|

Sowuk söz

Sowuk söz SOWUK SÖZ

Sowuk söz

Böwsüp çykdyňmy sen, buzuň astyndan,
Ine, şu sowala jogap ýok, jogap.
Tene çümüp giren gyzgyn gülle-de,
Ten-janda soň-soňlar ynjalýar sowap.

Otly gülle girip, sowap ynjalsa,
Sowuk söz sen, tene girýäň buz bolup.
Dogry, gülle ýaly ynjalýaň senem,
Giren ýüregiňde sönmez ot goýup.

* * *

Geldiňiz, eziz dostlar,
Dar öýüm giňeltdiňiz.
Melhem gerek ýüregime,
Şatlyk bilen em etdiňiz.

Gitdiňiz, eziz dostlar,
Giň öýüm daraltdyňyz.
Mährim sowadymyka?!
Gelmäni azaltdyňyz.

Muhammetmyrat MEREDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle