| |

Söýgi -3/ romanyñ dowamy

Söýgi -3/ romanyñ dowamy XX

«Aýralyga döze bilmen –
Näzli ýar elden gider.»
Mätäji.

Misli bir ak kagyz ynsanyň göwni,
Söýgi nagşyn çekip bezese ony.
Ýitmez yzy onuň syrsaň, süpürseň,
Dünýäde kän ýaşap, sen ömür sürseň,
Çalarsa sakgalyň, bükülse biliň,
Ýaşulusy bolsaň bir giden iliň,
Şonda-da ýaşlygyň ýada salaňda
Ah çekersiň, dostum, her dem alaňda.
Şeýledir durmuşyň kada-kanuny,
Her kim tassyk eder, oýlansa muny.

Hany meniň ýaşlygymyň ýoldaşy –
Akmyrat Aşyrow? Sagmyka başy?
Gamly günde galdyrypdyk biz ony,
Gözel gyzdan jogap alan şol güni.
Kän wagtlar geçdi ol günden bäri
Üzdümi umydyn, ýa çekdi zary?
Geliň, indi onuň bilen bolalyň,
Köne dostdan ýene habar alalyň.
Magaryf işinde öňküsi ýaly
Başa barmasa-da den hyýaly,

Uzak wagt unutmady gözeli,
Birbada işden-de sowaşdy eli.
Soňra tamasyny Ogulnabatdan –
Üzüpdim emma ol çykmady ýatdan.
Gahrymany gyz hakdaky şol pikir
Näçe çalyşsa-da dostlar, barybir,
Sypdyrmady hem gündizi, hem gije,
Töwekgelli işde galsa-da bije.
Ýykylan bolsa-da umyt çynary,
Köki guramady, bardy yzgary.

Gyz hakynda hiç bir habar bilmezden
Gulluk işi bilen ýene merkezden
Gelipdi bu ýere biziň gahryman,
Magaryf wekilniň öýünde myhman.
Uzak wagt çykmadylar içerden,
Kän gürrüň etdiler geldi-geçerden.
Gyş bosagaň ýakynynda ähtimal,
Pessaýlap ösýärdi, sowukdy şemal.
Bu wagt birdenkä tolkundy howa,
Lewitanyň sesi: « – Gepleýär Moskwa!»

Galňaýar gün-günden ýeňiş kitaby
Şu häzir açyljak ýene bir baby.
Çagyryş zyň-zyňy ýatan badyna
Buýruk boldy Watutitiň adyna.
Generalyň başlyk edýän goşuny
Dneprden geçip, alyp daşyny,
Ýyldyrym dek darap ganym duşmana,
Hüjüm edip, ýerden-gökden her ýana,
Boşadypdyr ýurduň gözel galasyn –
Gadymy Kiýewi – şäherler şasyn.

Kim çykarar ol günleri ýadyndan!
Ynha, paýtagtymyz Watan adyndan
Salýut berýär ýeňijiler şanyna.
Goňşy gelip goňşusynyň ýanyna
Gutlaýar guwançly, gysyp goluny,
Kartada yzarlap ýeňiş ýoluny.
Dabaraly günüň şowhunly sazy –
Gelýär Moskwadan, belent owazy.
Süýşdükçe günbatar merdana Goşun,
Artdyrdy ýürekleň şatlygyn, joşun.

Şatlyk şerabyny beren dek saky,
Kän wagt gözlere gelmedi uky.
Ahyry ýassyga başyn goýanda,
Wekil Akmyrada ýüzlenip şonda
Diýdi: «Ýygnakdan soň ertir, eger-de
Wajyp işiň bar bolmasa, bu ýerde,
Gideli kolhoza.» « … – Onda näme bar?»
« – Çagyrdylar, ertir onda toý bolýar.»
« – Örän ýagşy aýtdyň, gideli hökman,
Türkmen toýun görmändim men kän zaman.»

Şol günüň ertesi gün günortanlar
Ýola düşdi häzir uklap ýatanlar.
Ynha, tozan turzup darajyk ýoldan
«Emka» uçup barýar, sagyndan-soldan
Sowa geçip, ýolagçylar ýol berýär,
Akmyrat Aşyrow kolhoza barýar.
Yzda ala tozan galýar asmana
Maşyn aýnasyndan ýolda her ýana
Garadylar, gördi geň zat gözleri.
Ne ajaýyn Türkmenistan düzleri.

Bu wagtlar Russiýanyň meýdany
Dagy, düzi, jeňňelleri – her ýany
Boýdan-başa geýinendir ak dony,
Belkä buz bürändir tolkunly Dony.
Gün şöhlesin saçýar emma bu ýerde
Şindi gar ýok dagda,
düzde, baýyrda
Göýäki tüý dökýän mal dek agaçlar.
Gyşyň häkimligne egipdir başlar.
Käte gara bulut her ýan sürünýär,
Gyş nyşany – gara zaglar görünýär.

Maşyn aýak çekmän gidýärdi öňe,
Indi tanyş ýerler göründi diňe.
Hellewleşýär ýap boýunda agaçlar,
Bilýänsiň, okyjym,
ol ýerde ýaşlar
Gol salypdy bir-biriniň egnine,
Ýetdi maşyn şol güzeriň deňine.
Gözi düşüp toýçulara – märekä
Gahrymanym oýa gitdi birdenkä.
Durdy maşyn, çykdy egip başyny,
Garşylanlar aldy onuň daşyny.

Köplük bilen öýe tarap ugranda,
Göz astyndan töweregne garanda,
Ildi birden Ogulnabat gözüne.
Bar pikirini çekdi munuň özüne.
Perwaýsyz garady bu gün oňa gyz,
Göýä ýüreginde goýmandyr hiç yz.
Göwün ummanyndan aýdylan sözler,
Gaýta gyýa-gyýa sereden gezler,
«Sen nireden peýda bolduň bu ýerde?»
Diýen dek bir many döretdi serde,

Myhmanlar oturan tama girende,
Baryna ýüz tutup salam berende,
Diýdiler: «Tanyşyň, gahryman bilen,
Öýlenýän şu ýigit frontdan gelen.»
«Örän ýagşy» – diýip, gutlady toýy
Emma, dostlar, gahrymanyň ýagdaýy
Agyr boldy, doňdy umyt damary.
Ogryn-ogryn salyp oňa nazary
Diýdi öz-özüne gamly görnüşde:
«Ol ýeňiji, men ýeňildim bu işde.»

Gyzykly geçýändir türkmeniň toýy,
Halydan, palasdan bezerler öýi.
Gazan atarylar, goýun soýular,
Dürli oýun başlar, baýrak goýular,
Toý lybasyn geýer garrylar, ýaşlar.
Hemmeler şadyýan, belentdir başlar,
Emma Akmyradyň şu gün ýagdaýyn,
Gizlemäýin, dogrusyny aýdaýyn,
Doly Görkezmäge ýok meniň güýjüm,
Göz öňüne özüň getir, okyjym.

XXI

«Kim galdy datmaýyn ajal hilesin…»

Magtymguly.

«Her kim göwün söýenini almasa…»1
Her maşgala söýgi saýa salmasa,
Gider durmuş öz akymnyň tersine.
Ara girip är-aýalyň hersine
Şeýtan sapak berip, hökmün ýöreder,
Günde dawa, günde uruş döreder.
Aýal äre, är käýinip aýala
Ynam etmez, gider başga hyýala.
Goç kelleler bir gazanda gaýnamaz,
Är-aýalyň hiç haýsy hem ýaýnamaz.

Bilmersiň daşyndan haýsy mekirdir
Aýal äre, är aýala müňkürdir.
Bir-biriniň syryn açar her ýerde,
Kowum-gardaş galar bir ýaman derde,
Il içinde utançlydyr – müýnürgär,
Gonşy-golam bütin oba geňirgär,
Bu ýamandyr, dostlar, ynha her zatdan
Gelen-giden bolmaz ýakyndan-ýatdan.
Beýle güne duş bolmasyn bir ynsan,
Eger bolsa galmaz onda hiç bir san.

Iýeni-içeni siňmez inine,
Azaryn ýetirer ili-gününe.
Hasrat bilen geçer aýy hem güni,
Bagt gülüp bakmaz, köşetmez ony.
Ýer tutmaz janygyp aýdan bir sözi,
Dost-ýarlar öňünde gyzardar ýüzi.
__________
1 Bu setir Magtymguludan.

Çaga mähri baglar ony duzaga,
Saçy agar, ömri gitmez uzaga.
Ýaman ärden zenan ýüzi soluksa,
«Ýigit garryr aýal ýaman ýoluksa.»

Bark urar üstünde bagtlylyk nury,
Kyn işler düzeler, tapylar ugry,
Uçuranda öz söýenne adamzat.
Gaýgy-gamsyz bütin ömri geçer şat.
Maslahatsyz başlamazlar bir işi,
Är-aýalyň bolmaz kine-käýişi.
Bir jan, bir ten – aýry gitmez iýeni,
Kanundyr bir-birne herne diýeni.
Bagtly bor olaryň önse perzendi
Gitmez gulagyndan ata-ene pendi.

Daýy-ýegen, kowum-gardaş, hossary,
Goňşy-golam, deňi-duşy, dost-ýary
Guwanar daşyndan gözel durmuşa.
Kimler töwerekden edip tomaşa,
Diýer gözi gidip beýle maşgala:
«Nesip etmezmikä heý biziň ýala?»
Güler ýüz, şirin söz gelen myhmana,
Dabarasy gider onuň her ýana.
Ynangyn, okyjym, hakdyr bu sözüm,
Ýagşyny, ýamany köp gördi gözüm.

Zamanamyň iki sany ynsany
Zähmetiň, söweşiň çyn gahrymany
Ogulnabat bilen batyr Begenjim –
Döwürdeşim, deňim-duşum, guwanjym
Hasyl edip ak ýüregiň niýetin,
Sürdüler ýaşlygyň aýşy-eşretin.
Bir-biriniň göwnün tapyp hemişe,
Teýe söz, ynjyklyk girmedi düýşe.
Adamzat ýazyny gutlaýan ýaly,
Ösdi üstlerine bagt şemaly.

Ýetermi, ýetmezmi – bu ykbal işi
Hemme arzuw eder beýle durmuşy,
Çünki her ynsanyň hususy bagty
Geçende, geljekde – döwrüň her wagty
Baglydyr, dostlarym, unutmaň muny
(Belki çete çykýan, bagyşlaň meni)
Agzybir, durnukly gözel maşgala.
Agzalalyk dälmi iň ýaman bela?
Atalarmyz – «Agzy bire taňry bir» –
Diýipdirler – «Agzalany ganry bir.»

Emma ösdi birden hazanyň ýeli,
Şum garap, al bakyp bulady eli,
Ynha, peýda bolup wadasyz ölüm,
Ýazamda bu setri titreýär elim.
Aýdyň, kim içmändir ölüm şerbetin?
Baky aýralygyň ajy hasratyn?
Çekendir, dostlarym, biliň her ynsan
Bize baky berilmändir şirin jan.
Emma köp ölümden-ölümiň parhy,
Özüne görädir her zadyň nyrhy.

Ýazda ýaprak düşüp, güýzde gül össe,
Bilbil uçup, garga bagda ýer etse,
Guba gazlar ser çemenden aýrylsa,
Guş ganaty al asmanda gyrylsa,
Balyk deňizlerden, jeren düzlerden
Aýra düşüp, ýaşlar aksa gözlerden,
Bossanda gök ternäň düşse sapagy,
Ýaşlygyň biwagt ýaşsa şapagy,
Bu işler geň bolar, däldir kanuny,
Ynsan hiç, haýwan-da götermez muny!

Bu gamgyn hekaýa, goý, bolsun aýan
Men size gysgajyk edeýin beýan:
Göwün arzuwlary bolansoň berjaý,
Bir-biriniň yzy bilen gün-u-aý
Gezek bilen gelip geçdi duýdansyz,
Ýaşady ýaşlarmyz gaýgysyz-gamsyz.
Soňabaka Ogulnabat kem-kemden
Haraý tapmaz hassa ýaly hiç emden,
Süňňi agrap, bitap duýdy özüni,
Käte-käte ümez tutdy gözüni.

Peýda boldy gara tegmil gül ýüzde,
(Aýdylmaz hiç kime, adatdyr bizde).
Işdäsi almady ýagly höregi,
Şor-turşyny arzuw edip ýüregi.
Etse-de kämahal ýassyga ýany,
Şatlandyrdy ony şatlyk nyşany.
Hoş umytly gürrüň edip her günde,
Guwandyrýar dünýä injek perzende.
Ata-ene boljaklaryň göwni şat,
Dakmak üçin saýladylar dürli at.

Ençe wagt geçdi soňra aradan,
Indi habar alyň köne ýaradan.
Uzak wagt horlapdy ol Begenji,
Ýadyna salanda artardy ünji.
Gozgalyp şol ýara ýaňydan bäri
Duýdy ýüreginde ýiti azary.
Aram-aram gyzgyn artyp teninde,
Ýassyga ýanyny berdi her günde.
Degmedi peýdasy edilen emiň,
Kynaldy kem-kemden gelmesi demiň.

Galdyryp obada Ogulnabadyn,
Geýdi ýene keselhana haladyn.
Arkan düşüp krowatyň üstünde
Ýatyr ynha gaýgy-gamyň astynda.
Bir wagtky baş wraçyň sözleri
Ýada düşüp boz-ýaz bolýar ýüzleri.
Däri-derman berilse-de her gije,
Barha beterleşdi, ýokdy netije.
Iriň akdy agzy açylyp ýaranyň,
Kyndy aýlanmasy damarda ganyň.

Ogulnabat ýoldaş edip enesin,
Göterip zor bilen agyr göwresin,
Gelýärdi ýanyna günde-günaşa
Käte gara gözler dolýardy ýaşa.
Yranýar ýene-de umyt agajy.
Diýerler aýralyk ölümden ajy,
Emma ölüm aýralygyň ýamany,
Baky aýralykda umydyň hany?
Häzir terezide ýigdiň kysmaty
Ölüm-diriligiň goşuldy aty.

Aradan bir hepde geçip-geçmänkä,
Wagty ýetip tarpa-taýyn birdenkä,
Alada üstüni aldy alada,
Gözel gyz-da girdi, ynha, halada.
Iki guda iki ýana selpedi.
Ýüzlerini hesret ýeli ýelpedi.
Iç kesilip, eňki gitdi oglanyň –
Bärsinden aňyrsy ýakyndy onuň.
Her habar tutanda gaýny, enesi
Umytsyz çykýardy olaryň sesi.
Tirkeşip ir bilen Ogulnabadyň
Barsalar ýanyna, ilki zürýadyň
Dünýä inenini habar etdiler.
Şatlyk bilen Begenç sary gitdiler,
Ýakasyndan mäkäm tutup bu mahal,
Gahryman ýigidi birehim ajal,
Iki ýana ýaýkaýardy dem bermän.
Gitmen diýip şert eden dek bir görmän
Öçügşen gözleri işige bakýar.
Ajal ýaňlandyryp, depregin kakýar.

Ylgawyna inen ýaly ýapydan,
Iki guda girdi, ynha, gapydan.
« – Balam, halyň neneň? Ogluň bolupdyr!
…Waý! – dilden galypdyr, reňňi solupdyr…»
Kuwwat tapyp gelenlere garady,
Dodagyn titredip, başyn yrady.
Soňky gezek düwmelendi gözýaşy,
Ýazyldy gabagy, düýrüldi gaşy.
Agy artyp ýiti göreç gapyşdy,
Kirpikler bir-birne baky ýapyşdy.

XXII

«Söýgülimden ýadygär
Galypdy bir çagajyk.
Şondan teselli tapýar
Bozuk göwnüm azajyk.»

B.Kerbabaýew.

Hormatly okyjym, gulak goý maňa,
Gutardym dessanym, ýüz tutýan saňa.
Işçimi sen, daýhanmy sen, mugallym?
Gullukçymy, agronommy, ýa alym?
Kim-de bolsaň tapawudy ýok onuň,
Sen diňe okyjy öňümde meniň.
Üç sany ýaş ynsan baş gahrymanym,
Olara bagş etdim men bu dessanym.
Höwes bilen okadyňmy, ýadany –
Başlaňda irkilip zyňdyňmy ony?

Takat edip okan bolsaň eger-de
Seniň bilen gürrüňim bar bu ýerde.
Tanyş saňa köne türkmen dessany
Baryn görkezerden kän onuň sany,
Mysal üçin, ýatladaýyn men ynha:
Hüýrlukga-Hemra, Ýusup-Züleýha
Leýli-Mejnun, Zöhre-Tahyr, Gül-Bilbil
«Şasenem» diýp gezdi Garyp uly il.
Yşky dessan gyzykly bor her zatdan,
Sen olaň baryny bilýänsiň ýatdan.

Emelsiz ýazylan garyp dil bilen,
Tertipsiz tikilen ýa dar biçilen,
Gowşak dessanymy okap birdenkä,
Maňa şeýle sowal biýrsiň sen belkä:
Tahyr sandyk içre akdy derýada,
Hemra döwe münüp, uçdy howada
«Ýar» diýip ýurdundan geçdi
Saýat han
Söweş etdi, akdy ýere gyzyl gan.
Mejnun «Leýli» diýip çöllerde gezdi,
Bilbil «Gülüm» diýip derýada ýüzdi.

Näm üçindir seniň Ogulnabadyň
Mejnun lybasynda ol Akmyradyň
Atlaryn «gahryman» diýip tutsaň-da
Boýdan-başa şunça taryp etseň-de
Meňzemeýär Garyba-da,
Bilbile?
Söweş edip aždar bilen pil bile,
Üstün çykyp gazanmady şöhraty
Sürmedi howada gudratly aty?
Tagt üstünde galmadylar asmana,
Döwe münüp uçmadylar hiç ýana?
Näm üçindir bir-birini daşyndan
Görüp olar gitmediler huşundan?
Uly kynçylyklar düşende başa
Döw saçyny otlap uzaga-daşa
Hiç haýsy olaryn habar bermedi,
Ýa düýşünde Erem bagyp görmedi?
Müňlere taý gelse bir ýeke özi
Daglary, daşlary eretse sözi
Ynha, şonda bolar ol çyn gahryman,
Munsuz heý gyzykly bolarmy dessan?

Bu sowala gysga meniň jogabym
Tassyk eder jogabymy her babym.
Men-de ýaşlygymdan ol
dessanlaryň,
Olary döreden beýik ynsanlaryň
Her sözüne teşne bolan ýesiri,
Uzyn taryh bezegidir her biri.
Özüm goýup bilmen olaň deňinde,
Baş egýärin hemmesiniň önünde.
Olar meniň hemişelik ussadym,
Itagatly şägirt bolmak myradym.

Emma könä meňzeş däldir bu dessan,
Görkezdim men saňa täze gahryman.
Gijeler düýşünde görüp söýüşýän
Turanda söýginiň yşkyna düşýän,
Däldir olar şa gyzy ýa şazada,
Ýa-da gökde uçýan bir perizada.
Sen olary gözläp yzlama yzy,
Olar şu zamanyň oglany,
gyzy.
Görersiň hemişe bakaňda her ýan.
Olar seniň özüň ýaly bir ynsan.

Dogry dälmi, döwe münüp asmana
Galkyp sen-de uçan dälsiň hiç ýana?
Ýa-da «hüw-hak!» diýip dagdan-daglara,
Beýewan çöllere, bagdan-baglara,
Giden dälsiň iliň-günüň terk edip,
Yşk şerabyn öz janyňa merk edip.
Eger şeýle bolsa, aýt näm üçin,
Görenimden ýüz öwürip büs-bütin,
Hyýal dünýäsine özüm ataýyn
Hakykata niçiksi göz gataýyn?

Ynha, Ogulnabat gaşymda otyr,
Görseň ony edersiň sen howatyr.
Bir wagtky balkyldaşýan gözleri,
Aý bilen bäsleşýän güler ýüzleri
Dyzdan geçýän örüm-örüm saçlary,
Ajaýyp çekilen galam-gaşlary,
Häzir bezemeýär gyzyň görküni.
Aýralyk, gaýgy-gam alyp erkini
Gysypdyr gujagna bermän demini,
Tapan barmy beýle derdiň emini?

Gözi ýaşly ýellenipdir gabaklar,
Ýygyrt atyp, myssarypdyr ýaňaklar.
Ýuwulmandyr, daralmandyr wagtynda
Çyrmaşan sapak dek saçy syrtynda.
Ah çekip dem alýar otursa, tursa,
Karary ýetenok her ýere barsa,
Ýady hassalykdan gutulan ýaly,
Ýerinden galmaga ýokdy mejaly.
Häzir tanamarsyň görseň daşyndan
Üntgär ynsan kynlyk geçse başyndan.

Ýaryndan ýadygär galan perzendi
Güýmenjesi gyzyň hem jiger bendi
Ýatyr, ynha, surat ýaly öňünde
Siňe-siňe syn edende her günde
Käte için çekip, käte köşeşip,
Kä saklanyp bilmän ýüregi çişip,
Çaganyň ýüzüne gözüniň ýaşy
Dökülýär üstüne eglende başy.
Hemişe Begenji salýar ýadyna,
Öwez goýupdyrlar onuň adyna.

Biperwaý garamaz hiç zada ynsan,
Öz ýanyndan baha berer her zaman,
Ýagşylar gözüne yssy görüner,
Ýamany daşyndan hemme ýigrener.
Ýüregim gyýylýar gyzyň halyna,
Hazan ýeli degen gül jemalyna.
Giderdi elinden söwer ýaryny
Uzak wagt çeker onuň zaryny.
Söýýärin, okyjym, söýýärin ony
Söýşi dek Puşkiniň gözel Tanýany.

Çydamlydyr gaýgy-gama adamzat
Wagty geler, geçer başdan her bir zat.
Bu gün gam içinde gözel gyzymyz.
Emma welin ýada salsak yzymyz
Göz öňüne geler şadyýanlygy
Şähdi açyk, ruhy belent gylygy.
Ýene ol häsiýet dolanar oňa
Geçer garaňkylyk, ýol berer daňa.
Hemişelik solmaz onuň gül ýüzi
Ýaş akyp, mynçgalyp, gyzarmaz gözi.

Häzir, şu ýagdaýda, men onuň bilen
(Hormatly okyjym hem seniň bilen)
Hoşlaşýaryn. Ýadyňdamy Akmyrat?
Galypdy, bolmandy yhlasa myrat.
Olar bilen duşuşarys ýene-de
Şatlykly günlerde, şanly senede.
Geljek gülüp bakýar, bulap goluny,
Taparlar täzeden durmuş ýoluny.
Gamly gözel ýene güler, şatlanar,
Bagt atyna ýene ykjam atlanar.

Birinji kitabyñ soñy. Romanlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle