selhoza ýa Türkmenfana»1.

Ynha, şunuň bilen gürrüň gutardy.
Akmyrat dolanyp jaýyna bardy.
Bu günki gürrüňden göwni hoşaldy,
Belki boşamagna sanly gün galdy.
Göwresi şu ýerde, emma hyýaly
Guşuň ganatyna daňylan ýaly
Gidýärdi durmazdan ýakyna-daşa
Moskwa, MGU-a ýetýär bir başa
Ýaşlykda köp ýyllar bolan ýerine
Gerekli zatlarnyň galan ýerine.

II

«Мы победим! Мы будем жить и петь.
Мы верим в это и стоим на этом.
Не сможет кривда правду одолеть,
Не в силах мрак торжествовать на свете.»2

С.Василев.

Ara salym salyp, dostlar,
her zaman
Turardy jahanda bir apy-tupan.
Ýaýrardy kem-kemden töwerek-daşa,
Gara perde gerip nurly kuýaşa,
Tukat garaňkylyk depäni-düzi
Tutardy, çaňjaryp howanyň ýüzi
Ýürekde howatyr, howup dörärdi,
__________
1 Şol mahalky okuw mekdepleriniň gysgaldylan ady.

2 «Biz ýeňeris! Biz ýaşarys hem aýdym aýdarys.
Biz muňa ynanýarys we şu ynanjyň üstünde durýarys.
Egrilik dogrulygy ýeňip bilmez,
Ýagtylykda ýaýnamaga zulmatyň güýji çatmaz».
Ynsan ertirine gamly garardy.
Bozulyp älemiň hoş dem howasy
Artardy asman-u-zemin gowgasy.

Haýwana, ynsana salyp tagmasyn,
Guşlar terk ederdi näzli nagmasyn,
Gaçardy görnügi gözel jaýlaryň,
Suwy bulanardy dury çaýlaryň,
Gamlanyp, gaý basyp daglar gaýasy,
Jöwzaly çöl bordy baglar saýasy,
Gysardy ýüregiň garalyp her ýan,
Geýnerdi ýas geýmin lälezar meýdan,
Kimseler bogulsa tupan tozuna
Kimler güýç tapardy ondan özüne.

Tutupdy dünýäni şeýle bir duman,
Duýupdy labyryn her ýerde ynsan.
Başlanan gününden göge galypdy,
Janly-janawary gorka salypdy.
Gahar-gazap bilen turan tupana
Köpler golun çermäp girdi meýdana.
Deňizler çaýkanyp, daglar yrandy,
Ahyrda umydyň çyrasy ýandy.
Ýene asudalyk daňy atanda
Asman ýagtylanda tupan ýatanda.

Ýatyrlan bolsa-da ol turan tupan
Şindem wagtal-wagtal garalýar her ýan,
Kä ýerde tüsse bar, kä ýerde uçgun,
Kä ýerde bulut bar, gün nury öçgün.
Uzadyp asmana kimler kesewsin,
Ýetirýär her ýere ýigrenji sesin.
Munuň garşysyna galdy dessine
Her kim ýerli-ýerden aýak üstüne
Saklanýar asmanyň tämiz howasy,
Başlanmaz dünýäniň ganly gowgasy.

* * *
Ynha, hemişeki boluşy ýaly
Balet teatrynyň şowhunly zaly.
Onuň foýesinde garrylar-ýaşlar
Gezýärler iki ýan dostlar,
deň-duşlar.
Käleri aýlanýar kitap daşynda,
Käleri ýygnanyp stol başynda,
Dürli temalardan gürrüň açýardy,
Duýdansyzlyk bilen wagt geçýärdi.
Hemmäniň ýüzünde şatlyk nyşany
Bardykça köpelýär gelýäniň sany.

Zala çagyrýarlar, çykdy jaň sesi,
Ýüzlendi şol demde gapa hemmesi.
Görünýär syn etseň, ynha, daşyndan
Paýtagtyň her kysym zähmetkeşinden
Iki ýan ložasy, uly parteri
Doldy hyryn-dykyn, ýok bir boş ýeri,
Hemmäniň nazary sahna dikildi,
Şol zaman alynky perde çekildi,
Yzdaky perdede giň gerip peri
Durýar belentlikde bir ak kepderi.

Durýardy, ganatyn gerip durýardy,
Onda şu ýygnagyň mazmuny bardy.
Garry professor ýygnagy açdy,
Zaldan birnäçesi ýokary geçdi.
Tribunaň öňüne soňra bir-birden
Bardy oratorlar turup her ýerden.
Her çykan syzdyryp teni-janyndan
Aýdýardy sözüni sap wyždanyndan.
Ýygnak gyzyklanýar, barha janlanýar,
Zalda parahatlyk sözi ýaňlanýar.

Ynha, garry işçi eli hasaly
Täsin herekete saldy bu zaly.
Sada sözleýärdi, ýüzi agrasdy,
Tiz-tiz sakynýardy, belki der basdy.
Dört ogly gidipdir fronta sary.
Birinden habar ýok gideli bäri,
Ikisi söweşde wepat bolupdyr,
Diňe iň kiçisi gaýdyp gelipdir.
Ýygyrtly ýüzünde gahar duýulýar,
Her sözün aýdanda ýürek gyýylýar.

Ynha, söz berildi çetden bir gyza,
Öňde oturanlar gaňryldy yza.
Ýüzün aşak salyp zalyň içinden
Dogry gidip barýar, emma daşyndan
Hiç habary ýokdy, orta çykanda
Açyp kagyzlaryn zala bakanda
Artdy al ýaňagyň gyzyly birden,
Giň maňlaý duýdansyz çyglandy derden.
Sandyrýan kagyza ýöneldip gözün,
Gyzymyz ahyrda başlady sözün.

Okyjym, bu ýerde aýak çekeli,
Şowhunly bu zala bile bakaly.
Öňdäki hataryň, seret, birinde
Hanha, bir ýaş ýigit häzir ýerinde
Düşdi ynjalykdan öňe seredip,
Oturşyn üýtgedýär için gepledip.
Ine goňşusyna ýüzlendi birden.
Diýdi: «Bilýäňizmi,
bu gyz nireden?»
« – Şümi? Institutdan».
« – Meddenmi, pedden?»
« – Medden nämişlesin, elbetde pedden».
Goňşusy ýigide bakdy bir geňsi.
«Gaty halaýdyňmy,
bolşuň neneňsi?» –
Diýen bir soragy göwne getirdi,
Emma söz diýmedi, ümsüm oturdy.
Ýigit garaýardy gözün aýyrman,
Geçipdi görmäni ony köp zaman.
«Hiç üýtgän ýeri ýok, öňküsi ýaly,
Al ýaňak üstünde görünýär haly,
Şol öňki mähriban nurana ýüzi,
Şol öňki asylly dürdäne sözi…

Goý, ýigit ýerinden ýene seretsin,
Geçeni ýatlasyn, hem pikir etsin.
Indi biz salalyň gyza nazary.
Duýulýar ýüregiň, gaçmaz gahary.
Başdaky ýygralyk taşlapdyr ony,
Hereket etdirip iki goluny,
Indi öz erkine gurbaty çatyp,
Kä ýumrugyn düwüp, kä ýüzün çytyp,
Barha çasly çykýar zalda oň sesi,
Kagyz ýatdan çykdy,
gyzdy kellesi:

« – Düýn dälmidi bütin dünýä goh berip,
Faşistleriň uruş oduny ýakany?
Düýn dälmidi parahatlyk ugrunda
Derýa bolup gyzyl ganyň akany?
Düýn dälmidi garry enäň gara göz
Ýalňyz oglun ugradany uruşa?
Düýn dälmidi ýaş geliniň söýgülsin
Ýitirip gözüniň dolany ýaşa?..»
Aýdanda gyzymyz soňky setiri
Öz sözi özüne etdi täsiri.

Dodagy kemperip birden hamsykdy,
Özün tutup bilmän gaty darykdy.
Zaldaky ýigit-de duýýardy muny
Indi ören anyk tanady ony.
Gyz zala ýüzlendi sylyp ýüzüni,
Ýene dowam etdi başlan sözüni:
«Düýn dälmidi şinelini çykaryp.
Soldatyň öýüne gaýdyp geleni?
Düýn dälmidi halkyň gaýdan gutulyp,
Azat zähmetinde demin alany?
Bu gün şer gözleýän azgyn jenaplar
Ýer ýüzüne ýaragyny bulaýlap,
Ýene buz üstünde tozan araýar,
Ganly hanjarynyň ganyny ýalap.
Biz dynçlyk söýýäris,
biz urşa garşy,
Biz azat zähmetiň tarapdarlary!
Uruş bolmaz islese-de her ýerde
Dünýäň gözi ganly maýadarlary»!
Otlukly gözleri zala garýardy,
Garaýşynda onuň çuň many bardy:
«Uruşdan üstün çykar adamzat erki,
Dollar, atom, çözmez halkyň ykbalyn!
Parahatlyk üçin indi her ýerde
Million zähmetkeşler göterýär golun.
Ol gollar güýçlidir topdan,
tüpeňden,
Olarda ýeňilmez ynsan güýji bar.
Dünýe gözelligin döreden ynsan
Ýykdyrmaz hiç ony beladan gorar».
Gyz sözün gutardy, zalyň şowhuny
Oturan ýerine ugratdy ony.

Hak söze ýigidiň joşup ýüregi,
Elin çarpan wagty galyp tirsegi,
Birden goňşusynyň egnine degdi.
«Bagyşlaň!» – diýdi-de başyny egdi.
Goňşusy gowsunyp çepe gyşardy,
Ýigidiň bolşuny gopgunly gördi,
Göz gytagy bilen bakdy egninden,
Belkä-de nägile bolandyr ondan.
Emma bihabardy ýigdimiz mundan.
Gyz ýaňy geçipdi onuň deňinden.

Onda-da hiç ýana öwürmän ýüzün,
Diňe ol tarapa dikipdi gözün.
Näçe ýöredikçe gaňrylyp yza
Baryp oturýança seretdi gyza
«Ol-da sözlän wagty görendir belki,
Ýygnak gutaransoň baraýyn ilki.
Ýagşy däl görensoň salamlaşmasaň,
Göýä öýkeli dek habarlaşmasaň,
Başyndan agyr gün geçipdir onuň
Hal-ahwal soraşmak borjumdyr meniň…»

Şu hili oýlanyp biziň ýaş ýigit
Oturyp özüne berýärdi öwüt.
Ynha, uzak çekmän ýygnak gutardy,
Bütin zal birdenkä ýerinden turdy.
Turanda gyz tarap boýnun uzadyp,
«Nireden çykarka»? Gapa seredip:
«Ýagşydyr birdenkä gözden ýitmese
Eger göremde-de eseň etmese,
Ýüzüme seretmän, golun uzatsa,
Soňra-da hoşlaşman ugruna gitse..?»

Her dürli pikirler gelip başyna
Ortaky gapydan çykdy daşyna.
Görse Ogulnabat öňünde durýar,
Kimedir garaşyp, yzyna garýar,
Aýdanda içinden «yhlasa myrat»
«Wiý, muňa seret-le, ynha, Akmyrat?»
Çekip uzak wagt aýralyk zaryn,
Häzir tapan ýaly ýakyn hossaryn,
Ilki özi gelip elin uzatdy,
Ýüzüne mähirli ýiti seretdi.

Duşuşyk şuň ýaly duýdansyz bolsa,
Geçenden köp zady ýadyna salsa,
Aňsat däl birdenkä söze başlamak,
Belli bir pikiri orta taşlamak.
Gyzgyn garşylandy biziň gahryman.
Belki öz içinden edendir puşman,
Gyz hakda nädogry oýa gidende.
Mylaýym ýylgyryp öňünde ine
Bilenok nähili gürrüň açjagyn,
Nämeden söz başlap many saçjagyn.

Onuň bir wagtky beslän arzuwy
Göýä güýz wagtynyň ilki gyrawy.
Gyza ýagty beren nurly güneşden
Yz goýman bireýýäm çykypdy başdan.
Sowurmak gerek däl köne samany,
Ýöretdi öz hökmün durmuş kanuny.
Bolmandy olaryň mekir-hilesi,
Ýokdy bir-birinden göwün kinesi,
Häzir bir-biriniň, ynha, öňünde
Durýarlar köne bir tanyş hökmünde.

« – Esli salym boldy üýtgetdim kärim,
Häzir gezmenderäk, ýöne käýarym
Gelýärin şähere düşende işim,
Sizi, ynha, şu gün birinji görşüm».
Bilýärin baryny, boldum habardar.
Hatyňyz gowuşdy. Gaty minnetdar».
Ýigit dilin dişläp sägindi bir dem.
Soň ýene gürrüňe başlady kem-kem:
« – Eşdemde Begenjiň şeýle bolanyn»…
Diýende ýüzüni sallady gelin.

« – Hawa, şeýle boldy, duýdansyz ýerden
Köne agyr ýara gozgandy birden…»
Ýene dym-dyryslyk, doldy bogazy,
Aýdylman ýürekde galdy gyz sözi.
Geçmişden köp zatlar düşse-de ýada,
Hiç gürrüň bolmady iki arada.
Ine şu halatda geldi bir kişi,
Garasa Akmyrat zaldaky goňşy.
Ol gele-gelmäşe gyza ýüzlendi:
«Hany, Ogulnabat, gaýtmarsmy indi?»

Ara howlukmaçlyk düşdi birdenkä.
«Hawa, gaýtmak gerek maşyn ýatmanka.
Hoş onda, Akmyrat!» Elin uzatdy.
Gelen daş işige hereket etdi.
«Görenme örän şat, sizem sag boluň,
Biziň taraplara gezmäge geliň.
Her mahal wagtyňyz bolsa eger-de,
Öýe beletsiňiz beletsiňiz, şol öňki ýerde».
«Görerin» – diýen dek yşarat etdi,
Aswaltly köçede gözünden ýitdi.

III

«Tersem, neresi bikabe, eý araby,
In räh ki tu mirewi bi Türkistan est.»1

« – Enäniň, gaýynyň erkin alanmyş,
Ikisem gitmegine razy bolanmyş».
« – Öňden-de bellidi şeýle boljagy,
Has äwmez deprendi öňün aljagy.
Yzyny kesmedi bu hossarsumak,
Gatnady arada misli bir ýumak.
Hany ahyrynda ne iş bitirdi?
Ile gülban boldy, adyn ýitirdi…»
« – Hiç sözi geçmändir Nurtäç biçäräň,
Aýlawy giň eken ol ýüzi garaň…»

« – Bary Enebaýdan, öz uýaňyzdan,
Asyl sala salman, soraman sizden
Hiç bir aladasyn etmän yzynyň,
Nogtasyn eline berdi gyzynyň.
Etdi öz diýenin gözüne basyp,
Agzyň suwly bolsa kim gulak asyp,
Ýüzüňe sereder, diýeniň eder?
Islese saklanar, islese gider.
Gamşy gowşak tutdy agaň-da başdan,
Gyrnak güýç görmedi garrydan-ýaşdan…»
__________
1 «Gorkýaryn, ýetmersiň Käbä, eý arap,
Seniň barýan ýoluň Türkestan tarap.»

« – Çişirme başymy, heleý, gap sesiň.
Men dilin tapaýyn haýsy bir mesiň?..»
« – Etimi kesseň-de sesimi gapman,
Etmişiň gizlemen, syryny ýapman.
Ýaby düz bolmasa, suw dogry akmaz,
Eger eýmenmese, sözüňe bakmaz, –
Diýip, ençe gezek ýatlatdym saňa
Hiç gulak asmadyň wagtynda maňa.
Çişip zemzen ýaly atma haýbatyň,
Eger kişiňki dek bolsa gaýratyň,
Git-de öz uýaňa gepini gögert.
Indi men günäli, wiý, muňa seret!..»
« – Ýeňňe jan, beý diýme, aýňalaweri,
Geçeni ölçerme indi senberi.
Gitse gidipdir-dä, ilde-de gyt däl,
Okamak, okatmak indi uýat däl.
Muşakgat baryny ýagdyryp birden,
Turzup tükenzawa biderek ýerden,
Salýaň adamlary uly howsala,
Düşen dek başyna sowulmaz bela».

Aldy al petinden munuň dessine,
Gygyrdy has beter çöwjäp üstüne:
« – Aklyň artyk bolsa, hyrydar gözle,
Mamla kim, bimamla, dogrusyn sözle.
Meniň aýdanlarym bolsa gabahat,
Özüň ber agaňa dogry maslahat.
Okar! Alymam bor, adamam ýasar.
Başy boş, eli boş, her ýana tasar…»
« – Haý, seniň gara bir..!
Güm bol ýanymdan,
Ugursyz takalyň ötdi janymdan».

Gahary-gazaby damagna gelip,
Çydaman ahyry däli dek bolup,
Adamsy ýerinden turan mahaly
Ýaňky batyr aýal ýyldyrym ýaly,
Darajyk gapydan syçyrap çykdy,
Döwdi bir çäýnegi, tüňçeni ýykdy.
Barşyna gorkuly ýeňse seretdi,
Bir agaç dazyrdap yzyndan ýetdi.
« – Derisin duzlasaň munuň dek pisiň,
Dilin ýeňsesinden çekseň deýýusyň…»

Yzyny garaman gitdi haňkyryp,
Goňşy-golamynyň öýüne baryp,
Göýä sary towuk, seçer samany,
Munsy hem jähennäm, ynha ýamany
Ýagdyryp üstüne töhmet baryny,
Ýetirer içerä köp azaryny.
Syryp gapy-gapy çar tarap gezer,
Nadaralyk bilen halky örüzer.
Kem-kem gelip başlar uly-kiçiden
Dolar öýüň içi töwellaçydan.

Il-gün bir gowy zat, derrew ýetişer,
Gaharyn-gazabyň bary ötüşer,
Başlanar ýene-de öňki ýaşaýyş,
Bolupdy obada şu hili bir iş.
Okuwa ugranda biziň gahryman.
Ýöne welin yzy beýle gutarman,
Geçensoň aradan birnäçe mahal,
Täzeden başlandy, emma galmagal
Bolmady hiç hili, geçdi parahat,
Tapdylar är-aýal mamla maslahat.

« – Ýeke goýmak bolmaz bir ýat şäherde,
Goraýjy göz gerek oň ýaly ýerde.
Ibersek okuwa bizem Ýollyny
Her bir ädiminde yzlardy ony.
Munda galanda-da gönenç ýok ondan,
Ätiýaç edenok senden ýa menden,
Söw-söw ygyp ýörýär obanyň için,
Etmeýär ýürekden kolhozyň işin,
Hepbesiz bir pelit janyňy ýakýar,
Ilde geň görenin alnyndan çykýar».
Sypaýy başlady aýal sözüne,
Äriniň ünsüni çekdi özüne.
Hiç işi bolmazdy gep-gürrüň bilen,
Meýdandan ýaňyja dolanyp gelen
Gyşaryp tirsegin ýassyga berip,
Ajyja gök çaýyň neşesin görüp,
Aýalyň gürrüňin diňleýär äri.
Ol dowam edýärdi köp wagt bäri.
Ep-esli oýlanyp, diýdi daşyndan:
« – Okuw aňsatmyka kolhoz işinden?»

« – Wah, işiň aňsady ýokdur, kakasy,
Bolmasa ýanynda ene-atasy
Ogluň dogumlanar, ile goşular,
Goý, gitsin, belkä-de bagty açylar.»
« – Girmegem kynmyşyn, ynha, gör weli,
Gaýdyp ger yzyna gidişi ýaly.
Kellede bir zady barmyka asyl?
Hany bir hasapla, geçdi näçe ýyl
Gutaraly bäri munuň obany,
Çykandyr ýadyndan barja bilýäni».

« – Ol ýerde, kakasy, birimiz bardyr,
Atly-abraýly, köp dilewardyr.
Eger başarmasa girmegi özi
Düzeder bar zady onuň bir sözi.
Onsoňam, kakasy, bir zada düşün,
Bilemok men onuň okuwly işin,
Mäkäm tabşyrmaly oňa bir zady –
Gözden sypdyrmasyn Ogulnabady.
Eger egri bassa aýagyn ýerden,
Dogry habar etsin bize şo ýerden».

Gürrüňi edilýän şu ýigit üçin,
Är-aýal oýlanyp özara içgin,
Hormatly okyjym, ýatla bir zaman
Soňra wepat bolan biziň gahryman
Ganly söweşlerde öňe barýarka,
Gyzymyz yzynda ýolun garýarka,
Köp gezek söz aýdyp Ogulnabada
Gatnaw ýygalypdy iki arada.
Emma beýle hyýal başa barmandy,
Är-aýalyň içi doly armandy.

Olar ýöne ýatman günde-günaşa
Sawçy iberdiler töwerek-daşa.
Kimsi uzakdady, kimsi ýanaşyk
Käleri sypaýy, käleri açyk
Tersin jogap berip aýdylan söze,
Sawçylar köp gezek gaýdypdy yza.
Oba giň, ilat köp, gezildi ýene,
Bir gözel maşgalaň üstünden ine
Düşdüler, tapyldy uzak bir ýerden,
«Geçdi kör düýesi» ahyr köprüden.

Emma uzak çekmän beýle dabara,
Gyz gaýdyp gidensoň kesildi ara,
Bilmedim näm üçin, gyz ykbalyna
Käýinip, örtenip agyr halyna,
Ata-enesine edip käýişi,
Gözünden birsyhly akdyryp ýaşy,
Dolanyp ol öýe barman diýipdir,
Ölinçäm ýüzüni görmen diýipdir.
Bu işiň syryny bilmedi hiç kes,
Ýigit sallah galdy, çykmady bir ses.

Är-aýal gürrüňi uzaga çekmän,
Mazmuny şu öýden daşary çykman,
Jemlendi ahyry soňuna ýetdi,
Aşgabat tarapa ýigit-de gitdi.
Ekzamen wagtynda, şowhunly zalda
Her dürli ýagdaýda her hili halda,
Okyjym, bu ýigdi görüpdiň sen-de,
Artdyryp aýdara hiç zat ýok mende.
Gözegçi goýlan dek oba gyzyna,
Edil kölge ýaly düşýär yzyna.
Diňe gözegçimi ýa başga ýene
Belli bir maksady dikip göwnüne,
Iru-giç bir zada umydy barmy,
Ýürekden ýürege ýol agtarýarmy?
Kim bilsin onçasyn özi bilmese,
Guýma gursak bolup döredilmese,
Dürtme gursak bolan haýsy ynsanyň,
Ne hamyr, ne petir bir gury sanyň
Niçik görkezersiň barýan ýoluny,
Özi saýgarmasy sagy-soluny.

IV

«Когда рассудок с сердцем в споре.
Кому довериться из них?
Рассудку? Верно, он построже,
Решая, всё в расчёт возьмёт.
Но что сказать рассудок может,
Когда он, сердца не поймёт»1

С.Шипачёв

Şäherden, obadan alys arasy,
Görünmez gözüňe daglar garasy.
Pasyllar gözeli bahar aýynda
Garagum çölüniň giň bir oýunda
Her tarap uzalyp kolhoz örüsi
Ýatýardy, göwsünde goýun sürüsi.
Asuda, arkaýyn ýaýrap her ýana
Ajaýyp görk berýär jansyz meýdana.
Görünýär ýeňsede gumlar depesi,
Eşdilýär çopanyň tüýdügniň sesi.
__________
1 «Akyl bilen ýürek jedelleşende,
Olaryň haýsysyna ynanmaly?
Akylamy? Dogry, ol seresap bolýandyr,
Ýedi ölçäp bir kesýändir.
Emma ýürek urgusyna düşünmedik wagty
Akyl näme aýdyp biler?»
Bireýýäm gowşapdyr gyzgyny günüň,
Uzalyp kölgesi ýowşan-syrkynyň,
Pessaýlap osýärdi ýazyň şemaly.
Bu wagt uzakdan bir nokat ýaly,
Uly dykgat bilen garasaň düze
Guşlukda bir gara görünýär göze.
Kim bilsin, ýakynmy, daşmy arasy,
Kä gözüň ümezläp ýitýär garasy,
Käte süýnüp gidýär, göýä bir derek,
Ýerden asman sary golun gerýän dek.

Üýtgedýär görnüşin her bir garaşda,
Bir görseň ýakynda, bir görseň daşda.
Birden salgym atyp, her ýere ýetýär,
Birden gaýyp bolup gözünden ýitýär.
Bu wagt çopanlar sürüp her ýandan
Mallar çekilýärdi otluk meýdandan.
Ätiýaç edilýän açgöz börüden,
Her kim göz aýyrman agyr sürüden,
Edýär ýagtygözin onuň gamyny
Möjek myrdar duşman tapsa çemini.

Jürdür çopanlaryň işe hemmesi,
Gezekli-gezegne uzyn gijesi
Süriniň daşynda gaýym durarlar,
Gorkuly ýerlerde gapan gurarlar.
«Akbaý» hem «Garabaý», «Görsebasarlar»
Diňşirgäp her ýana gulak asarlar.
Goýnuň gapdalynda, beýgiň üstünde
Göýä serhetçi dek durýar postunda.
Oýda goýun bary gysyp bir-birin,
Gözleşer her haýsy amatly ýerin.

Bolýar her haýwanyň howply duşmany
Çykar kirpi görse ýylanyň jany.
Aşakdan, ýokardan eder urgyny,
Guşlar lerzan urar görse gyrgyny.
Endamy zagyrdap bolar ýesiri,
Her haýwan derede görende şiri.
Ejizdir möjekden eşek janawar,
Gözläp özi üçin bukuja bir ýer.
Girer emaý bile süriň içine,
Şonda-da garanar degre-daşyna.

Ýene ýüzlenäliň görünýän gara,
Ep-esli bir pursat düşüpdi ara.
Göze ilki gezek ileli bäri,
Ýüzlenip şo ýerden çopanlar sary.
Hereket edipdir, ýakynlap ara
Görünýär garasaň indi äşgäre.
Düýe kerweni däl, ýok düňi, jaňy,
Ýörişi çalasyn, yzynda çaňy.
Çopanlar, çoluklar kän seretdiler,
Ýa başlyk, ýa ferma güman etdiler.

Gün göýä gyzaryp çapady ýaly
Gutaryp şu günki geçmeli ýoly,
Hoşlaşyk nuruny saçýardy çöle,
Çoluklar çadyrda bar güýji bile
Ýadaw çopanlaryň gerek hezzeti –
Taýýar edýärdiler dürli lezzeti.
(Alyp ýaý içine ýatladýan saňa
Okyjym, eger-de ynansaň maňa
Çölde nahar iýseň tagamy artar,
Işdäň her bir zady özüne dartar).

Gije öz erkine girip başlanda,
Gara çadyryny gerip başlanda,
Birden uzakdaky garaň ýerine
Ýakyndan çyralar göründi ine.
Az salym geçensoň sesi eşdildi,
Ara tekizlikde özi-de geldi.
Topuljak bolanda itlerden kesi,
Ýatyrdy olary çopanyň sesi.
Gelip ýanlarynda maşyn duranda
Nätanyş adamlar göründi onda.

Çopanlar maşynyň aldy daşyny,
Derrew kakyşdyryp egin-başyny.
Ynha, bir ýaş ýigit geldi ýylgyryp,
Görüşdi, baryna goluny berip.
Gadyrly myhmany duýdansyz tapan,
Ýüzlendi ýigide ýaşuly çopan:
« – Saglyk-amanlykmy? Geliş nireden?»
Çopanlardan biri bu wagt birden:
Hemmäniň ünsüni özüne çekdi,
« – Ýene-de maşyn!» diýp,
şol ýana bakdy.
Hemmäniň ünsüni özüne çekdi.

« – Ol hem biziňkidir, galypdy yza.
Geliş nirdendigin aýytsam size,
Belli bir ýeri ýok onuň, ýaşuly,
Köp wagtdan bäri aýlanýas çöli.
Ynha ýoldaşlarym, tanyşyň hany»
Äýnekli bir kişi garry çopany
Nazarlap ortadan öňe süründi,
Garaşlar bir-birine yssy göründi.
Türkmençe eşdende salam sözlerin,
Çopan oýnaklatdy ýiti gözlerin.

Şadyýan ýylgyryp,
asyl darykman,
Onuň öz diline hiç bir irnikmän,
Salamyň jogabyn beren mahaly,
Myhmany bir hili geňirgän ýaly,
Äýnegiň astyndan ýiti seretdi,
Emma ol alymda guwanç döretdi.
Düşürip maşyndan gerek zatlaryn,
Iýmeli, içmeli ýol harytlaryn,
Ýerleşdi gelenler indi arkaýyn.
Nahar-da, gök çaý-da tiz boldy taýyn.

Ýaşlardan saýlanyp çykyp bir gyra
Garrylar gürrüňe boldular gümra.
Her biri özüniň başdan geçenin,
Haýsy bir ugurda derin seçenin,
Howlukman asuda aýdyp berýärdi,
Gürrüň gitdigiçe has gyzygýardy.
Üýşüp ýaş çopanlar ýigdiň daşynda,
Söhbete berildi çaýyň başynda.
Çölüň şunuň ýaly ajaýyp wagty,
Ojakdan ýüzlere düşýärdi ýagty.

Diňläp ýaş ýigidiň aýdan sözlerin,
Çopanlarmyz mölerdişip gözlerin,
Örän geň gördüler onuň kerini:
«Neneň barlap çykjak guşuň baryny?
Ýa çöpdür, ýa möjek iýýän höregi,
Bilende, bilmände barmy geregi?
«Ýaşaýşy, gurluşy hem ähmiýeti…»
Guşuň gerek zady diňe bir eti…»
Käler şu pikirde için gepletdi,
Emma sorag bermän gizlin seretdi.

Gürrüň arasynda bir çopan oňa:
« – Bir tanyş ýüz ýaly garamda saňa,
Göwnüme bolmasa, ozal bir ýerde
Bilmedim, obada ýa-da şäherde
Seni gören ýaly, kim diýdiň adym?
Akmyrat, Akmyrat.., ýa walla ýadym
Bütinleý galmandyr, emma tanýaryn.»
« – Mümkin sen görensiň, men ynanýaryn.
Magaryf işinde bolan mahalym,
Ylaýta-da onda ilkinji ýylym,

Men ýygy-ýygydan oba barardym,
Aýlanyp mekdepleň baryn görerdim».
« – Oglanlar, gutaryň, ýatsyn myhmanlar
Ýene turmalymyş bular daňdanlar.
Diýerler gulagyň bolmazmyş garny,
Etsin her haýsysy ýatmaly ýerni» –
Diýip, garry çopan hemmä ýüzlendi.
Bu wagt aşaklap Aý-da gizlendi.
Akmyrat aşakdan ýerin düzetdi.
Galanlar maşynyň üstünde ýatdy.

Halta düşegini çekip üstüne,
Ýassyga başyny goýan dessine,
Gitdi süýji uka gelenleň bary,
Käleri bireýýäm çekýärdi hory.
Emma ýaş ýigdimiz gözün ýumsa-da,
Sesini çykarman uzak dymsa-da,
Ukusy atlydy, özi pyýada.
Bilmedim, nämeler getirip ýada
O ýana, bu ýana agdarylýardy,
Käte gözün açyp, göge garýardy.

Ine, şunuň bilen wagt geçýärdi.
Çopanlar özara hümürdeşýärdi:
«Siziň özüňizden alsak mysaly,
Käte gijelerňiz uly gowgaly
Geçýändir börüler çozanda sürä,
Eger-de hiç wagt gelmese örä
Möjek ýa başga bir ýyrtyjy haýwan,
Ýok bolsa mydamlyk, bermese zyýan,
Her çopan asuda demin alardy,
Nähili erkinlik, dynçlyk bolardy.

Dünýäniň ýagdaýam edil şuň ýaly,
Birnäçe jeňbazlar möjek mysaly,
Ýene buz üstünde turuzýar gozan.
Dünýäniň dynçlygyn ozalky bozan
Ýok boldy, ýerine başgasy dörýär,
Urşuň öçen odun ýene ölçerýär…»
Ýigdiň bu sözlerin gaýtalap bary:
«Guş tutmak bolsa-da munuň hünäri,
Çykýana meňzeýär kän zatdan başy,
Sowdupdyr wagtynda çorbany kişi».
« – Alym diýýär weli eşigi-zady
Alymka meňzänok hiç bir pisady…»
« – Goýsana, sen beri, lokgy-lokgyňy,
Gömül ýeriňe, az et hykgy-pykgyňy,
Toý-tomaşa barmy çölüň içinde?
Gyrmyz don geýsinmi gara işinde?»
« – Gömül-sömül diýip herrelme ile,
Alym seniň ýaly çopanlar bile
Dost ýaly degişip, gülüp oturmaz,
Ýüzi agyr bolar, ýanna getirmez».

« – Ýadyňdamy, sammyk, bize bir mahal
Gyşda örän güýçli bolanda ygal
Gelipdi ýokardan ýolbaşçyň biri,
Ýygnanyp daşyna çopanlaň bary,
Maslahat edildi, gorky azaldy,
Biziň aramyzda ep-esli galdy.
Degişmek, gülüşmek onda-da bardy,
Ula – agam, kiçä – inim diýýärdi.
Ol zatlar ýadyňdan çykdymy ýa-da?
Biziň adamlaryň hemmesi sada».

Bularyň gürrüňin diňläp bir salym,
Güldi öz içinden biziň ýaş alym.
Ýatdy çopanlar-da ýuwaş-ýuwaşdan,
Indi jyňk çykanok ýakyndan-daşdan.
Emma uky gelmän ýene gözüne,
Käte gahar etdi özi-özüne,
Zordan düşegini başyna çümrüp,
Uka gitjek bolýar, ýüregi urup
Demigip, der basyp üstüni açýar,
Ýaz şemaly ýüzün sypalap geçýär.

Üýtgeşmek özüni çekdirmez käne,
Eger-de çyg ýere düşse bir däne,
Iýmitlenip başlar howadan, ýerden,
Kiçijik güberçek döredip birden.
Aşakdan ýodajyk tapar özüne,
Gulagyn gabardyp ýeriň ýüzüne
Çykanda güýç alyp ýiti kuýaşdan,
Gol atyp her ýana ýuwaş-ýuwaşdan,
Aşagy berkeşer, ýokarsy öser,
Öser, ösdügiçe her dürli öwser.

Sebäpsiz çöp başy gymyldamazmyş,
Gary eremese sili bolmazmyş,
Uzyn jülgesinde belent daglaryň,
Uçmasa bilbili gözel baglaryn,
Gülleri solmazmyş, görki gitmezmiş.
Ynsan howpsuz ýerde gorky etmezmiş.
Bar bolsa sebäbi her bir wakanyň
Ukusy tutmaýan bu gahrymanyň
Belki sebäbine ýetýändir gözi,
Geliň, on özüne bereliň sözi:

«Duýgumy, söýgümi, keselmi-dertmi,
Parhy ýok, sen özüň namartmy-mertmi?
Salsa syrtmagyny jadyly syry
Ahyrda, gürrüňsiz, bolýaň ýesiri
Bilmedim, göwnüme ýa-da hakykat
Çekildi şol ýana mende bar dykgat.
Dikelýär öňümde ýene-de görki,
Giderdim elimden belkä-de erki.
Ýaşlygyň gowgaly ala-bahary,
Ýene tarsyldaýar ýürek damary.

Beýle pikir ýokdy ilki göremde,
Öňki ädimlerim ýatlap her demde
Gaýta gyzarardym onuň öňünde.
Bilmedim nireden döredi mende,
Onuň barasynda şeýle bir garaş
Eger bolan bolsa, onda ara daş,
Belki, men düşmezdim beýle hyýala,
Käýinip öz-özüm çekmezdim nala,
Parahat ýaşardym, görmezden ony,
Görüşmek, duşuşmak özgertdi meni.
Irginsiz geçilýän uzak ýollarda,
Mejnunyň mekany ymgyr çöllerde,
Gijeler ýatamda, gündiz turamda,
Her gezek işime elim uramda,
Gitmeýär kalbymdan, mydam ýadymda.
Yzarlap ol meni her bir ädimde.
Gözümiň öňünde bütin göwresi,
Eşdilýär gulagma ýakymly sesi.
Asuda obanyň tämiz perzendi
Ýene-de daşyma gurapdyr bendi.

Akylym bir ýana, ýürek bir ýana,
Düşýär iki ýandan howsala jana.
Biri öňe çekýär, birisi yza
Haýsysy haýsysyn çökerer dyza?!
Akyl aýdýar ondan çekmeseň eliň,
Ýigrenjisi borsuň sen uly iliň,
Dost-ýaryň, deň-duşuň hem-de ýoldaşyň,
Tanyş-u-nätanyş, ýakynyň-daşyň
Geňirgär, ýazgarar, unutma muny
Barysy ýüz öwrer, eşdenje güni.

Getirme kelläňe beýle boş hyýal –
Sen bolsaň boý ýigit, ol bir dul aýal,
Dullugyndan başga, yzy çagaly
Oýlan bütin ömrüň öter gowgaly.
Sen oňa lak atjak niçik ýüz bilen,
Çekip hasrat baryn göwni bozulan
Ol sana ýürekden goýýar hormaty,
Dogany hasaplap sylaýar gaty.
Söýginiň, hormatyň ýykma arasyn,
Gozgama naçaryň ýürek ýarasyn.

Sen oňa ýüz tutduň öň hem bir gezek.
Beripdi jogabyň çekdirmän uzak.
Köp puşman edipdiň şonda sonuňdan,
Ýene-de sen çykýaň onuň öňünden
Näme, tükendimi dünýäniň gyzy,
Belki, puşman bolar ýene-de yzy?
Gaçyryp bahaňy har etme özüň,
Ökünip soňundan gyzartma ýüzüň.
Belent tut başyňy iller deňinde,
Mertebe goragy bolmazmy sende?!

Emma başga urýar ýüregiň tary,
Diýýär gury sözler bularyň bary.
Öň göwün bereňde günäkärmidiň?
Ýa-da bir bet niýet hilegärmidiň?
Olaryň barysy kanuny zatdy,
Gyz saňa özüni şonda tanatdy –
Beren wadasyna wepadarlygyn,
Duýgy dünýäsine hökümdardygyn
Ine, şonuň üçin bu gün ol sana
Mähriban görünýär, düşünseň muňa.

Yşkyň patyşasy, gedasy bolmaz,
Ýel tapsa özüne pidasy bolmaz.
Nähak hasap edýäň sen ony naçar,
Ynsanyň arzuwy kalbynda ýaşar.
Bardyr her ýürekde yşkyň gözbaşy,
Aýdypdyr bu hakda şahyrlarbaşy:
Bir duzsuz tagamdyr dünýäniň sözi
Bolmasa ýürekde yşkyň bir gözi.
Joşursaň ýol tapyp eger şol gözi
Şonda bolmaz saňa hiç kimiň sözi.

Gurasa täzeden ýykyk binany,
Iller hormat bilen beýle ussany
Äkider göterip alkyş bagyna.
Eger seýik bolsaň ýürek dagyna,
Hakykat ýüzüne dogry garanyň,
Barysy bir demde bolar ýaranyň,
Ýazgarmaz deň-duşlar, dostlar hak işi,
Eger-de hak işi başarsa kişi
Artar mertebesi içinde iliň,
Düşün, gysga bolmaz hiç ýerde diliň…»
Bu wagt bir ýyldyz süýndi asmanda.
Pikir erşin kesip oňa garanda,
Ýiti ýalkym salyp, aşaklap gitdi,
Yz goýdy, yzy-da şol bada ýitdi.
Gollar iki ýandan gursagyn oýkap,
Şol bir ýatyşynda kellesin ýaýkap,
Diýdi: «Oňarmadyň, ah, ömri zaýa,
Gitdiň kerwenini batyryp laýa,
Ykbaldaş ýoldaşyň ýitirdi seni,
Şu agyr ýagdaýa sen saldyň meni». Romanlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle