| |

Söýgi -2/ romanyñ dowamy

Söýgi -2/ romanyñ dowamy X

«Maňa garaş, men hem gelerin,
Emma gaty garaş».
K.Simonow.

Birbada daşyndan tanytmaz ynsan,
Köp wagt özünde saklanar pynhan
Gylygy, häsýeti, pikir-hyýaly
Şindi girilmedik bir jeňňel ýaly.
Ençe aldanarsyň baha berende,
Sada bir kişidir ilki göreňde.
Käbir bolşuň görüp mekir diýersiň,
Mekirlik ýoklugyn tizden duýarsyň.
Üýtgeşer garaýşyň birnäçe sapar
Ahyr hakykata dogry ýol tapar.
Paýhasly, pähimli merdana gözel
Hiç zady göwnüne getirmen ozal,
Akmyrady çyn ýürekden hormatlap,
Pikirinde adyn tiz-tizden ýatlap,
Süýtdeş dogany dek söýýärdi ony,
Özünden has öňde goýýardy ony.
Emma soňky günler onuň bolşundan
Sözleýşinden, garaýşyndan, gelşinden
Duýdy onuň bar başynda bir hyýal.
Gyzy ünjä goýdy ine şu ahwal.
Bir gün jaýlarynda pikire batyp,
Okaýan kitabyn gapdalna atyp,
Bar ýaly başynda bir gaýgy-gamy
Käte-käte alyp uludan demi:
«…Bar weli ýene-de diýjek bir sözüm
Ara daş-da bolsa, çekinýän özüm…
Soň bir wagt.., Aşgabatda.., ýadany
Siz entek bu sözden çykarmaň many…»
Ýadynda ýigidiň şeýle setiri,
Indi aňýan ýaly bu gizlin syry:

«Aldy çagalykdan pikrimiň baryn,
Arzuwym Begenjiň görmek didaryn.
Iki ýürek bir-birine perwana,
Hiç unutman gitse-de ol her ýana.
Sen mundan bihabar, sokulma ara,
Netiň şeýle bolsa, çekil bir gyra.
Nireden döredi bu pikir sende,
Ýa ýeňilkellelik boldumy mende?..»

Şu pikirde ymyzganyp ýatyrka,
Bir okuwçy tama girip birdenkä,
Diýdi: «Ogulnabat, saňa hat geldi.»
Gahrymanym derrew ýerinden galdy.
Şatlanyp howlukmaç bukjany açdy,
Hat içinden ýere ýene hat gaçdy.
Gaçan hatda boldy pikirniň bary,
Aňdy derrew ýazan söýgüli ýary.
Bardy onuň obada bir jorasy,
Ady Sadap, sazdy örän arasy,
Begençden hat gelse gyzyň adyna
Şähere ibärdi alan badyna.

Setirden-setire düşende gözi
Ýaz paslyna döndi gyzyň gül ýüzi.
Gaýgy-gamdan galmandyram-nyşana
Gitdi pikri uzak ýola, şol ýana
Göz öňüne geldi söweş meýdany:
«…Akýar derýa bolup ganymyň gany.
Söýgüli gözelim, Ogulnabadym,
Sensiň bu dünýäde maksat-myradym.
Girdim watan üçin bu gün söweşe,
«Ah» diýmen ne gelse bu eziz başa.

Çabga dek guýulýan okuň astynda
Käte garyň, käte buzuň üstünde
Golumda awtomat, ýüregimde sen,
Duşmanyň üstüne hüjüm edýän men.
Gözümiň öňünde mydam suratyň
Başym göge ýetýär gelende hatyň.
Gaýta-gaýta okap, ýat tutýan baryn,
Çyn aşyk hiç wagt unutmaz ýaryn.
Ýada düşýär, çagalygymyz, ýaşlygmyz
Şatlykly günlermiz, wagty hoşlugmyz.

Uzak çekmez, geçer ajy aýralyk,
Ýürek birdir, daş bolsa-da aýralyk.
Her işde, söýgülim gerekdir sabyr,
Biz munda duşmana gazýarys gabyr.
Ynan maňa geler şatlykly günler,
Çözüler pitneli gara düwünler.
Bilip bolmaz bolmasy iş bolaýsa,
Uruşdyr, bir ýerde kazam dolaýsa,
Razy bolgun menden, razy men senden,
Hiç bir zady aýdyp bolmaz öňünden…»

Bu soňky setirler titretdi gyzy,
Çytyldy gaşlary, doldy bogazy.
Gaýnag suw üstünden guýulan ýaly,
Öňküden-de beter agraldy haly.
Biygtyýar dökdi gözden ýaşyny,
Gorkunç sözler aýlandyrdy başyny.
Ýene özün gam laýyna batyrdy,
Her hili zatlary göwne getirdi.
Uludan dem aldy gaýtadan-gaýta,
Ýene-de gözleri aýlandy hata:

«…Begendim, aýdanym edipsiň meniň,
Mekdepde şatlykly geçer her günüň.
Çagalaryň arasynda bolarsyň,
Öz okan wagtymyz ýada salarsyň.
Yhlas bilen hyzmat etgin Watana,
Nälet okar halkym ýöne ýatana.
Gamlanma, bararyn men-de sag-aman,
Seni görsem galmaz janymda arman.
Häzir hoş, söýgülim, unutma meni
Watany söýşüm dek söýýärin seni.»

Gorky-da, guwanç-da bardy bu hatda,
Olar goýmadylar gyzy rahatda.
Neneň gyýylmasyn onuň ýüregi? –
Ot içinde dünýäde iň geregi.
Gelermi sag-aman, kim bilýär… ýa-da
Goýarmy ol ony dady-perýada?
Çuňňur oýda esli wagt oturdy,
Söwer ýaryn göz öňüne getirdi.
Ahyrynda aldy ele galamyn,
Uzak ýola ibermäge salamyn.

XI

«Bir garyp aşyk menem,
Ýar, seni senden isterem».

Magtymguly.

«Joşup ýazdym muny, goýmadym kemin,
Topladym bir ýere pikrimiň jemin.
Göwün nagşy – setirlerme garanda,
Gürrüňi ýok, akly galar haýranda.
Gowsundyr ýüregim her ýazan sözüm,
Setirler astyndan görüner gözüm,
Ýa kalbynda yşkyň odun ýandyrar,
Ýa-da ýanan yşk oduny söndürer.
Ýa ýagşy, ýa ýaman – berer bir jogap,
Ýaman jogap eder halymy harap.»

Şunuň ýaly pikir bilen gijara
Salyp özün bu gün yşky bazara,
Bir ýaş ýigit köçe bilen barýardy,
Elinde kitaby, gaty ýörýärdi.
«…Eger-de bolmasa bir zat göwnünde,
Gyz güler durarmy ýigdiň öňünde?
Onda näme ýazyk, ganat ýok mende,
Aýtjak zadym aýdyp bilmän her günde,
Ýaýdanyp-ýaýdanyp ýanyndan gidýän,
Baryp öýde uzyn gije pikir edýän.»

Tamasy köp onuň ýazan hatyndan,
Düşürmän özüni umyt atyndan,
Beýik jaýyň raýyşyna tiz ýetdi,
Durup onda töweregne seretdi.
Az salymdan ýyljyraklap, hem gülüp,
Bir gyz salam berdi, ýanyna gelip.
Köçäň ugry bilen ýuwaş-ýuwaşdan
Barýar olar, ynha seredip daşdan,
Tanarsyň, okyjym, menden soraman,
Tapyşdy bu ýerde iki gahryman.

Tapawutly bolar hormat hem söýgi,
Ikisi serhetdeş, soňkudyr beýgi.
Biri akyldan bor, biri ýürekden,
Hormat söýgä geçer güýçlense çakdan.
Gyzyň ýigde bolan uly hormaty
Tanyşlyk gününden güýçlendi gaty.
Emma serhetinden geçmändir şindi
Hiç kime belli däl, näm bolar indi.
Umyt tamdyryna çöregin ýapýan
Görende ol gyzy gozgalaň tapýan,

Näm üçindir bu gün kinaýa sözün
Az etdi hem ýygra tutdy ol özün.
Gürrüňini hiç bir ýana sapmady,
Gyz hem aýtjak söziüň çemin tapmady,
Pikir edip öz içinden birdenkä:
«Ters düşündim, öte geçdim men belkä?
Ýok başynda munuň hiç bir hyýaly
Ýa-da ol üýtgäpdir, däl öňki ýaly?»
Ýok, beýle däl, joşgunlydyr ýüregi,
Eý gözel gyz, sen-sen onuň geregi!

Uzak gürrüňden soň biziň gahryman:
« – Ertir ugraýaryn, gelsem sag-aman
Ýene sizi görerin men bu ýerde,
Men gelinçäm gitmeseňiz eger-de.»
Aýyň ýagtysynda aý dek ýüzleri
Balkyllaşýan okara dek gözleri
Akmyradyň endamyny gagşatdy,
Durup bilmän ol ýene-de söz gatdy:
« – Gitmeli-dä, gitjek däldim men entek…
Ýurdundan kowulan aşyk Garyp dek.»

Dikdi oňa hoşlaşykly nazaryn,
Çekjek ýaly aýralygyň azaryn.
Bakyşyna aldy bakyş jogabyn,
Soň uzadyp elindäki kitabyn:
« – Siziň üçin aldym ýolum düşende,
Okamaga örän kän zat bar şunda.»
« – Sag boluň!» diýdi gyz, kitaby aldy.
Ýigit göz astyndan nazaryn saldy.
Bir-birini mäkäm gysanda gollar,
Çagyrdy olary aýry-aýry ýollar.

Otlan ýaly köne topuň peltesin
(Ýa-da partlaýyjy mina lentasyn)
Ýigit ýuwaş-ýuwaş çekildi yza,
Göwün arzuwyny gowşuryp gyza.
Öýe baryp gyz kitabyn açanda,
Agdarşdyryp ýarpysyndan geçende,
Içinden kiçijik hatjagaz çykdy,
Gyzyň bar pikirin özüne çekdi.
Açdy-da dykgatly okady muny.
Tanyş boluň, ynha hatyň mazmuny.

* * *
«Gündiz pikirimde, gije düýşümde
Gaýtalanýar adyň, Ogulnabadym.
Däli men, Mejnun men, walla, huşumda
Hiç bir zat goýmadyň, Ogulnabadym.

Zöhre gyz, Saýathan ýanyma gelse,
Baş galdyrman bary daşyma alsa,
Gözellik älemi bir ýüzük bolsa,
Sen göwher gaşy sen, Ogulnabadym.

Aý şöhlesin öçir ol güler ýüzler,
Ülker ýyldyzy dek ýaldyrar gözler,
Dil ujundan däldir, düşün, bu sözler,
Ýüregim owazy, Ogulnabadym.

Bir sadyk guluň meň, gowşuryp golum,
Ýüregim möwç urýar, emma lal dilim,
Bakyşynda hem dirilik, hem ölüm,
Rehim et, öldürme, Ogulnabadym.

Gözleriň güldürip gaşymda dursaň,
Gyşlar ýaza döner, çala ýylgyrsaň,
Muhabbet meýinden bir käse berseň,
Çakyşdyryp içsek, Ogulnabadym.

Özüňki hasap et, ýat görme meni,
Indi saýlamaly söýen-söýeni,
Dar maňa giň jahan, görmesem seni,
Ykbalym eliňde, Ogulnabadym.

Ýaz ösen ýapraklar güýz güni gaçar,
Bagyny terk eder, bilbiller uçar,
Ömür baky deldir, ýaşlyk hem geçer,
Gözellik myhmandyr, Ogulnabadym.»

* * *
Daşdan däl ýüregi hiç bir ynsanyň,
Yşk odunda özün her ýan urýanyň
Kalbyndadyr mydam aýdýan sözleri,
Hatdan aýrylmady gyzyň gözleri.
Kän gezek okady galdyrman başyn.
Kimdir ýada düşdi,
dökdi gözýaşyn.
Bilmedim nämäni göwne getirdi,
Wagtynda ýatmady, uzak oturdy.
Iki bilbil perwanasy bir gülüň,
Gül bagtyny bezär haýsy bilbiliň?

XII

«Aşyki Sadyk menem,
Mejnunyň anjak ady bar».

Fizuly.

Aý süýt ýaly aýdyň,
bu gün on dördi,
Ol sahylyk bilen şöhlesin berdi
Tapawut ýok gije bilen gündizde, –
Muňa goşa gündiz diýýärler bizde,
Bulutdan nyşan ýok gögüň ýüzünde,
Maýak ýaly düýpsüz howa deňzinde
Ýyldyzlar petreşip ýüzüňe akýar,
Göýä söýgüli ýar gaşyny kakýar.
Bagda wentilýator guralan ýaly,
Ösýär ýakymlyja salkyn şemaly.

Dürli lybas geýip gelinler-gyzlar,
Saçlary şar-gara ýüzi gunduzlar
Pogonly, ordenli batyr jigitler,
Zähmet gahrymany gözel ýigitler,
Kiçijik çagalar, şatlykly ýaşlar,
Hem garry eneler, gojalan başlar
Topar tutup tomaşaly baglarda
Seýil edýärler bu ajaýyp çaglarda,
Paýtagtym asuda dynjyny alýar,
Bardykça batlanyp, şowhuny galýar.

Merkeziň myhmany Ogulnabadym,
Dostumyň magşugy hem göwün şadym,
Näme üçindir bu gün ile goşulman,
Bu şatlyga gamgyn göwni açylman,
Ýüzün aşak tutup, galdyrman gaşyn,
Gelýär köçe bilen, garaman daşyn.
Seýkin basyp, öz içini gepledip,
Çuňňur oýda gör nämäni pikr edip,
Duýman galdy ýatakhana ýetenin,
Niçik bolup köçelerden ötenin.

Tama girip krowata gyşardy,
Ýaş ýürek bardykça gopgunly urdy.
Gözün dikip bir nokada kän zaman
Garady ökünip çekýän dek arman.
Mälim bize gyz pikirniň gözbaşy:
Çawdy oňa yşkyň güýçli ataşy.
Gündiz-güni, gije-daňy atmady,
Iki göwre göz öňünden gitmedi.
Biri ýakynynda, biri uzakda
Ikisi-de ýer gözleýär ýürekde.

Töhmet edip bilmen gahrymanyma
Wyždanym jebr eder şirin janyma.
Sap ýürekli hem wepaly, mähriban
Herdem hyýal däldi biziň gahryman.
Ýüreginde bir Begenjiň orny bar,
Onuň üçin gözel göwni intizar.
Ondan başga erkek kişi dünýäde
Bardygyny asla getirmän ýada,
Göwün mülkün besleýärdi hemişe
Gelerne göz dikip, edip endişe.

Emma çykýan sözler tämiz ýürekden
Güýçli bolýar, dostlar, naýzadan, okdan.
Bu hakykat, ynandyrar bizleri
Epir şasy Piriň aýdan sözleri1.
Ýatladanda aşygyna nalasyn
Rehmi gelip, ginden açyp arasyn
Tara daglar ýol beripdi Tahyra.
Ýeňilen şa ýüz tutanmyş şahyra,
Kömek isläp agyr günde galanda,
Ýurduna ýagysy talaň salanda.
Söz ussady ýetişýär-de wagtynda.
Ýene goýýar ýeňlen şany tagynda.

Aşyklaryň şahynşahy ol Mejnun
Daglar aşan, gözýaş döken – jigerhun,
«Huw-hak!» diýip Arabystan çölüne
Çykanynda dürli haýwan diline
Düşünip, aldylar onuň daşyny,
__________
1 Epir (Günbatar Gresiýa) şasy Pir özüniň diplomatyna ýüz tutup: «Sen öz diliň bilen, meniň gylyjym bilen alan şäherlerimden köp şäher aldyň» diýipdir.
Köp gowgadan gutardylar başyny.
Sözden medet tapyp salam gönderdi,
Aşyk Ahmet öz ýanyna gondurdy
Gökden ganat geren topar durnany.
Hak söz hinden çykar, biliň, ýylany.

Şeýle güýçli bolsa sözüň kuwwaty,
Neneň ol ýigidiň iberen haty
Tejribesiz ýaş ýürekde ýer etmez,
Täze meýil, täze duýgy döretmez,
Köp gowgadan gutardylar başyny.
Sözden medet tapyp salam gönderdi
Aşyk Ahmet öz ýanyna gondurdy
Gökde ganat geren topar durnany.
Hak söz hinden çykar, biliň, ýylany.

Şeýle güýçli bolsa sözüň kuwwaty
Neneň ol ýigidiň iberen haty
Tejribesiz ýaş ýürekde ýer etmez,
Hakykat hem sap ýürek bar ol hatda
Olar gyzy goýmadylar rahatda.
Gozgalaňly ýürek gozgalaň tapdy,
Garşylyklar bir-birine at çapdy.
Aralykda oba gyzy gynaldy
Için çekip uly-uludan dem aldy.

Hiç garaman sagy bilen soluny,
Maňlaýynda goýup näzik goluny,
Gyrpyldalyp gamly gara gözüni,
Käte eli bilen ýapýar ýüzüni.

Ne ukuda, ne oýalyk, ne düýşi,
Ne ýeser belamyş söýginiň işi!
Gabagyn galdyrsa yşkyň jeňinde
Iki göwre gaýmalaşýar öňünde.
Gözün ümläp, gaşyn kakyp her biri
Ikisem gözele görünýär diri.

Göýä ymyzganyp samraýan ýaly,
Hut janly adama garaýan ýaly,
Ahyrynda şol göwräniň birine
Ýüz tutup gözeliň aýdany ine:
«Gaty görmeli däl birek-birekden
Halapsyňyz meni çuňňur ýürekden.
Hatyňyzy okap muňa ynandym
Gama batdym, pikir etdim, gynandym,
Çünki size ýakymly bir jogaby
Berip bilmen, hanha onuň sebäbi.»

Gyz ikinji göwrä elin uzatdy,
Serediň diýen dek yşarat etdi.
«Sag bol!» – diýip arkasyna kakýan dek.
Guwanç bilen gül ýüzüne bakýan dek.
Ol ikinji göwre öňe süründi,
Has ýakyndan gyz gözüne göründi.
Soňra birden gözden ýitdi, gizlendi,
Gyz ýene-de öňki göwrä ýüzlendi:
«Onuň bilen önüp-ösdük obada,
Söýüşdik bir-birimiz berişdik wada.

Ol odun içinde ýüreginde men,
Halk üçin gan dökýär fronta giden.
Ondan geçip bilmez Watanyn söýýän,
Wyždanyn nebsinden ileri goýýan.
Çyn söýgüli söweş edýän ýaryna
Kuwwat berer, degmez namys-aryna
Ýedi ýyllap gözlerinden ýaş döküp,
Köşgün zyndan edip, sehretler çekip,
Garaşmanmy Garybyna Şasenem?
Ol ýigdiň ýoluna intizar menem.

Görümde, görmekde, akylda, huşda,
Ylymda-bilimde, gullukda-işde,
Siz ondan has öňde, sözüm ýok muňa,
Dogrusyn diýýärin, ynanyň maňa,
Emma welin ýüregimde orny bar,
Görmesem bu dünýe bolar maňa dar.
Iki söýgi bir ýürekde ýerleşmez,
Asyl beýle zatlar ýadyma düşmez.
Ony ýakyp bilmen sözümden dönüp.
Görenim şol meniň enemden önüp.

Ondan geçip bu gün size söz bersem,
Ertir has owadan bir ýigit görsem,
Olam maňa aşyk bolup söz gatsa,
Soguryp ýüregin öňüme atsa,
Jogap beriň! Nätmeli men bu ýerde?
Şeýle keri dowam etsem eger-de
Düşmenmi men iliň-günüň gözünden?
Ynsanmydyr ykraryndan, sözünden
Dönüp her gün çar tarapa çapýanlar?
Ýary ýara satyp, lezzet tapýanlar?

Dilimdedir ýüregimde bolanym,
Galp sözländen ýagşy görýän ölenim.
Ynanyň siz meniň aýdan sözüme:
Eger sizi laýyk görmen özüme,
Mekirlikden diýýän bolsam sözlerim,
Tä ölinçäm gara bolsun ýüzlerim.
Size göwnüm ýetýär her bir tarapdan.
Doganym hökmünde söýýärin köpden.
Ant etmege taýýar ynha her zatdan.
Men sizi hiç wagt çykarman ýatdan.

Emma siz… bagyşlaň… unudyň meni.
Jogabym ynjydar, bilýärin muny.
Ýalan süýji sözden dogry ajy söz
Gowudyr ýaksa-da bolup ýiti köz.
Ýazan sözlerňiziň barysy hakdyr
Nädeýin? Mende-de çäresi ýokdur.
Menden has gowurak görkli gözeller
Umyt baglap bilse, uzadyp gollar
Ynanýaryn, daşyňyzdan aýrylmaz
Men hakdaky pikriň yzy hem galmaz…»
« – Oýlanmak gerekdir ýene-de belkä?»
Seda çykdy ol göwreden birdenkä.
« – Men seniň gaşyňda, sen meň gaşymda,
Ýeke özüm, hiç kimse ýok daşymda.
Has ýakyndan tanýan bolsaň eger-de
Bil, gyýa bakmazdan, goýmazdyň derde.
Seniň üçin dogupdyryn enemden,
Garybyň men, beter söýýän Senemden
Hopul-hara jogap berip beýle tiz,
Durmuş donuň kelte biçme, gözel gyz.»

Diýdi-de ol gaýyp boldy gözünden,
Gyz gaýgysy artdy onuň sözünden.
Ynjalygy gaçdy, ýerinden galdy,
Ýene düýpli pikir goýnuna saldy.
Iki ýana gezmeledi içerde,
Köp hili pikirler jem boldy serde.
Ahyrynda näbelli bir hyýalda
Diýdi ol özüne gaýgyly halda:
«Näme ýeke çekýäň yşkyň azabyn?
Goý Begenjiň özi bersin jogabyn.»

XIII

«Ol geliniň menden özge ýary baryn
bilmedim».

Magtymguly.

Akmyrat Aşyrow berensoň hatyn
Has beter-de gaçyrypdy rahatyn.
Agşam ýatanynda, ertir turanda,
Her gezek asuda ýürek uranda,
Gyz suraty göz öňüne gelýärdi,
Gaýybana gürrüňdeşi bolýardy.
Arzuw agajynyň salkyn saýasy
Mesgenidi, emma umyt paýasy
Şol akýan ýapdaky bir gamyş ýaly
Titreýärdi degip yşkyň şemaly.

Göçgünli oýunçy kartyň başynda
Duýmaz kyýamat hem gopsa daşynda.
Eger gelse gowy görýän bir güli,
«Ber bankyňa!» – diýip uzadar eli.
Ýüzi üýtgär, elleri-de sandyrar,
Çekende kartyny galpy galdyrar.
Dört gyraň hal gelse duzuň üstüne,
Şarpyldadyp açar ony dessine.
Ortadaky pula urar penjäni,
Söweş edip, alýan ýaly oljany.

Sabyrsyzdy bu gün biziň gahryman,
Ýürek suw üstünde, geçdi kän zaman.
Karta goýan dünýädäki bar-ýogun,
Göçgünli oýunça dönüpdir agyn.
Yşky onuň duz beripdir eline,
Baglydy ykbaly aljak gülüne.
Kim bilýär, bankçy oňa näme bir,
Onluk gelip düzelermi ýigrimbir.
Ýa-da onuň döwi sürmän ebedi,
Gelermi eline şa bilen ýedi?

Iki gün geçipdir geleli bäri,
Bir ýere jemlenip pikirniň bary,
Her minut, her demde düşse-de ýada
Görünip bilmedi Ogulnabada.
Arzuwy bar gözel gyza ýetmäge,
Ençe sapar hyýal etdi gitmäge,
Emma ädilmedi onuň aýagy,
Göýeki öňünde bir güýçli ýagy,
Leşger çekip kesen ýaly ýoluny.
Topa gurup sagy bilen soluny.

Häzir ol öýünde stol başynda
Birnäçe kitaby goýup daşynda,
Işläp otyr, kellesini galdyrman,
Okýan kitabyndan gözün galdyrman.
Käte bir zat ýazyşdyryp depdere,
Kitabynda bellik edýär her ýere,
Käte pikre gidýär her zady ýatlap,
Kelläň dynjyn berýär, çilimin otlap,

Dürli kitaplary ýene agtarýar.
Çuňňur pikirlenip, paýhasly garýar.
Meňzeýän ýeri ýok sallah öýüne
Görkezeýin size, syn ediň ine:
Işleýän stolnuň üsti gök mahmal.
Ýalpyldaýar ortasynda her mahal
Abažurly elektrik çyrasy.
Stol bilen krowatyň arasy
Bezelipdir etažerka, şkafdan
Doly olar dürli-dürli kitapdan.
Tamyň ortasynda nahar stoly
Aýnadan parhy ýok, arassa poly.

Gözüň gamaşdyrýar tamyň diwary,
Ýada salýar daglardaky ak gary.
Sag tarapda goýulypdyr bir diwan
Dürli gazet-žurnal seretseň her ýan.
Köçä bakýar iki beýik penjire,
Tam içinde yşyk düşýär her ýere.
Eý eziz okyjym, ýarym aý ozal
Akmyrady bendi eden şol gözel
Bu ajaýyp jaýa myhman bolupdy,
Göz aýlap içine haýran galypdy.

Hiç zatdan habarsyz işläp otyrka,
Duýdansyzlyk bilen ynha birdenkä,
Biri daşdan gelip gapyny kakdy,
«Kim?» diýip Akmyrat işige bakdy.
Girdi öýe garry goňşy aýaly.
Göýä onuň bir günäsi bar ýaly.
Diýdi «Huş galmandyr meniň başymda,
Hemişe-de ýetişiksiz işimde.
Gideniňden soňra birnäçe günden,
Garrapdyryn, gaty görme sen menden.

Bir hatjagaz geldi seniň adyňa,
Gowşurjakdym, ynha, gelen badyňa…»
« – Tapawudy näme,
sag bol, eý ene!
Nakyldyr, ýaryş ýok, bil, ýarym güne.»
Haty alyp göz gezdiren dessine
Zöwwe galdy aýagynyň üstüne.
Kitaby, depderi çykardy ýatdan
Gözi aýrylmady bu gelen hatdan.
Ýene-de eýerläp umyt atyny
Bukjasyny ýyrtyp, hatyň gatyny.
Okamaga höwes edip açanda,
Ilki setirlere gözi düşende,
Çykmady ýigidiň oslan tamasy
Ýüzi tiz üýtgedi, bardy emmasy.

Ýene ol bukjany eline aldy,
Hatyň ýazylşyna nazaryn saldy.
«Bu hat özüniňki» – gepletdi için.
«Özgäň hatyn iberdikä näme üçin?
Belkem ýalňyşandyr bukja salanda?
Soň, näme, bilmezmi beýle bolanda?»

Soňra ýuwaş-ýuwaş hatyn okady,
Gaşyn çytyp, kellesini ýaýkady.
Okadykça özün gama batyrdy.
Çep elini maňlaýyna ýetirdi.
Pikir etdi, öz-özünden uýaldy.
Üstünden sowuk suw guýlan dek boldy.
Ýüzi boz-ýaz boldy, eli titredi.
Hoş umytlar çar tarapa pytrady.
Gutaransoň uludan bir dem aldy,
Ol Garaçomagy ýadyna saldy.

«Şondan näme tapawudym bar meniň?
Meňkiden günäsi ýeňildir onuň».
Öý içinde iki ýana ýöredi,
Ýene gelip ýaňky hata garady:
«Söýgüli gözelim, Ogulnabadym,
Sensiň bu dünýäde maksat-myradym!»
Bu sözler içinden ok bolup geçdi
Ýene kän setire gözleri düşdi:
«Golumda awtomat, ýüregimde sen
Duşmanyň üstüne hüjüm edýän men»,

Göýä asman çagşap, üstüne indi,
Gahrymanym öz-özüni ýigrendi.
Wyždan ony iki ýana çaýkady,
Gara bagryn gara daşa oýkady.
ýürek paralandy, dürtüldi hanjar,
Müýnli sözi çykdy onuň naýynjar:
«Göz gyzdyryp şeýle ýigdiň gyzyna
Talaň salýan ýaly onuň yzyna…»
Bu giň jahan dar göründi gözüne,
Hyrçyn dişläp gahar etdi özüne.

Ýatyr ol hat janly ýaly öňünde
Şeýle sözler bardy onuň soňunda:
«Häzir hoş söýgülim, unutma meni
Watany söýşüm dek söýýärin seni.»
Göýä bir günäkär özi hakynda
Sud kararyn yglan edýän çakynda
Diňläp ony doňan ýaly durşy dek,
Gahrymanym ýüzün sallap birentek
Durdy okandan soň süzüp gözüni,
Ýer ýarylsa urjakdy ol özüni.

Ýüregim gyýyldy gahrymanyma
Wepaly ýoldaşym, çyn merdanyma.
Wyždanly düşüner namysa-ara
Gezemez peýkamyn bilbili zara.
Uçurmaz ürküzip kölüň sonasyn.
Ýolmaz bagyň ter açylan gunçasyn,
Göz gyzdyrmaz özge kişiň malyna,
Perwaýsyzlyk etmez naçar halyna,
Nebse çapyp urmaz özün her ýere,
Hyýanatly hyýal getirmez sere.

Şeýle bir ýigitdi biziň gahryman
Ar namysy elden bermän hiç zaman,
Märekede, dost-ýarlaryň içinde
Köpçülikde hem edara işinde
Eýedi hemişe uly hormata.
Misli maşgalada mähriban ata.
Tämizdi ýüregi, açykdy göwni,
Bir gören her wagt ýatlardy ony.
Göz astyna alsalar-da gözeller
Baş galdyrman gezipdi ol kän ýyllar.

Yşkyň söwdasynda utuldy bu gün,
Wyždan parçalady onuň ýüregin.
Uçýan dek bagyndan şeýda bilbili,
Hazyna dönen dek gyrmyzy güli,
Agyr göwre agdaryldy diwana,
Ynjalyksyz çarpyndy ol her ýana.
Dünýä muşakgaty ýagyp üstüne
Saldy ony tükenmez dert astyna.
Birinji söýginiň başlangyç işi
Şowuna düşmese ýanar her kişi.

« – Eger başda bilen bolsam bu haly,
Kellä getirmezdim beýle hyýaly.
Oýlanman iş etseň, ahyry puşman,
Puşmandan ne peýda, ýanýar şirin jan.
It dek ýigrenerdim başga bir kişi
Eger eden bolsa şeýle bir işi…»
Söýginiň sönüksi oduna ýanýar.
Pýan ýaly iki ýana çaýkanýar,
Hoşlaşalyň onuň bilen şu ýerde,
Haýyp, emma goýduk ony kän derde.

XIV

«Gizleme syrysy menden –
Saňa näm boldy, näm boldy?»

Halk aýdymy.

Iş başynda ýatdan çykar gaýgy-gam.
Boş bolsaň, sen sary urýar ol gadam.
Bu mugallym gyzyň köp wagt bäri
Öýünde oturyp ýokdy karary.
Hat alypdy Aşgabatda bolanda.
Hem aglapdy, hem gülüpdi ol onda.
Şondan soňra Begenjinden hat-habar
Gelmeýärdi, çekýärdi ol ahy-zar.
Ondan bäri hepde geçdi,
aý geçdi,
Gyzyň ýüregine howsala düşdi.

Işdesi kesildi, ukusy gaçdy,
Gülki-de, şatlyk-da arany açdy.
Alma ýaňaklary,
güler ýüzleri
Soldy birden, çuňaryldy gözleri.
Için tutup gaýgydady hemişe.
Diňe syr bildirmän baranda işe
Gaýgy-gamyň penjesinden çykýardy,
Şonda gara gözler gülüp bakýardy.
Mekdep boldy gyzyň arka daýanjy.
Şagalaň içinde azaldy ünji.

Halaman enesi gyzyň bolşuny,
Duýdy derrew saralşyny, solşuny.
« – Näme bela urdy seni, eý gyzym?
Ýüzüň salyk, saralypsyň, ezizim.
Uzynly gün iki ýana at çapýaň,
Öýe myhman, mekdebiňde iş tapýaň,
Hemişe işdäsiz, iýýän zadyň ýok,
Bir derdiň bar, eneňe-de aýdaňok,
Ýere siňip barýaň gün-günden beter,
Duýdursaň, belkä-de kömegim ýeter.

« – Hiç derdim ýok, göwnüňedir, eje jan,
Işim köp bolansoň ylgaýan her ýan.
Horluk-da, harlyk-da barysy şondan.
Hiç syrym, eje jan, gizlemen senden.»
« – Dogryňdan gel, keýgim, aldama meni,
Çenden gözi ýaşly görýärin seni.
Basyrganyp geçirýärsiň gijäňi,
Aýt kemiň, derde goýma ejäni.
Her bir derdiň tapylýandyr dermany,
Içinden ah çekip, gynama jany…»

Çynlakaý gyssady ene gyzyny,
Gutarmady gürrüňiniň yzyny.
Haýpy geldi, gam laýynda perzendi,
Hem nury didesi, hem jiger bendi.
Käýinjinden durup bilmän hamsykdy,
Gözünden enelik ýaşyny dökdi.
Enäniň nalyşy Ogulnabady
Mejbur etdi aýtmaga her zady.
Pynhan syryň syrylanda perdesi
Köp zaryn eşdildi gözeliň sesi:

« – Tapylýan bolsa-da her derde derman,
Men derdimiň ýok dermany, eje jan.
Soradyň, goýmadyň diňle sözümi,
Ertir agşam ýaşa boýap gözümi,
Gaýgy-gamyň gujagynda her zaman,
Ot içinde ezelenýär şirin jan.
Öz goňşymyz bilýänsiň sen Begenji,
Ondan hat-habar ýok, şol maňa ünji.
Gitmänkä, men oňa beripdim wada,
Şoldur salan meni dady-perýada.

Ýazgarma, eje jan, eziz balaňy,
Şonuň ahyn çekip atyrýan daňy.
Çagalygmyň, ýaşlygymyň ýoldaşy,
Habaryn ýetirdi sag bolsa başy.
Gidenden soň hat alýardym her zaman.
Umyt etdim geler diýip sag-aman.
Aýralyk şemaly ýüzüme urdy,
Gaýgy-gam umydyň tanapyn gyrdy.
Gözlerim ýolunda galdy bendiwan,
Gaýgymyň gözbaşy şudur, eje jan.

Eneden bigeňeş söýginiň işi
Bilýärin, eje jan, çekdir endişi.
Duýdurjakdym saňa, syrym gizlemän,
Baryn bolşy ýaly, mekir sözlemän,
Ýöne welin, ynan maňa, utandym,
Diýsem garşy bolmajagňa ynandym.
Dogry dälmi, garşy dälsiň, eje jan?
Garşylygy ýokdur onda bir nyşan.
Eje, eşder bolsaň sözüň dogrusyn,
Hiç ýerden tapmarsyň ondan gowusyn!»

Gyzynyň sözüni diňläp enesi,
Oturdy kän wagt, çykmady sesi.
Ogulnabat onuň ýeke balasy,
Ýüregin eretdi ahy-nalasy.
Ýuka bor ýüregi eziz enäniň.
Bilmedim men pikrin edip nämäniň –
Gynajynyn ujy bilen gözüni
Süpürdi-de aşak sallap ýüzüni:
« – Göwsümden süýt berip ulaltdym seni
Gyzym hiç kimçe-de görmänsiň meni…»
« – Beýle diýme, eziz käbäm, eje jan,
Garşy bolsaň aýt mana aç-açan.

Sözüni syndyrman seniň hiç wagt,
Hut seniň eliňden berilsin bagt»
« – Hiç bir zada garşylygym ýok meniň,
Ýüregim awaýar halyňa seniň.
Şu wagta çen syr bildirmän eneňe,
Ahyry dikanlap soramsoň diňe…»

Mähriban enäniň razylyk sözi
Açdy şöhle berip solugşan ýüzi.
Uly bir şatlykda ýerinden turup,
Topuldy üstüne gujagyn gerip,
Taýly gezek ýaňagyndan ogşady,
Çünki enesinden tamasy şody.

« –Hhat gelenok diýip alada etme,
Özüň gama berme, pis oýa gitme.
Darykma, tiz geler habary-haty,
Kän wagt geçmändir, gyssanma gaty.
Derman däldir, dökme gözden ýaşyňy
Mertler kimin merdana tut başyňy.»

Hat alana döndi söwer ýaryndan,
Şatlyk üstün çykdy ahy-zaryndan.
Umyt oýnaklady gara gözlerde,
Gam gussa galmady güler ýüzlerde.
Şatlansyn gözel gyz, ýene şatlansyn,
Şatlykda işlesin hem şöhratlansyn,
Biz onuň kän wagt yzyna düşdük,
Az wagt aýryldyk, ýene birleşdik.
Dostlar, indi obasynda galsyn ol,
Häzir bize gol bulaýar uzak ýol.

XV

«Изведал враг в тот день немало,
Что значит русский бой удалый»1

Лермонтов.
__________
1 «Edermen rus söweşiniň nämedigini.
Duşman şol gün gören däldir.»

Wolgaň kenarynda, şanly şäherde
Ol taryhy ýeňiş başlanan ýerde
Tora düşdi duşman, epdi dyzyny,
Gaçyp gutulmaga tapman yzyny.
Täleýin ters edip tora düşeniň,
Söbügin sydyrdyp yza gaçanyň,
Goşunym ýüzlenip günbatar sary,
Kowardy ganymy köp günden bäri.
Şindi hem gitmändir däriniň ysy
Daşda del, eşdilýär toplaryň sesi.

Her ýerde görünýär yzy ganymyň,
Göz aýlap uludan alýarsyň demiň.
Bolupdyr kän jaýlar ýer bilen ýegsan
Çaýlar bulanypdyr, akyp gyzyl gan.
Hatda mekanyny terk edip guşlar
Dargapdyr dört ýana, ýalňyz agaçlar –
Ýaryndan aýrylan natuwan ýaly,
Göýä hasrat çekip aglaýan ýaly,
Geçiripdir agyr günler başyndan
Köküne nem berip ganly ýaşyndan.

Bu gün olar giňden gerip şahasyn,
Misli ynsan, çalşyryp ýas lybasyn,
Toý geýmini geýinen dek egnine,
Umyt güneşine çoýunýar ýene,
Gök mahmala girip açypdyr güller
Ýene şahasynda saýraýar bilbiller.
Suwy dury akýar ol garry Donuň,
Gämi azat ýüzýär içinde onuň.
Asuda dem alýar depeler, düzler.
Indi gülüp bakýar ýaşaran gözler.

Göz gezdirseň tupan turan ýerlere
Gyzyl Goşun zarba uran ýerlere
Pikir edýän kelläň ýaýkap daşyndan,
Dolupdyr giň meýdan duşman läşinden.
Kimsiniň başy ýok, kimniň aýagy,
Kimsiniň çogupdyr kelle çanagy.
Kimsiniň eli ýok, kimsiniň gözi
Kimsiniň al gana boýalan ýüzi.
Kimsiniň daşynda içiniň goşy
Kimsinden derek ýok, dargapdyr läşi.

Kimsiniň gum basyp bütin göwresin,
Kimsiniň mör-möjek alyp degresin
Şagalaňly toý edýärler üstünde,
Talaň turuzýarlar talaňçy tende.
Wes-weýran bolupdyr, ýatyr çagşaşyp
Oý ýerler dolupdyr, üst-üste üýşüp
Tanklardan, toplardan hem samolýotdan
Basara boş ýer ýok demir, polatdan.
Dürşde bolup maslyk bilen ýaragy
Pälinden tapypdyr päli azan ýagy.

* * *
Duşmandan ýakynda saplanan ýerde
Kiçijik, emma gözel şäherde
Iki gat jaý, içi doly ýaraly,
Käbiriniň endam jany saraly.
Watan üçin gyzyl ganyn dökeni,
Kyn ýagdaýda agyr horluk çekeni,
Gözel synasyna şikest salany.
Ýa aýakyz, ýa-da elsiz galany,
Şu ýerde doktorlar sana getirýär,
Hem kesýär, hem tikýär, hem-de bitirýär.

Ynha, bir uly tam birinji gatda
Gireňde birbada howp edýäň hatda.
Agyr halda mundakylaň hemmesi,
Käsiniň eşdilýär iňleýän sesi.
Käbiri özüni her ýana urýar,
Aýylganç ses bilen gaty gygyrýar.
Käsi basyrganyp uzak samraýar
Käsi däli gözli, gorkunç garaýar.
Käsi sesiz-üýnsüz, gidipdir uka
Käsi ýüz tutupdyr «panydan baka».

Ynha, birin getirdiler göterip,
Açdylar ýarasyn, arkan ýatyryp.
Dyzyň oýnam barmak aşak ýanyndan
Degipdir ok bölek, akan ganyndan
Üsti başy boýalypdyr. Azaby
Kän çekipdir ýigit, galmandyr taby.
Süňki döwük, sallanşyp dur etleri,
Nil ýaly gögerip, gatapdyr deri.
Şalkyllap ýatyr ol, tende amanat
Her zada çydar eken adamzat!

Şu-da onuň göze ilýän ýarasy
Emma welin kelle, aýak arasy
Doludy her hili ganly ýaradan,
Howp eder daşyndan muňa sereden.
Tende söweş edýär dirilik, ölüm,
Ýazmaga bu haly ejizdir elim.
Umydyň ýaranýar her dem alanda,
Ölüm dirilige badak salanda.
Ynha ýatan göwre, çala demi bar.
Kän bu ýerde munuň ýaly ýaradar.

Bilýänsiň, okyjym, kimdir bu ýatan
Muny goragyna ýollapdy Watan,
Ýadyňdamy? eşelonda bir wagt
Urşa tarap ugradanda paýtagt
Aýnaň agajyna bagryny oýkap,
Içinden ah çekip, kellesin ýaýkap,
Ýadyna salýardy söwer ýaryny
Ak ýüzde owsunjy zülpi taryny.
Ondan bäri wagt geçdi aradan,
Gözel syna doly ynha ýaradan.

Bolsa-dy ýanynda Ogulnabady,
Ederdi bagyryp dady-perýady.
«Waý!» – diýip taşlardy üstüne özün,
Ýaşa doldurardy bendiwan gözün.
Döwülen aýaga,
ol ganly göwrä
Daşyna gan öýlüp, nil bolan derä
Gözün petredip,
gorkuly garap,
Aýylganç gygyryp, bagryn paralap,
Belkä ýykylardy, özünden gidip,
Ýüzün ak tam edip, lebin kepedip.

Jansyza jan berýän,
gansyzlara gan
Atadan, eneden beter mähriban
Söweş meýdanynyň Lukman hekimi
Wagtsyz ölümiň beýik häkimi
Melhem edýär ýaralynyň derdine,
Garagum bürgüdi mertler merdine.
Beýhuş edip duýgusyzlyk meýinden,
Kesdiler aýagy dyzyň teýinden.
Gyryp, tikip, derman edip endigan
Saradylar hemişelik diňdi gan.

XVI

«Лишь тот достоин жизни и свободы,
Кто ежедневно с бой берёт их».1

Гёте, «Фауст».

Bilmän näçe günüň, näçe gijäniň
Ukusy gözüne maýyldy onuň?
Emden medet alyp, ýumsa-da gözün
Ýene galmagala saldy ol özün:
Çagşaşan ýaş göwre tapmady rahat,
Akyl kellä, kelle akyla boldy ýat.
Elhenç sesler bilen gygyrdy birden,
__________
1 Ýaşaýşa we azatlyga diňe olary her gün söweş bilen gazanyp bilýän adam mynasypdyr.
Käte hyýal etdi galmaga ýerden.
Soňra uzak ýatdy özüni bilmän,
Dünýä galmagalyn ýadyna salman.

Kem-kemden erkine gelende düýşi
Kino lentasy dek okop durmuşy
Geldi göz öňüne yzly-yzyna:
Ynha okopynda galyp dyzyna,
Granat zyňýar ol duşman üstüne
Ýa-da, süýşüp gelýän tankyň astyna…
Ynha, birden ajal guşy asmanda
Peýda boldy, turdy tupan her ýanda.
Top-tüpeň sesinden dünýä yranýar,
Şäherler ýykylýar, obalar ýanýar…

Ynha «Ataka!» diýip komanda boldy,
Eli awtomatly ýerinden galdy…
Ynha ýaralanyp ýakyn ýoldaşy,
Gana boýalypdyr bütin üst-başy…
Ynha ol baş bolup dört-bäş esgere,
Süýşenekläp barýar gorkuly ýere.
Garawulda duran duşman soldatyn
Hiç bir ýere onuň ýetirmän dadyn,
Gapyl basyp, alkymyna ýapyşýar,
Soňra ýuwaş-ýuwaş yzyna süýşýär…

Ynha, ot içinde ol şanly şäher,
Atyşyk, çapyşyk agşam hem säher.
Tamdan tama geçip, köçeden köçä
Ýa gol galdyrýança, ýa-da ölinçä
Ynha, kowalap ýör ganym duşmany.
Käte howpa düşýär öz şirin jany…
Ynha, polkownigi çagyryp ony,
Arkasyna kakyp, gysyp goluny,
Laýyk baha berip harby işine,
Gyzyl ýyldyz nyşan dakýar döşüne…

Ynha, blindažda, şemiň ýanynda
Bir özi dümtünip oturýar onda.
Söýgülsinden gelen haty gaýtalap,
Kän okady, jogap ýazýar söz saýlap,
Ynha, birden öýde, çaýyň başynda
Ogulnabat gülüp otyr gaşynda…
Ynha, söweş gidýär Don çöllerinde.
Ýaş gyzlar, garrylar nan ellerinde
Garşylaýar azat eden goşuny,
Güller bilen bezäp degre daşyny…

Ynha, birden ös ýanyndan bir soldat
Peýda bolup, zyňdy oňa granat.
Gapdalda bir oýa oklady özün
Teninden gan akdy, gum basdy ýüzün…
Baş ujunda aglap otyr ejesi,
Eşdilýär gulagna jigsiniň sesi…
Ynha, bir şähere hüjüm bolanda
Süýşüp goşun köçelere dolanda
Eşdildi ýakynda top okuň sesi…
Gyrylýar şu ýerde kinoň lentasy.

Birden tisginjiräp açanda gözün,
Temiz düşekçede gördi ol özün.
Demin dürsäp, gelenden soň huşuna
Haýran galyp göz gezdirse daşyna
Tank-da ýok, tüpeň-de ýok, ot-da ýok,
Uruş-da ýok, çozuş-da ýok, zat-da ýok.

Tirsegine agram berip göwräni
Gowsundyrdyrdy… ýeňil geldi bir ýany.
Kellesini ýaýkap, çekdi ol için
Uludan dem alyp, dişledi hyrçyn.
Kän wagt ýatdy ol düşekden düşmän,
Gana uky alman, iýmän hem içmän.
Agdarlyp bilmedi islän ýanyna,
Süňkler awap azar berdi janyna.
Ýüz inçelip, ýygrylyşdy ýaňaklar
Etsiz, gansyz çilge döndi eňekler.
Gagşadýar käwagt göterlip gyzgyn.
Ellerde kuwwat ýok, aýakda ysgyn.
Gaş gabaryp, ulalypdyr gözleri,
Görsem diýip arzuw edýär düzleri.

Ýarym ýyl çen wagt geçdi aradan,
Saplandy ten agyr düşen ýaradan.
Pişek bilen tam içinde her ýana
Gezim etdi, çykdy çendan meýdana.
Işdäsi açyldy, dürsedi özün.
Obany ýatlaýar delmirdip gözün,
Hat ýazdy kän gezek, yzly-yzyna,
Güneşli ülkäniň gözel gyzyna.
Häzir ýassygyna gyşarlyp ýatyr,
Bejerýän baş wraç ýanynda otyr.

«…Mertlik üstün çykýar hemişe derde,
Ynha indi isleseňiz eger-de,
Içde galan top okunyň bölegi
Alynmaly, emma welin ýüregi
Howpa salýar, eşdiň, edilse synag
Hem görkezer size çydamsyz gynag.
Baryp duran ýeri ýürege ýakyn,
Şonuň üçin almak ony örän kyn.
Bilip bolmaz, şowna düşmez birdenkä
Örän hatarly iş, heläklär belkä…»

Düýpli bir agyry duýman teninde:
« – Eger galyberse duran ýerinde?..»
« – Bolar o hiç zat bolmaz, ýetmez azary.»
« – Göwün arzuw edýär Watana sary.»
« – Bardy-geldi azar berse bir zaman,
Agyrlygna, kynlygyna garaman,
Tizlik bilen çykarmagyň çäresi,
Görülmeli ýogsa onuň ýarasy
Iriňlär-de hezil bermez, unutmaň!
Gorka durup, janyňyzy ynjytmaň.

Köp wagt özüne bagly ynsanyň
Sagdyn saklanmasy bedeniň, janyň.
Ynanyň alymlaň aýdan sözüne –
Iň ýagşy doktordyr her kim özüne.
Iýmegiň, içmegiň saklaň kadasyn,
Unutman hiç haçan jan aladasyn!
Ýapyşmaň entekler hiç agyr işe,
Açygrak howada boluň hemişe…»
Soňra ýyljyraklap ýigde garady,
Bu hili garaýşyň bir syry bardy.

Durdy ýoňsuz wagt, ýaýdanyp durdy,
Çep elin ogrynça jübsüne urdy.
Birden çykardy-da sary bukjany,
Şol bada Begenje uzadyp ony:
« – Bermäge birbada çekindik muny,
Bize mälim däldi hatyň mazmuny.
Eger oňat bolsa hatdaky habar,
Iň ýagşy melheme bolýar barabar.
Eger, bardy-geldi, tersine bolsa,
Gaýgyly bir zady ýadyna salsa,

Ýaradan has beter agyr hassany
Gynaýar, düşekden galmaýar ýany.
Görenmiz sebäpli muny kän gezek
Bagyşlaň, hatyňyz sakladyk uzak…»

« – Aýby ýok, aýby ýok, hiçden giç ýagşy.»
Bukjanyň ýüzüne çekilen nagşy
Tas zöwwe galypdy gören destine,
Bu hat şatlyk goşdy, şatlyk üstüne.
« – Melhemdir, doktorym, melhemdir bu hat,
Mundan ýeter meniň janyma rahat.»

Baş wraç ýanyndan gitdi hoşlaşyp,
Ynha, çykan sözler ýürekden joşup,
Güneşli ülkede ýigdiň dykgaty.
Artykdyr hemişe gadyr-gymmaty.
Şu hili ýagdaýda, şeýle uzakdan
Ýetişse yssy dem bir göwni päkden.
Palata içinde göýä bir özi,
Ilmeýär gulaga özgäniň sözi.
Kä ýüzi ýagtylyp, kä çytyp gaşyn,
Okaýar hatyny galdyrman başyn.

XVII

«Не узнав горя, не узнаешь и радости»1.

Русская пословица.

Bir durşuna durýan zat ýok dünýäde,
Üýtgeşmek her zaman tebigy kada.
Bilmedim ne halda gije geçipdir,
Emma irden gün şöhlesin seçipdir.
Birden bulut tutdy gögüň ýüzüni,
Ýagdy çabga, dagy bilen düzüni
Suw-sil etdi, yzy bilen ýel ösýär, –
Bir günde bu dünýä dürli öwüsýär.
Dagda duman bolýar, adamda hyýal
Hiç birinde hemişelik däl bir hal.

Tebigatyň, adamzadyň bu halyn
Ýadyna salypdy başlanda ýoluň
Biziň gahrymanmyz uly pikirde:
«Galarmykam ýene ikinji derde?
Göwrämde gelşik ýok, ýüzümde ganym,
Aýagym ýeke taý, sagat däl janym…
Ozal meni çyn ýürekden söýýärdi,
Tä gelinçäň garaşaryn diýýärdi…»
Ýürek howsalasy güýçlüdi gaty
Ine ele alýar şol gelen haty:

«Uzak ýoldan, ak ýürekden
__________
1 «Hasrat çekmeseň şatlygy-da bilmersiň.» Rus nakyly.
Ýetişsin salamym saňa.
Köpden bäri, jan Begenjim,
Hasrat hemra boldy maňa.

Alanymda her hatyny
Bökjeklärdim çaga ýaly,
Geljegimiz ýatlap her gün,
Ederdim men hoş hyýaly.

Hat gelmedi arly tomus,
Artdy meniň dert-azarym,
Çydam etmän güýçden düşdüm,
Kesilen dek gan damarym.

Ýazdym haty, günde ýazdym,
Kän garaşdym jogabyna.
Bary guýa gaçýan ýaly,
Düşünmedim sebäbine.

Geçirsem-de umyt bilen,
Ençe güni,
ençe aýy,
Weýran etdi üsti-başym,
Ahyrynda pikir laýy.

Obamyzda soňky günler
Şum habaryň sany artdy.
Kä çagyryp, kä hat bilen
Woýenkomat mälim etdi:

«Pylan wagt, pylan ýerde
Batyrlarça döküp ganyn,
Pylanyňyz Watan üçin
Gurban etdi şirin janyn.»

Öwezliden, Meretliden
Geldi eýýäm şeýle habar.
Yzy ýene dowam etse,
Soňy munuň nire barar?

Ozallarda Nurtäç eje
Okudardy gelen haty,
Bir hatynda gördüm onuň
Özümdäki şol suraty.

Gabat gelse ýolda-yzda,
Aýdyp bilmän hiç bir sözi,
Ýeň astyndan garaýaryn,
Pahyryň-da salyk ýüzi.

Derdimiz bir, paýlaşmagyň
Tapmaýaryn çäresini,
Gutarardy hat-habaryň
Gelse ýürek ýarasyny.

Üýşüp bir gün okuwçylar
Tamyňyzy suwap berdi,
Şatlygyndan ejeň şonda
Agşamara bize bardy.

Hoşallygyn beýan edip,
Diýdi: «Alnyn açyk bolsun!»
Arzuwynyň birligini
Aýdylmasa nirden bilsin.

Bilmezlige salsam-da men,
Gün geldikçe gaýgy basýar.
Içde-daşda dursam ýeke,
Takatym ýok, ýürek gysýar

Saklamak kyn beýle syry
Uzak wagt,
Begenç, içde.
Özüm anyk duýdum soňra
Açyljagyn irde-giçde.

Bir gün işe güýmendim-de
Mekdepde bir özüm galdym.
Bile okan ýyllarymyz
Birin-birin ýada saldym.

Hemme kişi geň galardy
Okanyňda yhlasyna.
Küýli ýaly, ynha, birden
Girdim baryp klasyňa.

Süňňüm gowşap, kalbym urup,
Iç işikde esli durdum.
Tam içine gözüm aýlap,
Öz-özüme gürrüň berdim:

«Oturardy şu partada,
Girerdi ir,
çykardy giç
Tagtadadyr gözi mydam,
Ýalt-ýulty bolmazdy hiç.

Mugallymyň daýanjydy,
Sorag bolsa galar goly;
Göz öňüne gelýär bary,
Ýatlamadan ýürek doly…»

Kän oturdym, kän seretdim,
Kän zatlary saldym ýada.
Gözlerime ýaş aýladym
Erkim elden giden bada.

Ejizlerdi her bir adam
Beýle ýagdaý düşse başa.
Durup bilmän mundan artyk,
Yraň-daraň çykdym daşa.

Öýe barsam ejeme-de
Ýeten ýaly gaýgyň çeti.
Çaý-çöregim äberdi-de
Seretdi ol ýiti-ýiti.

«Ýüregiňde bar bir ünjiň
Gizleseň-de, keýgim, menden.
Rahatyň ýok, duýýaryn men
Solup barýaň günbe-günden.»

Açdym oňa pynhan syrym,
Bary başdan geldi dile.
Käýinmedi gaýta ejem
Hemdem boldy meniň bile.

Gidenlerden gelýänleriň
Aýaksyzy, elsizi bar.
Muňa-da il şükür edýär,
Her kim munda didara zar.

Dözermidim tiken batsa
Seniň näzik bedeniňe.
Ýöne häzir şol göwrede
Razy ýürek ursa diňe.
Gaýly günüň gadyryny
Ýar aňyndan gitmez hergiz.
Garaşýaryn geler diýip,
Gözüm ýolda gije-gündiz.»

Goýup gursagyna kagyzly elin,
Ýatlaýar gözelin, ýatlaýar ilin.
Süýji ukudady töwerek-daşy,
Kän gezek ýetse-de ýassyga başy,
Mydam gulagynda pikir-hyýalyň
Ýaryndan köpüsi geçildi ýoluň.
«Belkä-de, nähakdyr şübhe ol hakda,
Öňki dek söýgi bar hälem ýürekde…»
Diýip, ol teselli berse-de jana,
Kä süýnýär gämisi başga ýana.

«Meniň üçin çekse-de ol ahy-zar,
Adamlarda her demde bir hyýal bar.
Belkä, baranymda bakmaz ýüzüme,
Sowa geçer, gulak salmaz sözüme…»
Ýok, ýok, wepalydyr Ogulnabadym,
Ähdin bozup ýere salmaz meň adym…
Şu ýagdaýda eşelonyň üstünde,
Hem umytda, hem-de gamyň astynda
Biziň gahrymanmyz Watana sary
Hereket edýärdi köp günden bäri.

XVIII

«Ene jan, diýmegin beýle sözüňni,
Bu wadaga wepa kylmasam bolmaz».

Zöhre-Tahyr dessanyndan.

« – Bir aýagy ýokmuş, balam, dyzyndan,
Eneň entek iren däldir gyzyndan.»
« – Dyzyna berýäňmi gyzy oglanyň?
Maňa gerek zady ýüregi onuň.»
« – Ýürek näme syna sagdyn durmasa?»
« – Syna näme, ýürek batly urmasa?»
Ýykman diýip wada edipdiň sözümi,
Aýralygyň agysynda özümi…»
« – Men beýle zatlary diýemok saňa.»
« – Şol bolmasa her günüm ýas maňa!»

« – Şolmy indi bütin dünýäň iregi,
Iliňkiden artykmaçmy ýüregi?»
Neneň jogap bersin beýle sowala?
Düşdi gözel ýene agyr bir hala.
Gahar etdi, öz içini gepletdi,
Göz alardyp enesine seretdi:
« – Ýaşyňa görä däl aklyň, eje jan
Gaty görme, ýadyňdamy saýat han
Hemra diýip şa köşküni terk etdi,
Çünki ýigit ýüreginde ýer tutdy.»

« – Ertekiden delil tapma sözüňe,
Saýat hany deňemegin özüňe.»
« – Mysal getirýärin, delil gerek däl,
Meniň isleýänim her bir ýürek däl.
Onuň ýaş ýüregi baglydy meňkä,
Ozalam aýdypdym, meňki hem oňka.»
« – Ýaşlyk şemalyna aldatma özüň,
Soň ahmyr çekersiň, kepemez gözüň.
Ýamanlygym ýokdur, bilgin, eý, käbäm,
Saňa hyrydardyr bu giden obam.

Günde biri gelýär seni soraglap,
Köp ýigitler gezýär yzyňda ylgap.
Ýörite sen diýip kän geldi daýyň,
Ogly onuň, balam, hut seniň taýyň.
Ýene iberipdir Dursun daýzaňy,
Gürrüňi sen bolduň, ugratdym ýaňy.
Ýetipdir Ýollusy on sekiz ýaşa,
Sawçy iberemde töwerek-daşa
Diýýär, nirededir duýup ol muny
Geldi-de ýanyma aýtdy göni:

«Eje, köpden bäri gitdi ýüregim,
Diňe Ogulnabat meniň geregim.
Eger şol bolmasa, gezme hiç ýany,
Gerek däl dünýäniň hüýri-gulamy.»
Hyrydaryň köpdür, özüň har etme,
Hiç haçan ädimiň oýlanman ätme.»
« – Eje, seniň ak giripdir saçyňdan
Ýaşlyk asyl geçmänmidi başyňdan?
Hyrydar gerek däl daýy-ýegenden.
Şu hakda söz açma, haýyşym senden.»

« – Ataň bolsa sen başyňa gitmezdiň,
Boýun borduň, öz diýeniň etmezdiň.
Sözün ýere salsaň-da sen enäniň,
Hormatyny sakla berilen hanyň…»
« – Atamdan kem görýän däldirin seni,
Eje jan, beý diýip ýandyrma meni.
Haçan sözüň ýykdym, diýeniň etmän?
Öz pikiriňi aýt, kişiňkä gitmän.
Eger atam bolsa gynaman meni
Maksada ýetirdi ol gelen güni.»

« – Sag wagtynda menem garşy bolmandym,
Ýadyňdadyr, sözüň ýere salmandym.
Emma bir maýyba gül ýaly gyzym
Bermäge razy däl, diňleseň sözüm.
Ene mähri götermeýär bu zady,
Islemeseň daýyň, saýla bir ýady.
Ynan, keýgim, garaşmaýan bahaňa,
Bagtly bir durmuş isleýän saňa.
Ýedi biçip, bir kesilýän şu işdir,
Oýlanman iş etseň, puşmandyr hiçdir.»

« – Mähribanym, eziz enem gulak sal,
Ýedi biçmän, ýetmiş biçdim men ozal.»
« – Müň-de biçseň keýgim, kelte biçipsiň.»
« – Ýok, eje jan, aldaw meýin içipsiň.
Bagtly bolmagymy isleýän bolsaň…»
« – Eger-de enelik pendimi alsaň…»
« – Eliň bilen gapysyny baglama.»
« – Gözýaş döküp, nähak ýere aglama.»
« – Nähak däl, eje jan, düşün sözüme,
Ýöne ýere ýaş getirmen gözüme.

Neneň diliň barýar diýmäge «maýyp?»
Eje jan, eje jan, dälmidir aýyp
Watan diýip gan döken bir gahrymana!
Seniň düşünşiňe, Begenç hamana
Agaçdan asylyp, ýa ýapdan böküp,
Ýa ýaglyga towsup, ýa gorpa çöküp,
Düýeden ýykylyp, palçykdan taýyp,
Gudurap boş ýere bolupmy maýyp?
Ýok, ýok, beýle däldir, oýlan, eje jan,
Biz üçin akandyr aýakdan al gan!»

Ozaldan häzirdi bulaň hemmesi
Jan ýandy, gan gyzdy, ýürek temmesi
Saklanyp bilmedi, ýykyldy birden,
Gürrüň başlanypdy, ine, şu ýerden.
Örän çylşyrymly maşgala işi.
Ýatmadyk bolsa-da ýüregiň çişi,
Bilmedim nämäni ýetdi täsiri,
Jyňkyny çykarman häzir hiç biri,
Öýde asudalyk, ümsümlik boldy,
Misli meseläniň suwy sowuldy.

Oturdy az wagt gyz gözün sykyp,
Soňra ýüzi salyk daşary çykyp,
Güýmendi bir zada, öýde Enebaý
Gepletdi içini, «Özüň, eý, Hudaý,
Beterinden sakla, bu niçik boldy,
Ýalňyzlyk başyma ne günler saldy?
Saklan özüň bolma gyz maşgalany
Getirýär başyňa dürli belany.
Diýeniň etmese, düşmese dile,
Neneň ýerleşdirjek abraý bile?

Bolany durmady ogul-gyzyndan,
Ugratdyk ýaş döküp yzly-yzyndan.
Gelende begendik, gidende ýandyk,
Takdyra ten berdik, taňra ynandyk.
Durarlykly boldy ahyrda biri
Gyza şükür etdi ogul ýesiri.
Är-heleý ikimiz şuňa göz dikip,
Oturdyk ençe ýyl, ol gitdi çykyp.
Yzynda gan aglap galdym bir özüm,
Ipdi diňlenmeýär meniň-de sözüm…»

Birden için çekip göterdi başyn,
Görmedi gyzyny garanyp daşyn.
Kellede şol pikir gezýärdi ýene,
Şemalyň ugruny özgertdi ene.
«Belki-de, mamladyr onuň diýýäni,
Has içgin tanaýar söýen-söýýäni.
Wah, meniň özümem tanýan Begenji
Ýigidiň gülüdir, iliň guwanjy.
Eger sag bolaýsa onki synasy,
Asyl Enbaýyň çykmazdy sesi…

Nägile ýerim ýok Ogulnabatdan,
Kakasy aýdypdy, çykarman ýatdan
Göwnüne degmedim, dogrymy diýsem
Degere bir delil boldumy eýsem?
Bolmandy hiç haçan, gaty hoşaldym
Ýöne şu söwdada kyn güne galdym…»
Işiň telekligne güp ynansaň-da,
Näçe käýinseň-de, näçe ýansaň-da,
Bähbitli erkine duýgy döretmän,
Gitse-de tersiňe aýdanyň etmän.

Neneň sözün ýykjak ýeke perzendiň?
Ol seniň guwanjyň hem jiger bendiň.
Süýt berdiň, nan berdiň, kemala geldi.
Eklenjiň jylawyn eliňden aldy.
Diýerler: « – Oguldyr döwletiň başy.»
Geliň düzedeliň köne ýalňyşy:
Tapawut ýok oglan-gyzda bu zaman
Ikisem gara göz, ikisem ynsan.
Oglan gyzça ýokdur bolsa görümsiz,
Kändir akylly gyz ýigde berimsiz.

Ýukady ýüregi gowşady ene.
Wagt azdy ýigit geljek ol güne.
Gyzyň karary ýok oturyp, turup,
Göwre galpyldaýar, ýüregi urup.
Gymyldysy galan ýaly dünýäniň,
Bir durşunda, hereketi ýok onuň.
Asylgy çyradan ýok günüň parhy
Tersin aýlanýan dek asmanyň çarhy
Bir duran ýerinde, üýtgänok bu gün
Göýä bir uly güýç tutýan dek öňün.

XIX

«Goňşy, gözüň aýdyň, göter bulgury!..»

D.Haldurdy.

« – Nurtäç, gözüň aýdyň, ogluň gelipdir!
Hemmä-de ýetirsin, ýagşy bolupdyr.»
« – Kes goýnuňy, başla toýuň, gelneje,
Şerap içip, meý-mes boljak bu gije.»
« – Berekella, guzym, meňzeýäň merde.
Öwez jany görmediňmi o ýerde?»
« – Aýak hiç, şükr ediň, gelipdir jany.
Ili guwanýar dökseň ýurt üçin gany.»
« – Iki ordeni bar, iki medaly…»
« – Medallary meniň kakamky ýaly…»

Kän agyzda gaýtalandy bu sözler,
Nebsewür garady hyrydar gözler.
Asyl yzy kesilmedi geleniň –
Goňşy-golam, tanyş, daýy-ýegeniň,
Ýassyga ýaplanyp tamyň töründe
Otyr Begenç, emma ony ýerinde
Ynjalykda goýmadylar gelenler.
Köp garaşyp, hoş habary alanlar.
Jigsi gujagynda, medalyn oýnap,
Kä gollaryn salýar boýnundan aýlap.

Çäýnek-käse gezim etdi arada
Begenç gürrüň berdi front barada.
Giç öýlän ýykdylar üç sany goýny,
Märeke başlady hakyky toýny.
Ojaklarda atardylar gazany
Tamdyrlarda bişdi bugdaýyň nany.
Ýygnaldy kem-kemden käse hem çäýnek
Onuň ýerne geldi naharly çanak.
Gün ýaşar-ýaşmazda ýekeden ýeke.
Her kim öýne gitdi, ördi märeke.

Agşam çagy üýşdi obaň ýaşlary
Begenjiň dost-ýary, deňi-duşlary.
«Ýasmansalyk», «Gara üzüm» hem «Terbaş»
«Akmämmet» ortada, – barysyna baş
Palaw, çekdirmäniň daşy gabaldy.
Her haýsy öňüne bir käse aldy.
Zyňyldy dykysy ilki çüýşäniň,
Başlanýar şowhuny keýpli gijäniň.
Bug çykýar ýagjarýan gyzgyn kebapdan.
Pyýalalar doly gülgün şerapdan.

Begenç bilen önüp-ösüp ulalan
Şerap içip meý-mes boljak şol oglan
Käsesin göterip dyzyna galdy,
Oturanlar oňa nazaryn saldy:
« – Göz dikipdik, dostlar, köp wagt ýola
Götereliň bu gün gülgün pyýala
Begenjiň saglygna geliň hemmämiz!
Berekella! çykdy ondan tamamyz.»
«Göter! Göter!» – gaýtalady hemmesi.
Çakyşdy käseler, ýaňlandy sesi.

Käsi gaşyn çytyp, agzyny açdy.
Käsi sogan ysgap, käsi suw içdi.
Biraz salym söz gitmedi hiç hakda
Diňe eller hars urýardy çanakda.
« – Gardaş, özüň ýok wagtyňam hemişe
Başymyz birikse, açylsa çüýşe
Saglygňa götärdik, ýatlardyk seni…»
« – Sizden gaty hoşal, bilýärin ony.»
« – Keseler boş dur-la, uklama mirap!»
« – Walla, dogry diýýär, guýsana şerap!»

«Kime agy gerek, kime gyzyly? – »
«Gatyşdyrsaň bolmaz munuň hezili.»
« – Dogry diýýäň guý meniňkä agyndan.»
« – Onda, dostum, köpräk ur ýagyndan.»
Hatara düzüldi käseler ýene.
Guwanýar şatlyga mähriban ene
Kebelekläp oglanlaryň daşynda,
Gaýgy-gam ýok bu gün onuň başynda.
«Söweş edýänleriň saglygna, geliň
Götereliň, pyýalany ele alyň.»

Barha şowhun artdy öňküden beter.
Käseler çakyşýar, «Göter-hä göter!»
Boşan çüýşäň sany gitdi dygydan,
Çilim otladylar ýygy-ýygydan.
Ýitirdi hasabyn ol-şerap süzýän,
Diňleýjiden kändi indi sözleýän,
Sessiz-ünsüz oturanlar dil açdy.
Käsiniň käsesi elinden gaçdy.
Köpleriň birkemsiz aýlandy başy,
Kem-kemden çolardy naharyň daşy.

Käsi gözün süzüp, gyşardy bir ýan.
Bar içinde aýdyma-da gygyrýan.
Käbiri Begenjiň ýanyna baryp,
Bilmen haýsy gezek elini berip:
« – …Walla, gardaş, ynan, ýürekden diýýän,
Aýytma: boş ýere ýaňraýar pýan,
Men pýan dol, emma biraz keýpim kök,
Hiç kim seni ýatlan däldir meniň dek.
Müýnli bolman diýdim gelende jenden
Ynanmasaň sora, ynha, ejeňden.

Öýňüze hemişe kömegim berdim.
Bir hatyňa üç-dört jogap iberdim…»
«Sag bol, gardaş, aýtdylar hemmesin.»
« – Göter onda!» – çakyşdyrdy käsesin.
Bu wagt bir çaga girdi içerik.
«Soraýarlar, çaý gerekmi bu ýerik?»
« – Gerek däl, gerek däl!» – gygyrdy bary.
Emma ýaş ýüregiň kakyldy tary.
Gözel gyz habaryn ýetirdi merde,
Çaý hakynda gürrüň ýokdy bu ýerde.

Ýaňky çakyşdyran gözün süzende,
Barynyň gürrüňe başy gyzanda,
Maý tapdy-da hiç bir kime duýdurman,
Çykyp öýden şonda biziň gahryman,
Ýüzlendi, okyjym, ynha şol ýere
Biziň gözel gamly gaýdan güzere.
Bu gije ol güzer, ol beýik agaç
Şatlyk bilen garşy alar,
egip baş,
Aýralyga düşen iki ynsany –
Söýgüli gyzymyz hem-de merdany.

Emaý bilen agras ädip aýagyn,
Sessiz-üýnsüz tykyrdatman taýagyn,
Begenjimiz düşüp eýýäm ýoluna
Barýar garap sagy bilen soluna.
Gözel gyzyň garanjaklap bir zaman
Baran ýerne ýetdi, ynha ol durman.
Agaja ýaplanyp ýabyň başynda
Indi ol garaşýar, gözi daşynda.
Gijelikde ildi gözne bir gara
Ýaş ýürek tolkundy,
daş däldi ara.
Ynha, birden iki göwre garpyşdy.
Ten-tene degende ýürekler joşdy.
Uzak wagt söz gelmedi dillere,
Gurply gollar halka boldy billere.
Gyzgyn demden gyzardy gül ýaňaklar,
Ýapyşdy bir-birne teşne dodaklar.
Şatlyk ýaşy düwmelendi gözlerde,
Muhabbetli garaş bardy ýüzlerde.
Geçdi ol aýralyk, ýetişdi bagt,
Beýle gije ýatdan çykmaz hiç wagt. Romanlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle