Söýgi -5/ romanyñ dowamy
Söýgi -5/ romanyñ dowamy
«Радуюс я – это мой труд вливается в труд моей республики.»
В.Маяковский.
Ýürek joşa gelip waspyň sözlämde,
Waspyna mynasyp sözler gözlämde,
Tirkeşip setirler yzly-yzyna,
Düzülýär keşde dek kagyz ýüzüne
Seniň waspyň edip bu gün her ýanda.
Bu azat ülkede biziň zamanda,
Beýik owazyny ýaňladýar bagşy,
Sensiň bu dünýäniň bezegi-nagşy,
Eşretiň gözbaşy, eý beýik zähmet,
Diňe seniň bilen tapylýar rehnet.
Dürli döwürlerde, dürli ýagdaýda
Jöwzaly yssyda, gazaply gaýda,
Asyrlar dowamy, arkaba-arka
Çal tebigat bilen ýyrtyşyp ýaka,
Sen dälmi daglaryň, giden düzleriň,
Jeýhun derýalaryň hem deňizleriň
Ugruny üýtgedip, keşbin täzelän
Ymaratlar bilen dünýäni bezän.
Sen dälmi döreden başda ynsany,
Sen dälmi gülüstan eden her ýany!
Açsa goja taryh giň sahypany,
Getirsem göz öňne dürli zamany,
Sözüň hakykaty, däldir gümany,
Bölüpdiň iki ýan külli ynsany.
Kimler algyly dek tutup ýakaňdan,
Geçirdi ömrüni seniň arkaňdan
Ýasy garnyn sypap aýşy-aşratda,
Kimleri galdyrdyň gaýgy-hasratda.
Köplere ejirdiň, azlara rehnet
Bütin taryh boýy, eý beýik zähmet.
Aýlandy, durmady taryhyň çarhy,
Uludyr geçmişden döwrümiň parhy.
Bu gün biziň ýurtda, sowet döwründe
Zulum zynjyrynyň gyrlan ýerinde
Sen bolduň çeşmesi şanyň-şöhratyň,
Gahrymançylygyň, abraýyň-adyň.
Ejirdiň bir zaman, indi şatlyk sen.
Baky parahatlyk hem abatlyk sen,
Seniň bilen üstün çykyp her zada,
Biz dogry barýarys maksat-myrada.
Hormaty uludyr peýdaly käriň,
Aýratyn orny bar her bir hünäriň,
Joşgunly deňizde öňe sürünýän
Gaýlar garşysyna kükregin gerýän
Gaýduwsyz gäminiň möhüm çüýi dek,
Her kär öz ornunda derwaýys gerek.
Ukyba, talanta, islege laýyk
Özüne kär saýlap azat halaýyk,
Yhlasly ýapyşyp ona hemişe,
Goşýar goşandyny umumy işe.
Dünýäde her kesiň söýdük käri bar,
Her käriň özüne laýyk täri bar.
Eger işlän bolsaň mugallym bolup,
Sapaga degişli esbaplar alyp,
Girende klasa ilkinji gezek
Ýaýdanyp-ýaýdanyp duransyň uzak.
Hasaplydyr seniň minut-sagadyň,
Bellidir ýalanda geçmeli zadyň.
Emma aljyrasaň, ýitirip özün,
Gözläp tapmalysyň aýtmaly sözüň.
Anyk many bolmaz diýen zadyňda,
Wagt paýlanşygy durmaz ýadyňda.
Käte sen bilmezden, gyzygyp gaty
Berersiň barlaga artykmaç wagty.
Täze sapagyňa başlaňda ýaňy
Sen duýman galarsyň, urarlar jaňy.
Indikiňde, ynha, onuň tersine,
Gala-gop girersiň baryp dersiňe.
Öňki geçilenden çykarman many,
Başlarsyň gyssanyp täze temany.
Çakyndan örän ir gutarsyň ony,
Wagtyň kän, sözüň ýok, der basar seni.
Haýal gaýtalarsyň, bol berkidersiň,
Depdere, kitaba kän seredersiň,
Gyssanyp dem arsyň uludan-uly,
Emma döwülen dek sagadyň dili
Meňzemez bu wagt öňki urşuna,
ýöremez, durandyr şol bir durşuna.
Ynha «elementiň» tamam hemmesi,
Garaşarsyň, çykmaz emma jaň sesi.
Bu zatlaryň baryn hut öz başyndan
Geçirdi gyzymyz, bakman daşyndan.
Şowsuz sapagynda teň bolup haly,
Bererdi özüne şeýle sowaly:
«Bu işe baş goşdum belki tötänden,
Kemally mugallym bormuka menden?
Eger şeýle bolsa sapak gidişi,
Ýagşy dälmi tapsam başga bir işi?
Her bir höwesjeňden bolarmy zergär?
Haly ýüwrüp, kilim kesmek ne derkar?»
Bu bir tebigy zat, bar kişä äşgär
Işinde şowsuzlyk duýsa her işgär,
Hamala, hiç zada ukypsyz ýaly,
Getirer başyna dürli hyýaly.
Käte göwni geçip onuň özünden,
Umytsyzlyk duýlar her bir sözünden.
Emma tiz wagtda bularyň bary,
Göýä mart aýynyň ýukaja gary,
Ereýär, bugaryp gidýär dereksiz,
Adam erkin alýar eline şeksiz.
Şu wagtda, şeýle ýagdaýda
Ýatladyp geçeýin size bu taýda,
Ýazyň gözel güni, eziz okyjy,
Gelipdi Akmyrat mekdebe synçy.
Geçdi kän wakalar ol günden bäri,
Şol wagt mekdepde okýanlaň ýary
Dargady, ýok olar häzir bu ýerde.
Her dürli WUZ-larda, dürli şäherde
Okaýarlar, öwrenýärler kän zatlar,
Gelýär her günsaýyn alkyşly hatlar.
Mugallym, mugallym! Gör, ne gözel at!
Sende gözün açýar ilki adamzat.
«A» harpyndan başlap alymlyga çen
Gol berip, goltuklap alyp barýaň sen.
Menikli okuwçyň alýandyr pendiň,
Söýersiň sen ony misli perzendiň.
Mekdepden uzakda ýetmez kararyň,
Okýansyň, bilýänsiň, berýänsiň baryň.
Joşgunly zähmetde geçer aý-ýyllar,
Hyzmata hormatdyr, ýatlar nesiller.
Girende klasa biziň gahryman
Nurly ýüzi bilen garap mähriban,
Kim baryn, kim ýogun bilýärdi özi,
Hatar partalara düşende gözi.
Birnäçe gün bäri gyzlardan biri
Gelenok okuwa, boş durýar ýeri.
Otyr, ýüzi salyk, ynha jorasy,
Bilýärdi, gelmäge ýokdy çäresi.
Çekinip aýtmaga birbada ony,
Geçirdi geplemän birnäçe güni.
Emma kisesinde häzir ol gyzyň
Ýürekden syzdyrlan birnäçe sözüň
Suraty çekilen akja kagyz bar,
Ol onuň titreýän elinde durýar.
Jaň bolup bu sapak gutaran bada
Gowşurdy ol ony Ogulnabada.
Ol hatda geň habar barlygy mälim.
Ynha, koridorda ony mugallym
Derrew açyşdyrdy, gidip barýarka,
Başlanýar şu ýerde şol bolan waka.
Goşgy galypyna salaýyn haty
Ol örän gysgady, sadady gaty:
«Bagyşlaň siz meni,
eziz mugallym,
Şu haty ýazamda titreýär golum.
Ýapdylar meň üçin mekdebe ýoly,
Birneçe gün bäri tussagda ýaly,
Gözünden sypdyrman saklaýar ene.m.
Käte için çekip, zordan alyp dem,
Ýetirýär ýakymsyz ajy sözlerin,
Gaharly alardyp mana gözlerin.
Barsam dawalaşyp, gaçyp barmaly,
Atadan, eneden geçip barmaly.
(Diýýär «ýa bizden geç, ýa mekdebinden
Başyna gidipsiň, irdim gepiňden»).
Öýmüzde bir garry ýatyr goş basyp,
Kämahal ogrynça men gulak asyp,
Diňleýän sözlerin, pyşyrdap her
Biçýärler donumy garry hem Ejem.
Biçseler biçsinler, barmaz ol başa
Gep bolmajak bolup ýakyna-daşa.
Bilmezlige salyp, saklaýan özüm,
Mydam mekdep tarap delmurýar gözüm.
Kakamyň bir bolşy, öz işi bilen,
Oňa syryn bermän, uzakdan gelen
Diňe ejem bilen hyşyr-pyşyrda,
Ýalum-ýulum edip içde-daşarda.
Kakam türkanadyr, alarlar daşyn,
Gorkýaryn, al bilen aýlarlar başyn.
Mähriban mugallym, ýüregim gysýar,
Ýeke men bu ýerde, howsala basýar.
Ýadymda mekdebiň şat-şagalaňy,
Gitmeýär gulakdan kakylýan jaňy.
Geçilýän dersleri joramdan sorap,
Kitaba, depdere ogrynça garap,
Çolaja ýer tapyp her gün öz-özüm,
Okaýan sapagym, sypynsa gözüm.
Bir gelip gitseňiz hossar hökmünde.
Bilýäňiz ýygralyk bar başdan mende,
Emma men erkimi saklaryn golda,
Garaşýan geler diýp gözlerim ýolda»,
Gyzyň bu sözleri Ogulnabada
Obada köp zady saldylar ýada.
Okanda bu haty çytyldy gaşy,
Galmagal-gykylyk, töwerek-daşy,
Emma bilmeýärdi, göýä bir özi
Belli bir nokada dikilip gözi,
Size garaýardy, garadyk sary,
Ony oýlandyrdy gyzyň azary.
Birdenkä ýadyna düşdi bir waka,
Bolupdy şeýle iş özi okýaka:
Günleriň bir güni bir sapakdaşy,
Şadyýan, degişgen klas ýoldaşy
Mekdebe gelmegin kesdi birdenkä,
Çak etdi joralar. «Näsagdyr belkä».
Ýedi ýyl bileje okapdy ol gyz,
Ýitidi her zada, düşünerdi tiz.
Ýene okajakdy gidip şähere,
Emma pynhanlykda bir uzak ýere
«Wagtynda ýapylsyn gyzyň ýeňsesi»,
Diýip, çykarypdyr ata-enesi.
Häzir Ogulnabat ol gyz hakynda
Oýlanýardy, ondan ýaňy-ýakynda
Oslagsyz otyrka bir hat alypdy,
Hatyň köp ýerleri ýatda galypdy:
«Kän salam gönderýän, eý eziz joram!
Ýanyňa barardan daş meniň aram.
Gidenimden soňra dogduk obamdan.
Sargardy gül ýüzüm, gaýgydan-gamdan.
Görsem ataň-enäň meni çatany
Dünýäde deýýusyň baryp ýatany.
Orta ýakynlaşan, deňim-duşum däl,
Ýüzi gasyn-gasyn, bar saçynda çal,
Gaş-gabagy çytyk, gaharjaň, gödek,
Içýärdi aragy naharda suw dek.
Menden öň bireýýäm «telpegi agan»
Bir ýekeje özi eneden dogan,
Lälik saklanypdyr, ýok okan ýeri,
Bilini agyrdyp dökmändir deri.
Bar aşyň gatygy öýde enesi,
Ertirden agşama ýatmazdy sesi.
Iki ýan zowzaklap geçirdi güni,
Tanamazdyň şonda görseň sen meni.
Munuň üstüne-de her bir ädimde
Eşderdim ajy söz, şindem ýadymda:
«Gelmändiň erkiňe özüň bu ýerik,
Edersiň towlanman hyzmat içerik.
Talaň salan sensiň, bilseň bu öýe,
Bermesek-de haly, goýun ýa düýe
Ataň petde-petde sanap alandyr,
Nebisjeňlik bilen kisä salandyr…»
Bir zat diýsem jogap edip sözüme,
Basýardy enesi şuny ýüzüme.
Oglundan köp biýrdi maňa azary,
Börügiň, ýaşmagyň hökmandy bary.
Gaty gargynsam-da ata hem enä
Bir ýandan, jora jan, özümde günä:
Boljak bolan bolup asylly bir gyl.
Könäniň öňünde epipdirin dyz.
Men soňra düşündim eden ýalňyşym.
Emma ol wagtlar ýaş eken başym.
Ahyr çydam etmän göterdim başym,
Hossar boldy hemme töwerek-daşym.
Edip aladamy, goldap komsomol
Maňa tapyp berdi şonda dogry ýol.
Bir ýyl bolup geçdi indi şäherde
Okuwa täzeden girdim bu ýerde.
Gül ýaly gyzlar bar eliňde seniň,
Ýaşlykda uçuran ýagdaýym meniň
Sapak bor olara ýatladyp geçseň,
Görmän gidäýmegin şähere düşseň…»
Uludan dem alyp galdyrdy başyn,
Ýygnady ýanyna töwerek-daşyn.
Maslahat etdiler çekdi ol uzak,
Çykyp sözlän boldy birnäçe gezek.
Jemlendi bir ýere pikiriň bary:
Ertesi şol gyzyň öýüne sary,
Biziň gahrymanyň barmaly özi.
Göreli, okyjy, oň aýdan sözi
Ýer tutarmy, ýa-da öňküden beter
Gürrüň ula gidip, köp ýere ýeter.
VII
«Mal alasy daşynda,
Adam alasy içinde.»
Nakyl.
Uzaga çekdirmän etmeli işin,
Ynha söküşdirip obanyň için,
Çeken planlaryn täzeden barlap,
Hat ýazan şol gyzyň öýün nazarlap,
Barýar Ogulnabat çuňňur oýlanyp,
Düşdi dogry ýola saga aýlanyp,
«Birden gygyn pürküp baran dessime,
Görse goh baryn, çöwjäp üstüme,
Mugallym halyma onuň bilen deň
Harçaňlaşyp dursam, iller görer geň.
Ýa-da paýhas egmän aýdan sözüme,
Diýse: «Gyz meniňki, ony özüme
Hyzmat etdirýärin, seniň işiň ýok,
Eklän men, saklan men, sen nan bereňok.»
«Ilkinji gezek däl, göreýin hany,
Eger-de tapylsa sözüňde many,
Iller gulak asýar, diýeniň geçýär,
Gury söz halkadan araňy açýar.»
Jogabyn taýýarlap boljak soraga,
Ýoluň boýun syryp, gitdi uzaga.
Oýlansaň bilmeýäň wagtyň ötenin,
Duýman galdy barjak ýerne ýetenin.
Açdy derwezäni, giň giden howly.
Ilmedi gözüne kiçi ýa uly.
It-guşdan ätiýaç edip az salym,
Daşyna göz aýlap durdy mugallym.
Soňra ýuwaş-ýuwaş galdy eýwana,
Gapysy açyldy, açykdy aýna.
Görüp biri baryn gyzyň enesi,
Derrew çykdy daşa, eşdildi sesi:
« – Wi, asyl senmidiň, Ogulnabat jan!
Gel, gözüm göreji, adyňa gurban.
Gir öýe, geregim, düşek üstüne,
Naharym taýýar dur, çaýym dessine…»
« – Edil giren ýaly giren ýaly, sag boluň, daýza,
Möhüm işim düşüp geldim men size.
Ony bilýänsiňiz, belki, özüňiz,
Ençeme gün boldy siziň gyzyňyz
Mekdebe baranok, sebäbin şonuň
Bilmäge ýörite gelşim meniň.»
Çaklany çykmady Ogulnabatdan.
«Bular habarlydyr, belki, bar zatdan.»
Diýen dek bir pikir gelip huşuna,
Aýlady gözlerin degre-daşyna.
Perde kakylmansoň islendik heňde,
Ol söze başlady şeýle äheňde:
« – Wah, munuň sebäbi onuň özünde,
Ýokdur ýetmez zady ýeriň ýüzünde.
Turanda nahary taýýar öňünde,
Özüm ýola salýan ony her günde.
Gerlende kitaby elinde mydam,
Okasyn diýip berdik ýörite bir tam.
Göwnese ýok onuň başarmaz işi,
Eder boş wagtynda dürli ýumuşy.
Emma bahana arap bolgusyz ýerden,
Kesirligin edip başlasa birden,
Duran bir eňekdir, bakmaz sözüňe,
Bilmersiň, çöp atyp birden gözüňe,
Atadan-eneden syryny gizläp,
Gider öz ugruna, tapmarsyň gözläp.
Käte küýli ýaly, duran bir laldyr,
Ýeňsesin tüňňerder, gaty keçjaldyr.
Şeýle betliginiň çykaly bäri
Diýeniň-diýmäniň däldir azary.
Bu zatlary bilmän, mekdepde biri
Belki, ynjydandyr bu tekepbiri.
Aňdyrýar, şu günler asyl ugry ýok,
Sorasam soragma jogap berenok.
Eger menden görse, ýalandyr gepi,
Galdyrdýan däldirin ýatanja çöpi.»
Sabyrlylyk bilen «häsin» ýetirip,
Içinden kän zatlar göwne getirip,
Gyzyň enesine dikip nazaryn,
Aýdan sözleriniň diňledi baryn.
Ýadyna salanda ýazylan haty,
Muňa Ogulnabat geňlendi gaty.
Birden peýda boldy şeýle bir pikir:
Ýagşydyr, bolmasaň bir ýaman mekir.»
Emma parasatly, ganyn gyzdyrman,
Öňki bolşy ýaly,
hiç zat syzdyrman:
« – Hormaty başgadyr gyzyň mekdepde,
Pynhan pirim ýokdur, biliň, bu gepde.
Hemmäniň adyndan aýtsam, daýza,
Guwanjymyz uly biziň bu gyza.
Gyzlaryň içinde iň ukyplysy,
Aňly-düşünjeli, dogry geplisi.
Görelde baryna her bir sapakda,
Mugallym toparnyň bary bu hakda
Guwançly gürrüňler edýärler daýym,
Diýýärler menikli hem-de mylaýym.»
« – Bilmedim başgaňy, menň-ä şondan
Göwnüm geçip barýar indi gün-günden.
Sözümden çykmazdy kiçijik wagty,
Häzir öz diýeni, üýtgäpdir gaty.
Azaryn geçirmän her kim başyndan,
Kişi maşgalasyn görüp daşyndan,
Öwgüsin ýetirýär, arşa çykarýar,
Kesekiler muňa ýüzleýje garýar.
Berdim ençe ýyllap duzum-çöregim,
Tanýan dälsiň gyzy men dek, geregim».
« – Eşidýär gulagym örän geň zatlar.
Bu gyzy tanamaýan kimmiş ol «ýatlar?»
Ýadymda, sumkasyn zordan göterip,
Ekabyrrak birne goluny berip,
Begençli, guwançly, şadyýan ýüzün,
Güldürip, giň açyp garaža gözün,
Mekdep bosagasyn basany onuň.
Hasaby içinde her geçen günüň.
Ol bizde saýgardy agy-garany,
Wagt çagalykdan açdy arany.
Bu gün ýat boldummy indi men ona?
Daýza, ýokuş degýär bu sözler maňa.
Galatdyr aýdanyň, oýlanyp görseň,
Biz ylym berýäris, sen çörek berseň.
Gylyk-häsiýetiniň mälim hemmesi,
Biz onuň ikinji ata-enesi.
Oýlangyn, daýza jan, çapmagyn sala,
Nakyldyr «Bal süýji, baldan-da bal
Belki ýamanlygyň ýokdur balaňa.
Emma düşünmeýän ýersiz nalaňa.
Diňe bir sapak däl, her hili nşe
Höwesjeň ýapyşýar bu gyz hemişe.
Diwar gazetinde hem-de kružokda
Oňat-oňat çykyş edýär her hakda,
Barmasa mekdebe ýekeje gezek,
Derrew melim bolýar, çekmeýär uzak.
Akylly, menikli, bir duran mähek,
Guwan sen gyzyna, käýinme nähak.
Kesäňden gybat bar, diýýän ýüzüne,
Hiç kişi ynanmaz beýle sözüňe.
Hany ol nirede? Göreýin özün».
Bu sözler aýalyň üýtgetdi ýüzün.
Dili çolaşan dek, diýen etmedi,
Dogrusyn aýtmaga gaýrat ýetmedi.
Çuňňur oýa gitdi, ýüzüni sallap,
Gözlerin owkalap, saçlaryn sypap,
Ýitirdi özüni, der basdy ony.
«Bolsa şu ýakynda tapaýyn hany»
Diýip, iki ýana ýeňil aýlandy,
Gygyrdy, käýindi, ýene dolandy.
« – Gowusy-gowudyr, saňa geregim,
Meniň-ä haram dek beren çöregim.
Diňlemän diýenim, saçym agartdy,
Azary etimden sünnüme ýetdi.
Eýýäm ýok bolupdyr goňşy-golama,
Işi mydam meniň günüm bulama…»
Diýip, başlanynda öňki sözüne,
Kaklyşdy birdenkä gyzy gözüne.
Boldy aňka-taňka, ýitirdi özün,
Gaharly garady alardyp gözün.
Duransoň az salym zordan syr saklap
Etdi haýýarlygyn özüni aklap:
« – Işli adamlary goýýaň azara,
Etmegin beýle iş dagy-duwara.
Gaýtalap-gaýtalap aýtdym saňa,
Gitmeseň mekdebe söz gelýär maňa».
Manysy başgady soňky sözleriň.
Gyza gönükdirlen çökgün gözleriň
Doludy garaýşy gahar-gazapdan
Çünki gorky bardy boljak jogapdan.
Barha galpyldysy artýar aýalyň,
Mekir hyýallary üstünde salyň.
Kä gapa seredýär, käte gyzyna.
Indi gulak salyň sözüň yzyna.
Şeýle duşuşykdy gyzyň geregi,
Häzir gopgunlydy näzik ýüregi.
Gyssaga düşende duş gelse hossar,
Adam ejiz bolýar, gözünde nem bar.
Kem-kemden özüni alanda ele,
Ýüregiň joşguny ýol berdi dile:
« – Ýalan sözler bilen başyn agyrtma,
Dogrusyn dogry diý, sapalak atma.
Meň ýüzüm gyzardy garap daşyňdan,
Uslypmydyr saňa, utan saçyňdan,
«Mekdep tarapyndan geläýse biri,
Öýde görünäýseň gömerin diri»
Diýip, gaýta-gaýta düýn tabşyrypdyň,
«Ýok» diýsem çümmükläp, tenim burupdyň.
Boýun gaçyrmarsyň, ynha yzy bar,
Aýt, bu ýagdaýa häzir kim çydar?»
« – Kes diýdim, kes sesiň, sen deýýus tula,
Zor edip men seni dakdymmy dula?»
«Urma, sökme, geplet» atalar sözi,
Gör, üstünden barjak ahyry özi».
« – Näme etmişim bar, üstünden baryp,
Agzyň harçaň urma, bu gyzy görüp».
« – Aýdaryn baryny, birin gizlemen,
Sen dek göz-görtele ýalan sözlemen.
Maňa mälim boldy agşam hemme syr,
Keýpine gelipmi öýdäki kempir?
Ýanyna çagyryp, meni apalap,
Hoşamaý söz bilen saçym sypalap:
« – Uly gyz bolupsyň, gör, tüweleme.
Ýüzüň şöhle berýär külli-äleme,
Indi gaça durgun iliň gözünden,
Çykmagyn enäniň aýdan sözünden…»
Aýdyňdy manysy maňa bu sözüň,
Sen bolsaň abşarlyp, oýnadyp gözüň,
Heşelle kakýardyň onuň daşynda,
Tüweleý turýardy gyzyň başynda».
« – Başyna gidipdir, bu ilden çykan,
Söz gutulmaz mundan, tüýs bir ýurt ýykan.
« – Daýza, duraweri, eger bu sözüň…»
« – Durup bilmen, muny azdyrýan özüň…»
« – Azdyryp-azdyrman, görkez günäsin…»
« – Günäsi: itçe-de görmän enesin…»
« – Eje, dogryňdan gel, urup aglama,
Haýýarlyga salyp, bagrym daglama
Diýjegiň maňa diý, çakdan ötürme,
Mugallymma meniň diliň ýetirme».
Dürli-dürli bolýar gylyk gendesi,
Duş gelýär durmuşda onuň. hemmesi.
Käbirler gysgançdyr, käbirler mekir,
Käler ynançsyzdyr, bar zada müňkür.
Käler söze başlar mydam men-menden».
Her zada ökdedir, beletdir senden,
Käleri tutukdyr, käleri ýaňra.
Gödek gödekligne öküner soňra.
Emma iki ýüzli baryndan beter,
Gara şal geýinip ýüzüni örter.
Diýrler «Iki ýüzliň gurasyn ýüzi».
Unutman hiç haçan, dostlar, bu sözi.
Eger ol duş gelse sana her ýerde,
Ahmal bolsaň salar köp ýaman derde,
Anyk görnüşi bar her dürli zadyň,
Ynha, garşysynda Ogulnabadyň
Iki ýüzliň biri durýar bu aýal,
Göründi ikisem, gaçdy gara şal:
Göýä çapady dek, gyzardy ýüzi,
Sojugyp dem alýar, ümezlän gözi.
« – Daýza, bu zatlaryň düşnükli bary,
Ýeke men däl, köpdür gyzyň hossary.
Eger goýbermeseň, mekdebe ony
Gürrüň ula gider, düşün sen muny.
Pikir ber agzyňdan çykýan her söze,
Ýalan töhmet atsaň mundan soň bize,
Menden gaty görme, salýan ýadyňa.
Laýykmydyr seniň ene adyna
Bir eziz perzendiň raýny ýykmak,
Onuň geljegine perwaýsyz bakmak.
Bizde bir pikir bar, sen hem ony bil,
Obanyň mekdebiň gutarsa şu ýyl.
Okamaga ony ýene iberjek.
Özüniň islegi, biz kömek berjek.
Okasyn, öwrensin, tutsun bir käri,
Sen onuň enesi, berme azary.
Okamaga ol däl, özümem gitjek,
Höwesjeň gyzlaryň baryn äkitjek».
Soňra mugallyma gyza ýüzlendi:
«Söz şunda gutarsyn, gideýin indi.
Agşam işden gelse aýt kakaňa,
Ertir irden öýde garaşsyn maňa».
Gitdi Ogulnabat, barýar öýüne,
Bilmedim, nämeler gelýär küýüne,
Uludan dem aldy howludan çykyp,
Birden diňşirgendi aşaga bakyp,
Keýinýär hüňürdäp aýal gyzyndan,
Eşidildi şu sözler onuň yzyndan.
« – Adyň öweý bolsa şudur aklygyň,
Hasaba alynmaz baryň-ýoklugyň.
Birkemsiz tanatdy gyzy ýakasyn,
Kähuda ediner, indi kakasyn.
Artdym, süpürdim, geldi kemala,
Indi ene mähri ýokmuş hamala.
Agzymdan aýryp, berdim nanymy,
Ynha, ahyrynda ýakdy janymy…»
« – Ýene öz diýeni, şol köne heňi,
Höçjetlik diýeniň bolmazmy soňy?»
Diýip, mugallyma için gepletdi,
Ýol boýy oýlanyp öýüne ýetdi.
VIII
«Indi daşlaş Türkmenistan ilinden
Eglenme, güýmenme, ýok bol, köne adat!
Kimiň bogazyndan, kimiň bilinden
Asylma, sallanma, ýok bol, köne adat!«
Mollamurt.
«Dagy-daşy ýel bozar,
Adam arasyny dil bozar.»
Nakyl.
Çyksaň günbatara ýaňky obadan,
Geçen nesillerden, ata-babadan
Galan bir köne ýol uzalyp ýatyr,
Yzarlasaň seni, gör, nirä ýet.
Giň meýdan göwsünde bir çyzyk ýaly,
Ýyllar dowamynda salan bu ýoly,
Düýäniň dabany, atyň toýnagy
Mydam mör-möjegiň öýi-oýnagy.
Ýandak, ýowşan, syrkyn iki gapdaly.
Tomusy tozanly, gyşy batgaly.
Uzak däl, ýetersiň uzatsaň goluň,
Munuň gapdalynda täze bir ýoluň
Eliň aýasy dek ýüzi tep-tekiz,
Geçýär ok kesdirme maşynlar tiz-tiz.
Oklaw dek giň giden bu tämiz ýoluň
Dursaň ortasynda, sag bilen soluň
Endigan dikilen dürli agaçlar,
Inçejik simleriň üstünde guşlar
Asuda asmana, düze syn edip,
Otyrlar ganatyn ýele ykjadyp.
Gün guşluk galypdy, asman açykdy.
Eşekli bir kempir obadan çykdy.
Köneje dar ýoluň ugruny alyp,
Gartaň gasyn ýüzün aşaga salyp,
Barýar, gahar edip haýal ýörşüne,
Dürtýärdi teblesin eşek gerşine.
Agyr ýük astynda çekip ahy-zar,
Dikgirdeýär duýup teninde azar,
Kesdirip gulagyn dynman janawar,
Ýöredikçe basýar ony gara der.
Üstünde göýä bir garantga ýaly,
Toňňarlyp otyr ol bir oba ýaly.
Orapdyr başyna kirli gyňajy,
Aşakda görünýär onuň biri ujy.
Guşalgy biline gysypdyr elin,
Asypdyr boýnundan köne heýkelin.
Garyň alamaty çytyk ýüzünde,
Öz için gepledip türkmen düzünde,
Tozan turzup barýar ýylyň bu çagy,
Ýere ýetsem diýýär iki aýagy.
Ugurdaş ýoldaş ýok, bir ýeke özi,
Käte yza garap alarýar gözi.
Kimedir, kim bilsin, gelip gahary,
Debsedip aýagyn, biçäre hary
Horlaýar ýol boýy, berýär azary,
Ahmetden alynýar Alynyň ary.
Büküp agaç bilin, ýüzüni sallap,
Hüňürdäp içinden uludan pallap,
Belki ýada salýar ol geçen döwri,
Birden daşa çykýar içiniň howry:
«Gyrasyny gör-de biziň al» diýip,
«Enesini gör-de gyzyn al» diýip,
Örän hak aýdypdyr öňki geçenler,
Sözlände dür kibi many seçenler.
Ýumruk ýaly gyrnak diýenin etmän,
Deň sanaşyp durýar ugruna gitmän.
Agzyn tanadypdyr, itçe görenok,
Sözleşse özüne gezek berenok.
Enesi emelsiz, gyzy bedasyl,
Bilsem beýledigin gelmezdim asyl…»
Şunuň ýaly oýa giden mahaly
Eşek janawaryň ýaman däl haly.
Debsetmän aýagyn, goýup teblesin,
Garry işledende köne kellesin,
Erkin demin alýar şonda azajyk
Uzyn gulaklaryn sallap eşejik.
Birden açylan dek süýji ukudan
Beter hyhlap başlar ony öňküden,
Atlansa eşege garrynyň jyny,
Galýar gumak ýoluň çalja tozany.
Göýäki daşyna tor gurlan ýaly,
Pikir sypdyrmady garry aýaly:
« – Men diýsem ärimiň bolmaz hiç gepi»
Bogazyn dolduryp urdy güp-güpi.
Ynanyp gepine men petigara,
Ynha, biderejik galdym azara.
Gelende ir bilen ol myrdar tula
Äriniň öňünde döndi bir gula.
Ýerden seza çykdy, ondan çykmady,
Atasumak gyzyň sözün ýykmady.
«Okatjak, okatjak, könä eýermän!»
Bolduň men başyma perzent söýermen.
Dagdan et, boýnuňdan dakyn gyzyňy,
Soňra ökünersiň tapman yzyňy.
Okatsyn, dokatsyn, näme etse etsin,
Maňa geregi ýok, gümlere gitsin.
Kisäň doly bolsa, uzyndyr diliň,
Pitikläp saýlaryn gyzyny iliň,
Ile meňzeş bilen gataryn goşy,
Gaýgym ýok dik dursa oglumyň başy.
Açyk meniň üçin atly gapylar,
Bardyr bir ýazylan, ahyr tapylar.
Bir seniň gyzyňmy ýeriň diregi?
Asylly maşgala maňa geregi.
Okuw janyň alsyn, seniň ütülmiş…
Gazyga döndüň-le, hyh!
haram ölmüş!..»
Birden el-aýagy hereket etdi.
Için çeke-çeke çuň oýa gitdi.
Hyzzynlap başlady eşek biçäre,
Kem-kemden obadan açdy ol ara.
Goňşy obadandy bu barýan kempir.
Köne kellesinde jemläp bir pikir.
Öýüne myhmandy köp wagt bäri,
Oturyp bir ýerde ýetmän karary,
Hasaplap içinden ýygnan zadyny,
Eşitse bir ýerde gyzyň adyny,
Söküp oba-oba, gezýärdi ili.
Kän gezek dolanyp yza şu hili,
Ýol boýy zeýrenip için çekýärdi,
Lapy keçliginden nala çekýärdi.
Hanha, gidip barýar yzyn garaman,
Kellesi aýlanýar, gözünde duman,
Birdenkä ýel öwsüp, ýatan çöpleri
Göterdi asmana, olan köpleri
Aýlandy pyrlanyp garryň daşynda
Turdy bir kyýamat onuň başynda.
Eşek-de döz gelmän beýle tupana
Aýak aldygyna çapdy şol ýana.
Gitdi, agyr ýükün göterip gitdi,
Tozana garyşyp gözümden ýitdi.
Dostlar, gybatkeşiň uzyndyr dili,
Goýmaz öz gününe parahat ili.
Dürli habarlardan doludyr ýany,
Ýadamaz, sümsünip gezer obany.
Bir ýandan ýaýradar, bir ýandan çöplär,
Ynandyrjak bolup her dürli geplär.
Gybatsyz gijesi ukusy tutmaz,
Gündizi gümradyr, karary ýetmez,
Iliň otur-tury sypmaz gözünden,
Tapmasa täze zat, toslar özünden.
Dikilgi gazykdyr üýşse märeke,
Baryn gözden geçir ýekeden-eke.
Näbelet aldanar, tanýanlar gaçar.
«Pylany pylanmyş» – özi söz açar,
Gaş-gabagyn kakyp, gaty alçakdyr,
Maksady agzyndan bir söz aljakdyr
Aňtar gije-gündiz amatly ýeri,
Göýä balykçydyr, gurar giň tory.
Oňa neme düşse, şodur höregi,
Düşmese gurudyr iýen çöregi.
Ölse-de hiç haçan gelmez rastyndan.
Goňşyny goňşudan, dosty dostundan.
Dogany dogandan, aýaly ärden.
Sowaşdyr söz tapyp her dürli ýerden
Ýapyşmaz ýürekden hiç hili işe,
Sözüň sergezdany gezer hemişe.
Kem-kemden ýat bolar kowum-gardaşa,
Soň özün tanadar ýakyna-daşa.
Çekmese dilini ýalan sözünden,
Düşer ahyrynda iliň gözünden.
Gyzyň öýündäki gürrüňden soňra,
Tapyldy birnäçe gybatçy ýaňra.
Kim bilýär nireden başlandy ilki.
Hamyrmaýasyny goýandyr, belki,
Bize belli bolan aýalyň özi,
Iki ýüzliň mydam ikidir sözi.
Nähili bolsa-da edil şol bada
Her dürli gürrüňler ýaňky obada
Derrew ýüze çykdy, ulaldy gitdi,
Az wagt içinde her ýere ýetdi.
Ilkinji gybatkeş başlady sözün:
«Pylany çykarjak bolanda gyzyn
Duýup, Ogulnabat muny dessine,
Gyzarlyp baranmyş onuň üstüne.
Diýipdir: okuwdan goýsaňyz gyzy,
Bäri-bärilerde duruzman sizi…»
Kakyp başga biri muny şol bada,
Ýene çişiripdir iki arada,
Bir öýden ikinji öýe barynça,
Ýa-da özi ýaly birin görinçä:
« – Asyl eýemsiräp iliň gyzyna,
Äkitjek bolýarmyş tirkäp yzyna,
Başga bir okuwa, çyn bolsa gepi,
Darlyk edýärmişin obaň mekdebi…»
Üýtgedýär mazmunyn bu gürrüň barha,
Dinläň üçünjiniň aýdýany ynha:
«Okuw bahanamyş, diýýärler özi,
Şäherde birine berenmiş sözi,
Tomus düşen bada alyp gitjekmiş,
Diýýärler şol ýerde toýun etjekmiş…»
Goşuldy gürrüňe ýene-de biri:
« – Hak diýýäň, bardyr-la şeýle bir ýeri.
Utançsyz, haýasyz ol ýüzi gara
Ata-enesini edip masgara.
Hut özi kowanmyş gelen bendäni,
Taňrym görkezmesin beýle gendäni.
Arka tutunanmyş Ogulnabady,
Baranda öýlerne, dady-perýady
Edip enesine gaty dyzanmyş,
Diýýärler ol gyzyň dili uzanmyş…»
Ynha, şular ýaly gapy gezerler
Şugulçy, gybatkeş ara bozarlar
Köwşün ele alyp ümüş-tamyşdan,
Dolurdy obany dürli «myş-myşdan».
Käte düşüp gitse şähere,
Ýa biri şäherden gelse bu ýere,
Olar özleriçe çykaryp many,
Hakykat hökmünde dürli gümany
Oba ýaýratdylar edil şol bada,
Dogry gönükdirip Ogulnabada.
Käsiniň kämahal gyzyp kellesi,
Eşdildi käýerde ýigrenji sesi.
Hiç paýhas etmezden aýdýan sözüne,
Birden dil ýetirdi onuň özüne.
« – Gözi ýer görenok, tumşugy gökde,
Gizlin bir syry bar onuň ýürekde.
Obada men diýen kän hyrydary,
Söz gatyp, ýüzüni aldyrdy bary.
Ýöne ýerden däldir, bu hili zatlar,
Dul göze mähriban görünýär ýatlar…»
Çynmy ýa ýalanmy – parhy ýok onuň,
Ýaman gep ýaýrasa hakynda seniň,
Gider ynjalygyn, bolmaz heziliň,
Diýerler bitmezmiş ýarasy diliň.
Etende gulagna ýokarky sözler,
Nurtäç gama batdy, ýaş dökdi gözler.
Bolsa-da bularyň bary biderek,
Dert baryny çeken agyrly ýürek.
Ene paralandy, öňküden beter,
Ajy söz zäherdir, süňküňe ýeter.
Emma gaýnamady galpyň gazany,
Hakykat önünde sözüň ýalany
Eliň girdabynda kagyz küli dek
Sowurdy asmana, galmady derek.
Göýä gorky bilmez gözsüz edermen,
Bakmady hiç ýana, ýöredi kerwen
Goşup aýagyny owazly jaňa,
Gardy garşylygy tozana, çaňa,
Gitdi ol, durmady, dos-dogry gitdi,
Gitdigiçe barha ynançly ätdi.
Örän uzak gitdik arany üzüp,
Oturandyr şindem çaýyny süzüp,
Öýde ýeke özi Oraz aganyň.
Edip beýanyny geçen wakanyň
Biz onuň ýanyndan çekildik yza.
Belki, geň görüner, okyjy, size
Gürrüňiň gidişi, baplaryň ýeri
Eger sorasaňyz okap eseri,
Bilgeşlin etmedim men muny beýle,
Gyzyň gündeligniň düzülişi şeýle.
IX
«Seniň her bir sözüň, her bir arzuwyň
Mukaddes peýman dek ýerine ýeter.»
Ýa.Nasyrly.
Çaýyň ajy ýerin sarkyryp käsä,
Eltende elini çilimli kisä,
Birden daş işikde boldy hümürdi,
Bir garryja aýal içeri girdi.
Ägindi az wagt, geçmedi dula,
Garap ýeň astyndan birnäçe ýola,
Çöňňelen gözlerin gezdirdi ilki,
Birbada saýgaryp bilmedi, belki,
Ýagtydan gelipdi, öýde kim baryn.
Soňra Oraz aga dikdi nazaryn.
« – Hajat, amanlykmy, asyl senmidiň!
Soňky wagtlarda kesdiň gel-gidiň,
Hiç ýoluň düşenok, ýat bolduň bize,
Käte barman bardy ozal öýmüze»
« – Wah, ýeke size däl, asyl hiç ýere
Çykamok şu eýýam, bir ýan gidere
Mejalym ýok, Oraz, öýde bir özüm,
Barysy işinde, meniň-de gözüm
Gidipdir, çalaja ýolum saýgarýar,
Ýaşarýar, gamaşýar, köp azar berýär.
Men-ä sandan galan bir ýeke elli,
Işimiň känligi özüňe belli.
Işiň agdykdyr-da, görnenok garaň,
Garrylyk bilen sek niçikdir araň?
Hiç bir habarym ýok köp wagt bäri,
Çaga-çugalaryň gurgunmy bary?»
« – Şükür, ganymatdyr, Hajat, içeri,
Bu ýyl kolhozmyzyň giňeldi ýeri.
Ýazda ýapyşmasaň wagtynda işe,
Ekiş galagoply geçýär hemişe.
Gözel dek gaş kakyp, göz güldürse-de,
Gazap donuň geýip güýç bildirse-de,
Hatyrjem bolaýgyn milt edip bilmez,
Entekler gapymdan garrylyk gelmez».
« – Göwnümden turaýdyň, hak bolsun sözüň,
Könelerden galan bir ýeke özüň.
Her işde seň bilen töwerek-daşyň,
Il-günüň islegi – dik dursun başyň».
Az-kem pikir edip soňra içinden:
« – Şindizem gelmänmi bu gyz işinden?
Alňasan ekenim asyl biderek».
« – Bu gyz-a entejik eglense gerek.
Menem iş üstünden şulara düşdüm,
Häli-şindi geler, esli garaşdym.
Asyl hakydyma gelmändir meniň,
Möhüm maslahaty bolmaly onuň
Şu gün okuwdan soň bir brigadada
Syýasy aň-bilim işi barada.
Hany, ynjalykly otur bir salym,
Gürrüň ber, howlukma, geler mugallym»
« – Gürrüňiň bolarmy çykmasaň ile,
Gelse Ogulnabat, ine şoň bile
Maslahatym bardy, senem eşitseň,
Has gowy bolardy bir kömek etseň».
« – Onuň ýaly bolsa, Hajat, töre süýş,
Hiç gaýra goýulmaz bizden bitjek iş».
« – Kiçi agtyjagym iberdi meni,
Git, ene, git, diýip goýmady göni.
Diýýär: bu mekdebi gutarýan, ene,
Iberiň şähere, okajak ýene.
Wah, men düşünýänmi, zabunmyş gaty,
Gazetde-de çykdy onuň suraty.
Düşýärmiş her zada gözi sapyşsa.
Öýde-de el-aýak, nämä ýapyşsa,
Asyl, tüweleme, her kimçe edýär.
Gün yrman hemişe mekdebe gidýär.
Hatarlap goýupdyr diwardan asyp,
Adyny bilemok, gök peçat basyp,
Mekdebi beripdir, bir oňat haty.
Agtyjagym oňa guwanýar gaty…
Bitjekmi duşmanyň salan ýarasy,
Ogul çaky däldi, dagyň parasy,
Balamyň baryna bardy bara-bar,
Bilýänsiň, önki ýyl geldi şum habar
Meniň körpe guzym Öwezmyratdan
Onuň tabşyrygy çykanok ýatdan.
Goşlary taýýardy, ugrajak güni
Çagyryp ýanyna gelnini, meni
Diýdi: «Ugradýarlar bizi şu gije.
Toýa ýa meýlise gidemok, eje,
Gelerim-gelmezim kysmata bagly,
Watan diýip atyna münse ýurt ogly,
Ölüm gorkusyny salmaz ýadyna,
Hiç namys getirmez iliň adyna.
Diňläň ikiňiz hem towakgam sizden,
Şu iki çagany salman siz gözden.
Hor etmäň hiç haçan egin-eşikden,
Barmasyn birisem başga işikden.
Şulardan hiç zady gaýgyrman, eje,
Mekdebe ikisem gitsin bileje.
Özüm-ä, bilýäňiz, okuwsyz galyp
Örtendim, ýaşlygym ýadyma salyp,
Çekdim ahmyr baryn,
bolmady çäre,
Deň-duşlarym menden açdylar ara.
Munuň-da sen bolduň, eje, bir ýany,
Getirip ýanyma «saçly mollany»,
Diňe şonuň dersin okatdyň maňa.
Öýke etdigim däl saňa ýa oňa.
Bireýýäm bolan zat bularyn bary,
Degişip diýýärin, etmäň gahary.
Hoşlaşyk sagady sizden haýyşym:
Etdirmän bulara meniň ýalňyşym.
Yhlasly okasyn ikisem hökman,
Daşmy ýa ýakynmy – onsuna bakman,
Gitin, dowam etsin, saklamaň birin,
Görsün çagalarym okuw hözirin.
Goý, tutsun her haýsy islän kärini,
Besdir meň çekenim onuň zaryny.
Ynha, wesiýetim, saklaň ýürekde,
Hat ýazyň her mahal maňa bu hakda».
Ine, tabşyrygy, özi gelmedi.
Uljasy dowamly okap bilmedi.
Eklenç neressämiň düşdi başyna,
Ymykly ýapyşdy kolhoz işine.
Ata ornun tutýar häzir öýmüzde.
Oraz, hemmämiziň indi küýmüzde
Kiçijik agtygym Bibijemaly
Okatmak, oglumyň aýdyşy ýaly.
Ine, şunuň üçin munda gelişim,
Meniň bar gürrüňim,
bu gyzlyk işim.
Her gün gürrüň berýär mekdepden barsa,
Ady agzyndadyr otursa, tursa.
Şeýle bir halapdyr Ogulnabady,
Enäni şuň ýaly söýse zürýady,
Örän hoşal bordy beren duzundan.
Mydam Ogulnabat barýar yzyndan
Mekdepde okaýan oglanyň-gyzyň,
Wah, menden beletsiň gysgasy sözüň,
Birkemsiz edýär ol işine erki,
Asyl, tüweleme, obanyň görki.
Diýýär, gürrüň etdi ýygnap bizleri,
Oňat baha alan meýilli gyzlary
Aýdypdyr, iberjek şähere sary.
Arza bermelimiş gitjegiň bary.
Arzaň işi haýyr, ýazarys ony,
Başga zat bu ýere getiren meni:
Elinje äkitse, garaşyk etse,
Täzeki ýerde-de täsiri ýetse,
Ol bir gyz maşgala, özüňe mälnm,
Berilse diýýärin oňatja tälim».
« – Hajat, hak edýärsiň, ibermek gerek,
Geçmesin ýaşlygyň ýyly biderek.
Ýaňyja dälmidi Ogulnabadyň
Gulpagyn tasadyp, hiç hili zadyň
Aladasyn etmän, böküp ýöreni.
Indi haýran edýär gelip göreni,
Mekdebiň ýagdaýy, okuw gidişi.
Ýeke mekdebi däl, her dürli işi
Bizem tabşyrýarys ona her mahal.
Uzakdan gözleme, şundan mysal al».
Birden daş işikde hümürdeşdiler,
Öýde oturanlar diňirgeşdiler.
Has aýdyň eşdildi Öweziň sesi,
Gelendir işinden, belki, enesi.
Salmady mundan soň ara kän salym,
Ynha, salam berip girdi mugallym.
« – Salam, Oraz aga, wiý, Hajat Eje,
Sizem bu ýerdemi. Ynha ýaňyja
Maňa zat diýmedi, gördüm Jemaly,
Gapyňyzda birne garaşýan ýaly».
« – Diýmese-de, keýgim, iberen özi.
Alsaň habarymy, bary şoň sözi.
Senden çekinendir, ýürek eldedir,
Maňa garaşýandyr, gözi ýoldadyr».
« – Maslahat bu gezek uzaga çekdi,
Dürli teklip bilen köp adam çykdy.
Ynha ýaňyjadyr halkyň dargany,
Uzak garaşdyrdym Oraz agany…»
« – Hakyndan çykypsyň, Ogulnabat jan!
Hut ýerden tapan dek janyn aýaman,
Ýat goňşy-golama, gapydan barman,
Myhman öýe öýüne, bir ýerde durman.
Goý alsyn demini, dynjyny bende
O çetden, bu çete sergezdan günde…»
Gülüşdi bu söze barysy birden,
« – Tapar şunuň ýalsyn oslagsyz ýerden.
Bilmeýän hiç zady ýok jemagatyň
Kemine gatanjy bardyr Hajatyň»
« – Kemine, Pyragam – barysy özüň.
Haýp aýdylmasa mamlasy sözüň».
Okyjym, her hili bolsaň-da dana,
Daşyndan nyrh goýma hiç biri ynsana.
Saýrasa guşlaryň kän şiwesi bar.
Agajyň ýapragy hem miwesi bar.
Eger-de seljerseň gowudan pisi,
Hoş ýakmaz burnuňa her gülüň ysy.
Näme hajaty bar gürrüň açmanyň
Suwy deň gelýärmi iki çeşmäniň?
Ine, şu sözlerden çykarsaň many,
Asma bir aýakdan hemme ynsany.
Örän çuňda bolýar durmuşyň syry,
Her kime her hili onuň täsiri.
Käbir adamlary görüp daşyndan,
Diýersiň köp zatlar geçen başyndan.
Çaklarsyň, göýe bir akyl derýasy.
Aýdanda sözüniň bolmaz yrýasy.
Emma bir söý bilen pikir alyşsaň,
Ýakyndan tanyşsaň ýa iş salyşsaň,
Agramy aşykdyr, kölgesi köşek,
Daşyndan jäjekdir, içinden möjek.
Kälerni göreňde sadadyr daşdan,
Duýýarsyň bir paryh ilki garaşdan.
Mydam dilindedir ýürekde bary,
Ýüregi tämizdir, kyrk çille gary.
Sözleşseň lezzetdir, dartar özüne,
Ünsli garasaň nurly ýüzüne,
Tükenmez bir mähir, durmuş görersiň,
Uzak oýlanarsyň, pikir berersiň,
Ynha, hyýalynda gözlän sypatyň
Az geler göwnüne eden hormatyň.
Geçdi zähmet güni, nahar başynda,
Diýersiň syn edip dursaň daşynda
Göýä bir maşgala, otyr üçüsi,
Tapawut etdirmez ul-u-kiçisi.
Degişme, gülüşme söz arasynda,
Hem-de gürrüň gidýär iş barasynda.
Çynynda çyn ýaly, oýunda wäşi,
Ol iki garrynyň agaran başy
ýürekden alypdyr belki mysaly,
Kökleriň ýapragy besleşi ýaly.
Olaryň selçeňlän ak saçlarynda,
Dürli şemal çalan dik başlarynda,
Ýüzlerçe çil ýasan gasynlarynda,
Gasynlar gatynda, çil arasynda
Ençe wakalaryň ýitmez yzy bar,
Hersiniň ýürekde joşýan sözi bar.
Geçirip başyndan her hili güni,
Görüpdir ikisem ajy-süýjini.
Sadadyr adamsy, görseň obanyň
Içgin gürrüň etseň, gönener janyň.
Gysga dowam etdi gürrüňiň yzy,
Hajat tanyş etdi iş bilen gyzy.
« – Aýdyň, Hajat Eje, arkaýyn bolsun,
Ertir okuwdan soň mekdebe gelsin.
Gepleşdim bireýýäm hemme ýer bilen,
Ertir gürrüň etjek ýokardan gelen».
« – Ýaşyň uzak bolsun, Ogulnabadym!
Il-gün arka dagym, bolmaz kem zadym.
Ýör onda, geregim, meni ýola sal,
Gelelim bireýýäm, geçdi kän mahal.
Oraz, unutma sen köne çatmany,
Bize deň-duşlaryň azaldy sany.
Kemine gatanjym bolsa-da meniň,
Eşitsem eger-de barjagyň seniň,
Gorkma, tapylaryn öýümde hökman,
Hytaý mamamyz hem bolupdyr çendan».
Gözläp galoşyny eglendi biraz.
Jogap ýerne myssa ýylgyrdy Oraz.
Hoşlaşyp hasasyn aldy-da ele,
Ogulnabat bilen çykdy ol bile.
X
«Geňeşli don gysga bolmaz.»
Nakyl.
Öýde Oraz agaň galdy bir özi,
Hoşuna gelipdir Hajatyň sözi,
Gara ädigine ellerin oýkap,
Häzir-de ýylgyrýar kellesin ýaýkap,
Ony gyzykdyrýar gürrüňiň yzy,
Gapa gözün dikip gözleýär gyzy,
Arada ikisi duşuşan wagty:
«Sizlik bir işim bar, gyssagly gaty,
Edara işi däl, maşgala işi,
Ýagşy däl eşitse başga bir kişi,
Ýoluňyz düşende barsaňyz bize,
Men gürrüň bererdim baryny size»
Diýip, Ogulnabat haýyş edipdi.
Şonda Oraz aga ünjä gidipdi.
Ediljek gürrüňiň syrly mazmuny
Häzir-de pikire salýardy ony:
«Edara işi däl, maşgala işi,
Barmyka bu gyzyň ýüregniň çişi?
Beýle bolup bilmez, dändi sözünden,
Onda mälim bordy derrew ýüzünden».
Durmuş ýoly uzyn Oraz aganyň,
Bu gün ýaşulusy giden obanyň.
Agyr hasratda geçip ýaşlygy,
Tapmandy durmuşdan göwün hoşlugy
Egri taýak bilen ýany köpekli,
Gyşynda oýlukly, tomsy çepekli
Gara tüňçesini biline dakyp,
Gezipdi kän wagt baý malyn bakyp,
Gowurga dişliňki bolan ýyllarda
Obadan alysda – ymgyr çöllerde.
Soňra taýagyny çalşyryp pile,
Obada agramy beripdi bile.
Onda-da horlukdan ýetikdi ýüki,
Käte ýarpasyna, kä bäşden iki
Ekerdi ýyl boýy nliň ýerini,
Gyşynda, ýazynda saçyp derini.
Boýnundan berk asyp gaýyş çekini,
Mydam depesinden daşly sokyny
Aýyrman garyplyk mäkäm tutardy,
Ol ýyldan bu ýyla zordan ýeterdi.
«Awrora» topunyň ýaňlanyp sesi,
Beýik Oktýabryň şanly şöhlesi
Türkmen sährasyna ýaýylan zaman,
Darganda dört ýana asmanda duman,
Ýagta ýüzün berip biziň ýaşuly
Gyzyl otrýada uzadyp goly,
Aklaň garşysyna naýza geripdi,
Gazaply günleriň gohun görüpdi.
Şikes galdyrypdy, şaýat synasy,
Duşakda duşmanyň salan ýarasy.
Baý mülküne döwlet lüň çeken wagty
Obanyň gowgasy güýçlendi gaty.
Baş bolup şol günler garyp-gasara
Gaýtawul beripdi ençe ýesere,
Ganly çakyşmanyň köp boldy sany,
Käte howp astyna düşüpdi jany.
Daýhan ekin-goşun birikdirende,
Duşman mar dek bilin düýrükdirende,
Gaýduwsyz gatnaşdy epmäge ony.
Göreşsiz geçmändi garrynyň güni.
Obanyň taryhyn yzlap otursaň,
Ýylba-ýyl baryny gözden ötürseň,
Syýasy çäremi, hojalyk işi
Bir ýan gapdalynda bardy bu kişi.
Gyşyň ahyrynda, urşuň öň ýany
Berildi birdenkä ýassyga ýany.
Kän ýatdy deň edip iki tarapy,
Emma üzülmedi ömür tanapy.
Gyzymyz dolanyp gelen mahaly
Ýüzlendi dessine oňa ýaşuly:
« – Gyzym, gürrüňmize başlasak nädýär,
Habaryň pynhanmy bikarar edýär».
Garrynyň sözlerin eşden badyna
Ata tabşyrygy düşdi ýadyna:
Kakasy keselläp ýatypdy uzak,
Gitdim, gitdim etdi birnäçe gezek.
Soňra özün dürsäp, bäri bakanda,
Umyt ýyljyraklap gaşyn kakanda.
Gyzy öz ýanyna çagyryp bir gün
Içgin gürrüň edip, açypdy göwün:
« – Ýeňmek örän çetin, oglum, bu derdi,
(Atasy gyzyna oglum diýerdi),
Eger kazam dolup, galdyrsam sizi,
Pugta ýatda sakla, ynha bu sözi:
Kän bolan bolsa-da baryş-gelişim,
Çykanda hemişe bir möhüm işim,
Meniň maslahatçym Oraz bolandyr,
Ýaşlygymdan bäri goldap gelendir.
Orazyň ornuny tutmaz bir gaýry,
Oň bilen iýenmiz gitmändi aýry.
Bagtyň açyk bolsun, balam, hemişe,
Beýewar duş gelseň bir agyr işe
Çekinmän Oraza ýetirgin habar,
Görgün, guzym, ony mana barabar…
Artyp şundan soňra ýürek azasy
Kakasy pahyryň «doldy kazasy».
Kalbynda berk galan ata wesýetin
Garra aýtmagyň edip niýetin,
Ýokarky sözleri ýatlady ilki,
Soňra başga hili oýlandy, belki.
Hiç bir zat diýmezden onuň ýüzüne,
Başlady birden bir aýtjak sözüne,
«Şeýle bir üýtgeşik gürrüň ýok mende
Oraz aga, size atam hökmünde
Ýüz tutup, bir zady maslahat saljak.
Siz näme diýseňiz şoň bilen boljak
Işledim mekdepde bäş ýyla ýakyn,
Dogrusyn aýdanda, bu iş maňa kyn.
Goýýaryn gaýgyrman güýjümiň baryn,
Emma ejizligiň çekýän azaryn.
Bu käri men özüm saýlap almandym,
Köp wagtlar asla boýun bolmandym.
Emma, Oraz aga, ýatlaň, ol zaman
Ülkäniň ýagdaýy agyrdy örän.
Howp abananda Watan üstüne,
Ýigitler atlanyp duşman kastyna,
Zarba urýardylar ganly söweşde
Obada, şäherde her hili işde
Olaryň ornuny gyzlar, gelinler
Tutýardy ol geçen gowgaly günler.
Başdan agyr boldy okatmak maňa.
Kä günler ýeterdi taýýarlyk dana.
Emma öwrenişdim ýuwaş-ýuwaşdan.
Göwnüme bolmasa indi her işden
Mugallymlyk işi artykmaç ýaly.
Ýadyma getirmän başga hyýaly,
Hemişe mekdepde pikirmiň bary.
Aýrylsam az wagt, etmän karary,
Ýüregim çagalar tarapa dartýar,
Gün-günden şu işe höwesim artýar.
Elbetde, her işe gyzykmak derkar,
Emma welin munuň bir emmasy bar:
Okatmak üçin hem okamak gerek,
Tagalla etmeseň, arzuw biderek.
Etseler-de maňa uly hormaty,
Soňky wagtlarda duýýaryn gaty,
Ýeterlik däl işe mendäki bilim,
Köp ýerde kösenýän, gysgalyp dilim,
Şol sebäpli geljek okuw ýylyndan
Aşgabada tarap gitmekçi mundan…»
Garrymyz uludan alýardy demin,
Göýä agtarýan dek aýtmagyň çemin
Birnäçe sözleri, gürrüňi bölüp,
Göz gyza gönükdi,
gabaklar galyp.
Emma zat diýmedi, ümsüm oturdy,
Tirsegin ýassyga ýene ýetirdi.
«…Işim düşüp käte baran wagtymda,
Arada ýörite ýazan hatymda
Bu hakda ýokara etdim habary,
Razylyk berdiler olaryň bary.
Emma gaýyn enem, ejem ikisi,
Ylaýta-da, ynha, bulaň ilkisi,
Makul görenoklar meniň kararym.
Işde ejizlikden çekýän azarym
Olara nämälim, özüme mälim,
Oturyp içimden edýän hyýalym
Ganatlanyp bilmän, düşýär aşaga,
Dogrusyny aýtsam, men, Oraz aga,
Bir ýanda ikisi, bir ýanda özüm,
Gorkýaryn ýer tutmaz aýtsam sözüm.
Öz gepin nokatlar görse haýsysy,
Gaýyn enemiň-ä edýän gaýgysy
Öýde oturmagym duluny saklap,
Özi bilen bile Öwezi ekläp,
Gözlerin aýyrman mydam ýüzümden,
Her bir ädimimden, her bir sözümden,
Çak edýän, özüçe çykaryp many,
Gezdirýär kellede dürli gumany.
Hem ýüregim awýar, hem gahar edýän,
Oturyp, oturyp çuň oýa gidýän.
Wah, bolan bolsady özi Begenjiň
Bolmazdy hiç haýsy beýle igenjiň.
Ölmezniň öň ýany bile oturyp,
Göwün arzuwlaryn dile getirip,
Okuwa gitmegi edipdik karar,
Gozgady bimahal ýürekde azar,
Beslendik hyýallar çekildi daşa,
Eden umytlarmyz barmady başa.
Yzyndan ah çekip, delmuryp gözüm,
Öwez janym bilen galdym bir özüm.
Entek duýdurmandym, eşidip daşdan
Okuwa gitjegim, ýuwaş-ýuwaşdan
Köpeldi bularyň hyşyr-pyşyry,
Näçe etseler-de ýaşur-ýuşury
Kakylýar gulagma bar gürrüňleri,
Meniň perdämden däl çalýan heňleri.
Kyn bolsa baş tapmak kimsäň sözünden,
Kimsäniň ýüregi görner gözünden.
Men bilýän hersiniň ýürekde baryn,
Gizlin gepleşigiň gelýän kararyn.
Eger men olaryn ugruna çapsam
Diýenlerin edip, göwnüni tapsam,
Akymyň tersine ädim ätmeli,
Ýürekde öz-özüm söweş etmeli.
Şowhunly mekdepden açmaly ara,
Bary şuňa barýar, başga ýok çäre.
Aýdypdym ýokarda sebäbin onuň,
Häzirki bar bolan bilimim meniň
Däldir uzak ýoluň doly enjamy.
Garrylar bu hakda etmeýär gamy…»
Gürrüň şu ýerdekä gyz birden dymdy,
Ýüzün aşak salyp, çuň oýa çümdi:
« – Aýtsam, aýyp görse, oýlandy az-kem.
Ýarany ýarmasaň, tapylmaz melhem»
Diýdi-de, öz-özi için gepletdi.
Sözlände mundan soň ýere seretdi:
« – Özüň aýal bolup, boş galsa başyň.
Dolýar hyrydardan töwerek-daşyň.
Lak atýar, söz gatýar her ýeter-etmez,
Duşuňdan bir kişi perwaýsyz ötmez.
Magazin müdiri Gurtgeldi çolak
Etjekmiş, hamala, aýalyn talak.
Hiç üns bermedim belli zat syzman,
Gatnady mekdebe yzyny üzmän.
Arada gelýärkäm saklady meni,
Elinde köýneklik gyzyl keteni.
« – Tapylýan bir zat däl bizde her mahal.
Ýörite sakladym, şuny menden al»,
Diýdi-de, ýaňkyny maňa uzatdy,
Çiňňerlip ýüzüme ýiti seretdi.
Bilmedim men oňa näme diýenim,
Siňmedi janyma öýde iýenim.
Arada bir ýerde pýan bolanda,
Ýürekde saklany dile gelende,
Diýipdir: «Öýümden kowup aýalym,
Harç edip ugrunda gazanan malym,
Eger oturtmasam ony gaşymda,
Erkek däl men, telpek bolmaz başymda».
Söz ýerde ýatanok, tamda gulak bar,
Ir-u-giç hemmeler bolýar habardar.
Myjabat baryny goşup üstüne,
Ýaýradar işsizler ony dessine.
Ahyry garrylaň gulagna ýeter,
Ine, şondan soňra öňküden beter
Düşer oda-köze meň gaýyn enem,
Ine, şonsy ýaman, ýogsam jähennem.
Dilin nogtalajak haýsy ýaňranyň.
Tapawudyn bilýän agyň-garanyň
Gabartmaz gulagyn muň ýaly zada,
Öz işi hakynda eder alada.
Bagyşlaň, bar bolsa sözümde galat.
Gürrüňim şu meniň beriň maslahat».
« – Maslahaty, keýgim, tapypsyň özüň,
Maňzyma oturdy bar aýdan sözüň.
Bir zat öwredere ýok meniň çakym.
Ýaňy akym diýdiň, akýar ol akym.
Hiç kim sowup bilmez ony yzyna,
Tersine gideni ýykar dyzyna,
Öňde gözýetime nazaryn salyp,
Hak edýäň, git, keýgim, ugruny alyp.
Garrylar hakynda diýsem ýüregim,
Olankam düşnükli, käýinme, keýgim.
Bir sen ikisiniň ýakyn hossary,
Gitseň, gürrüňi ýok, ýetmez karary
Öýde hiç haýsynyn galyp bir özi.
Häli gelemde-de çytykdy ýüzi,
Pahyr Enebaýyň hem-de Nurtäjiň
Olaryň ikisem seniň mätäjiň.
Bu gün-ä giç bolýar, başga bir gezek
Hökman gepleşerin, çekdirmän uzak.
Olaryň dilini taparyn özüm,
Ikisem razy bor, diňlese sözüm.
Taýýarlyk görüber ýuwaş-ýuwaşdan.
Bu işe yhlasly ýapyşgyn başdan.
Bolar-bolmaz söze ýürek çişirme,
Gamlanyp öz-özüň ruhdan düşürme.
Diýerler: «It üýrer, kerwen-de geçer».
Ýaňralar öz syryn özleri açar.
«Ilde gürrüň kändir, Mekgede arap
Sen başyň galdyrman, git öňe tarap!»
Şu ýerde gürrüňmiz soňuna ýetdi,
Turup Oraz aga öýüne gitdi.
Garady yzyndan gözden ýitýänçe,
Köçäň ugrun syryp, baga ýetýänçä.
Rahat demin aldy açyk howada.
Bu wagt ýüzlenip Ogulnabada
Sansyz ýyldyzlary dury asmanyň
Gutlap täze ýolun bu ýaş ynsanyň
Şowlulyk patasyn berýän ýalyly.
Göwün şatlygyny duýýan ýalydy. Romanlar